19:53 Bägül / hekaýa | |
BÄGÜL
Hekaýalar
Üç gyzy deňli-derejeli edip öýden çykaryp goýberdim. Olaryň biri närazy bolup gitdimi? Sen nähili çaga bolduň. Ne atany diňleýäň ne enäni, ne-de agany. Şu adamlaryň saňa ýamanlygy barmy? Aýt, bar bolsa eşideli. Näçe gündir gyzyna gepini geçirip bilmän, paltasy daşa degip duran Myratgeldi aga ahyr-da namys edip, gyzyna iň soňkusyny diýdi. Ol törde ýüzüni asyp baýdak ýalyjak bolup oturan gyzyna garady-da: — Sen meniň sözümi ýykýaň. Emma erteki gün gözüňi sykyp geljek özüňsiň. Ýüzüňi sypaman, şuny bek belle! Soň ol gyzynyň gapdalynda halynyň ýüzüni dyrmap, dymyp keýipsiz oturan aýalyna ýüzlendi: — Elli gepden belli gep, ertir sawçylar geler weli sessiz-üýnsiz yzlaryna düşür-de goýber. Sen muny körpe diýip halys depäňe çykardyň. Görýän weli bu gyza ar-namys gerek däl. Atasyny-enesini sylamadyk perzendim iliň ortasyna çykyp, deňli-derejeli toý tutyp, ýola salyp bilmen. Myratgeldi aganyň aýaly gobsundy: — Entek obamyzda her hili ýagdaýda-da gyzyny sawçylaryň yzyna tirkäp goýberen ýok. Beýle masgaraçylygy bizem etmeris. Senem ýöne gaharyňa ... Myratgeldi aga aýalynyň sözüni agzyndan aldy: — Gyzyň ýüzümize gelip, göwnümizi ýykyp gidende bolýan bolsa, olam bolar. Gürrüňi gutardym hasap edip Myratgeldi aga synyny silkip ýerinden galdy-da çykyp gitdi. Içerik ýürekgysgynç dymyşlyk aralaşdy. Bir haýukdan soň Bägül dillendi: — Eje jan, men şu ojakdan abraý bilen deňli – derejeli çykmajak bolsam oturyberjek. Ýöne maňa ynanman, agzy boşuň gepine gidip, şolardan başganyň habaryny almakçy bolsaňyz, dagy-duwara razylyk bermen. Şoňa atylýan töhmet, men öňem aýtdym, ýalan. Tanamasam ýüziňize gelmezdim. Bibi eje iki oduň arasynda galdy. Gyzyna ynanmalymy ýa ile. Ilem-ä aňarsynda bir zat bolmasa aýtmaz. Ýa ol bir gybatkeşiň gürrüňimikä? Iki günden aglap gelse, ynha bir biabraýlyk. Bägüliň aýal doganam jigisiniň her tarapyndan baryp gördi. Özelenipler ýalbardy. Ýerden ses çykdy, Bägülden ses çykmady. Emma gyzyň özem soňabaka ikirjiňlenip başlady. “Oňa atylýan töhmet çynmyka, ol meni aldaýarmyka? Hossarlarymyň göwünlerini ýykyp, soňam maňlaýyma ursam, ile çykyp, başymy dik tutyp gezip bilerinmi? Ýalan sözlände adamyň gözlerinde müýn bolmazmy? Eý, Hudaý-eý, nätsemkäm? Ýalan bilen çyny nädip anyklasamkam? Ýa habarlaryny almaň diýip oturybersemmikäm? Wah, oňa güýjüm ýetmez. Gije düýşümde, gündiz hyýalymda. Näme edip, näme goýup ýörenimem bilemok”. Gyz etmejek zadyny etdi. Ýigidi özi duşuşyga çagyrdy. Aşgabadyň ajaýyp gijeleriniň birinde ýanýol bilen ýüzlerini günorta tarapa tutyp haýaljak ädimläp barýan iki juwanyň daşyndan seretseň, bularda gaýgy-alada bardyr öýtmersiň. Ýanýoluň gyrasyna düzülen beýik-beýik çynarlaryň edil düýbünden akýan ýapjagazlar seteran güllere beslenip, şillirdäp bir täsin owaz edýär. Daragtlaryň depesinde ýatjak ýerlerini peýläp, ol bagdan bu baga böküşýän guşlaryň owazy ýapjagazyň sesi bilen birleşip, ol sesler yzy üzülmeýän şirin mukama meňzäp, dury asmanda uzaklara ýaýylyp gidýär. Ýaşlaryň gabat-garşysynda, hol uzakda Köpetdagyň etegindäki seýilgähiň çyralary edil merjen däneleri kimin ýylpyldaşyp görünýär. Ýaşlaryň sagynda we çepinde mermere gaplanan ajaýyp ymaratlar seleňleşip dur. Jaýlaryň birinden eşidilýän şirin mukam bolsa dury asmanda uzaklara ýaýylyp gidýär. Bägül bu ajaýyp mukamlara, daş-töwereginiň gözelligine maýyl bolup, näçe gündür özüni horlap ýören pikirlerini unudyp, haýaljak ädimläp barýardy. Seredip, doýup bolmaýan bu ajaýyp şäherem, baýyrlaram, daglaram bularyň hemmesi bu ajaýyp dünýä aşyk Bägüliň ýüreginiň örkidi. Synasynyň aýrylmaz bölegidi. Ol häzir ýene bir zady duýýardy. Ol hem edil gapdaljygyndan özi bilen deňje ädimläp, onuň arzuwy – Nursapar barýardy. Egninde-de Bägüliň halaýan gök penjegi bardy. Onuň owadan boýnundan penjeginiň aşagyndan geýen ak köýneginiň ýakasy çykyp durdy.Bu eşikler Nursaparyň gurşundan guýulan ýaly bedenine şapylaşyp, şonsyzam syratly, görmegeý ýigidi has-da owadan görkezýärdi. — Bägül! Gyz ýigidiň sesine tisginip gitdi. Ol başyny galdyrdy-da Nursaparyň ýüzüne seretdi. Ýigidiň gyza gönügen nazary şonsyzam daş-töwereginiň gözelligine maýyl bolup, süýji duýgularyň gujagynda üwrelip gelýän gyzy jadylady. Söýgüden, ýakyp-ýandyryp barýan mähirden başga ol gözlerde hiç zat ýokdy. Gyz bu ajaýyp minutlaryň, uzak wagtlap dowam etmegini isledi. Durmuş-da büý.Onuň gadyryny bilmek üçinem adam bolmaly. Il derdine ýaramaly. — Duýdyrmajak bolsaňam, ýüzüňde kölege bar Bägül. Iki ýyldyr meni duşuşyga çagyranyň ýadyma düşenok. Ýene şol bir pikirler keläňde tüweleýläp ýörmi? — Bilmedim-dä Nursapar, öýdäkiler bir zat diýýär, sen başga zat diýýäň. Men-ä kime ynanjagymam bilemok. Ýigit aýak çekdi. — Öziň bir ynanýarmyň maňa, Bägül? Birek – birege ynam bolmasa, beýle ýagdaýda biziň guran durmuşymyz iki günde çagşar. Men saňa düşündirip ýadadym. Seni ynandyrmaga indi mende güýç galmady. Gowusy gatyrganyşmankak yzymyza dolanaly. Ajaýyp gijeleriň gujagynda ýaýnamaly juwanlar biri-biriniň didaryndan doýman, keýpsiz halda yzlaryna gaýtdylar. Ýolboýy ne gyz dil ýardy, ne-de öýkeli ýigit. Bägüli gapylaryna getirip, Nursapar hoşlaşdy-da, bir agzam gürlemän yzyna dolandy. Gyz mahmal ýaly ajaýyp gijäni beýnisinde çaknyşyp iki ýana at çapýan soňsuz pikirleriniň girdabyna düşüp, uklap bilmän urnup çykdy. Bägüliň öýe girse jaý, daşaryk çyksa asman depesinden basdy. Ol sähelçe wagtyň içinde gussa batyp, iýmän-içmän sary ýüplüge döndi. Sebäbi bu gezek ol ýigide ynandy, göwnüne degenine gynandy. Dynç güni ýene Nursaparlardan adam geldi. Bir iş bilen daşaryk ýönelen gyz, gapyda Nursaparyň gelnejesine pete-pet gelip, yzyna serpildi. “Eý dünýä, sende söýgüden güýçli nähili gudrat barka!” Içini gepleden gyz bükgülläp, sawçylara beriljek jogaba garaşdy. Perzent-dä, ene-ata islegleriniň tersine gidip, toý tutyp, Bägüli ýola saldylar. Şeýlelikde, gyzyň arzuw eden bagtly hem gorkan gowgaly durmuşy başlandy. Onuň gaýyn atasy gurluşyklaryň birinde birgadirdi. Gaýyn enesi fabrikde işleýärdi. Doganlarynyňam hersi özbaşyna hojalyk. Bägülem işe gidenden soň öýde janly-jemende galanokdy. Ol hassahanalryň birinde şepagat uýasy bolup işleýärdi. Nursapar mugallymdy. Juwanlara dört otagly uly jaýyň ikisini berdiler. Mekdebe gidip gelenden soň, Nursapar gapylaryndaky mellekleri bilen başagaýdy. Käýarym Bägüle hojalygyň işlerine kömek berýärdi. Nursapar gezegen däldi. Ol gelniň çaklaýşyndanam işeňňir, galjaň, ýumşak ýigit bolup çykdy. Bägüliň her bir islegini ol bada ýüzünden aňýardy. Ýigidiň mähir-muhabbeti, çaksyz adamkärçiligi Bägüli bagtyň gujagynda ýaýnatdy. Ol gepe gidip, ýigidiň göwnüne degenine gynandy ýördi. Dynç güni Nursapary sorap goňşylary Aşyr geldi. — Ol bazara gitdi, näme etjekdiň? – diýip, Bägül aýak üstünde zordan duran hudaýaty ýaly bu ýigide, bir hili nebsi agyryp seretdi. Ol: — Aý, hiç – diýdi-de yrgyldap, aýaklaryny zordan süýräp ýöräp gitdi. Aşyr günortan ýene geldi. Nursapar heniz gelmändi. Bägül Aşyryň gatnap durmasyny halamady. Muny adamsyna duýdurmady-da, diňe gelip gidenini aýtdy. Nursapar: — Beh, näme etjekkä? – diýip, ýöwselledi. Soň öwrülip geplemedi. Bägül ýene ertesi Nursaparyň ýoluň gurasynda Aşyr bilen gürleşip duranyny görüp, halamady. „Goňşydyr-da gelmän, gürleşmän bolmaz-a” diýip, öz-özüne göwünlik berse-de ynjalygy bolmady. Göwnüne müňkürlik gitdi. Muny ol gaýnenesine hem aýtdy. Sebäbi ol adamsynyň Aşyra pul uzadanyny görüpdi. Gaýnenesi: — Aý, Aşyrdyr-da işigaýdan, entäp ýörer-dä – jübüsinde it uwlaýandyr – diýdi-de goýdy. Bägül Aşyryň dilegçilige gelenini bilip birneme ynjaldy. Ýöne müňkürlik edip ony derrew ýigidiň ejesine aýdanyna ökündi. Bir gün Bägül goýan ýerinde gyzyl gülýakasyny tapman beýnisi şyglap gitdi. Adam çig süýt emen-dä? Kalbyna bir müňkürlik salyp bilseň gutardy. Onsoň ony şol dertden Taňrynyň özi saplaýmasa, ol ynsan çagasyna başartmaz eken. Bägül jaýy gyzyl-dörjük etdi, tapmady. Nursapar işden gelýänçä, onuň sabyr-kanagaty galmady. Hemişe işden gelende ony ýyljyraklap garşy alýan gelin, adamsy entek gapa ýetmänkä, ondan gülýakasyny sorady. Nursapar Bägüliň ýüzüne köp manyly seretdi. — Düýn gelnejeme berip goýbermediňmi? Bägül şundan soň, ony eltisine dakmaga bereni ýadyna düşüp, erbet utandy. Bägül adamsyndan ötünç soramanyňam ugryny tapman kösendi. Ýallaklamanam ol oňarmady. Sebäbi tebigatynda beýle häsiýet ýokdy. Nursapar welin bu gezek ondan gaty ynjady. Ertesi gijara ol ýygnaga gitjekdigini aýdyp çykyp gitdi. Bägül adamsynyň ýygnaga gitjegine ikirjiňlendi. Yzarlasa-da ýene Nursaparyň göwnüne degjek. Ynjalmady. Ýygnak „mekdepde gije bolarmyka?” Bägüliň ýene müňkürlik keseli gozgady. Sähelçe bahana onuň ynanjyny ýele sowurup goýberdi. Ol mekdebi barlamaga gitdi. Ogurluk edýän ýaly garanjaklap uly ymaratyň gapysyndan içerik ätledi. Ümsümlik. Mekidebiň garawuly Allanazar aga onuň öňünden çykdy. — Bägül, giçläpsiň-le gyzym?! – diýip, ol geňirgäp gelniň ýüzüne seretdi. Bägül ömründe birinji gezek ýalan sözledi. — Wah, ejemlerde açarymy galdyrypdyryn, gelsem gapy gulply, Nursapar bärik gaýdyberdimikä şondan açary alaýyn diýip gelşim. — Bär-dä menden başga jemende ýok. — Wiý, ýygnak bolmadymy? — Ýok-la, ýygnak bolsa gündiz bolar-da. Gije ýygnak näme işlesin. Gelin dilinden sypan söze ökündi. Ol bir erbet bolup yzyna dolandy. Ýörände onuň aýaklary diýenini etmejek boldy: — Wah, bagtyň ýatdy, Bägül, ol diňe şolardadyr. Süýji durmuşymyza atanak çekildi. Ýalan onuň gözlerindäki mähir – muhabbetden aňyrda gizlendimikä? Ol mugallym-a. Il oňa eziz çagalaryny ynanýar, gelejegini ynanýar. Ili aldamaga onuň nädip ynsaby çatdyka? Ýa, ol nägehan adamda ynsap goýanokmyka? Indi onuň nädip ýüzüne seredeýin. Toý tutanyňa bäş gün bolanok. Goşuňy göterip yzyňa gitjekmi Bägül? Maňa yzyma ýol ýok. Bägül öýlerine sowulmady. Göni Aşyrlara tarap ýöneldi. Aşyr öýlerini towga ýükläýmeli edenden soň, gelni onuň bilen ýaşaşyp bilmejegini duýup, iki çagajygyny yzyna tirkäp atasy öýüne gitdi. Soňam yzyna köwlenmedi. Aşyrlaryň howlusyna giren ýeriňde sag egniňde kepbe bardy. Onda yşk görüp, Bägül gapyny kakdy. Içerden gyryk ses çykdy. Gelin gapyny batly açdy, tüssäniň agyr ysy Bägüliň burnyna urdy. Ölügsi yşkda jaýyň ortarasynda Aşyryň keserip ýatanyny, onuň gapdalynda adamsynyň oturanyny Bägül zordan saýgardy. Nursapar allaniçigsi bolup, böküp ýerinden galdy. Şol bada-da batly ýapylan gapyny açyp, atylyp daşaryk çykdy. — Bägül, Bägül, dursana – diýip, ol gelniniň yzyndan gygyrdy. Bägül adamsynyň sesi tümlükde bütin şäherde ýaňlanyp gidendir oý edip, sakga aýak çekdi. — Adymy tutma, näme gygyrýaň. Ýa bu masgaraçylygyňy il eşitsin diýýäňmi? Nursapar gelniniň ýoluny kesip onuň üstüne abanyp durdy. — Mekdep ýygnagy Aşyrlaryň tünüginde geçirýärmi? — Bagyşla, men bulara ýaňyja geldim. Bägül adamsynyň ýüzüne iňňän haýran galyp kinaýaly hem gaharly seretdi. Ol bakyşdan Nursapar gelniniň öňde-soňda özüne aýtmadyk zatlaryny hem ymykly ynamdan gaçanyny duýdy. Bägül ýüregi dolup duranam bolsa, öýdäkilere hiç zat duýdurman, adamsy bilen özi ikiçäk gürleşdi. Ol adamsynyň iki ýüzlüligini janygyp boýnuna goýjak bolup otyrmady-da, oňa göwnündäkini gös-göni aýtdy: — Näme diýsene, Nursapar! Aşyryň aýaly ýaly, aglap-eňräp, goşumy düwüp atam öýüme gitmen. Ýöne ynamymdan gaçan adam bilenem zoraýakdan ýaşaşjak bolup, horlanyp ýörmen. Haýp hossarlaryň hemmesi saňa ynanýar. Bägül indiki aýtjak bolýan zatlaryny aňynda ýene bir gezek durlap gördü-de, onam gizläp durmady. Ol sesini çykarman aşak bakyp oturan adamsyna gözüniň gytagyny aýlap goýberdi-de: — Men seni bu ýagdaýda goýman, Nursapar – diýdi. — Goýman sen meni näme etjek, Bägül – diýip, Nursapar başyny galdyryp, aýalyna aňaldy. — Öňi bilen-ä ejeňe, kakaňa, soňam mekdebe duýdurjak, ynanmasalaram, ýygnatjak. Ýigit ýakasynda ot atylan ýaly allaniçigsi bolup, ýerinden galdy. Ol Bägüliň garşysyna geçip, ellerini onuň dyzyna goýup, çök düşip otyrdy. — Ynanamok, Bägül, sen maňa beýle hyýanat edip bilmersiň. Bägül ýigidiň goşaryny dyzyndan zyňyp goýberdi. — Sen ýalan sözläp maňa hyýanat edeňde bolýar-da, men hakykaty aýdanymda saňa ýamanlyk bolýarmy? — Şu gezek sen maňa ynan-da bir aý puruja ber. Maňa beýle sütem etme. Tohumymyzda-tiýjimizde heniz polisiýanyň öňüne düşen ýokdyr. Beýle masgaraçylyga halal iýdirip, halal geýdiren enem-atam çydamaz. Gahar kapyr ol Bägüle diýmejegini diýdirdi. — Meň ýüregimi agyrtma, dili bilen aldap ýören bigaýrady menem depäme täç etjek bolup duramok. — Men halys Alladan, ak ýüregim bilen aýdýan, ynan. Ejem janyň ak süýdinden ant içýärin. Bägüliň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol gürlände öz sesini özi tanamady. — Mukaddes zatdan ant içme bigaýrat. Size meňzeşiňem andy bolarmy? Bu sözleriň iň mähriban adamyň agzyndan çykýanyna çydamadyk ýigidiň namysdan ýaňa ýumruklary düwüldi. Ol çym – gyzyl bolup yzly – yzyna suňşurdy. — Islemeseň ýaşama meň bilen, Bägül. Käbämiň süýdünden ant içenimden soň, sen meniň mertebämi bu derejede peseltme, aýralyga çydaryn. Masgaralyga welin çydamaryn. „Uruş – sögüş, ýaraşmaga ýer göý” diýipdirler, ata – babalar, „Bir ýazykdan är ölmez”. Indi tüket Aldananyna juda namys eden Bägülem ýüregi dykyn alyp durandan soň köşeşip bilmedi. Ýigidiň, hasam agyrýan ýerinden tutdy. Garaşylmaýan zarbadan ýüregi agzyna gelen ýigit, Bägüliň göni gözlerine seredip gygyrdy. — Sen däldirediňmi – diýip duran zadyňy gulagyň bir eşidýärmi? — Men eşidýän, edýänem, saňa-da eşitdireýin diýdim. Näme beýle ýüregiň ýaryldy. Sen indi oňa menden beter gynanýarmyň. Maňa sagat perzent gerek. Ýarym sagat, ýarym maýyp çagany dünýä indirip, men onuň günäsine galyp bilmen. Öň oýlanmaly ekeniň. Ýigit hasylap uludan bir demini aldy. — Bägül, ine men, maňa näme sütem etseň et. Ýöne ol meniň gelejegim onuň ömrüni kesme. Adamsyny gorkuzjak bolup aýdan zadyndan Bägüliň özem göýä perzendi elinden gidip barýan ýaly eýmendi. „Alla jan, ýazygymy bagyşlaweri. Göwnümde ýok hyýanaty dilime almaýyn. Adamçylygymam ýitirdim men-ä. Wah, şol nägehana nälet bolsun. Gül ömürleriniň iň ajaýyp pursatlaryny gülşüp-degişip, süýjülikli ýaşaşmaly wagty iki juwanyň durmuşyna awy gatyldy. Ýigidi işinden gelende ýyljyraklap garşylaýan, gujagyna dolýan Bägül adamsyny ýok hasap etdi. Işden boşadygy gelniniň göwnüni awlamak üçin dürli-dümen zatlardan ýüklenip öýlerine ylgaýan ýigidiňem sabyr käsesi barha doldy. Ol bu ýagdaýda özleriniň uzak ýaşaşyp bilmejegine barha göz ýetirdi. Ýöne Bägülden uzakda, nähili ýaşap biljegine weli göz ýetirip bilmedi. Bägül onuň ömrüniň manysydy. Wagtal-wagtal ýüregine howul düşüp, kelebiniň ujyny ýitirende „Eý Hudaý jan, özüň medet ber” diýip dillendi. Ol mähriban gelniniň buza dönüp barýan ýüregini ýumşatmak, ynamyna girmek üçin ýol agtardy. Bir gün ol hersi öz pikiri bilen urşup aýrylyşan ýaly bolup, çaý içip otyrkalar Bägüle uzak wagtlap aýdyp bilmän ýören hakykatyny boýnuna aldy. Boýun alma kyn-da. Onda-da erkek adama. Ýigit özem duýman käsesinde galan çaýy gapa serpip goýberdi. Bägül geň galyp onuň ýüzüne seretdi. Ýigit bir hili erksiz ýylgyrdy. Soňam, gelniniň adyny tutdy. — Hym. — Ikimizem horlanýarys. Beýdip birek-biregi gynap ýörmekden netije ýok, mukaddes zady orta goýanymdan soňam, sen maňa ynanmasaň, mende indi başga çykalga ýok. Ömrümde ol nägehana bir gezek, Aşyrlara baramda agyz urdum . Onuňam üstüne Çerkez was – wasyň aýaly gelip, Dünýä jar etdi. Il diýse-de ony beýle gybatkeşdir öýütmändim. —Onda Aşyrlara ikinji gezegem köklemek üçin barypsyň-da. Köklemäge goýdyňmy – diýip, ýigit gepiň gerdişine görä jogap berdi. Bägül her näme bolanda-da Aşyr meniň çagalyk dostum. Oňa içimi dökmäge gitdim. Şol gün sen göwnüme degdiň. Aýdyp gitsem sen meni goýberjekmi. Indi bolsa olara tarap seretmäge-de ýaýdanýan. Sen meni erkeklik namysymy depeläp dyza çökermejek bolsaň, bagyşla. Entäk dünýä inmedik perzendimiziň hatyrasyna günämi öt. Adamsynyň gözlerinde kesgitli aýgydy gören Bägüliň arkasyndan agyr ýük aýyrlan ýaly ýüzi ýagtyldy. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |