PIDA
Älem bilen bagly bu wakany maňa bir wagt enem pahyr gürrüň beripdi. Olam enesinden eşidipdir. Menem bu wakany okyjylara gürrüň bermegi ýüregime düwdüm.
* * *
Älem ýüregi gursagyna sygman, begenjinden uçaýjak bolup gelşine obalaryny etekläp oturan ene ýabyň raýyşyna çykdy. Obalary, onuň töweregini gallap oturan belentli-pesli baýyrlar, günbatarda ýazylyp ýatan gök ýapynjaly meýdanlar eliň aýasynda ýaly göründi. Älemiň gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Ol edil janly zat bilen gürleşýän ýaly pyşyrdady: „Wah, eziz obam, ýürek ýagym, syrdaşym gözümden uçduň-la, men seniň tazygan balaň. Geldim. Gujagyňdan orun ber, bir mähriňden ganaýyn. Gülälekli gollaryňda ýaýnaýyn. Ganat baglap, asmanyňda uçaýyn. Baýyrlaňda ajap keşbiňi gana-gana synlaýyn, daglardyr dereleriňi ýaňlandyryp aýdym aýdaýyn. Diriligim siz bilen, diňe seň bilen, eziz obam”.
Älemiň gözleri obanyň ortarasyndaky depejigi çalaja saýgardýan çagalyk dünýäsini gujagyna gysyp, bir çugdam bolup oturan jaýjagazlaryna düşdi. „Ejem jan, käbäm, buşluk, ýoluňa bakan balaň geldi” diýip, Älem gaýybana ejesine buşlady. Ine-de, oňa Allanurlaryň bütin obadan saýlanyp, seleňläp duran jaýlary göründi. Allanur, kalbymyň şasy. Adyňa döneýin. Duýaňokmy arzyly Älemiň geldi. Golaýjygyňda men. Begenjimden bir uçup bilmän durun”.
Älem ylgaşlap depeden aşak indi. Ol ýöremän uçup gitdi. Şol barşyna-da Allanurlaryň gapysynda badyny gowşatdy. Ol birsalym ýüreginiň batly urgusyna diň salyp durdy. Soň emaý bilen gapyny itip, bosagadan içeri ätledi. Allanur bir ýerlerik hyýallanyp, jaýyň töründe geýnip durdy.
Baş bermejek bolýan duýgularynyň jylawyny çekmäge özünde kynlyk bilen güýç tapan Älem ýigidiň gujagyna dolman zordan saklandy.
Allanur allaniçigisi boldy. Onuň düşnüksiz nazary bir pursatlyk Älemde eglendi. Bada-da başga tarapa gönükdi. Älemiň süňňi gowşap, gapynyň söýesine ýaplandy. Ol ýer sarsyp, jaý üstünden gaýdandyr oý etdi. Aýagynyň üstünde zordan durdy. Allanur ýüzüni aşak salyp, Äleme lak atman, sessiz-üýnsüz gapdalyndan geçip gitdi.
Bosagadan yzyna zordan ätlän gelin, başy aýlanyp, sägindi. Soň ol ädilmejek bolýan ysgynsyz aýaklaryna zor salyp, haýaljakdan ýöräp ugrady. „Sessiz kowup, ýüregimi dagladyň, Allanur! Näme üçin? ýazygym näme?”
Çagadanam sada, kalby päk, pamykdanam ak gelniň Allanuryň gözlerinden sähelçe pursatlyk bakyşda aňan aýylganç gussasynyň syryny ölçerip dökmäge güýji ýetmedi.
Mähriban ejesi Älemi bagryna basdy. Gyzynyň bagryňy paralap barýan gussasyny onuň ýaşly gözlerinden aňsa-da, ene ondan hiç zat soramady.
* * *
— Wah, balam, sulhuň alypdyr-da şony. Ondan neneňsi el çekerkäň? Öz akylyň ýetmese, keseden hiç kimiň saňa delalaty degmez. Wah, akylam ýeterlik, gaýratam, sözüm ýok, balam, ýigit öňüne geçmez. Tanamasa heý il ony han saýlarmydy? Ýöne gyzym, han diýlen tohumyň iki-üç aýalsyzy seýrekdir. Sen bir erkin ösen çaga-da. Ikiň biri bolup ýaşamaga kaýyl bolarmykaň? Erkiňe badak atmak niýetim ýok, oýlan gyzym, ejeň saňa diňe gowluk isleýär.
Älemiň özem az oýlananokdy. Ýöne, emmasy bar-da. Gyz ýüregi böwetleriň baryny ýaryp beýläk zyňýardy. Älem nirä ýörese, näme etse, Allanur sarsmaz gaýa ýaly bolup,onuň alnynda durdy. Ol Älem üçin söýüp, duýup, ýaşap ýören süýji durmuşynyň manysydy, görer gözüniň görejidi. Ol dünýäni şol göreç bilen görýärdi. Allanur gyzyň dünýä inen, gulpajygyny galgadyp, bökjekläp oýnan eziz obasyna, onuň beýikli-pesli depelerine, gül-gülälekli meýdanlaryna deňje şärikdi. Bularyň bary gyz üçin ezizdi. Ýene-de bir zat, ol ýaňy gulpajygyny bogan gyzjagazka, akja guzujygy oňa sowgat berenem Allanurdy.
Aslynda Älemiň eziz obasyny, biri-biri üçin ýaradylan ýaly obadaşlaryny söýşi üýtgeşikdi. Allanur bolsa haýsydyr bir bilinmeýän syr ýaly gyzyň kalbyna girip, şol durmuşy tutuşlygyna gudrata öwürdi-de, öz erkine aldy. Indi gyzyň kalby heniz çalynmadyk bir süýji mukamdan dolup, ol mukamyň täsirinden serhoş bolup, özüni edil uçup ýören guş ýaly duýýardy. Gyza ganat bekleden Allanurdy. Heý, guşuň öz ganatyndan aýrylasy gelermi? Älem muny ejesine düşündirip biljek däldi. Käbesini närazy edibem öýden çykyp gidesi gelenokdy. Bardy-geldi gidäýende-de Älem ejesi bilen kakasynam alada edenokdy. Kakasynyň doganlary olaryň daşyny gallap otyrdy. Olaram eýjejik Älemi dünýä taý görensoňlar, ýa-da gidenini isläbem duranokdylar. Ula-kiçä mähriban gyzyň göwnünem ýykaslary gelenokdy.
Allanurlardan bolsa at tezegini guratman sawçylar şol gelip durdy. Gülnabat gyzynyň sözüne, gyzy ejesiniň jogabyna garaşýardy.
Bir gün Allanur gyz jigisinden Äleme hat ýollady. Hat ikije setirdi. Hatda ýigit wagtyny, ýerini belläp, gyzy sähelçe salymlyk duşuşyga çagyrýardy.
Älem iliň aýagy ýygnanansoň, ýaýdana-ýaýdana mellekleriniň gutaran ýerindäki erigiň aşagyna bardy. Tas erik bilen boýdaş bolup, Allanur eýýäm ol ýerde garaşyp durdy. Ony görenden Älem süňňüni saklap bilmän, galpyldap, aýaklarynyň biri-beýlekisine duşak boldy. Bu gorkudanmyka, ýa söýgüden?
Älemiň asyl özüne erki ýetmedi. Allanur inçejik, çepiksije, baýdak ýaly gyzyň garşysynda daýandy. Ol sesini çykarman Älemin sülük ýalyjak barmaklaryny aýasynyň içinde gizledi. Gyz ony yzyna çekip almaga güýç tapmady. Hatda uzak wagtlap ýigidiň didaryny küýsän gyz tolgunyp, başynam galdyryp bilmedi. Diňe biri görer ätiýajy bilen töweregine biynjalyk nazaryny aýlady.
— Gorkmasana, Älem! Töwerekde ikimizden başga jemende ýok. Bu bolup durşuňa men saňa gep düşündirip bilmen. Diňle, ejeňe düşündir, sawçylarymy gaýtaryp durmasyn. Men özüme bagly zatlary etdim. Siziň näme ýaýdanýanyňyz maňa nämälim. Maksadyň başga bolsa, ondakysyny onda aýt. Maňa-da ar-namys gerek. Eger-de iki sany ýumruk ýaly garrylaryň göwünlerini tapmaga özüňde başarnyk ýok bolsa, men saňa näme diýeýin? Bu bir özüňe dahylly mesele ahyryn. Eger özüňe dahylly zady çözüp bilmeýän bolsa, haýsy batyrgaý erkek öz ykbalyny ol maşgala bilen göwünjeň baglar? Galanynam aýdanlarymdan netije çykar-da, gowja oýlan. Ertir bizden adam barar. Çözgüdiň kesgitli bolsun. Eger göwnüňe batmaýan ýerim bar bolsa, ýa-da göwnüňde çiglik bar bolsa, onda ýaýdanma-da göni häziriň özünde ýüzüme aýt. Bolmasa-da meni beýdip kösäp ýörme. Men bu gijänem ukusyz geçirip biljek däl. Öňem däliräp düze çykaýmaly etdiň.
Gyz ýylgyrdy.
— Bolýar, men ýene bir gün garaşyp bilerin. Ýöne, hany galpyldap uçjak guş ýaly bolup durma-da ýüzüme seret, ýekeje gezek ogşaýyn, bilip bolmaz, soňky gün ät galaýmaýyn! Ýigit gyzyň mährinden doýman durşuna, bardy-geldi birden ogşaýsa, ony ürküzäýjek ýaly, bir oňat ýylgyryp,onuň ýüzüne seredip durdy. Älem ussat syrarkeşiň çeken suraty ýaly gözeldi. Onuň gaşyndan, gözünden başlap, topugyna çenli on iki süňňi ýerbe-ýerdi. Şar gara garamyk ýaly gözleri utanjyndan, hatda Allanura-da dikanlap seretmeýärdi. Gyzyň ähli akyl-paýhasy şol gözlerde jemlenen ýalydy. Ol her bir päk nazary özünde egläp bilýärdi. Allanury jadylanam şol gözlerdi.
Allanur ýalbarmadam, buýurmadam gyzyň alnynda meseläni çürt–kesik goýdy. Şol günüň ertesi ýene Allanurlardan sawçy geldi.
Gyzy bilen oturyp, ymykly gürleşenden soň, ejesi gynansa-da, sawçylaryň habaryny aldy.
Allanurlar üç gije-gündizläp toý tutdy. Toýuň märekesine seretseň, bütin älem süýşüp gelen ýalydy. Eýjejik gyzy döwletli ojagyna soltan eden Allanur özlerini sylap gelen toý märekesine şeýle bir hyzmat etdi weli, muňa uly il haýran galdy. Toýda „men” diýen bagşylar gezekli-gezegine aýdym aýtdy. Gapysyndaky at gaýtarym mülkünde özlerine göwünleri ýetýän pälwanlar göreş tutdy.
Märeke ne agşam, ne-de gündiz azaldy. Şol üç günüň dowamynda Allanur ýekeje gezek hem dyzyny epmedi. Ne hansyrady, ne-de begsiredi. Ol bir pursatlyk Älem bilen ýalňyz galanda:
— Senem çyk-da, kürtejigiň aşagyndan toý märekesine göz aýlasana, Älem jan, ikimizi sylap dünýä süýşüp gelipdir. Eşidýärmiň? Ýa utanyp şol galpyldap oturşyňmy? Halaýan bagşyňam-a aýdýar. Nesip bolsa, inimiň toýunda ikimiz bileje hyzmat ederis.
Altyn-kümüşe gaplanyp, sülmüräp otyran Älem başyny çalaja galdyrdy. Ýekeje pursatlyk gyz göreçleri ýigidiň bagtyýarlykdan şöhle saçýan gözleri bilen çaknyşdy. Gyzyň alma ýaly ýaňaklary çym-gyzyl bolup, nara döndi. Ýuwaşlyk bilen egildi-de, Allanur onuň alma ýaly ýaňaklaryndan öpdi. Soň Älemiň ýaňagyny elleriniň aýasynda saklap, onuň ýüzüni ýokaryk galdyrdy.
— Älemim! Ýokardaky hem ýerdäki Älemim, bu dünýäde saňa taý ýok.
Adamsynyň mähribanlygyna gelin çaksyz guwandy. Şeýle seretseň, Allanur agras görünýärdi. Onuň ýüzünde bir hili ýowuzlyk alamaty bar ýalydy. Aslynda welin, ol Polady ýumşak hem dözümsiz eken. Garyp-gasar ýüz tutubildigi onuň işini bada bitirýärdi. Gereklä hemaýat edýärdi. Birini iki etjek bolup, dyzap ýatan adamam däldi. Iki zadynyň biri iliňkidi. Allanur gaty berdaşlydy, güýçlidi. Ol öz hojalygynyň işlerinem adama etdirmeýärdi. Läheň-läheň çuwallaram egnine atyp gidiberýärdi. Eli sypynsa, mülkünde-de işläberýärdi. Ol uzyndan çepiksije Älemem edil çaga göteren ýaly göterip, içerde aýlaýardy. Onuň topugyna ýetip ýatan goňras saçlaryny boýnuna orap, keýpden çykýardy. Gelniň üzümiň suwy ýaly buldurap duran terje ýaňaklaryndan ogşap-ogşap ganmaýardy.
Takdyryň beren bagtyna çaksyz buýsanýan Älem her gün Allanuryň giň gujagynda meýmiräp uka gidýärdi. Älemiň ejesi ýoňsuz wagt üstünden turman dokan läheň halysyny gyzyna sowgat beripdi. Edil kagyz ýaly ýukadan syk dokalan, gölleri lowurdap duran bu haly Allanurlaryň jaýyna ölçelip dokalan ýaly laýyk bolupdy. Allanuryň ejesi halyny sypap-sypap, akyly haýran bolup, onuň üstünden galasy gelmän, gelnine alkyş okady:
— Elleriňe güller bitsin, balam, meniň-ä şu wagta çenli haly görenim ýalan boldy. Allanur-a ol halyny ýere ýazmaga-da, dözmändi. Älem ýylgyryp:
— Gerek bolsa ýene dokaryn. Şu halynyň üstünde bile oturyp çaý içmegi arzuw edipdim – diýdi.
— Dyzlaşypmy? – diýip, Allanur gelniniň sözüni agzyndan alyp güldi.
— Şu halyda seniňem goşandyň bar, Allanur, ony bilýänem dälsiň – diýdi-de, Älem mundan birnäçe ýyl öňki wakany ýatlady.
— Ýazlaga çykypdyk. Şonda oglan-gyz üýşüp, kömelek çöplemäge gidipdik. Senem bardyň. Bir uly depeden aşak indik. Garşymyzda ylla diýersiň, haly düşelen ýaly gülälekli meýdan ýazylyp ýatyrdy. Oňa asyl seredip doýar ýaly däldi. Sen şonda bada-bat bizden saýlandyň-da gitdiň. Egniňde-de ap-ak köýnegiň bardy. Hemişe tämiz hem özüňe gelişýän eşik geýýärdiň. Şol gün gülleriň arasynda ak bürgüde meňzeýädiň. Şonda sen bir gujak gül ýygyp, yzyňa – bize tarap gaýtdyň. Biz gülşüp-degişip, henizem gülälekli meýdanlardan gözümizi aýyrman, oňa aşyk bolup synlap durdyk. Gyzlaryň biri saňa gözi düşenden:
— Hany göreliň, Allanur güli kime sowgat bererkä? – diýip güldi. Içimden: „Maňa bir beräýmäbilsedir” diýip dileg etdim. Sebäbi şondan soň ýanymdaky gyzlaryň dillerinden durup boljak däldi.
— Çynyň bilenmi! – diýip, Allanur garagollyk bilen Älemiň ýüzüne seretdi. Älem aşak bakyp ýylgyrdy-da, ýatlamasyny dowam etdi. – Bu zatlardan bihabar bolaňsoň, aňyrdan gelmäşe güli getirip göni maňa berdiň. Meň üçin bu meýdanlar öz synamyň bir bölegidi. Soň asyl şol meýdanlar maňa has eziz göründi. Has takygy, şondan soň men olaryň mährinden hiç ganyp bilmedim. Gyşyn-ýazyn onda ýaýnap gezesim geldi. Şu hala seredeniňde, şol gülälekli meýdanlar ýadyňa düşenokmy? Ony men hala çitdim. Şol sebäpli, men onda seniňem, obamyzyňam keşbini görýärin.
Allanur işden sypynan wagty, Älem şol tanyş ýerlere gezelenje alyp gitmegi ondan haýyş etdi. „Atlyja gideli özünem” diýibem ýylgyrdy.
— Sen at münüp ýaman öwrendiň – diýip, Allanuram güldi.
Goňşy obada Allanuryň daýzasy ýaşaýardy. Birküç günlükde olar Älemi nahara çagyrdylar, yzyndanam araba iberipdirler. Älemiň araba teý münesi gelmedi. Ol iş – aladasy bilen atlanjak bolup duran adamsynyň ýanyna bardy. Gelniniň bir zatlar aýtjak bolup ýaýdanýanyny duýan ýigit sorag alamatyna öwrülip, onuň ýüzüne seretdi.
— Meni daýzaňlara alyp gidermiň?
— Meň gitmegim hökmanmy?
— Aý, ýok-la weli, atly gitsek çalt barardyk-da!
— Kürtelije gelin bilen ata syrtlaşypmy?
— Wiý, ýok-la, herimiz bir ata müneris-dä! Il geňlär öýütseň daşky ýoldan gidäýeris. Daýzaňlara ýetmänem atdan düşerin.
Allanur ylalaşdy:
— Gözel göwnüň.
Ýigit Älemiň ulugyzka kakasynyň yzyndan oglan jigisi bilen telim gezek atly gidenini bilýärdi. Olaryň bir ýuwaş ýabysy bardy. Ony jigilerem, käte özem müner ýörerdi. Gorky-ürküni bilmeýän gyz birki gün çopan goşunda bolup, kakasynyň kirine-çägine seredip, nahar-şoruny edip gaýdýardy. Aslynda çopan goşy obadan gaty bir uzagam däldi. Bir gezek garşylygyna garaman, Allanuram gyzy çopan goşuna eltip gaýdypdy. Şonda goşa juwan atlaryny öz maýdalyna sürüp, sähra guşlarynyň mukamyny diňläp, aňyrsy-bärsi görünmeýän meýdanlary, biri-birinden aňyrda uzalyp gidýän gum depelerini synlap doýup bilmändiler. Öri meýdanynda aýdyma gygyrýan ýaş çopanyň tämiz sesem, arassa asmanda saýraýan torgaýlaryň seslerem olaryň göwünlerini göteripdi. Dünýäň özi bir doýup bolmaýan täsinlikdi, mukamdy. Bu bagty Älem ile-de diläpdi. Göbek ganyň daman mähriban ýerler-de söwer ýarynyň mährine çoýunyp ýaýnap gezmek, her kişä nesip etsin-dä!
Durmuş-da. Allanurdyr Äleme goňşy oba, daýzalarynyňka gitmek miýesser etmedi.
* * *
Allanur öýde ýokdy. Gaýyn enesem eltisi bilen goňşy oba pata gidipdi. Älemden başga öýde jemende galmandy. Ol daşarda ýanlyk ýaýýardy. Şol wagt akja eşegini dikgirdedip, Sazak aga gapyda peýda boldy. Ol gele-gelmäne sesini sandyradyp, Allanury sorady. Kakasynyň söwer dosty bolansoň, Älem Sazak agadan ýaşynanokdy.
— Ol-a öýde ýok, näme zerurmydy, Sazak aga! – diýip, gojanyň bolşundan iňkise gidip, Älem işini goýup, onuň ýanyna geldi. Salam berdi.
— Amanlykmy? Salama berlen jogap şu boldy.
Sazak aga eşek jäneweri bir ýerde saklaman, gapyda ok-kessirme geçip ýörşüne sorag üstüne sorag ýagdyrdy. Yzly-yzyna suňşyrylýan soraglardan ýaňa Älemiň halys sabyr käsesi doldy.Onuň mundan artyk çydamaga takaty galman :
— Wah, bilemok-da, onuň nirä gidenini, hemişe aýdyp gidäýýärdi weli, ýöne Sazak aga, aýtsana basymrak ,näme boldy, eýgilikmi? Beýdip ýüregimi sarsdyryp durma-da, näme bolan bolsa çekinme-de aýdyber.
— Näme bolar, işimiz gaýtdy. Garabatyryň oýundaky guýa syçan gaçdy, syçan.
— Syçan gaçdy?
Älem gülüp goýberdi. Bu ýagdaýa gahary gelen goja gözlerini jikgerdip, onuň ýüzüne seretdi. Gelin gülküniň arasy bilen:
— Gaçsa gaçypdyr-da syçan. Ol näme, düýemi ýa sygyrmy? Bir syçan kem bolanda pişikler ajyndan öläýesleri ýok-la, Sazak aga. Ony näme ile buşlap, howsala düşüp ýörsüň.
— Haý, gülküň gursun peläket. Seniň oýun ýadyňa düşýär. Bir syçanyň guýa gaçyp, suwy zäherläp, bir obany tükellänini görmedigiňiz bep-bellidä siziň. Obamyz garahassalykdan ýaňy aýňaldy. Keseliň aldajasynyň alaka bilen syçandan ýokanyny gözümiz bilen gördük. Gelmejekmi ol han? Gülküňi goý-da, maňa kömek et. Wah, çal kelläm gursun. Indi men şu eşegim bilen nirä ýeterin. Durubersem bolmadymy şo taýda. Ynhalykga kakaňam? hä diýmän mallaryny guýa sürer.
Sazak aga guýynyň başyndan gaýdanyna ökünip, hyrçyny dişläp, saçyny ütäýjek boldy. Soňra ol Älem ynanmaýandyr öýdüp, eşegini suwa ýakmaga baranda, iki sany alaka ýaly syçanyň urşup guýa gaçanyny görendigini gaýtalap-gaýtalap düşündirdi.
Syçanyň guýyny zaýalap biljegini Älem akylyna sygdyryp bilmedi. Beýle zady heniz ol eşitmändi. Ýöne bir belasy bolmasa, Sazak aganyň oda-köze düşüp durmajagyna welin, ol ynandy. Sazak agany gapysynda saklap, özi ylgaşlap gaýnagalaryna gitdi. Olam mülküne gidipdir. Allanur başga at münüp giden bolmaga çemeli. Onuň hemişe münýän bedewem ýatakda durdy. Älem bada öýdençeri tapyp geldi. Emma ol guýuny tapmaýan eken. Sazak aga, howlugyp, darygyp durşuna, öýdençere gyssagara guýuny salgy berdi. Emma netije bolmady. Gury Sazak aganyň özeleneni galdy.
Öýdençer dogumly oglan däldi. Mydama kellesine taýak degen ýaly bolup, Allanury käýider ýörerdi. Ol ýetim oglan bolansoň, Allanur ony dözmän saklap ýördi. Häzirem ol özüne berilýän soraglara „Taparynam”, „Tapmarynam” diýmän, ýöne mölterilip durdy. Şonuň üçin Älem onuň iş bitirjegine ynanmady. Sazak aganyň oda düşüp zowzuldap ýörşi oýlanmaga-da, garaşmaga-da pursat bermedi.
Älem başga çykalga tapman,öýdençere Allanuryň atyny eýerlemegi tabşyrdy. Sazak aga Älemiň pikirini ýüzünden okap bilmän, ör-gökden geldi:
— Goýaweri gyzym, edýäniň näme, men hanyň mes atyny münüp, bilimi omurdyp bilmen.
— Özüm gitjek, Sazak aga!
— Akyllyja bol, bu at saňa ataň baýtaly däldir. Eýgertmez, görüp dursuň-a jylawyna towsup durşuny.
— Hudaý bardyr, Sazak aga.
Indi Sazak aganyň galagoplygy Äleme geçdi. Onuň ýüregine şeýle bir howul düşdi weli, göwnüne bolmasa, kakasyndan öňürdip guýa baraýmasa, obanyň ähli maly gyrylaýjaga döndi. Öýdençer gapa gelenden, ol ata tarap ýöneldi. Ýöne ony başga bir zat alada goýdy.Entek bu ata Allanuryň özünden başga adam münüp görenokdy. Älem agyr gyňajynyň uçlaryny biline daňyp, jylawa ýapyşandan bedew aýaklaryny ýere batly-batly tarpyldadyp, gazygynyň daşynda aýlanyp başlady. Ol gazyga baglanan uýanyny üzäýjek bolup dyzady.Bu ýagdaýy synlap duran Sazak aga:
— Ýanaşma oňa – diýip, çyny bilen gygyrdy. Diňe şondan soň, Älemiň özem ol ata münmäge çekindi. Onýança-da jorasynyň oguljygy aňyrdan gelşine göni özüne tarap ýöneldi. Goltugynda-da tokarja gürji. Älem ony görenden gülüp goýberdi. Ýüzüniň çyrşagyndan ýaňa oglanjygyň gözjagazlary zordan görünýärdi. Ol toşap iýen bolmaga çemeli.
— Waý, bu balaň arassajadygyny, ýüzünden ýüz güjik doýjak. Hany aýt, näme üçin geldiň? – diýip, Älem ýanyna baran çagajyga ýüzlendi. Oglanjyk nokgy-nokgy edip, sözüni zordan düşündirdi. Daýanjyň kellesi agyrýarmyş. Kelleagyry üçin Käkiligiň özüni çagyrmajagyny Älem bada aňdy. Ol „Ýaman ýerde gaý tutdy” diýenleri ýaly, näme etjegini bilmän aljyrap, Sazak aganyň ýüzüne seretdi. Onuň ýüzünden howsaladan başga zat aňman alňasap, ýene-de öýdençere ýüzlendi. Oňa ot daşalýan aty eýerlemegi tabşyrdy-da, Sazak agadan ötünç sorap, goňşularyna ylgady.
— Älem, Daýanç jan agyr-da. Nätsemkäm–diýip, Käkilik jorasyny howsalaly garşylady. Ýanar ot bolup, usurgap ýatan çagajyk Älem lak atsa-da, gözjagazlarynam açmady.
Oglanjygyň başujynda bir garryja aýal otyrdy. Ol şu obanyň tebibidi. Garry oglanjygy bejerip bilmejegini çyny bilen boýnuna aldy.
— Ýaýdanyşyp durmaň-da, bejerjegi tapyň, uzakdan berlen bolsa, Alla bardyr, hiç zadam bolmaz – diýip, ol aýal Käkilige göwünlik berdi.
Bir wagt öz jigisiniň şu ýagdaýda ýatany Älemiň ýadyna düşdi. Şonda goňşy obadan bir ýaşuly dogtarsyzam ony bejeripdi. Ol edil perişdä meňzäp duran ak sakgally nurana gojady.
Älemiň özem edil häzir şol tarapa barýardy. Ýöne Garabatyryň oýundan ol oba ýetjek bolsaň, eslije ýöremelidi. Jorasynyň oýlanýanyny duýup, Käkilik ondan tanyş tebininiň bardygyny ýa ýokdygyny sorady. Yzyndanam:
—Bilýän bolsaň aýt, gidip özüm getireýin. Ýüregim çat açyp barýar, Älem jan – diýip özelendi.
— Seň, aýak ýeteriňden daş ol – diýip, Älem howlukmaç jogap berdi.
Sebäbi Käkiligiň bäbejiginiň bolanyna ýaňy bäş gün geçipdi. Küýi-pikiri syçan gaçan guýuda bolansoň, Älem darykdy. Emma oglanjyk gyzgynyna sandyrap başlandan onuň özüniňem huşy başyndan uçdy. Ol tebibiň ugruna çykjagyny aýtdy-da, Käkiligiň eslije ýüwürjisini alyp, ýene ylgaşlap öýlerine geldi. Gelse, Sazak aga gyssanyp giden eken. Ol goňşularyny alyp, eglenmän guýa barjagyny aýdypdyr.
Älemiň bir häsiýeti bardy. Ol kimedir birine ýagşylyk edýändigini duýanda, hiç wagt soňuny saýmazdy. Häzirem ol soraşman, ideşmän çykyp gidiberse, Allanur oňlajakmy ýokmy, oýlanyp durmady. Allanuryň atyny münüp obadan çykyp gidiberse, bolmanda gaýyn enesiniň „Ýolda it bar, guş bar, heý beýdip gidibermek bormy, gelnim” diýjegi körehasady.
Gelin Hudaýy çagyryp, atyň üzeňňisine aýagyny atandan nätanyş at bolansoň, gorkudan injikleriniň sandyraýandygyny duýdy. Ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýjak boldy. „Hudaý jan, senden medet” diýip, ol içinden gaýtalady-da, Käkiligiň ýuwurjisiniň elinden çekip, atyň syrtyna mündürdi. Soň atyň başyny günbatara tarap öwürdi.
Akylly hem ýuwaş at üstünde aýal maşgalanyň bardygyny duýup, haýaljak ädimläp ugrady. Älem her näçe howluksa-da, atyň jylawyny çekmäge birbada ätiýaç etdi. Olar şol haýdaşyp baryşlaryna giç öýlän tanyş guýularyna ýetdi. Älem uzakdan guýunyň başynda mal sürüsini görüp howpurgady. Ol howlukmaç atdan düşdi-de, nowa seretdi. Mallaryň suwa ýakylmandygyny görüp ynjaldy. Emma kakasy hiç zada düşünmän allaniçigsi bolup, gyzynyň edil alkymyna dykylyp gelip, ony gyssady.
— Eýgilikmidir, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?
Älem bada kakasyna ýagdaýy düşündirdi.
Näme indi bärik gaýtmaga senden başga adam tapylmadymy?
— Aý kaka, köpden bäri senem göremok. Bir hal-ýagdaýyňy soraýyn diýdim-de gaýdyberdim.
Älemiň kakasy gyzynyň ýüzüne köp manyly seretdi. Soň guýynyň agzyna baryp, hamala diýersiň, onuň içinde syçan görmekçi bolýan ýaly, onuň düýbüne içgin-içgin garady-da dillendi:
—Päheý-de weli, ýeri onuň guýuda nä köri bar? Bolmandyr, Sazak gören bolsa göwnüne getirendir. Göwnüne getirse gowy däl-dä! Ýogsam bolmanda obada syçan gytmy? Kendirigiňi deşip, unuňy paýlaşyp ýörler-ä. Olaryň haýsysynyň zyýanlydygyny sen nireden biljek.
Hal-ahwal soraşanlaryndan soň, kakasy Älemi gyssap ýola saldy. Özi töweregindäkiler bilen guýyny boşatmaga girişdi. Äleme geregem şoldy. Ýöne ol kakasyna goňşy oba gitjegini aýtmady.
Bular goňşy oba baranlarynda, garaňky mazaly gatlyşypdy. Älem gojanyň öýlerini soraman tapdy. Ol daşarda atyny eýerläp durdy. Saglyk-amanlykdan soň, Älem mürähet etselerem atdan düşmän, ýol aşyp gelmekleriniň sebäbini düşündirdi. Çagajygyň ýagdaýynyň juda agyrdygyny aýtdy. Gojany goňşy obalaryndan bir näsäg üçin çagyrypdyrlar.
— Lebiz etdim, gyzym men oňa barmaly bolaryn – diýdi-de, goja gitjek obasynyň onçakly daş däldigini, haýal etmän baryp-geljegini düşündirdi. Soň jaýdan çykan ýaş gelne myhmanlary öýe salmagy tabşyrdy. Gelniň atdan düşesi gelmedi. Ol Allanuryň biynjalyk bolmagyndan ätiýaç etdi. Nurberdi aganyň öz aty bardy. Ol Käkiligiň ýüwürjisini goýup gitmegi ýüregine düwdi. Emma öý eýeleriniň gelni bimahal goýberesleri gelmedi. Jaýa girensoň, Älemiň ýüregi hasam howlap başlady. Göwnüne Nurberdi aga ýoňsuz wagt eglenen ýaly boldy. Gypynç etse-de iç girip, daş çykyp, halys takaty ýetmedi. Ahyrda öý eýeleriniň garşylygyna garaman,baran öýlerinde Käkiligiň ýüwürjisini goýup, özi ýola düşdi.
Güýz gijesidi. Aý bulutdan aňyrda bolansoň, ýol diňe gara sudur bolup görünýärdi. Töwerek tüm garaňkydy. Älem alyp gaçar öýdüp, atyny çapybermäge-de gorkýardy. Ol esli ýöredi. Soňabaka ony bir hili nätanyş bükgüldi gurşap aldy. Hatda daş-töweregine nazaryny aýlamaga-da gorkdy. Ol gözüni aýyrman, diňe çala saýgardýan ýoluna seredip barýardy. Günbatardan ýel öwsüp başlady. Ýel barha güýjedi. Soň tüweleýläp gara ýel geldi. Älem atyň üstünde zordan ýykylman otyrdy. Tupan bütin töweregi tutdy. Ol atyna gamçy çaldy. At edil bürgüt ýaly uçup başlady. Gelin ýeliň ugruna pasyrdap kellesinden sypyp barýan gyňajyny saklajak bolup, eýeriň gaşyndan elini sypdyrdy. Ýeliň güýjüne atyň üstünden edil pökgi ýaly bolup togalanyp ýere gaçdy. At janawer bu bolan ahwalata edil özi günäkär ýaly, hokurganyp, Älemiň başujynda durdy. Gelin süýşenekläp ata münmek isledi. Emma bilinde erbet agyry duýdy, aýaklary diýenini etmedi. Ol ýatan ýerinden ata ýüzlendi:
— Bar, janawer, oba ýet. Emma Atyň eýesini goýup gidesi gelmedi. Älem ýene gaýtalady. Söze düşünýän ýaly, at durup-durup, ahyrda ýüzüni sallap, ýola düşdi. Şol ýatyşyna Älem tä ýel kiparlaýança ýerinden gozganmady. Ýeliň yzyndan töweregi suw-sil edip boz ýagyş ýagdy. Soň bütin töwerek imi-salalyk boldy. Ýöne asman welin gara şalyny egninden düşürenokdy. Älem özüne zor salyp ýerinden galdy. Eşiklerinde gury ýeri bolmansoň, onuň egnine agyr ýük urlan ýalydy. Ol dähedem-dessemläp ýöräp ugrady. Ýöne indi ýolam görnenokdy, ýoda-da. Onda-da haýaljakdan ädimläp barýardy. Häzir oňa diňe bir zat gurp berýärdi. At ýataga boş barsa, Allanuryň özüni yzarlap geljegini bilýärdi. Sebäbi ol hemişe Älemi öýden tapmasa, derrew Käkiliklere barýardy.
Älemiň göwnüne bolmasa, bir ýerlerde möjek uwlaýan ýaly boldy. Ol gorkusyna „mähriban topragym, eý eziz ýerler, siz maňa gurp beriň” diýip, özbaşyna pyşyrdady. Emma dura-bara Älemiň mejaly gaçyp, aýaklary ädilmekden galdy. Bütün bedeni galpyldap, üşüdip başlady. Ol bir ojary penalap, onuň düýbüne çökdi. Ysgynsyz elleri bilen ojaryň şahajyklaryny döwüp, ýassyk edindi.
Ol şol ýatyşyna ertesi bir ýat jaýda özüne geldi.
—Keýgim, gözüňi bir açaweri şeýdip, sen-ä bizi gorkuzdyň – diýip, içerik giren ýat aýal şelaýyn dillendi. Älem ysgynsyz gürledi:
— Men nirede?
— Hany, entek bir käsejik çaýjagaz içip, özüňe gel, onsoň nirä geleniňi özüm aýdaryn. Öý eýesi şeýle diýdi-de, ýene gapa ýöneldi.
Älem ýatan ýerinden gobsunmak isledi. Başarmady. Nätanyş aýal çykyşy ýalam yzyna çalt dolandy. Ol Älemiň gapdalynda saçak ýazyp, demläp gelen çäýnegini onuň üstünde goýdy. Soň bir jam çekdirme alyp geldi. Çekdirmäniň ýakymly ysy içerini tutdy. Nätanyş aýal öýüň eýesi bolmaga çemeli. Ol burçda duran ullakan ýassygy aldy-da „sen men ýok” Älemiň iki egninden tutup galdyryp, ony arkasynda goýdy. Ylgap gidip kümüş kündük bilen legen alyp gelip, oturan ýerinde derrew Älemiň el-ýüzüni ýuwdurdy. Bada-da kündügi daşaryk çykardy.
— Çöregiň bütin eken. Hudaý jan seni gorapdyr. Ölersiň öýdüp, gaty gorkdym. Sen bir eýjejik zat, gara ýere dözmedim. Edilen emleri özüňem duýmadyň – em edilmedik bolsa, ölüp giderdiň – diýip, nätanyş aýal gürrüňiniň arasynda çaý guýup, Älemiň öňünde goýdy. Saçakdan çörek alyp oňa uzatdy. Gökden düşen ýaly bolup, nahara elini uzatman oturan gelniň bolşuny halaman:
— Işdäň alsa-da iý, almasa-da, iýmeseň daýanmarsyň. Özüňe haýpyň gelsin, ýaş janyňa bulaşjak ýatjakmy şeýdip. – Ol Älemi ugruna goýmady. Gelin bir barmajyk çörek bilen çekdirmeden ýekeje dogramçany agzyna saldy.
Soň mejalsyzlykdan sünäýdi. Öý eýesi onuň üstüni ýapyşdyryp, ýene çykyp gitdi. Daşardan at aýaklarynyň sesi geldi. Ýüregi gopan gelin başyny galdyrdy.
Şol barmana nätanyş aýal gapyny bat bilen şarkyldadyp açdy-da, kürsäp içerik girdi. Demi-demine ýetmän haşylap, sen-men ýok, Älemi gujaklap ör turuzdy.
— Bolaweri, ýör, oba garakçylar döküldi – diýip, onuň goltugyndan tutup, idirdikledip ugrady. Eýwana çykyp, gapydan saga aýlandy. Jaýyň burçuna baryp, keçäni galdyrdy. Aşakda ýerzemin bar bolmaga çemeli. Öý eýesi onuň gapagyny egilip açdy. Çygyň agyr ysy Älemiň burnuna urdy. Ol nätanyş aýala ýaplanyp diýenini etmejek bolýan mejalsyz aýaklaryny gyşyk-gyşyk basyp büdüremän, zordan basgançaklardan aşak düşüp ugrady. Garaňkyda onuň gözi hiç zat saýgarmady. Öý eýesi aýal Älemi bir böwürde oturdyp, özi ylgap ýene ýokaryk çykdy-da, ýerzeminiň gapysyny şarkyldadyp ýapdy. Älemiň gulagyna ýokardan at aýaklarynyň hem erkek adamlaryň sesi eşidildi.
„Allanurdyr” meni gözleýändir. Älem ähli güýjüni jemläp, entirekläp ýerinden galdy. Garaňkyda giren gapymdyr-da diýip ýöräp ugrady. Emma ysmaýan aýaklary diýenini etmän, bir zada büdräp, ýüzünligine ýykyldy. Bada turmaga mejaly bolman ol: „Men bärde, Allanur bärde” diýip gygyrdy. Ol tümlikde ýer bagyrtlap aglady. Allanuryň yzyny yzlap gelenini duýdy. „ Wah-wah, tapman gitdiň-dä, sen indi yzyňa dolanmarsyň, Allanur. Bu ýat ýerde men näderin indi, mende mertligem galmady”. Älemi alasarmyk uky basmarlady.
Ol irden ýokarda gözüni açdy. Bu wakadan birküç gün geçenden soň, Älem öýden daş çykdy. Daşarda, hol aňňyrrakda iki sany ýaş ýigdekçe gapa düşürilen ojarlary rejeläp, teläriň aşagyna basýardylar. Älem ýuwaşja ýöräp, olaryň ýanyna bardy. Salamlaşdy. Soň bir hili ýaýdanjyrap, olardan „garakçylar” barada sorady.
Ýaňy murty taban ýigdekçe daş – töweregine ogrynça garap:
— Aý, olar garakçy däl-le. Bir aýal maşgalany gözleýärler – diýdi.
— Bärigem geldilermi?
Geldiler. Bizem daşardadyk. Üç sany atly, bizdenem soradylar. Han aga öýdedi, ondan gorkymyza hiç zat aýdyp bilmedik.
Älem öý eýeleriniň ýönekeý adamlar däldigini bildi hem bulardan bir ýol bilen sypmagy ýüregine berk düwdi.
Jaýlary köp bolmaga çemeli. Älemiň bolýan jaýyna öý bikesinden başga ýekeje adamam gara bermedi. Ýogsam ol jaý giňdi, tämizdi. Oňa boýdan başa teke halysy düşelgidi. Älem özüni gizläni üçin hanyň aýalyny halamasa-da, ol süýji dilli mährem aýal bolandan soň, onuň bilen öwrenişdi. Onsoňam özüni ajalyň elinden alyp galan şulardy ahyryn. Öý bikesi Äleme gyzyklanansoň, käbir zatlary gürrüň berdi.
Hanyň kakasy Ahalda belli adam eken. Onuň obalarynda han bilen sözi azaşyp, bäş-on sany öýli hojalyk bolup, obadan gaýdyp, şu ýerde mekan tutupdyrlar. Olar göçüp gelenlerinde, bu ýerde diňe bäş-on sany öýli bar eken. Soň bu oba giňelip gidipdir. Hanyň özem, aýalam şu obada dünýä inipdirler.
— Hudaýa şükür, azar berýänem ýok. Rysgal-döwletimizem ýeterlik, bir kem zadymyz göçüp gaýdan obalary. Ýat ýurda düşmeselerem ony welin her ädimde küýseýärler.
Hanyň kerweni Äleme ýolda duşup, mejalsyz halda ýatyrka alyp gaýdypdyr. Indi bolsa öý bikesiniň ony sypdyrasy gelenok.
Bir gün Älem ýüregindäkini gizlemän, hanyň aýalyna gös-göni aýtdy:
—Obaňyzyň dagyny henizem çekip ýören bolsaňyz, onda näme üçin gözläp gelenlerinde meni gizlediň?!
— Men olary garakçylardyr oý etdim. Gidenlerinden soň kelläme geldi. Ýöne şol ýatyşyňa kimem bolanda, alyp gitseler ýolda ölüp galardyň. Şükür et-de, geziber. Men barkam, şu öýde seniň bitiň burnam ganamaz. Hanam arassa adamdyr. Seniň bilen işi bolmaz – diýdi. Olar seni gözläp gelen bolsalar, ýene gelerler, şonda görübereris. Hanyň aýaly çynyny aýdýarmy, ýa ýalan sözleýärmi? Älem biljek bolup, onuň ýüzüne seretdi. Emma hiç zat aňyp bilmedi.
Başda ýagşy umytda bosa-da, indi Allanuryň yzyna köwlenjegine gelniň ynamy azaldy.
Soňabaka öz najatyny özüniň görmelidigine barha düşündi. Ýöne nädip? Bu ýerden gaçyp gitmelimi? Beýtse, yzyny tapjakmy? Bir gezek Älem hanyň hyzmatkäri ýaş ýigdekçeden öz obalarynyň näçe günlük ýoldugyny sorady. Ýigidekçe öz obalaryndan başga ýeri görmän eken. „Bilsem aýdardym. Men hiç kimden gorkamok” diýip, ol çyny bilen düşündirdi.
Ýaman ýeri hanyň aýaly Älem öz obalary bilen bagly gürrüň açsa, ol gürrüňiň hörpüni bada başga tarapa üýtgetýärdi, ýa-da bir bahana bilen turup gidýärdi. Hatda goňşy-golamlaryna-da Älemi goýbermeýärdi. „Eýjejik gelne ” oba adamlary diňe daşdan syn edip bilýärdiler. Girip-çykyp derek ýaljak bolup, ýören gelne ýaman niýeti bolmasa-da, hanam höwes edip seredýärdi. Çaksyz buýsaňjaň, edil sarç mal ýaly tez gelin gaçyp bolýan ýerde hanyň nazaryndan sypýardy.
Hanyň öz aýalam gaty owadandy. Ýöne bir kemi, onda aýal maşgala mahsus näziklik ýokdy. Ol ýere basanda, ýa bir iş edende, darsyldap, edil erkek adama meňzeýärdi. Dogumlydy. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Şonuň üçin han murtuna näçe haýbat berse-de, köplenç onuň bilen ylalaşyga gelýärdi.
Bir gün Älem indi haçandan bäri kellesinde aýlap ýören pikirini öý bikesine duýdurdy. Hojalygyň işlerini bir ýüzli edip, hanyň aýaly bilen çaý içişip otyrkalar, Älem onuň keýpiniň kökdügini duýup:
— Men bir zat soraýyn-la – diýip ýaýdandy. Hanyň aýaly durky bilen sorag alamatyna öwrülip, gelniň ýüzüne seretdi:
— Çekinme-de soraber, onuň aýby bolmaz.
Älem ýaýdanjyrap göwnündäkini aýtdy:
— Men bir içeriňizi, ine şu jaýyňyzy dolduryp duran ullakan haly dokap bersem, han aga meni yzyma goýberermikän?
Hanyň aýaly güldi-de:
— Men goýbersem, han goýberer-le. Ol nepis halylaryň ölemen aşygy. Ýola çyksa, diňe haly alyp gaýdýar. Ýöne men saňa halys öwrenişäýipdirin. Gitseň gynanjak. Sen gaty elli-aýaklyja-da, Älem jan! Özüňem gaty mähriban – diýdi.
— Eger eý görýäniňiz çynyňyz bolsa, onda meni beýdip gynamaň, ykbalym siziň eliňizde. Men bu ýerde ilimden-günümden, dost–ýardan uzakda edil ganatsyz guş ýaly. Siziň bolsa öz öýüňiz, maşgalaňyz bar.
Öý bikesi böwrüni diňläp, esli oturdy. Soň han bile maslahatlaşyp görmäge boýun boldy. Ýöne onuň agzy gowşakdy, muny duýan Älem:
— Aý, hawa, maslahatlaşmagam gerekdir weli, yrjak bolup siz maňa kömek etseňiz, Allajan sizi ýalkar — diýdi.
— Hanam seni kesekidir öýdenok. Onsaňam tanap ýör. Her ädimiňi, hereketiňi synlap ýör. Ol gaty synçydyr. Şonuň üçinem saňa nebsi agyrýar. Senden başga adam bolsa, meniňem oňa „goýber” diýip sala salyp durmajagym çynymdyr.
Älem öý bikesine göwnündäkini aýtsa-da aýytdy weli, hana-da, öý bikesine-de doly bil baglap bilmän, aýagy bişen towuk ýaly zowzuldady ýördi. Oýy-pikiri şol bolandan soň özüne bir zat diýilse-de, onuň manysyny oňly aňşaryp bilmän, huşsuzlykdan kürtdürip durmany çykardy.
Sebäbi näçe mertlige salsa-da, gün-günden dünýä sygman başlady.Indi oňa haçandan bäri janyndan ileri tutan mährem adamlarynyň, eziz obasynyň mähri ýetenokdy. Şonsuz ol güýçsiz-kuwwatsyz gury sandy, Daýançjyk nätdikä, sagaldymyka? Ýa jorasy ýer bagyrtlap galdymyka? Bu pikirem oňa hiç ynjalyk berenokdy. Onsoň nädip mert bolsun? Allanur bir wagt dogry aýdypdyr. Älem gyn-gyssaga düşende özünem oňarjak däl eken.
Ahyr bir gün hanyň aýaly Äleme äri bilen maslahatlaşanyny aýtdy.
— Han-a bolýaram diýmedi, ýogam, ýöne ynha hany halysyny bir dokasyn, görübereris – diýdi.
„Töwekgele endişe ýok” diýen ýaly, Älem anyk bir jogap alyp bilmän ýaýdansa-da, garaz gowluga garaşyp, bu kyn işi başlamagy ýüregine düwdi.
Şundan soň, Älem başga bir uly jaýda hanyň aýaly bilen ony dolduryp duran halyny ýüwürtdi. Älem gije-gündiz halynyň üstünden düşmän, sary ýüplüge döndi. Hanyň aýaly halyny gün içinde bolmanda birküç gezek sypap-sypap gitdi. „Elleriňe güller bitsin, bagt saňa ýar bolsun” diýip alkyşlady. Bir gün bolsa ol:
— Bu bolşuň bolanok. Halynyň üstünde ýykylyp galarsyň, onsaň saňa hiç zat derkar bolmaz — diýip, ugruna goýman, Älemi halynyň üstünden düşürdi.
Gelin halynyň iň soňky çitimlerini çitip otyrdy. Birden gapyda hanyň daýaw göwresi göründi. Älem tisginip gitdi-de, böküp ýerinden galdy.
— Gorkma, meň seň bilen işim ýok. Han esli wagt halydan nazaryny aýyrman synlap durdy. Soň güňleç dillendi:
— Halyň owadan. Nepisligine-de sözüm ýok. Ýöne... diýip han bir sägindi. – yhlas edenem bolsaň, meniň satyn alan halylarym muňa görä lowurdap dur, özüňem synla-da göräý.
Han bahana tapýandyr oý edip, Älemiň gahary geldi. Ol çykyp gidenden soň, özi birinji gezek dokan halysyny synlady. Ol owadandy. Ylla diýersiň ýere gyzyl gülälek düşelen ýalydy. Ol halyda eziz obasynyň mährem keşbini gördi.
Han gözenekden Älemiň halyny synlap duranyny görüp, yzyna dolandy.
— Ýeri nähili eken? — diýip, ol çykan gapysyndan ýene yzyna girdi. Hanyň niýetiniň bozuk däldigini duýsa-da, Älem oňa bir hili ätiýaçlyrak garady. Elbetde, han kelç-külç däldi. Älem bu ojakda esli ýaşap, oňa göz ýetirdi. Ol öýde bolan wagtlary içde-daşda gelne pete-pet gabat gelse-de, agraslyk bilen başyny galdyryp, „Gurgunmysyň?” diýip geçiberýärdi. Häzirem ol Älemiň ýüzüne dikanlap seretmedi-de, ondan jogaba garaşdy.
Il-günden uzakda mähriban obasynyň dagy ýüregini paralap duransoň, hem sary ýüplüge dönüp dokan halysyna göwni ýetmän, han ynjydansoň Älem bassyr-ýussursyz ýaşyrman ýüregindäkini aýdyp goýberdi:
— Han aga aýyplaşmaň, bu hala aýralygyň gussasy siňdi. Oňa düşünmedik, bu hala-da düşünmez!
„Bu gözel bedende üýtgeşik akylam bar eken-ow” diýip, içini gepleden han näme diýjegini bilmedi-de, garşydaşynyň ýüzüne nazaryny aýlap, yzyna tarap çekildi-de çykyp gitdi.
Han gidenden soň Älem özbaşyna gürledi: „Wah, han aga, sen diňe ol halylaryň lowurdysyna guwanýaň. Emma sen olary men bolubam bir içgin synla. Sen onuň ýüzünde özüňimem eý görýän mähriban topragymyzyň keşbini görersiň. Olara seredip ajaýyp mukamlaram, bedewleriň toýnak kakyşlarynam diňlärsiň. Onda obasyndan, söwer ýaryndan uzakdaky naçaryň çekýän elhenç gussasynam duýarsyň.
Her näme-de bolsa, han sözünde tapyldy. Älemi birküç atly bolup, eslije ýol ýöräp, obalarynyň bäri ýanyna eltip gaýtdylar. Hanyň aýaly bolsa, ysnyşan mähriban zenany ugradanda aglap-aglap galdy.
Älem ugramazynyň öň ýanynda yzyna öwrülip, jaýa girdi-de öz dokan halysyny täzeden synlady. Diýseň, diýmeseň gelin lowurdap duran halynyň ýüzünde eziz obasynyň, keşbini gördi. Sebäbi onuň dagyny çekip özi dokady ahyryn.
Ol gapydan çykanda yzynda perzendi galan ýaly duýgyny başdan geçirdi. Özbaşyna gürledi: „Hoş gal halym, sen meniň mähriban obama dolanmaga sebäp bolduň”.
* * *
Allanurlardan çykyp gaýdandan soň, Äleme uky ýat boldy. „Hudaý diýen ýerim bar eken. Öz mertebämi depeläp, onuň gujagyna dolaýan bolsam näme? Onda men ömürboýy özümi näletlärdim”.
Näme üçin beýtdiň, Allanur! Ýazygym näme? Oňarmadyň, wah oňarmadyň!
Kalby çaganyň kalby ýaly arassa, sada gelin bu syryň sebäbine soň düşündi. Düşündi-de ýanyp bişäýdi. „Wah, namysyma çirk ýeten bolsa, bosagaňdan ätlärmidim. Haýp, sen meni tanamansyň, Allanur. Onsaňam ol namys öňi bilen özüme gerek dälmi? Gözlerim ýoluňda galdy. Ýene agtaryp gelersiň öýtdüm. Giç düşündim. Öň düşünen bolsam, saňa garaşmazdym. Şükür edýän, eziz obama gözüm düşdi. Obadaşlarym, gül-gülälekli meýdanlar meni gujak açyp garşylady. Käbäm ejem „balam” diýip bagryna basdy. Yhlasym ýerine düşdi. Daýanç jan sagalyp, at salyp ýör. Sazak agaň, kakam janyň göwni bitdi. Il alkyşyny aldym. Joram Käkilik jan gije-gündiz alkyşlap otyr. Güýç-kuwwatym, gaýratym şular bilen. Bular meni ýene bir gezek dünýä beren dirilik çeşmäm.
Senem şu toprakda meniň bilen bir howadan dem alyp ýaşap ýörseň, men Allajandan müňde bir razy. Ol görgülerden soň, şundan üýtgeşik bagty dilämok. Dilejegem däl. Ynsabym özümi horlanok. Galanynam durmuş görkezer. Bilýärin, sen gedem, namysjaň. Men muňa soň has göz ýetirdim. Boýnuma alsam, şol pursat sen gözden uçan naçaryňy gujagyňa gysman, özüňem, menem beýgeltdiň. Beýtmedik bolsaň, onda sen Allanur bolmazdyň. Durmuşam, senem meni synagdan geçirdiňiz. Söýgüden ýokarda ar-namys hem bar eken. Sen maňa ynananyňda näme, bu jahanda diňe ikimiz ýaşamyzok ahyryn, ynanmajagam tapylardy. Bolsa-da, Allanur, saňa ýekeje zady menden gizlemek başartmady. Olam seniň gözleriňde galan suratym, ýüregiňde mekan tutan keşbim. Olary welin sogrup zyňmak saňa ýeňil düşer öýdemok.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar