17:51 Erenler ýörän ýoldur bu | |
ERENLER ÝÖRÄN ÝOLDUR BU ÝOL
Publisistika
Ýol — erenler hasasyny süýräp geçen mukaddes ýol. Ýol bar ýerde hem il bar. Ýol — özgeriş hem geljege barýan arzuwlar. Ýol baradaky pikirleriň çuňňur manylylygy bolsa, eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde açylýar. Türkmenistanda alymlar tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna degişli ençeme ylmybarlag işleri alnyp baryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän şäherler we olar hakynda taryhy, arheologik, etnografik maglumatlar giň jemgyýetçilige ýetirildi. Beýik Ýüpek ýoly hakyndaky gymmatly maglumatlaryň türkmen topragynyň her daban ýerini, onuň halkara hyzmatyny öwrenmekde ähmiýeti juda uludyr. Hormatly Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri bolsa, mazmunynyň çuňlugy, ideýasynyň görlüpeşidilmedik derejede belentligi, duýga baý, iňňän köp meseleleri öz içine alýandygy bilen tapawutlanýar. Bu kitapda şeýle jümleler bar: «Beýik Ýüpek ýoly — Gündogaryň hem Günbatar halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografk we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykbalynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dostdoganlygyny bakyýete öwren altyn ýoludyr». Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň halk laryny birleşdirmäge köpri bolup hyzmat eden, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, baýlaşmagyna badalga beren Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerlerini — welaýatlary, etraplary, aýryaýry şäherleri, obakentleri bölüme bölüp, «Jeýhun ýakalary», «Gadymy Merw», «Sarahs bilen Änewiň aralygy», «Nusaýdan Dehistana çenli bolan aralyk», «Daşoguzyň gadymy topragy» bilen tanyş edýär. Olaryň hersiniň ykdysady, medeni durmuşy, taryhy, edebiýaty, dünýä belli şahsyýetleri barada aýryaýrylykda maglumat berilýär, ylmy seljermeler arkaly tapawutly taraplary açylýar. Olar hakdaky arheologik, etnografk maglumatlar türkmen topragynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni bolandygyny, bu toprakda geçmişi dünýä bilen baglanyşdyran ylmyň, bilimiň ösendiginide çuň hem täsirli beýan edilýär. Ol şöhlelendirmede çuň akyl, ýiti zehin, ol taryhy ýoluň gymmatyna buýsanç, ony dikeltmekde geljege ynam ýiti duýulýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän ähli şäherler, köşkieýwanlar, obalar, şu günlerimize gelip ýeten taryhy ýadygärlikler, binalar, aramgähler, türkmen halkynyň däpdessurlary, medeniýeti barada arheologik, etnografk maglumatlaryň berilmegi eseriň manymazmunynyň, ýaýrawynyň juda giňdigini, iňňän köp meseleleri öz içine alýandygyny aňladýar. Ajaýyp topragymyzyň üstünden geçýän taryhy ýoluň — Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryny yzarlamak bilen, ondan durmu şyň ähli ugurlary boýunça maglumatlary alyp bolýar. Iňňän köp maglumatlar edebiýatçy, dilçi alymlar, arheologlar, etnografar, taryhçylar, geografýany öwrenjiler üçin islendik soraga jogap tapyp boljak, bu kitap bahasyz gollanmadyr, ensiklopediýadyr, pentnamadyr. Şeýlelikde, bu aja ýyp kitabyň ylmy täzeligi gadymy ýazuw çeşmeleriniň, halk paýhasynyň döreden halkara ähmiýetli kyssalary (rowaýatlary, hekaýatlary, ertekilerdir dessanlary) özünde jemlemegi, her bir obanyň, şäheriň, türkmen topragyndaky taryhy ýadygärlikleriň döreýiş taryhynyň biribirinden täsirli, manymazmunly kyssalarda çeper şöhle lendirilmeginde hem jemlenýär. Bu nusgawy esere siňen, onuň many mazmuny bilen bitewüleşen, edebi çeper kyssalaryň, taryhy maglumatlaryň, manysynyň milli çäkden daşa çykyp, eseriň gymmatyny dünýä derejesinde beýgeldýär. Kitaby bezeýän, onuň gymmatyny artdyrýan taryhy şahsyýetleriň ylmy açyşlary barada maglumatlaryň berilmegi, ulamalaryň, alymlaryň, Gündogaryň ylmynyň görnükli wekilleriniň we beýlekileriň ömür ýollary, halka beren pentleri baradaky çuň mazmunly rowaýatdyr hekaýatlaryň berilmegi hem, okyjynyň esere ünsüni has ýokarlandyrýar. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni bolandygy üçin, bu ýoluň halkara derejesinde ylmyňbilimiň, medeniýetiň ösmegine ýetiren täsirini, ýoluň ugrunda taryhy gymmatlyklaryň özara gatnaşygynyň emele gelmegini, dünýä ýaýramagyny beýan etmegi hem eseriň esasy aýratynlygynyň biridir. Eseriň ylmy hemde edebiçeperçilik taýdan tapawutlanýanlygy bolsa, Oguz paýhasynyň kökleriniň yklymlara uzamagy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dürli milletlerden bolan halklaryň birleşmekdäki hyzmaty, olaryň arasyndaky toplanan tejribeler, açyşlar, oýpikirleriň ruhy gymmatlyklaryň emele gelmegindäki hyzmaty açylyp görkezilmegindedir. Eseriň bütin dowamynda, boýdanbaşa Türkmenistanyň bu halkara söwdamedeni ýoluň ýüregi, hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahypasynda esasy ornuny eýelemekdäki hyzmaty, ähmiýeti hakyndaky pikir esasy orunda durýar. Eserde Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly her bir wakanyň taryhy we taryhy şahsyýetler baradaky maglumatlar, kyssalar düýpli seljerilýär. Hormatly Prezidentimiziň pikiri dünýä ylmyna, edebiýatyna uly goşant goşan alymlaryň, ulamalaryň pikiri bilen hasda mizemez derejede berkeýär. Adamzat paýhasynyň toplanlary gymmatly kitapdaky gunt düşen ýaly pikirler bilen ugurdaş gelýär. Milli Liderimiziň bu nusgawy eseri beýan ediş usuly, diliniň şireliligi, milliligi, şahyranalygy, obrazlylygy bilen hem edebiýaty öwreniş ylmynda täze seljermeler üçin giňişligi emele getirdi. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türkmen edebiýatynda ilkinji «Jahannama» (Bekranyň «Jahannama» atly ensiklopediýasy) häsiýetli kitapdygy, munuň türkmen taryhynyň täze «Jahannamasydygy» esasy nazaryýet aýratynlygy bolup durýar. Alymlarymyzyň bu kitabyň žanryny kesgitlemek üçin aýratyn bir ylmy işi amal etmelidikleri hem şu ýerde esasy wezipe bolup, örboýuna galýar. Bu işiň ýerine ýetirilen halaty, bu kitabyň aýratynlyklary has giňden açylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň boýdanbaşa her taraplaýyn halkara derejesindäki ähmiýetiniň açylmagy, iňňän uly täzelikdir. Häzirki zamanda sebitlerde parahatçylygy gorap saklamak, Beýik Ýüpek ýolunyň hyzmatynyň has giň çäklerde beýan edilmelidigi bilen baglanyşykly bolup durýar. Görşümiz ýaly, kitabyň tapawutly taraplary milli Liderimiziň ylmy, taryhy, edebi hakykat bilen durmuş hakykatynyň gatnaşygyny döretmegiň ussadydygyny tassyk edýär. Bu ýerde başgada bir hakykaty bellemeli. Olda bu eseriň halky kyssalar bilen juda baýlaşdyrylmagydyr. Bu gymmatly däp ýazyjynyň bütin döredijiligine mahsus häsiýetdir. Gahryman Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda halk paýhasynyň gymmatyna ähmiýet berýän Berdimuhamet mugallymyň, ol baýlygy halka paýlaýşy hakynda şeýle setirler bar: «Berdimuhamet keremaralyk bilen obamyzyň adamlaryny özüne, bilime, edebiýata kökerdi goýaýdy. Soňsoňlar adamlar özara gürrüňlerinde dessanlardan, şahyrlaryň goşgularyndan mysal getirip ugrady. Özünem ol gymmatly hazynany mugallymyň özi oba adamlarynyň üýşen wagtlary, olardan rowaýatlary, hekaýatlary, ertekileri ýazyp alar eken. Bu ýagşy endik ýaşajyk Mälikgulynyňda ýörelgesine öwrülýär. Kerosin çyranyň öçügsi yşygyna edilýän söhbetler giden bir mekdep. Ondan öwrenere zat kän. Mälikguly özünde ýakymly täsir galdyran täze rowaýatlary, tymsallary depderine ýazyp almagy endige öwürdi». Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň hem tutuş bir bölümi türkmen folkloryna bagyşlanylypdyr. Kämil zehin, bimöçber akylpaýhas bilen gurşalan bu ajaýyp kitabyň gurluşynyň, manymazmunynyň, beýan edijilik ussatlygynyň syryny açmak üçin has esasy tarapynyda nygtamak isleýäris. Hormatly Prezidentimiziň her bir eseriniň tilsimdir žanrlaryň birleşmeginde, käteler çeper dilde ýazylýandygy hakykat, ýöne biz şol aýratynlygy ýüze çykarmak wezipesine gümra bolup, hormatly Arkadygymyzyň hususy stiliniň barlygyny, şol stiliň ösüp, nusga bolup, türkmen ylmynyň, edebiýatynyň stilini döredýändigini hem bellenmelidiris. Dogry, bu meseläniň özi uly bir wajyplyk, ýöne eserden esere ideýanyň berkidilişi, ösdürilişi hakda we lin, edil şu ýerde ýatlamak ýerlikli bolar. Bu bolsa milli Liderimiziň galam ýöredýän meýdanynda täze bir edebi ugruň, usulyň, mekdebiň şineleýändiginiň şaýady. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň aýratynlygy bilen bir hatarda olardaky dowamlylygy hem öwrenen halatymyz milli Liderimiziň özboluşly galamynyň bardygy has açyk aýan bolar. Şu ýerde bir mysala salgylanalyň. «Döwlet guşy» romanynda uruş belasynyň görkezen jebrijepasy hakda, ýurdy, topragy goramagyň dürli kynçylygy, mertligiň, gahrymançylygyň nusgasy hakdaky köp wakalar beýan edilip, gahrymanlaryň häsiýeti kynçylygyň, agyr zähmetiň içinde açylan bolsa, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserde ýarag dutar bilen ornuny çalyşyp, türkmen saz sungatynyň urşuň öňüni alarlyk gudrata eýedigi, türkmeniň aýdymynyň, sazynyň, haly, bedew, goşgygazal — ähli baýlygynyň parahatçylygyň goragçy sydygyny beýik taglymatlaryň üsti bilen açylýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapda parahatçylyk hakyndaky taglymat Beýik Ýüpek ýolunda dörän gatnaşyklaryň esasynda öňe sürül ýär. Munda gatnaşyklaryň ählisi parahat çylyk üçin herekete gelýär. Şeýlelikde, bu çeper kitapda öz halkynyň kalbyny, ruhy dünýäsini, psihologiýasyny açyp, olaryň mysalynda dünýäni gowulyga, agzybirlige, dostlukdoganlyga, ynsanperwerlige tarap üýtgetmäge ýardam edip biljek güýç bar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde bu ideýa gitdigiçe ulalýar. Bu bolsa ussat ýazyjynyň hususy çeper usulyýetini emele getirip, türkmen edebiýatynyň usulyýetini döredýär. Juda uly terbiýeleçilik ähmiýeti, manylar ummany bolan bu eser her bir ynsan üçin görümgörelde, ýolýörelgedir. Şirinjemal GELDIÝEWA, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |