ÝÜREKDEN ÝÜREGE ORNAN ŞAHSYÝETLER
Türkmen halky baý medeni, ruhy gymmatlyklary döreden, adamzadyň medeni, ylmy genji-hazynasyna taýsyz goşant goşan gadymy halklarynyň biridir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, gör, näçe edebi gymmatlyklar döräpdir, täzeden dikeldilipdir. Türkmen topragyna, heňňamlara ýaýrapdyr.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly giň ýaýrawly iňňän köp meseleleri öz içine alýan çuň mazmunly nusgawy kitap şol edebi gymmatlyklara öz sahypalarynda giňden orun beripdir. Hormatly Liderimiz bu taryhy maglumatlara, edebi kyssalara baý bu gymmatly kitabynda onuň baş maksadyny kesgitläp, şeýle ýazypdyr:
«Şu kitapda gadymy dünýäniň bu yzlarynyň diňe bir ýurduň — häzirki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, çuň mazmunly mirasyň eýesi bolan, ony geljekki nesiller üçin aýap saklamak, mundan bu ýana hem çuňňur öwrenmek babatda tagallalaryny amala aşyrýan ýurduň mysalynda nähili gymmatly maglumatlary miras goýýandygyny açyp görkezmäge synanyşyk edildi».
Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetleriniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni bolupdyr. Bu ajaýyp ýol bolsa, öz gezeginde, hakykatdan hem, ylmyň-bilimiň ösmegine uly täsirini ýetiripdir. Bu ýolda aýratyn hem ruhy gymmatlyklaryň özara gatnaşygy emele gelip, türkmen medeniýeti-de dünýä ýaýrapdyr. Ol gymmatlyklar, taryhy wakalaryň, şahyrana ýazgylaryň gatlarynda, halk hakydasynda saklanyp galypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda döreden dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary, özara gatnaşyklary, pähim-paýhasly dünýägaraýyşlary, ynsanperwer häsiýetleri il-halka berýän parasatly maslahatlary hormatly Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňden orun alyp, bu ajaýyp topraga çar tarapdan düşen danalary, alymlary täzeden dünýä getirip tanyşdyryp, öz gymmaty bilen dünýäniň altyn hazynasyna goşulypdyr. Bu ylmy, çeper eserden Gündogaryň beýik akyldarlary al-Birunynyň, Muhammet al-Horezminiň Köneürgençde deňsiz-taýsyz eserlerini döredendigini, Abu-Sahat as-Samany Merweziniň 1112-1167-nji ýyllarda Maryda ýaşap, ol ýerdäki atly medreselerde ylym alyp, Marydan Arabystana çenli, şeýle hem ýurdumyzyň tas oba-şäherleri barada gymmatly maglumatlary toplap, oňa geografik, etnografik sözlükleri öz içine alýan 18 tomdan ybarat «Geneologiýa» kitabyny ýazandygyna buýsanç bilen akyl ýetirmek bolýar.
XII asyryň başlarynda ýaşap geçen Muhammet ibn Nejip Berhan 1208— 1209-njy ýyllarda dünýä kartasyny çyzan, ony «Jahannama» diýip atlandyran uly alym bolupdyr.
Marko Polonyň «Dünýäniň köpdürlüligi hakynda» atly kitabynyň 21-nji baby Türkmenistany suratlandyrmaga bagyşlanypdyr.
Ol döwürde, Mamunyň (999-1017) dolandyran ýyllarynda ençeme alymy özünde jemlän, «Mamunyň akademiýasy» döredilipdir. Onda ajaýyp alym, ensiklopedist Abu-Reýhan Birunynyň töweregine dürli ýurtlardan çagyrylyp getirilen alymlar jemlenipdir. Olaryň arasynda Aly ibn Sina Abu Sahla Masihi, alym-lukman Abul-Hasan Hammar we beýlekiler bolupdyr.
Globusy ilkinji oýlap tapan alym geografiýa, astronomiýa, Hindistanyň taryhyna degişli 150-ä golaý iş ýazan matimatik, astronom Muhammet al-Horezmi (787-850) Merwde alymlar topary bilen iş alyp barypdyr. Uly alym Bagdat akademiýasyna-da ýolbaşçylyk edipdir.
Uly ulama Nejmeddin Kubra hem Hywada doglup, Köneürgençde ýaşapdyr.
Ol Kubrawy sopuçylyk akymyny döredipdir. Ol аkym XVI asyrda Merkezi Aziýada ýokary derejä ýetipdir. Soň ony beýleki akymlar, şol sanda, Nagyşbendiçilik ugry dowam etdiripdir. Kubrawy akym, esasan, Hindistanda, Hytaýda, Eýranda we Türkiýede giň ýaýrapdyr.
Nejmeddin Kubra Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ruhy gymmatlyklara täsirini ýetirip bilen mistik şahsyýet bolupdyr.
Bu nusgawy kitapda Aly soltanyň Gündogarda belli şahsyýet şahyr Mahmyt Pälwanyň kakasy Pirýar weliniň aramgähi barada-da gyzykly maglumatlar berilýär.
Juda ýaýrawly, bütin Ýüpek ýolunyň ugrundaky bolup geçen wakalar, şäherler gurlan köşgi-eýwanlar, binalar hakyndaky hekaýatdyr rowaýatlary öz içine alýan bu ajaýyp kitapda Ibn Hajyp (Nejip baba) hem onuň il içinde, ylymda abraýy hakynda gyzykly rowaýat gürrüň berilýär. Ol eýýäm on ýaşynda Gürgenjiň iň abraýly medresesiniň baş dolandyryjysy bolupdyr. Bu medresede kyrk sany minara bolup, onda kyrk müň molla okadylypdyr. Ylmyň dört ugrundan sapak berýän Hajybyň biliminden peýdalanmak üçin, iňňän geň närsäni oýlap tapypdyrlar. Medresäniň ortarasyndan howuz gurduryp, Hajyp howzuň içinde ýüzüp aýlanyp, talyplaryna sapak beripdir. Müňläp-ýüzläp mollanyň okadylmagy Ibn Hajyp ýaly juda akyldar, bilimli şahsyýetleriň gadyrynyň bilinmegi, halkymyzyň ylma-bilime zerurlyk hökmünde garamagynyň aýdyň şaýadydyr. Ýogsam bolmanda, çar tarapa aýlanyp, howzuň içinde ýüzläp talyba sowat öwretmek kimiň kellesine geljek. Ibn Hajybyň ylym-bilim derejesini kesgitlemek üçin, hekaýat içinden hekaýat çykarylýar. Tus şäherinden on ýyllap bir uly işiň üstünde işläp, alymlyga ýetendirin öýden bir ýigit, Ibn Hajybyň huzuryna gelýär hem işine baha berip, möhür basmagyny haýyş edýär. Uzak ýyllar kelle döwüp ýazylýan işleri Ibn Hajybyň tassyklap bilmegi özüniň möhüriniň bolmagy onuň ylymda derejeli şahsyýet bolandygyny tassyklaýar.
Bu kitap okyjyny geçmişde türkmen halkynyň ylma-bilime düýpli garaýşyndan, nesilleriň hatly-sowatly bolmagyna juda jogapkärli garap, olaryň danalardan tälim almagyna döreden şertlerinden hem ylymdar adamlaryň durmuşyna degişli parçalardan hekaýatlary getirip, tanyşdyryp gidip otyr. Bu ýagdaý şahyrana kitabyň gymmatyny artdyrýar.
Ibn Hajyp Tusdan gelen on ýyllap zähmet siňdirilen işi okap görmän, ýekeje gezek ýüreginiň üstünde goýup, işiň hilini, agramyny kesgitläp, işi suwa zyňyp goýberýär, hem oňa: «Seniň kitabyň, iň bärkisi, daş suwa zyňlança-da bolmady» diýýär. Tusly kitabynyň özüne berilmegini talap edýär. Ibn Hajyp okuwçylaryna gysga wagtda ýazan dersleri bilen alymyň ýassyk ýaly kitabynyň mazmunyny deňeşdirip görmegi tabşyrýar. Netijede okuwçylaryň sähelçe wagtda ýazan diktantlary güýçli bolup çykýar. Özüni kemsidilen hasap eden gowşak alym namartlap, Ibn Hajypdan ar almak üçin, arka tutunyp, Çingiz hanyň ýurduna gidýär. Öz ýurduna, halkyna dönüklik eden tusly alym, diňe bir Ibn Hajybyň ölümine sebäp bolman, Gürgenjiň hem weýran bolmagyna sebäp bolupdyr.
Ýazyjynyň beýan edişine görä, XI asyryň belli şäheri Mänede ýaşap geçen sufizmiň görnükli wekili akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (Mäne baba) döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen gatnaşykda bolupdyr. Iki sany akyldar, Mäne baba bilen Ibn Sinanyň söhbetdeşligi asyrlardan asyrlara aşyp, halkyň hakydasynda, jahankeşdeleriň ýazgylarynda galypdyr.
Bir rowaýatda Abu Seýit Abul Haýyr ýokaryk zyňan käsesiniň aşak gaçman durmagynyň sebäbini uly alymdan soraýar: «Siz alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigat boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz, näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asylyp dur, aşak gaçmaýar?» Ibn Sina akyldara şeýle jogap beripdir: «Siziň ýatlap geçen fiziki kanunyňyz merkeze ymtylmagyna hiç zat päsgel bermeýän jisimlere degişli. Käse bolsa siziň erkiňiz bilen ýokarda asylyp dur, şonuň üçinem aşak gaçyp hem bilmez». Dünýä belli lukman, filosof Ibn Sina entek ýaňy 17 ýaşynda Buharada adygan lukman hökmünde tanalypdyr. Alymyň dünýä belli «Tebipçilik ylmynyň kanuny» atly eseri Gündogarda we Ýewropada edilen, edilýän ylmy açyşlaryň ösüşine uly täsirini ýetiripdir.
Iki sany uly alymyň Lukman Hekimiň hem Mäne babanyň söhbedi soň hem dowam edýär. Şonda Ibn Sina bilesigeliji talyplara: «Meniň bilýän zatlarymy ol görýär» diýse, Mäne baba: «Ibn Sina meniň görýän ähli zadymy bilýär» diýip jogap beripdir.
Ylmyň, edebiýatyň, durmuşyň, sungatyň ähli ugurlaryndan maglumat berýän, düşünje berýän bu gymmatly kitap öwredijilik häsiýeti bilen juda ähmiýetli. Onda eziz topragymyz, ondaky uly ulamalar, şahsyýetler hakynda juda gyzykly düýpli pikir ýöredilýär. Esere «wesýetnama» diýesiň gelip dur. Kitapda «Çilkeman» diýen galanyň döreýşi bilen bagly gyzykly rowaýat getirilýär. «Çil» — «kyrk», «keman» — «ýaý» diýen manyny berýän kyssa hem 1000-1050-nji ýyllaryň aralygynda döwlet gurmak, ýeňiş gazanmak maksady bilen aga-ini Togrulbegdir Çagrybegiň ikisiniňem ýok wagty, ondan peýdalanyp, ýurduň üstüne duşman dökülýär. Galanam goşun däl-de, kyrk sany atly mergen goraýan eken. Olar duşmana wagty bilen per bermeýär. Şonda duşman tarap: «Kyrk mergeniňizi bize berseňiz, özüňiziň hem mergenleriňiziň hem başyny aman goýalyň» diýip, söz berýärler. Galanyň ýaşulylary maslahat edip, «halk gyrlandan kyrk mergenimizi bereli» diýen karara gelýärler. Hatda mergenleriň özlerine-de sala salýarlar. Watan, il-halk — bir göwre. Akylly ýigitler şol bähbitden ugur alyp, ýaşulularyň maslahatyna eýerip, peýkam atýan barmaklary bilen hoşlaşmaga razylyk berýärler. Şol pursat uzakdan gelýän, ýakyndan duýulýan Mäne baba eli ýagly golçaly galada peýda bolup, mergenleriň barmaklaryny golçadaky gyzgyn ýaga daglap, datlaryna ýetişipdir. Ýaşulularyň maslahaty, Mäne babanyň ýürekdeş hyzmaty bilen halkam, kyrk mergenem duşmandan aman galypdyr. Türkmen topragyny goramakda gerçekleriň il-ýurda söýgüsi bu ajaýyp kitapda dürli-dürli wakalaryň üsti bilen beýan edilipdir.
Beýik ýoluň ugrunda Mäne baba bilen baglanyşykly dörän rowaýatlarda ulama öz hikmetleri, örän asylly, akylly, geçirimli, giň göwrümli häsiýetleri bilen bu ajaýyp kitapda ýüzläp, müňläp adam edep-terbiýe berýär.
Bu nusgawy kitapda Mäne babanyň birsözlüligi, oba adamlaryň oňa goýýan hormatlary hakynda rowaýat getirilýär.
Ulama öz şägirtleri bilen Nişapurdan Mänä barýarka, ýolda birtopar ýaş ýigit onuň ýoluny kesip, gödeklik bilen atyny bermegini talap edýärler. Atdan düşen ulama bedewini, sesini çykarman, olaryň eline tutdurýar. Şol pursat kerwenden galyp ýetişen şägirtleri bozgaklardan aty yzyna almakçy bolanlarynda, ulamanyň garşylyk görkezmegi onuň lebizliliginiň nyşany hökmünde beýan edilýär. Ol şu häsiýeti hem geçirimliligi bilen oba adamlaryna-da özüni tanadýar. Mäne babanyň patasyny almaga hem-de ýigitleriniň biedeplik edenligi üçin ötünç soramaga gelen ýaşulylar atyny hem gapdalyndan ýene bir gamyşgulak aty getirenlerinde, Mäne baba atlary alyp galman, birsözlüligini subut edýär. Bularyň hemmesi Mäne babanyň häsiýetini açýan mysallar.
Bagyrdaky Şyhalow ýadygärligi asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Rowaýata, hekaýatlara baý bu kitapda ýazuw çeşmelerine salgylanyp, baryp-ha X asyrda ady belli Abu Aly Dakkak şyhyň Bagyryň ýokarky böleginde hanaka gurdurandygy beýan edilýär.
Başga bir rowaýatda Abu Aly Dakkak göreşde ýany ýere degmedik güýçli pälwan hökmünde ýatlanýar. Ol Medinede Hezret Alynyň gözüne ilip, Aly ejesinden ony diläp Horasana alyp gidýär. Emma Horasana gelen pursatda düşläp, şäheriň daşyndaky metjitde namaz okap durkalar, duşman çozup Dakkak öldürilýär.
Bu ajaýyp kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan galalar, şäherler, taryhy ýadygärlikler hakynda rowaýatlaryň yzly-yzyna getirilmegi kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Olar bize geçmiş taryhymyzdan habar berýär.
Amuldan Amyderýanyň kenary bilen günorta tarap gidilýän ýolda Hojaidat galasy ýerleşýär. Bu hakda gymmatly kitapda biri-birini gaýtalamaýan üç sany rowaýat getirilýär.
Kitapdan hem rowaýatlardan çen tutsaň, türkmen topragy gowgasyz bolmandyr. Emma her hili ýagdaýda-da, duşman olaryň erkini syndyryp bilmändir. Söweşde-de hilegärlige ýüz urman, mert söweşipdirler.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda halkymyzyň geçmişi, taryhy bilen bagly galalar, şäherler hakyndaky ownuk kyssalar biri-birinden täsirli, gyzykly. Aslynda, bu mazmuna baý, çeper kitapda halk paýhasynyň giden hazynasy öz beýanyny tapypdyr. Hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýoluny ahlak gymmatlyklarymyzyň öçmez çeşmesi hökmünde häsiýetlendiripdir. Kitaby okan her bir okyjyda gadymy ruhy gözbaşymyza buýsanç döreýär.
Öňem nygtaýşymyz ýaly, bu gyzykly kitapda rowaýatlaryň köpüsi şäherleriň, galalaryň, oba-kentleriň, binalaryň döreýşi, taryhy şahsyýetleriň, jahankeşdeleriň, sufizmiň wekilleriniň at-abraýy bilen baglanyşykly.
Meselem, Kakanyň, Amyderýanyň, Nusaýyň, Paryzdepäniň, Daýahatynyň, Hojaidatyň kümmetiniň, Mäne babanyň aramgähiniň, Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň döreýşi we ş. m.
Kaka ady şeýle döräpdir.
Rowaýata görä, uzyn-uzyn diňler bilen belli bolan galanyň içi-daşy duşmandan goranmak üçin, garym gazylyp, içi suwdan doldurylypdyr. Ol gala hakynda bu nusgawy kitapda gyzykly rowaýat getirilipdir. Daşyny gabasa-da, Aleksandr Makedonskiniň güýçli goşunyna galany boýun egdirmek başartmandyr. Kitapda ýazylyşyna görä, urşujylar galanyň diwarlaryna golaýladygy, gülüp-gülüp, ysgyndan gaçyp, güýçlerini ýitiripdirler.
Şol döwürde halk watanyny goramak üçin her hili ýollary agtarypdyr. Bu ýagdaýa düşünip bilmän, Aleksandr Makedonskiniň özi galanyň düýbüne barypdyr. Ol galanyň diwarlaryna eserdeňlik bilen göz gezdirip, ahyrdada urşujylaryň sypatlaryny her hili edip ýoýup görkezýän aýnany görüpdir. Bu ýerde rowaýat Kaka adynyň gelip çykyşyna syrygýar. Olar ýoýlan sypatlaryna «kahkahlap» gülüp, «kah-kah» at galyp, soň Kaka adyna öwrülipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalaryň, köşkleriň şäherleriň atlarynyň nähili ýagdaýda dörändigini öwrenmegiň özi her bir okyjy üçin ýakymly. Olar bilen Watanyň taryhyny olaryň geçmişini öwrenýärsiň. Bu ajaýyp kitabyň ähmiýetin-de şol taýsyz gymmatlyklary öwretmeginde olary bilmegi wesýet etmeginde wesýetnamalygyndadyr.
Hekaýatlarda, rowaýatlarda jahankeşdeler uzak-uzak ülkeler barasynda gürrüň berip, argynlyklarynyň dep bolmagyna ýardam edipdirler. Ol gürrüňler diňleýjileriň, birek-birek bilen dostlaşmagyna, aň-düşünjesiniň giňelmegine, ruhy taýdan baýlaşmagyna täsir edipdir. Dürli-dürli, uzak-uzak ýurtlardan gelýän kerwen özleri bilen, gör, näçe ajaýyp hikmetler, pentler siňen kyssalary getiripdirler we alyp gidipdirler. Şu ýol bilen diňe perzentlerini däl, özlerinem terbiýeläpdirler.
Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýoly terbiýe mekdebine öwrülipdir. Bu ýagdaý söwda, aýratyn hem medeni gatnaşyklary işjeňleşdiripdir. Bu ýagdaý ylmyň ösmegine, edebi gymmatlyklaryň, neşirsiz ýaýramagyna sebäp bolupdyr. Aşakdaky gunt düşen ýaly hekaýat hem öz topragymyzda döräp, ýurtdan-ýurda aşypdyr.
Hekaýatda söwdagärleriň biri saýlantgy harytlary getirip, olary elýeterli bahadan satyp, il arasynda abraý alyp, sogap gazanan söwdagär alym Abu Muhammet al-Bagawynyň huzuryna baryp: «Ussat alym: «Rysgalyň ondan dokuz bölegi halal söwda» diýilýär. Ugran ugrumda, barsam, gelsem, diňe halal söwda etdim. Öz bähbidimi arap, nebisjeňlik edip, kimdir birini çürkemedim. Gije-gündiz ýortup, ýadawlygy ýada salman, elimde baryny etsemem, haryt baryny getirip, horjun-horjun dür hem dinarlary toplasamam, munuň hiç berekedini duýamok-la, her gezekki argyşdan ummasyz girdeji galýan ýalam welin, puluň nämä, nirä gidýänine-de akyl ýetirip bilemok. Asyl, meniň ezenegim galanok» diýipdir.
Alym söwdagäriň söwda gyzygyp, adamlar bilen gatnaşygy unudanlygyny aýdypdyr. Aňyrsynda hakykat ýatan rowaýatyň, göräýmäge, ýönekeý söhbet ýaly bolup görünse-de, aňyrsynda çuň manynyň ýatandygyny saýgarmak kyn däl. Ynsan ajyksa iýýär, doýýar. Emma ruhy baýlygy, ynsana güýji adam hem tebigat berýär. Adam — gudrat. Şol gudratda doýup bolmaýan mähir, bahasyna ýetip bolmajak ynsana ruhy kuwwat berýän hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmajak güýç bar.
Şirinjemal GELDIÝEWA,
filologiýa ylymlarynyň doktory.
Taryhy makalalar