01:27 Türkmen edebiýatynyñ akademigi | |
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ AKADEMIGI
Edebi makalalar
Edebi mirasymyzy halka ýetirmekde iňňän uly hyzmatlary eden Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň işleriniň bibliografik görkezijisinde: «Ataly aga öz ogullarynyň ilkinjisine «Baýmuhammet» diýip at goýupdy. Ilkinji perzent 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Gökje obasynda dünýä inýär. Hakykatdan-da, onuň geçen ýoly adatdan daşary baýdy, dürlüligi hem üýtgeşikliligi bilen tapawutlanýardy» diýip ýazylypdyr. Şol üýtgeşik baýlyk bütin ömrüne öz halkyna hyzmat etmekden kuwwatlanyp toplanan ruhy baýlykdy. Ol baýlyk bimöçber uludy. Öz halkynyň juda aňyrdan gaýdýan pähim-parasata, watançylyga, ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp mirasyny, mähriban ülkämizden irginsizgözläp, sünnäläp-sünnäläp täzeden halkyň özüne gowşuran alymyň ene-atasam tüýs zerur wagty halka hyzmat eden adamlardy, obada umumy bilim berýän mekdep açyp, özjaýlaryny, şoňa bagyşlap, özleri palçykdan salnan köneje oraçada ýaşamagy diňe il-ýurduna berlen hakyky ynsanlar başarardy. Alymyň ejesi arap-pars dillerini bilýärdi. Bu bolsa geçmiş mirasymyzy öwrenmek üçin has zerurlykdy. B.A.Garryýew ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde-de, olaryň ençemesiniň ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk edip, alymlyk derejesini almaklaryna-da sebäp bolan uly alymdy. Türkmen edebiýaty boýunça eden işleriniň bibliografik görkezijisine ýazan sözbaşysynda belli alym A.Ýazberdiýew olaryň sanyny 120-ä ýetirýär. Özümiňem ylmy ýolbaşçym Baýmuhammet Garryýewdi. 1963-1964- nji ýyllarda aspiranturada okadym. Şol ýyllar B. Garryýew Moskwada M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda işlänsoň, menem Moskwa ýollapdylar. Ýat şäher, daş-töweregimde tanaýan adamlarymyň ýoklugyndan ýaňa ýüregim gysyp ýarylyp barýardy. Ýogsam bolmanda, uzynly günümi kitaphanada geçirýärdim. Hatda ürç edip okaýan söýgüli kitaplarymam meni güýmäp bilenokdy. Gadyr bilmez aspirantyny Moskwa öwrenişdirjek bolup dert-azara galýan ýolbaşçymyň ýüzi şeýle agyrdy. Ol gülýän-ä däl, hatda ýylgyrýana-da meňzänokdy. Onsoň Baýmuhammet Atalyýewiç bilen gürleşmek meniň üçin hyliallady, ýaýdanýardym, utanýardym, gürlesem, sözlerim agzymdan gaçyp barýan ýalydy. Düýnki ýaly ýadymda, ol wagt Baýmuhammet Atalyýewiç Aşgabatdady, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktorydy. Birinji apreldi. Degişgen işgärlerimiziň biri ýolbaşçymyň çagyrýandygyny aýtdy. Ýaýdanjyrap girdim kabulhana, ol işläp otyrdy. Baýmuhammet Atalyýewiç başyny bir galdyrdy-da, son özümiň dillenerime garaşdymy, nämemi, ýene işläberdi. Men mürähet edilerine garaşman, birugsat diwana geçdim, otyryn aýagymy sallap. Ahyr ol: «Aýdyber» diýdi. Name aýdaýyn, çakylyk bilen gelemsoň, maňa aýtmaga zat ýokdy. Menem otyryn, olam işläp otyr. Ahyr ýene başyny galdyrdy: — Name, bir iş bilen geldiňmi? — Ýok. — Bir iş bilen gelensiň-ä? — Çagyrypsyňyz-a. — Men-ä çagyramok. — Ol kimden ýetenini bilip, bir oňat ýylgyrdy. Bütin jaý ýagtylyp giden ýaly boldy. — Wüşüniň oýunlaryna-da ynanyp ýörmüň? — diýdi. Wüşi kursdaşym alym Myrat Çaryýewdi, häsiýeti üçin ol «Wüşi» adyny alypdy. Men sessiz-üýnsüz turup gaýtdym. Utansamam, soňabaka içgin tanap, şeýle mähriban, sadadan mylaýym, janköýer ýolbaşçym bilen az-kem öwrenişdim. Ol wagt Türkmenistanyň ilçihanasynda bir rus gyzy bilen ýaşaýardym. Juda aladaçyl bu ynsanperwer adam, meni dynç günleri birki gezek Moskwanyň etegindäki daçasyna-da alyp gitdi. Alymyň maşgalasy bilen dostlaşdym. Ýöne her minudy hasaply uly alymyň öz aspiranty üçin beýle-beýle alada edip ýörmegi meniň akylyma sygjak zat däldi. Şol wagt meniň çal beýnime «Ýolbaşçymyň menden başga işi ýokmy?» diýen pikir gelmese näme? Birgün Baýmuhammet Atalyýewiç maşgalasy bilen meniň ýaşaýan otagyma geldi. Ol salyk ýüzüme birhili atalyk mähiri bilen seretdi-de: «Biz seni Kreml köşgüne alyp gitjek. IIdeşlerimiz gelipdir, olar uly konsert berýär» diýdi. Bu ägirtlikdi. Men kiçigöwünli, uly ýürekli ynsanperwer, sözüň doly manysyndaky adama diýmäge söz tapmadym-da, yzlaryna düşüberdim. Uly alymyň ýene bir gowy häsiýeti bardy. Dissertasiýamdan sanlyja sahypa ýazyp bersemem, ýüzüni çytman okap, petir bezän ýaly edip berýärdi. Özüm welin, erbet utanýardym. Özi işeňňir bolansoň, gaty talapkärdi. Umumy sözleri azaldyp, pikirlerimi çuňlaşdyryp gitmegimi talap edýärdi. Bu maňa kyn düşýärdi. Men bu uly alymdan, adamdan köp zatlary, şol sanda köp okamagy, basa oturyp işlemegi öwrendim, tälim aldym. Men bu hakyky uly alymdan ýekeje zady öwrenip bilmedim. Bisabyrdym, bu häsiýet meniň tebigatymda bardy. Elbetde, erjelligem bardy. Dissertasiýamy edil bir aýyň dowamynda ýazyp gutaraýasym gelýärdi. Ol welin, meniň köpräk okamagymy talap edýärdi. Onuň özüniň edýän işleri, hatda okan ýokary okuw mekdepleri bir adamyň edip biljek işlerinden has köpdi. Baýmuhammet Atalyýewiç 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Ol eýýäm şol döwürde özbaşdak ylmy-barlag işini geçirmäge başlaýar, yhlas edip, uly alym A.P.Poseluýewskiniň ünsüni çekip, onuň hormatlaýan okuwçylarynyň birine öwrülýär. Ol şol döwürde mugallymçylyk institutynyň filologiýa fakultetiniň daşyndan onuň taryh fakultetini hem ekstern ýol arkaly tapawutlanan diplom bilen gutarýar. 1945-nji ýylda bolsa Aşgabadyň lukmançylyk institutyny tamamlaýar. Bu ýaşlyk hyjuwy, bilesigelijiligi, erjelligi çaksyz zähmetsöýerligi bilen öz halkyna dürli-dürli ugurlardan hyzmat eden egsilmez ruhy hem tebigy güýjüň nyşanydy. Baryp-ha, 1942-nji ýylda Moskwada M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde Gündogar we dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ak pata bermeginde, Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew geçen asyryň birinji ýarymynda kökleri juda uzak asyrlara uzap gidýän türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny arman-irmän toplap, öwrenip halka hödürlän ilkinji hazyna toplaýjylaryň biridir. Aňzakly gyşda, howurly tomusda obama-oba aýlanyp il baýlygyny toplamak ýeňil-ýelpaý iş däldi. Janköýerleriniň maksadyna düşünmän, ezizlerinden, ata-babalaryndan galan bu ajaýyp mirasy gözleriniň görejine deňäp, geljek nesillerine aýap, bermejek bolýanlar-da bardy. Emma Baýmuhammet Atalyýewiç toplan ruhy baýlygynyň gymmatyna juda çuňlugy bilen düşünýän, ol bahasyna ýetip bolmajak hazynanyň näderejede il-halkyna zerurdygyna akyl ýetirýän, ony öwrenip-öwrenip, kämilleşdirip, günübirin halkyň özüne ýetirmäge howlugýan adam bolansoň, ençeme obada maksadyny irmän-arman düşündirmeli bolýardy. Ol ýol tapyp, ýalbaryp almagam özüne kiçilik bilenokdy. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar hazynasynda uly alymyň galamynyň yzynyň galmadyk golýazmany tapaýmagyň kyndygyny nusgawy şahyrlary we halky eserleri öwrenýän alymlar nygtaýarlar. Şol döwürde, aýratyn hem bu ugurdan ýeterlik hünärmenleriň az wagty alymyň bu ugurdan eden hyzmaty möhüm hem jyda uly gymmaty bolan işlerdi. Halk ylma-bilime teşnedi. Arap elipbiýini bilýänlerem juda azdy. Ol gymmatlyklaryň, meselem, dessanlaryň, ertekileriň, atalar sözüdir nakyllaryň, hekaýatlaryň gözbaşynda, özeninde türkmen halkynyň pähim-paýhasa ýugrulan dana öwütnesihatlary, gurşundan guýlan ýaly akyl-parasady, gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary, gymmatly ýörelgeleri ýatyrdy. B.Garryýew türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň ençemesiniň döredijiligini-de öwrenip, eserleriniň tekstini taýýarlap, sözbaşy bilen üpjün edip, neşir etdirip, halka ýaýradan alymdy. Baýmuhammet Garryýew nusgawy şahyrymyz Magtymgulyny ürç edip öwrenipdir, çapa taýýarlapdyr. Baryp- ha geçen asyryň birinji ýarymynda Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini taýýarlamak her bir alyma başardyp duran iş däldi. Alym «Magtymguly — XVIII asyr türkmen edebiýatynyň halypasy» atly monografiýasyny tamamlandan soň, «Magtymguly we onuň çeper dili» atly iki tomdan ybarat düýpli işini jemläpdi. Juda uly göwrümli iş esasynda Moskwada SSSR YA-nyň Gündogary öwreniş institutynda doktorlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alypdy. Halkyň arasyndaky ýüzläp eserleri toplap, türkmen folkloryny ilik-düwme öwrenen uly alym Magtymgulynyň goşgularynyň folklor köklerini-de seljeripdi, bu ugurdan möhüm we uly ähmiýetli ylmy-barlag işini ýazypdy. Ol «SSSR halklarynyň eposy» atly uly göwrümli eserler tapgyryndaky ilkinji neşirleriň biridir. Rus we gündogar dillerini bilýän alym türkmen edebiýatynyň, folklorynyň ajaýyp nusgalaryny terjime edip, dünýä hazynasyna uly goşant goşan ägirtleriň biridir. 1975-nji ýylda Magtymgulynyň Parižde fransuz dilinde ÝUNESKO-nyň neşirinde çap edilen ýygyndysynyň düzüjisi-de, oňa sözbaşy ýazan-da B. A.Garryýewdir. Şol sanda ol «Görogly» eposynyň ylmy tekstini taýýarlap, rus diline terjime eden alymdy. Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, ençeme orden-medallaryň eýesi. Onuň işleri edebiýatçy alymlar üçin gymmaty egsilmez gözbaşdyr. Şirinjemal GELDIÝEWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. "Garagum" žurnaly, № 3, 2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |