23:03 Göreş / hekaýa | |
GÖREŞ
Hekaýalar
Daňyň düýbi ýagtylandan Jennet keýik owlagy ýaly bolup, atylyp öýden çykdy. Ertiriň tämiz howasyndan dem alyp asman bilen zeminiň birleşýän ýerine çenli söýgi bilen nazaryndan geçirdi.Ol ýaşyl ýapynjaly depeleri, magallaklap görünýän kert-kert daglary gözýetimdäki zatlaryň hemmesini begenjine sygsa gujagyna gysaýasy geldi. “Meniň dünýäm-de, baýlygym-da, janym-da siz. Dünýä inip alla janyň maňa peşgeş beren gudratlary-da siz, eziz topragym, hiç wagt sizden jyda düşmäýin. Size guwanmak hemişe nesip etsin-dä maňa.” Jennet yzyna girdi, öýdäkileri oýarmazlyk üçin pişik basyşyny edip töre geçdi. Başyny darady. Täzeje gül tahýasyny geýdi. Tahýa tegelenip, gyzyň nurly ýüzine has-da öwüşgin berdi. Ykjamja göwresine gelşipjik duran gyrmyzy köýneginem geýdi. Gyzyň gyrma köwşi akja aýajyklaryny hasam ýaraşykly görkezdi. Jennet toýa kömekleşmek üçin obanyň ileri başyndaky joralaryna garşy ugrady. Jorasy Gülnabadyň dogany öýlenýärdi. Şol bir tanyş ýoda bilen ädimläp barýan gyz garşysynda ýerden saýlanan güniň baglaryň ýapraklaryna düşip olaryň hereketi bilen bökjekleýän şöhlejiklerini höwes bilen nazaryndan geçirdi. Bularyň hemmesi durmuş ahyryn. Jennetiň ýaşap, söýüp ýören durmyşy-da. Haýaljak ädimläp barşyna Jennet ýene uzaklara göz aýlady. Aňyrsyndan daglar görünýän şol ajaýyp depeler, olary etekläp obalaryna tarap şaglap gaýytdan çeşme durky bilen mukama öwrülip Jennetiň gözüniň öňüne geldi. Gülnabatlara ýakynlaşdygyça, gyzyň bedeninde özüne nätanyş ýeňiljek galpyldy peýda boldy. “Bardyr” … Hakykatdan hem Jennetiň ýadyna salan ýigidi oňa garaşýan ýaly Gülnabatlara sowulýan ýoluň ugrunda özi ýaly biri bilen gürleşip durdy. — Gelýäňizmi?-diýip, ýigit gyzy eýýäm uzakdan görüp, deňlerine gelende oňa ýüzlendi. Özi welin bir hili aljyrady. Ol: — Çaý gaýnatmak üçin odun taýýardyr. Çäýneklerem ojagyň başynda täp-tämizje, gyzlara garaşyp ýalpyldaşyp durandyr. Ýigit düýn toýa kömekleşip hem serenjam berip ýörşüne oduny bahanalap häli-şindi çaý gaýnadyşyp hem daşaşyp ýören gyzlaryň ýanyna gelýärdi. — Şunuň ýalyjak ýaryň bolaýsa-ha kem däl – diýip, gyzlaryň biri Jennete kakdyryp güldi. Yzyndanam üstine goşdy – öz-ä Jennet janyň daşynda aýlanýar. — Jennet hem ondan kem oturmady: — Otursana, höwes eden bolsaň, aşygyň özüňe nesip etsin! — Çynyňmy? — Çynym – diýip Jennet güldi. — Onda ertir bize-de toýa baryberiň ! Gyzlar gülişdiler. Ýene olar ýigidiň ogryn-dogryn seredip Jennetden gözüni aýyrmaýanyny duýdular. Jennet bu ýigidi öňem Gülnabatlaryň üýşmeleginde görüpdi. Inçemekden uzyn, syratly ýigidiň nuranadan ýaraşykly ýüzi, şeýle şöhleli, owadan, garamyk ýaly gözleri Jenneti özüne çekipdi. Uzyn gün aýak üstinde geleni garşylap, gideni ugradyp ýören mylakatly, şeýle galjaň ýigide pisindi oturyp, Jennet uzynly gün ony nazaryndan sypdyrmandy. Gyz ýigidiňem özüni göz astyndan synlaýandygyny duýupdy. Toý güni welin ýigit Jenneti asyl nazaryndan sypdyrmady. Çaý daşaýan şonsuzam gyt däldi. Ýigit çynar ýaly bolup bir uly hum çäýnegi getirip gyzyň öňünde goýdy. Soň: —Şuny, ajyja edip demlesene – diýip, nazaryny Jennete gönüläp, bir oňat ýylgyrdy. Ýigidiň şonsuzam nurly ýüzine mähir çaýyldy. Nazarlary kaklyşan soň Jennet çym-gyzyl bolup, hasyr-husur şonsuzam güwläp duran ody ölçerdi. Soň bolsa ýigidem seredip durandan soň, aljyrap elindäki kesewini oňa uzatdy. Gyzyň bolşuna tomaşa edip duran ýigit hezil edip güldi. Jennet bir hili boldy-da ýigidiň getiren çäýnegine ýapyşdy. Onuň ýap-ýaňy demläp iberen çäýnegidigini bilip, ony ýigide uzatdy: — Doly. — Doly bolsa dökäýmeli. Bagşa sowuk çaý berip bolmaz. Ýigit çäýnegi ýanyndaky bedrä agdardy. Bedreden ýeňiljek bug asmana göterildi. Jennet ýylgyrdy. „Ogurlykda tutulanyny” duýup ýigidiň özem güldi. Ýigit gitdi. Jennet käseleri alyp, jaýa tarap ýönelen gyzjagazy saklady. Ol Gülnabadyň jigisidi. — Jigim jan, ýaňky ýigit kim-ä! —Haýsy ýigit?! —Ýaňky, çäýnegi göterip giden ýigit-dä! Gyzjagaz çäýnegi bagşynyň öňünde goýup, yzyna dolanan ýigide elini salgady. Ýer ýarylmady, Jennet oňa girmedi. Sebäbi ýigit gyzyň özi bilen gyzyklananyny duýdy. —Omy, Nury akgam, Berdi kakamyň ogly-da. Olar ilerki obada ýaşaýarlar. —Ýogsa-da, ol gün Gülnabat dagy şol oba toýa gitdiler-le. Şonda Nury akgaňy öýerendirler-dä. —Nury akgamy öýerenoklar entäk. Esenmyrat akgamy öýerdiler. Ýigit ýene dolanyp geldi. Jennetde indi öňki batyrlyk ýokdy. Ol utanjyna ýigidiň ýüzine seredip bilmedi. Çaýyň oduny ölçerdi-de oduň başyndan gitdi. Gelnalyjy ugranda-da Jennet atyň üstinde keýerjekläp oturan ýigidi nazary bilen ýola saldy. Ýöne ýigidem birki gezek nazary bilen aýyň bölegi ýaly bolup töweregine nur saçyp duran gyzyň suratyny aldy. Jennet toýdan gaýdanda özüni şol ýerde ýüregini goýup gaýdan ýaly duýdy. Ol kimdir biri kalbyny heýjana salar diýip, ýatsa-tursa hyýalyna-da getirmändi. Ýigidiň nurana keşbi Jennet nirede bolsa-da gözüniň öňünden gitmedi, ynjalygyny aldy. Şol günleriň birinde Begmyrat baýlar Jennetlere gudaçylyga geldi. Obada tanalýan abraýly adam bolan soň, Jennetiň ejesi “Soraly, idäli” diýmedi-de: “Hany özüne-de bir geňeşip göreýin” diýdi. Gyzyň ykbalyny diňe ene-atasy çözmelidir oý edýän Begmyrat baý öý bikesiniň gürrüňini halamady. Sebäbi ol ogluna-da, özüne-de göwni ýetensoň, kakan gapysyndan iki gatnatman “Geliberiň” diýdirmekçidi. Ol muňa özi tarapdan öý eýelerine goýulýan hormat, sylag diýip düşinýärdi. Onuňça “Begmyrat baýlar pylanylara gudaçylyga barypdyr” diýdiribilse, ol öýüň armany bolmaly däldi. Sebäbi obada demi ýer ýarýan “ Men-men” diýen barjamly adamlarda gyz barka, Begmyrat baýyň bir oturan pukaranyň gyzyna söz aýtmagy olar üçin özüne uly abraýdy. “Päheý-de welin, seret tapýan gürrüňine, gadyr bilmez. Heleý bilen iş çalyşmasana aslynda” diýip, çişip, donuna sygman gaýdan Begmyrat baý ogluna-da gatyrgandy. Sebäbi Mollanepes diňe şol gyz diýip aýagyny depip durdy. Şol gidişlerine Begmyrat baýlar ýarym aýdan soň yzyna dolandy. Gyzyň ejesi gudaçylyga gelenleriň ýüzinden diňe oňyn jogaba garaşýandygyny duýup ýaýdanjyrap gürledi: — Wah, bu çagalar entäk guş beýni bolýarlar-da. Ýogsam bolmanda siz ýaly abraýly, sylagly adamlaryň sözüni ýykmaga dilimem baranok, nätjek-dä. Eňegine tutup , “Başga gyz gözläbersinler” diýip otyr bedibagt. Begmyrat baý ýaryldy: — Gyz sorap, baran gapymyzdan boş gaýdýan adam däl biz, Nurjahan. Gyz gytçylygy ýok, seňkä müň degýän gyzam tapýan men gelin edinjek bolsam. Oglumyzyň sulhy alypdyr-da bialaç gelendiris. Özüme galsa, bir köwlamsoň, yzyma köwlenmejegim hakdy. — Muny oňarmadyň Nurjahan, Begmyrat baýlar sorap gelen soň, gyza dagy sala salar durarlarmy?–diýip, Begmyrat baýyň ýanynda gelen adam dillendi. Begmyrat baý synyny silkip ýerinden galdy. — Ýumruk ýaly gyrnaga buýrup bilmeýän bolsaňyz, biz oglumyza gaty buýrarys. Sorap gelmedik hasap edäýiň – diýip gaharly gapa ýöneldi. Beýlekem hüňürdäp onuň yzyna düşdi. “Beh, adamlary demi ýer ýarýar-aý, özünem iliň öňüne düşüp ýören adamlar. Buýursyn, buýurýan bolsa ogullaryna. Men-ä göwnemedik ýerine çagamy agladyp berip bilmen” diýse-de, Nurjahanyň ynjalygy gaçdy. Gyzyna igenme igendi, Jennet sesini-üýnüni çykarman turdy ötägitdi. Jennet Nurydan hat aldy. Haty Gülnabat getiripdi. Hat gysgajyk, diňe iki sözlemdi. Emma şol gysgajyk sözlemiň manysy gyza ganat bekläpdi. Onda ýigit ýüregini açypdyr. Ýigidi aňyrsyna geçirensoň, Gyz özüne ganat beklän ajaýyp duýgynyň täsin dünýäsinde uçup ýören ýaly duýdy. “Eý, hudaý, dunýäde beýle gudratam bar eken.” Bir gezek Jennet el işini alyp, joralarynyň biriniň ýanyna oturmaga barýarka, at aýagynyň sesini eşidip yzyna seretdi: “Janyňa döneýin!” bu sadaja ses gyzyň dilinden, ýüreginden, bütin bedenini sarsdyryp çykdy. “Meni garawullap ýörme. Men indi senden aýrylyp nirä gideýin”. Onýança ýigit gyzyň yzyndan ýetdi.Şol mähriban nazar. Gyz başyny galdyranda nazary ýigidiň nazary bilen kaklyşyp çym gyzyl boldy. — Hatyma jogap bermediň-le, Jennet. — Garawullap ýörmesene, göz bar, dil bar–diýip, Jennet sadaja gürledi. — Halamasaň garawullamaýyn, özüme erkim ýetse. Ýigit at üstinden eglibiräk ýuwaşja gürledi. — Ejemi iberäýeýin. — Geçip gidiber-dä indi, gapdallaşyp gelme-dä. Kimi iberseň iber basymrak gitseň bolýar. — Çynyňmy Jennet. — Gyz başyny atdy. Ýigit begenjine guş bolup uçup gitdi. Kakasynyň getiren habary Mollanepesiň gonjuna gor guýdy. “Betdiniň ogly bilen Jennetiň ýoluň ugrunda gürleşip duranyny görüpdirler” diýen myşam gulagyna ýetip biynjalyk bolup ýören Mollanepes otly köýnek geýene döndi. Öňem ýolda-yzda gyza sataşyp lak atanda ýüz tapman öýkeläp ýören ýigit hasam çişdi. Jennet bilen çagalykdan bileje oýnap ösdiler. Bileje mekdebe gatnadylar, okadylar, indi gel-gel bir gelmişek oňa özünden ýakyn bolýarmyşmy? Kakasynyň söňky sözi hasam degnasyna degdi. — Halha gyz, halha sen. Gaýratyň bolsa görkez. Men-ä indi şol gyz üçin uzadan aýagymam ýygnajak däl. Aýagy bişen towuk ýaly zowzuldap, zordan günini ýaşyran Mollanepes, asman gara şalyny ýapynandan, atylyp öýden çykdy-da, atyny eýerläp günbatarlygyna tarap ýüzin salyp gitdi. Niýetini ýamana diken ýigit şol barşyna Jennetleriň ýeňse ýüzindäki baglyga sümdi. Şol ýerde birine garaşýan kişi bolan bolup durşyna gyzyň öýden çykaryna garaşdy. Soňabaka sabyr käsesi doldy. Birdenem Jennetiň öýlerinden çykyp goňşularyna tarap ýönelenini gördi. Ol gyz özüne golaýlandan eňsesinden bardy-da, ol nämäniň nämedigine düşinmänkä goşaryndan tutup atyň öňüne çekdi. Soň göni öýlerine tarap ýüzün salyp gitdi. Gorkudan zähresi ýarylyp, dili tutulan gyzy süýrekläp atdan düşirdi. Pälwan sypat ýigit sypjak bolup dyzaýan gyzy göterip göni öýlerine saldy. — Ine muňa gyz diýerler – diýip, çaý içip derçiräp oturan kakasyna ýüzlendi. Begmyrat baý hasanyklap ýerinden galdy. — Bu näme etdigiň boldy, peläket. Iliň çagasyny güýjiňe baýrynyp zor bilen heleý edinip bolmaz-a. Bizi ile çykar ýaly etmediň. Derrew il duýmanka, yzyna elt diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Emma ýyrtyjynyň elinden sypan ýaly entirekläp dula baryp düşen gyz gaharyna gym-gyzyl bolup gygyrdy: — Indi men ile ryswa bolup yzyma gitmen. Bigaýrat, sendenem bir erkek bolarmy? Garawsyz naçary atyň öňüne basyp, utanman nädip ile çykjak? Meň bagtyma gar ýagdyryp, bal güniňe bataryn öýtmegin. Mollanepes geplese bulaşjagyny bilip sesini çykarman çykyp gitdi. Bu wakany uly il öňlamady. Begmyrat baý obanyň ýaşulularyny yzyna tirkäp, göwnüne deglen Nurjahanyň töwellalaryny alýança öýlerinden çykmady. Ahyrda Nurjahan: — Il adamsydyryn öýdüp, köpüň öňüne duşup, edýän işlerini göwünlerine jaý görýän bolsalar, toýlaryny tutubersinler – diýdi. Begmyrat baýyň döwletli ojagyny aý ýaly bezäp oturan Jenneti uly-kiçi arzuwlap maňlaýyna syldy: “Bize-de perişde ýalyjak ak gelin hudaý ýetirsin-dä.” Jennetiň geýmejek bolsa-da, egnine sokulan gyrmyzy ketenisem, çapraz-çaňňaly çabydam, iňňeden çykma gyzyl kürtesem boluň ujundan saýlanyp-saýlanyp alnan seplerdi. Olar derek boýly, gamak ýalyjak Jennetiň şonsuzam gözel keşbi bilen utgaşýardy. Jennet ýeňiljek basyp, haýaljak ädimläp daş çykanda inçe bilinden aşak düşýän tokmak ýaly saçlary-da tolkun atyp, ýüzläp gözleriň ünsini çekýärdi. Onuň kürtesini ýüzüne örtýän sülük ýalyjak akja barmaklary, kürte serpilse, lowurdap duran tämiz ýüzi-de, garamyk ýaly kirpikmen gara gözleri-de her nazary özüne bendi edýärdi. Sabyr eje göz-dilden gorap, gelniniň saçyndan ýumruk ýaly dogany asdy. — Daş çyksaň saçyňy diýirläp çykaýgyn, balam – diýip, ol Jenneti dünýäden gabandy. Begmyrat baýyň tutumy uly boldy. Onuň toýuna ýakyndan-daşdan gelen märekäniň sany-sajagy bolmady. Toý dabarasy esli güne çekdi. Uly iliň höwes edýän maşgalasyny törüne geçiren baý birneme müýnürgese-de, begenjini gizläp bilmedi. Ol märeke sowulýança, toýa serenjan berip ýekeje gezegem dyzyny epmedi. Aranyny, ýadanyny duýdurmady. Jennet welin özüni alty ganat ak öýüň töründe, goşa düşekçäniň üstünde, bir ýerlerden tutulyp getirilip, kapasa salnan guş ýaly duýdy. Onuň howuny basýan agyr märekeden, daşyndaky gowurdan halys bolup hol al-asmanda, çagalykda gulpajygyny tasadyp oýnan geriş-geriş depeleriň üstünde, gök asmanda erkana gaýyp-gaýyp uçasy geldi. Şol depelerden Nury mährem ýylgyrşyny edip ony goluny bulap çagyrdy. Emma höwes bilen gulaçlap-gulaçlap daran altyn saçlary hyýalynda mar bolup aýagyna çolaşdy. Uzyn-uzyn kirpikleri ýigidi görmezlik üçin, gözlerini örtdi. “Eý hudaý – eý, kalbym haňlap ýatan boş saraýa döndi. Öz toýunda öz bagtynyň ýasyny tutýany gören-eşiden barmydyr”. Jennet dünýäde beýle gabahatgylygyň bolup biljegine ynanmady. Bu kemsidilmä tap getirip bilmän kalbynda harasat, serinde tuweleý turansoň saňsara dönen başyny ýere uruberesi geldi. Ol sessiz aglamak aglady. Hesreti ýeňlemedi. Ýylan ýaly towlanjyrap otyrşyna mähriban ojagyndan deňli-derejeli bolup çykmadyk gyz namysdan hem gahardan ýaňa başyndaky kürtesini ýere urup, turup gidiberesi geldi. Gyzyl kürte ot bolup tutaşyp bedenini lowlatly. Ol ilkinji gezek arslan ýaly direnişip duran doganlarynyň bolmadygyna ahmyr etdi. Mollanepes onda bu zalymlygyny edip bilmezdi. Jennetiň kakasy birküç ýyl mundan öň ýurdyny täzeläpdi. Özi bilen entek on ýaşam dolmadyk jigisini ejesi hor-zar etmän ekläp ýördi. Elinden dür dökülýän Jennet ýetişenden soň olaryň gün-güzerany göwydy. Gün gyzaryp batdy. Ol öýüň gözeneginden altyn tyglaryny ýygnap başlandan Jennetiň oturan jaýy garaňkyrady. Jennet güne umytsyz garady. “Sen dälmidiň ýap-ýaňy şatlygymy paýlaşan gün. Nirä barýaň, gussamy paýlaşjak dälmi? Gizlenäýjekmi şeýdip. Bir bigaýrada nädip özümi rowa göreýin, ýüregimde arman galdy Gün. Sen Nuryny görersiň. Oňa ýagdaýymy aýt. Ýok, aýtma, ýüregini ýaralama. Bir gün giç eşitse, şonça gowy. Gün gyz bilen hoşlaşyp gözden ýitdi. Asman gara şalyny egnine atdy. Allajan, men bir ejizeganym daş ýüregiň awymydyryn. Ýazygym nämedi? Şeýtanyň raýyna gidip ilden çykdymmy? Ýamanlyk etdimmi? Ýaş başymdan maňlaýymy daşa degirer ýaly, birini ynjytdymmy? Ýa göwün berenim ili çürkäp ýören bir näkesmi? Maňa ýagşylyk etjek bolduňmy? Gije bir çene bardy. Jennetiň töweregi çolardy. Kalbyndaky gussanyň üstüni gorky duýgysy örtdi. Ýüregini ýaralan adam bilen ikiçäk galmak howpy oňa ezýet berdi. Guşak çözdürilip märeke dagandan Mollanepes bilen ikiçäk galan Jennetiň süňňine üşidýän ýaly nätänyş galpyldy aralaşdy. Ol özüni ele almaga synanyşdy. Başarmady. Edil ýyrtyjynyň eline düşjek ýaly barha titredi. Onuň sülük ýalyjak akja barmaklary eýesini goramaga ejizje bolsa-da, kürtäniň synyna berk ýapyşdy. Kürte bilen bir ýüzini däl, bütin synasyny örtmäge çalyşdy. Jennetiň basyrynjyrap oturşyny Mollanepes halamady. Ol kürtäniň iki synyndan çekip gyzyň ýüzini açdy. Häli-häzire çenli hiç kime duýdyrman, gyzy garawullap gezen ýigit Jennetde özünden başganyň dahyly bardyr öýtmedi. Obada ony göz astyna alýan gyz gyt däldi. Mollanepes muny duýýardy. Onuňça Jennetiňem özüne ýetip bilse armany bolmaly däldi. Ýigit kakasy ýaly deşli, çaksyz syratlydy, hem gaýratlydy. Ejesi ýaly akýagyzdy, görmegeýdi. Ýigidiň pikiriçe gyz özüni halamaz ýaly däldi. Emma Jennetiň öýlerine getirilen güni ýüzini ak tam edip gözlerine bakyp gygyryşy häzir gözellige maýyl bolup, bagtyýarlykdan seri aýlanyp oturan ýigidiň gulagyna geldi. Şonda Jennetiň gözlerinden ot syçyrady. Bu ses häzirem ýigidi eýmendirdi. Emma garşysynda aý dogan ýaly bolup oturan gudrat ony birneme özüne getirdi. Gyrmyzy keteniniň, gapraz çaňňaly çabydyň üstünden aşaklygyna gaýdýan tanap ýaly uzyn saçlar gyzyň gujagynda düýrlenip ýatyrdy. Kümüş çekelik lowurdap gyzyň ak ýüzünde oýnaýardy. Ussat heýkeltaraş tarapyndan ýasalan ýaly ajaýyp heýkele meňzäp, Jennet oňa guwanyp, synlap oturan ýigidi gultundyrdy. Emma ol edil şu pursat Jenneti şaňňyrdadyp gujagyna gysmaga ýaýdandy-da: — Sen basyrynjyrap oturma, men indi seniň üçin ýat adam däl. Onsaňam öýkeleme menden Jennet. Men saňa beýle ýagdaýda öýlenjek däldim. Daşyňdan näçe aýlandym, ýekeje gezek başyňy galdyrmadyň, ne habarymyzy aldyňyz. Başga çykalga tapan bolsam men beýtmezdim. Däliretdiň meni, elimden gidersiň öýdüp gorkdum. Sen meň bilen deň bolup durma ynanaý, men seni hiç wagt ynjytmaryn. Jennetiň ýangynly ýüreginden ses çykdy: „Sen meni mundan beter nädip ynjytjak?”. Ol ses bagtdan bihuş bolup oturan ýigidiň kalbyna etmedi. Ýöne ýigit bir zady duýdy, ine, indi arzuwlap ýeten gyzy aý dogan ýaly bolup otyr. Ýöne şol aýyň şöhlesi Mollanepese düşenok. Aýyň ýüzini bulut örtüpdir. Ol bulut haçan syrylar. Ol entek näbelli. Özine göwni ýetýän ýigit gyza elini uzadyp bilmän, sermi-sar bolup oturşyna namys etdi-de gönüledi: — Düşek sal, Jennet. Jennet depesinden bir bedre gaýnag suw guýlan ýaly allaniçigisi tisgindi. Bedeninde güýç-kuwwat galman, esli salym gymyldabilmän doňan ýaly bolup oturdy. Ol Nura baglanan iň soňkyja umydyndanam el üzdi. Ýerinden turjak bolanda ýykylman entirekläp zordan saklandy. Jenneti gelin edinenden soň Sabyr eje uly oglunyň ryskyny aýyrdy. Baldyzam bolmandan soň, hojalygyň esasy keşgi Jennete galdy. Sabyr eje ony bir tamdyra salmady. Kiriň-çägiň, biş-düşiň daşyndan mal-garada ýetikdi. Begmyrat baý öýde bolsun bolmasyn myhmansyz günleri azdy. Olaryň ýekeje öýdençeri bardy, ol-da oglandy. Jennet mallaryňam dilini derrew tapdy. Sary sygyr bilen çalt öwrenişdi. Ýöne gara sygyr ony göwünjeň ýanyna göýberesi gelmedi. Başyndan-gözünden sypap, höre-köşe edip, onuňam dilini tapdy. Melejegöz gölejiklerem tumşujagyny egnine süýkäp, Jennet bilen enesiniň süýdini paýlaşdy. Bir gün ir bilen tirt edip, eli legenli mallara tarap ýönelen gelniniň bolup barşyna kesesinden guwanyp Sabyr eje: “Beýläňe bir seret “ diýip gapdallarynda ýuwnup duran ogluna umledi. Mollanepesem ýylgyrdy. Içinden bolsa: “Ýerden ýöräniň göwnüni tapýar. Göwnüm üçin dillenmesem ýekeje gezek özünden bilip, elime suw akydanok. Künnük edil elinden dişläýjek ýaly. Ýa geleli bäri tahýa tikip başyma geýdirmedi. Bolýar-da, çydaryn. Olam haçana çenli içine salyp ýörer? Meniňem onuň göwnüni awlamasam Mollanepes bolmadygym. Dogrudanam, Jennet öňünde, gölejik yzynda, bökjekläp owlajygam bir öňüne geçýär, bir yzyna. Tomalanyp alaja güjikleri oňa ýöremäge maý berenok. Ahyram bir ýerden duýdansyz çykan pişijek bilen güjük oýun edişip, Jennetiň aýagynyň aşagynda basalaşyp onuň elindäki legeni gaçyrtdylar. Onuň özi ýykylman zordan saklandy. Jennet dökülen tirtini legene guýmaga oturdy. Owlajyk diriň-diriň böküp, arkasyndan onuň boýnyna towusdy. Bu oýny çyndyr öýden güjüjek owlajygyň söbügine mündi. Eneli-ogul gülüp heziller edindiler. Hakykatdanam Jennet Mollanepesden ynjandan soň, onuň öýde bolanyndan bolmanyny kem görmedi. Bolanda-da onuň bilen ne gaýgysyny, ne-de şatlygyny paýlaşdy. Ýigidiň ne oýnuny göterdi, ne-de çynyny. “Eli bilen etdi egni bilen çeksin. Ejizeganymlyk edip eşretiň gapysyndan ätlän ýokdyr, senem ätlemersiň. Meň bagtyma gara çekip, özüňem bal günüňe batmarsyň. Zenan mährine çoýunmadyk erkekde bagt nireden bolsun. Aýa, Güne meňzet-de, öz göwnüňi hoşla-da ýör. Ol Aý senden gaty uzakdadyr, onuň şöhlesi saňa düşmez, Güniňem. Ýüreksiz tokga et bilen özüňi bagtly saýýan bolsaň, ýaşaber.” Alla saňa kuwwat bersin, maňa-da giňlik”. Mollanepes kämahal çöldäki sürileriň üstine gidip, uzak wagt eglenýärdi. Wagtal-wagtal haryt almak üçin uzak ýerlere-de gidýärdi. Aýlap bolanokdy. Onsoň ogly gelende Sabyr eje gelni onuň öňünden ýyljyraklap çykar öýdýärdi. Emma tamasy heniz çykanokdy. “Gelin ölüp-öçüp barsa, gowam bolmaz, Jennetim asylly” diýip garry öz-özüni köşeşdirýärdi. Emma gelniniň bolşy garryny ynjalykdan gaçyrýardy. Mollanepes welin bir ýerden geldigi daşda-içde Jennete gözi düşmese, derrew ony soraýardy. Duýdyrmajak bolsa-da: — Eje, Jennet bir ýerik çykdymy? –diýip, ejesine ýüzlenýärdi. “Wah, balam, sen janserek-dä, aýal adam geçirimli bolaýmaly welin, Jennetim şol içine salyp ýör-dä? Alnyp gaçylýan gyz ýokmy, bumat” diýip içini hümledýärdi. Ýakyna-daşa gitse, Mollanepes Jennete gymmat-gymmat sowgatlar getirýärdi. Şonsuzam aýjäjek ýalyjak gelnini bezäsi gelýärdi. Jennet welin, olary ne dakynýardy, ne-de geýýärdi. Bir gezek Mollanepesiň dostlarynyň biri uzak ýurtlaryň birinden hem gelnine, hem Jennete gaşlary lowurdap duran şeýle üýtgeşik gülýaka getirdi. Mollanepes ol sowgada gaty begendi. Ol öýe girip-girmän gülýakany Jennete görkezdi. — Bu seň göwnüňe ýarar, Jennet, hany dakynyp gör – diýip, begenjini saklap bilmän, ýyljyraklap gülýakany oňa uzatdy. Soňam yzyna çekdi. — Dur, dur, muny özüm dakaýyn, şonda saňa hasam gelşer – diýip gelniniň garşysynda gaýa ýaly bolup durdy. Öňki gülýakasyny aýryp durşyna Jennet: — Öňem gülýakam ýetik ahyryn, bular näme goşalap dakylýarmy-diýip büräniň ganaty ýaly gaşjagazlaryny çytdy. Bu sowgada Jennet gaty begener öýden Mollanepesiň gany beýnisine urdy: — Sylag bilmez eşek diýerler saňa. Ol elindäki gülýakany dazyladyp gapydan daşaryk zyňyp göýberdi. Gapynam bat bilen şarkyldadyp ýapyp çykyp gitdi. Jennet bir erbet bolup ortarada doňup galdy. Henize çenli Mollanepesiň gaharynyň beýle derejä ýetenini görmedik gelne onuň soňky sözi şarpyk bolup degdi. Onýança-da zyňylan gülýakany göterip Sabyr eje içerik girdi. — Gülýaka daşarda nämeişleýär. Ony haýsyňyz zyňdyňyz? Ýerden ses çykdy, Jennetden ses çykmady. Sabyr eje gülýakany gelnine uzadyp: — Ugruna ýykylaý, jan gelin senem. Her ädimde badyny alyp durma-da, ýagşy adam içinde kine saklamaz. Sen bir akylly çag-a. Barymyz ugruňda kökenek. Kem zadyň ýok. Gözümiziň üstünde ornuň bar. Küýsäňde şundan gowy durmuşy küýsejekmi? Akylyňa aýlan, olam buza dönäýse, bagtyňyza gar ýagar onsoň. Beýle durmuşdan Hudaý jan saklasyn, sizi. Mollanepes birinji gezek eden işine çyny bilen puşman etdi. Beýnisinde biri birinden gapraz pikirler çaknyşyp, ol özüne ne öýde, ne-de meýdanda orun tapdy. Basan ýerinden ot çykýan, başyna baran işini goparman goýmaýan, ýekeje sözi ýerde ýatmaýan Mollanepes ýumruk ýaly gyrnaga hötde gelip bilmän, şeýle bir namys etdi. Ol dünýä sygman, obalarynyň ilersindäki beýik depäniň üstünde ornaşyp, uzak wagtlap maňlaýyny tutup oturdy. Ol Jennete öýlenipdir-de wagtal-wagtal özüni horlaýan, emma şu günki güne çenli ynanasy gelmeýän pikirine dolanyp geldi. Ol pikir ýigidi şeýle bir gysyp gowurdy welin, ol yzyna baraga-da aýalyny suwa salma ýenjip, yzyndanam golundan tutup atasy öýüne taşlap gaýdasy geldi. Beýtsem il näme diýer. Jenneti ile geňeşip duluňa geçirdiňmi ýa özüne. Jennetiň göwni başgadyr. Aňyrsynda bir zat bolmasa il aýtmazdy.Ýogsa bolmanda ol gadyr bilmez adam däl. Eger ol çyn bolsa meň bilen ýaşamak Jennet üçin dowzahdyr. Onda birimiz dowzahda, birimiz jennetde ýaşaýarys-da? Kime Jennet ýetdi, maňamy? Hany, onda ol Jennet. Belki ony taýak ýola getirer. Nädersiň daşyňda hozanak bolaýsa. Beýtsem ýigrener. Wessalam, ýigrener. Men bu ýagdaýa uzak çydarmykam? Bilmedim. Ýöne Jennet gitse dünýä boşar. Gitmese-de durmuşymyz edil bitaý terezi ýaly. Ýigit uludan demini aldy. Başyny galdyrdy. Söýgüden daşam erärmiş diýýärler… Ony eretmäge diňe meniň söýgüm ýetermikä? Mollanepes saz çalmaga ökdedi. Ýigit saz çalanda Jennet hiç ýerik gymyldaman, törde totyguş ýalyjak bolup, keşde çekip oturýardy. Beýle ýagdaýda Mollanepesiň ondan özüni aýrasy gelmeýärdi. Jennet tüýs synlap, guwanyp oturmaly täsin gudratdy. Golaýlaşdygyň onuň kakyny tutýardy. Bir gün jaýda Mollanepes gummürdedip saz çalýardy. Biri-birinden şirin mukam ýaňlanýardy. Şol mukam bilen garşysyndaky gudrat birleşip ony alyslyklara alyp gitdi. Ol Jennet bilen ýazlaga çykdy. Öýmejigini galgadyp ýanlyk ýaýan gelinjigine akja guzujygy sowgat berdi. Ine-de, onuň bilen ak gijeler gol tutuşyp sährada gül-gülälekleriň arasynda ýaz ýagyşynyň suwundan emele gelen kölüň gyrasynda biri-birine suw sepişip oýnaşyp ýör. Ýigit ýatlamalar dünýäsinde özini bagtly duýdy. Jennet “Dilim gyrky” çalsana diýip, onuň süýji arzuwlarynyň arasyny böldi. — Çaljak däl. Jennet öwrülip geplemedi. Sebäbi Mollanepesiň çaljagyny bilýärdi. — Ýene haýsy sazy çalaýyn, Jennet? — „Ýandymy?” — Ýok, men ony çaljak däl. Jaýda „Ýüsüp owgan” ýaňlanyp başlady. Mollanepes bu sazy çalanda dutara dil bitýärdi. Jennetiň kalbyna dolup jadylaýjy owazy bilen Jenneti bagtyň gujagyna oklaýardy. Garşysynda Nury otyrdy. Onuň berdaşly gollary Jennetiň tanap ýaly saçlaryny oýnaýardy. Birden-birdenem Jennetiň al ýaňaklaryny sypap, şol mährem nazary bilen onuň gözlerine seredýärdi. Jennet kellesini ýigidiň döşünde goýýardy. Ýigit dodagyny onuň posa kuýseýän näzijek dodagyna ýetirende, Jennet durky bilen oňa berlip, ýigidiň gujagynda dünýäni unudýardy. Wah, bu ajaýyp pursatlardan öýdäki juwanlaryň ikisem mahrumdy. Saz diňdigi Jennet öňki dünýäsine gaýdyp gelýärdi. Ýyly gujak ondan daşlaşýardy. “Ykbal meni seň gapyňdan eltmedi Nury”. Ykbalyma kaýyl bolup gezibermekden başga alajym galmady. Ýüregimiň derdini çekip, kalbymyň garaňkylygyna gaplanyp, çykalga gözlemekden bizar boldum. Ne ol bagtly, ne-de men. Seň bagtyň bolar. Sen üýtgeşik, Nury. Bar dilegim, Alla jan maňa seni unutmaga guýç berse, saňa-da bagt. Bir gezek Mollanepes çölden ýanar ot bolup gyzdyryp geldi. Oda düşen kebelek ýaly daşynda pyrlanýan gaýnyna kesesinden göwünlik berse-de, Jennetiň özüniňem ynjalygy gaçdy. Ol ylgaşlap unaş bişirmek üçin noýba atardy. — Jan gelnim, unaşy eltiň bişirer, aýrylma sen balamyň ýanyndan – diýip, Sabyr eje gelnine özelenip ýalbardy. Käte dümewläp başy ýassyga ýetende gözüni aýlap, içerden Jenneti gözleýän Mollanepes bu gezek hiç kim bilen däldi. Birinji gezek Jennetiň oňa adamçylyk duýgysy oýandy. Adamsyna nebsi agyrdy. “Alla jan, ýangynly bolsamam, men oňa ýekeje gezegem gargan däldirin. Özüň goraweri, jan Allam” diýýip bilýän dogalarynyň baryny içinden sanady. Hudaý oňa göz görkezendir öýtdi. Mollanepese edilmedik däri-derman galmady. Kakasy bir ýerde tebip bolsa çagyrdyp getirtdi. Olaryň bir ýerde hossary bolsa aýaga galdy. Sabyr ejäniň bolsa, Mollanepesiň ýatan jaýyna Jennetden başga adamy göýberesi gelmedi. Bäşilenji gün diýlende Mollanepes gijäniň bir wagty zordan gözüni açdy. Ol Jennetiň maňlaýyna goýan elinden ýuwaşlyk bilen tutdy. Ýigidiň elleri buz ýalydy, ysgynsyzdy. Mollanepes ýene gözlerini ýumdy. Jennetiň ellerini welin göýbermedi. — Mollanepes gözüňi aç-da, saňa näme bolýar? – diýip, Jennet oňa ýüzlendi. Sabyr eje ukusyzlykdan gyzaran gözlerini owkalap, özelendi: — Balam, aç gözüňi, nämeler boldy saňa beýle, Jennet janam şol aglap otyr başujyňda. Kakaňam ýykdyň halys, menem. Mollanepes özüne gelse-de, wagty bilen düşekden galyp gidibermedi. Jennetiň çirim etmän geçiren gijeleri az bolmady. Bir gün Mollanepes başujyn-da geplemän, sünnälenip ýasalan heýkel ýaly bolup gymyldaman oturan gelniniň ýüzine gözüni aýyrman seretdi. Jennet özüni bir hili oňaýsyz duýdy. Ýüzini nirä öwürjegini bilmedi. — Menden utanýarmyň, Jennet – diýip, bu ýagdaýy duýup, Mollanepesem dillendi —horlanypsyň. — Seretme-dä, utansam. — Seretjek. — Serediber, onda. — Sen meni halaňok-da, Jennet şol öýkeläp ýörşüň. — Öýkelemen, gutulsaň bolýar. — Sen ýanymda bolsaň gutularyn. Bir aýdan soň Mollanepes keselden zordan aýňaldy. Tebipler ony gün urupdyr diýen netijä geldiler. Doly güýjine gelýänçä Begmyrat baý ogluny hiç ýerik göýbermedi. Atajyk işanlar toý şaýyny tutup başlandan bir ýagşy zada garaşýan ýaly, Jennet Mollanepeslere gelipdir-de birinji gezek şol toýa göwünjeň gidesi geldi. Atajyk işanlar Nurylaryň garyndaşydy. Jennetiň eltisiniň bolsa daýysydy. Nurynyň ol toýa barmajak gumany ýokdy. Gelin bolup gelipdir-de heniz atasy öýünden başga ýerik çykyp görmedik Jennet toý günine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Täze eşik tikinmese-de, guzka geýen köýnekleriniň iň gowusyny saýlap taýynlap goýdy. Toý güni gaýynenesi bilen gaýyn atasy irden turup gitdiler. Hojalygyň işini bir ýüzli edip, eltisem gyssap durandan soň, Jennet gurjak ýalyjak bezendi. Gitmek niýeti bilen gapa ýöneldi. Birdenem onuň kellesine gelen pikir aýagyna duşak boldy. “Daýzaňlaryň toýuna beslenip gidipmidiň? Kime görünmek üçin beslendiň? Nuramy? Oňa sen haýsy eşikde bolsaňam öňki Jennetsiň. Tykyramasana kim toýa köne şylhasyny geýip gidýär. Gidiber onda. Gitjek.” Bolgusyz pikirler Jennetiň kellesinde çaknyşyp onuň islegine badak atyp başlady. Ol gorandy. Bir gezek oňa nazar salanym bilen dünýä gapyşaýmaz. Dünýä geldimmi, menem adam ýaly ýaşamalydyryn. Söýmäge, söýülmäge hakym bolmalydyr. Ýüregimi eýelän adama ilden ogryn guwanyp bilerin. Bilmersiň, diýip ikinji pikir garşy çykdy. Seniň başyň boş däl. Ol meniň başymdan musallat bolup iler-de, men onuň abraýyny goramalymy? Ol meniň bagtyma talaň saldy. Abraý özüňe gerek dälmi? Darkada-darka biri beýlekesini red edýän pikirlerinden baş alyp çykyp bilmän, Jennet uludan demini aldy. Ol gapyda sermi-sar bolup durşyna başyny gapynyň söýesine uruberesi geldi. Irdenem keýplije gelniň eginleri sallandy. “Görmän gaýdybererin. Kime ýalan sözleýäň. Öz-özüňi aldaýamyň? Ony görseň sen täzeden tutaşmazmyň? Ol ody söndürmäge indi seniň güýjiň ýetermi? Sende güýç bolsa atyň öňüne alyp getirilen güniň yzyňa iberderdiň. Hany, şonda baýdak edinen ar-namysyň. Häzir gitseň ýene-de gidesiň geler. Gitme, iki oduň arasynda galarsyň? Ot bilen oýun etme. Onsoň ynsabyň horlap başlasa, ýagty ýalançyda özüňe orun tapmarsyň, gitme. Ar-namysyň bilen söýgiňi bir terezä saldyň. Ikisinem gora-da başyňy dik tutup geziber” diýip, garşydaş pikirleriň biri üstin çykdy. Jennet daşaryk çykdy. Özbaşyna gürledi! „Alla jan, goýma meni, namysa. Maňa giňlik ber, kuwwat ber, akylymdan azaşdyrma”. Gapyda Jenneti bökjekläp sakarja owlagy garşy aldy. Bökjekläp köýnegine çolaşdy, tomalanyp güjüjegem yzynda. Mellegiň aňrybaşyndan Mollanepes göründi. Ol gelşine gaýa ýaly bolup, Jennetiň üstine abanyp durdy. — Toýa barmadyň-la, Jennet. — Ýaramadym. — Ir bilenem sagdyň-la Jennet sesini çykarmady. — Gapylary gulpla, gideli. Oraz salyr aýdym aýdýar, diňläp doýup bilmersiň. — Ýaramok diýdim-ä. Başym aýlanýar. Onsoňam barymyz gitsek, yzymyza-da adam gerek. Mollanepes başyny ýaýkady-da: — Bolýar-da, gelnejemiň öňünde durup bilseň, menem gitjek däl. Sen öýe garawul bol, menem saňa. Adamsynyň sözüne Jennet ýylgyrdy. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||