IKI DÜNÝÄ
Iki juwan şäheriň ortarasyndan demirgazykdan günorta tarap geçýän şaýoluň ugry bilen haýaljak ädimläp barýardy. Ýoluň iki tarapynda ak mermere beslenip lowurdap oturan jaýlar biri-biriniň gapdalyndan düzülip, agşamyň şapagyndan dürli reňk alyp täsin öwüsýärdi. Ýanýoluň iki gapdalyna düzülen depesi asman bilen bäsleşýän baglaryň üstünde şadyýan saýraýan guşlar ýaşlary şirin owaz bilen ýola salýardy.
Daragtlaryň aşagyndan şildiräp akýan zolajyk ýapjagazlaryň iki tarapyna ekilen ajaýyp güljagazlar dürli-dürli ýüpeklerden alajalanyp edilen jähege meňzäp töwerege atyr ysyny saçýardy.
„Ajaýyp dünýä, eziz diýarym, sen nähili gözel”. Bagtyýar halda daş-töweregini synlap barýan ýaş ýigit içini gepletdi: „Bu gudraty duýmazlyk üçin mahluk bolmaly. Tebigat bilen ynsan söýgüsi birleşende adamda düşündirip bolmajak täsin duýgy döreýän eken”. Sanjar şol jadyly güýjiň täsirine düşüp hem gapdalyndan haýaljak ädimläp barýan gözel gyzyň mährine çoýunyp bihuş ýaly bolup barýardy.
Baharam tüýs Bahardy. Ol çog ýaly keteninem geýipdir-de üstündenem tanap ýaly goňras saçlaryny goşalap göýberip, töweregine ýalkym salyp, nur paýlap barýardy. Onuň guşaklygyna düşüp ýatan saçlary gyz ýörände iki ýana ýuwaşja hallan atýardy. Baharyň başynda-da täzeje gül tahýasy bardy. Tahýanyň nagyşlary, keteniniň sünnälenip edilen nagyşlary bilen utgaşyp gyzyň saryýagyzdan tegelek, näzijek ýüzüni balkyldap duran owadan gözlerini Sanjar söz bilen düşündirip bilmejek görküne getiripdi.
Häzir ýigit gyza tarap öwrüläýse, ony ürküzäýjek özüniň synlap doýup bilmän barýan keşbinden binesip galaýjak ýalydy. „Birek-biregiň didaryndan doýman sessiz, sözsüz eginleşip barmak ynsan ömründe iň bagtly pursatlardyr”.
Ýigide tarap nazaryny aýlap, Bahar adaja ýylgyrdy. Sanjar onuň özüne bir zat aýytjak bolýanyny aňdy. Onýança gyz kaşaň jaýlary ümledi-de :
— Şu ajap ymaratlarda ýaşasyň gelýärmi – diýdi. Soňam üstüne goşdy – gapyňda-da maşynyň keserip dursa. Şeýle bagty göz öňüne getirýärmiň Sanjar. Ýigit nagt jogap berdi. —
Nesip bolsa. Bu ajap ýurtda ol bir ýetilmejek menzil däl-ä.
Ýaşlar sag gapdallaryndaky seýilgähe sowuldylar:
— Ulagyňdan daşlaşmarysmy?
Men ony satdym. Gyz geňirgenip ýigidiň ýüzüne seretdi.
— Sen ony ýaňy almadyňmy?
— Alsamam satdym. Şäherden Muhametnuryň maşgalasyny göçürip getirdim.
Aslynda Sanjarlar şäheriň etegindäki uly obada ýaşaýardylar. Gyz Muhammetnuryň kimdigini onuň ulag heläkçiliginde ýogalanyny, çül çagasynyň yzynda ýetim galanyny bilýärdi. Aýalynyň ýarawsyzdygynam. Ýigit Muhammetnuryň söwer dostydy.
— Çagala-ra jaýyňa girer ýaly etmezler. Toýa çenli çykararsyň-da bolmanda – diýip gyz ýüregindäkini aýtdy. Baharyň gürrüňi Sanjaryň maňzyna batmady. Muny ýigit duýdurmady-da uludan demini alyp ahmyrly gürledi.
— Wah, jaýyň işi haýyr-la, Bahar, ýöne gideni gaýtaryp getirip bolanok. Dostumyň ýeri gädilip dur.
Baharyň darygýany Sanjar howlularynyň içindäki köne jaýlaryny ýykyp, onuň ortarasyndan kaşaň jaý saldyrypdy. Jaýyň gapysyndan howlynyň derwezesine çenli ýol salyp, üstüne-de üzüm dalwar edipdi, ýoluň iki tarapyna-da dürli-dürli güller ekipdi. Howla gireniňde gür baglaryň arasyndan jaý lowurdap edil köşk ýaly görünýärdi. Gyz ony synlap doýup bilmändi.
Bularyň hemmesiniň çyzgysyny çeken Muhammetnurdy.
Her gezek jaýyň bosagasyndan ätlände Sanjaryň hyýalynda Bahar garşysynda gyzyl kürteli gyýa bakyp oturýardy. Ine-de, ol sülmüräp akja elýaglygyny agzyna tutup ejesine çaý uzadyp durandyr. „Bu köşkde bileje ýaşajak günümiz daşda däl Baharym” diýip, ýigit soňky günler has-da ýygy-ýygydan gyzy küýsäp içini gepledýärdi.
Balasynyň arzuwlanyndan habarly Aýna toý sähedini bellemegi uzaklaşdyrmazlygy ýüregine düwdi. Aýnanyň Sanjardan başga-da bir gyzy bardy. Ony oba arasyna çykarypdy. Sanjar şäherde zawotlaryň birinde baş inžinerdi. Aýnanyň özi halyçydy.
Aýna oglunyň eline-aýagyna bakman, gelin edinjek bolup, az-kem süýşüripdi. Emma Muhammetnuryň maşgalasyna obadan jaý alansoňlar ondan sähelçe galypdy. Häzir ol jaýyň içini – daşyny abatlaýardylar.
Guda bolnup, Aýna ikinji gezek eltisi bilen Baharlara baranlarynda, aýallaryň aýdyşy ýaly, „gyzyň hatyny” olaryň eline tutdyryp göýberdiler. Gol boýy hatda gyza getirilmeli sowgatlar ýazylgydy. Olaryň agramly bölegi gyzyldy.
Iki eltiniň haty okap huşlary başyndan uçdy.
— Tob-eý, bula-ra uçyraýypdyrlar. Heý beýle-de bir nebsiňi şaglatmak bolarmy?
Bada Ejebaý çagyryldy. Dogumly Ejebaý gelşi ýaly sessiz – üýnsüz çykyp gitdi. Sypaýy ejesi onuň yzyndan gygyryp galdy. Ejebaý gykylyklap, salnan gyzyllaryň ýaryny aýyrdyp geldi. Emma galan ýaram eslije bardy. Muny Sanjara duýduraýsaň näme bilen gutarjagy belli däldi. Ol: „men-ä saýladym, sizem nädip alsaňyz, şeýdip alyň” diýip, ene-atasyna bukulyp oturjak ýigitlerden däldi.
Aýnanyň gelin edinjek bolup ýygnan zatlaram eslije bardy. Onda-da Ejebaýyňam gyzyllaryny, eslije-de pul alyp, ýene eltisi bilen gudalaryna gitdi.
Ejebaýyň zynjyryny inçeräk gördüler. Ony yzyna berdiler. Gidenler keýpsiz gaýtdy. Aýnanyň salyk ýüzünden, Muhammetnuryň aýaly Aýsoltan derrew onuň sebäbini anyklap, sandykdan sessiz-ünsiz edil tanap ýaly altyn zynjyry çykaryp, Aýnanyň gepine-sözüne garaman onuň eline tutdyrdy.
— Sanjar jan, jaý alanymyzda şuny maňa satdyrmady. „Toýa ýarasyn” – diýip Aýsoltan özüni hem çagalaryny eliniň aýasynda saklaýan adamlara nähilidir bir ýagşylyk edýänine begenip aýtdy.
Aýna ýene bir gülýaka hem keteni bilen geýer ýaly owadan gyzyl köwşem eltmelidi. Köwşi aldylar, gülýaka gymmatdy. Ony almaga ýagdaý ýokdy. Toýa-da süýşürmelidi. Aýna çykalga gözledi.
Onuň hyýalynda Sanjara meňzäp duran deşli, syratly adamsy garşysynda peýda boldy. Onuň öňem nurly ýüzüne mähir çaýýan şol owadan ýylgyrşy. Edil aýatdaky ýaly bolup dur.
— Aýnam, hany ýanyma gel, şujagaz gülýakany görýärmiň? Muny Ilmyrat ýasady. Özünem diňe seň üçin.
Ilmyrat diýilýän Sanjaryň kakasynyň söwer dosty, ady belli kümüşci ussa. Gyzyl gaşly lowurdap duran nepisje ýasalan gülýaka höwes edip, Aýna oňa elini uzatdy.
— Dur, howlukma – diýip Aýnanyň adamsy güldi – sen muny, beýle arzan aljak bolma! Men bir dakaýyn, onsoň görüber. Adamsy gülýakany Aýnanyň boýnuna dakdy. Soň özi az-kem yzraga çekildi-de synlap dillendi:
— Garşymda iki sany gün dogaýdymy? Ol Aýnanyň eginlerine iki elinem goýup onuň gözlerine seretdi.
— Aýnam, meniň dünýä taý görýän – Aýnam, toýa dakyn. Soňam gülýaka Ejemjanyňkydyr.
Aýna uludan demini alyp, içini gepletdi.: „Wah, süýjülik bilen düşünşilse gowy-la weli. Goşa-goşadan talap etmänlerinde-de meniň indi şulardan başga bezäp-bellejegim ýo-ga. Öňem-ä ol gyzyň gyzyly ýetik. Käşgä ýok bolsa. Özüň bolsaň bu zatlaryň aladasy maňa ýetmezdi”.
Ol gülýakany hiç kime dözmedi. Ejebaýam:
— Şuny bersek kakam janyň ruhy ynjaýjak ýaly – diýip ýüzjagazyny sallady. Ol Bahar gülýakany goýup gaýdar, ýa birine berer öýdüp gorkýardy.
— Eje jan, ynanmarsyň, şu gülýakanyň ýüzüne seretsem kakam janyň didaryny, görýärin – diýip, Ejebaý çyny bilen aýtdy. Maňa edilen ähli sowgatdan şu eziz.
— Soň, elimiz giňese, täzesini alyp, çalşyraýarys – diýip, Aýna gyzyna göwünlik berdi.
Eltisi bilen Aýnany ýene gyzyň ýeňňesi garşylady. Aýna öňüne çaý-suw goýulmanka, elten zatlaryny ortada goýdy. Baharyň gelnejesi zynjyr bilen köwşi aňyrsyna geçirdi-de, gülýakanyň eýlesine, beýlesine seňrigini ýygyryp, seretdi:
— Munyňyzdan gülýaka bolmaz. Ile bir görkezmäň. Gülýaka gapak ýaly bolup döşüňi ýapyp durmazmy?. Adamçylyk edýäris welin, halys arkan gaýyşýaňyz.
Ýüzi üýtgäp giden Ejebaý ejesiniň ýüzüne bir hili köp manyly seretdi. Aýna geplemedi-de aşak bakaýdy. Kyblasynyň eden sowgadyny yzyna zyňyp oturan Arzygül onuň şeýle bir göwnüne degdi. Oňlamadyk zadyny kim bolanda-da ýüzüne aýdyp bilýän, Ejebaý öýde diňe gyzyň ýeňňesi bolsa, onuň bilen gürleşjekdi. Bägüliň ejesi, goňşularyndanam bir gartaşan aýal bardy. Olar seslerini çykarman otyrdylar. Her zeýilli Ejebaý sypaýçylyk etdi:
— Arzygül daýza, gülýaka at daksaňyz ýalňyşarsyňyz. Bu her kimlere dözer ýaly gülýaka däl. Häzir bir alyp galyň soň çalyşaýarys.
Arzygül diýilýän sypaýçylyk edip durmady:
—Toba – eý, indi ýeke gülýaka güýjüňiz ýetenokmy, ýüzüňizi ak jam edişip otyrsyňyz. Dünýä taý görýän maşgalamyzy alýaňyz.
— Arzygül daýza, bizem akylda – huşda, boý – syratda Görogla taý gelýän doganjygymy öýerýäris. Onsaňam pikir etme, gyz tapman gelendirler oý edip. Obada „men” diýen gyzlaryň ählisi doganjygymyň hyrydary. Ejebaýam köşeşmedi! – Biz asyl gyzyň özi bilen gürleşjek.
— Biziň ýüzu ýyrtyk gyzymyz ýok. Öňýeten bilen ýaňkalaşyp oturmaga. Ynha men näme arzyňyz bolsa aýdyberiň. Ejebaý yza çekilmedi.
— Öz aýdyşyňyz ýaly, öňýeten bilen bazara gidip zat saýlap, sepini düzedip bilýän gyz, biz bilen ýüzbe-ýüzem bolup biler. Diliňize-de, nebsiňize-de buýryň, sylasaňyz aýlanarsyňyz.
— Gelenok şol, diýen gülýakamyz bolmasa ylalaşmasaňyz hanha paty-putyňyz alyň-da ötägidiň. Arzygüliň ýoknasyz sözi bu gezek gelenleriň halys degnasyna degdi. Ejebaý:
— Arzygül daýza, paty-putymyzy alyp gitmelimi ýa goýup, ony Bahar gelen soň çözeris. Gaçyryň şony, ýogsa-da ýanyna özüm barjak – diýdi. Goňşulary ara düşdi:
— Bor ýaly bolsa ylalaşaýyň. Soňam gatnaşjak ýeriňiz? – diýip, ol hiç kime seretmän aýtdy.
— Wah, ylalaşar ýaly bolsa bizem adam-a. Aý owarram diýip, çem gelen zady göterip gelip, dyzaşyp durmak bolmaz-a.
— Bar bahanaňyz şol gapak ýaly gülýaka dirän bolsa, onda biziňem sizi tanamadygymyz, men asyl gyzy görmän gitjek däl. Onsaňam paty-puty diýip, diliňizi uzatmaň. Biz zadyň adamy däl, ýöne olam siziň terbiýäňizi alan bolsa onda doganjygymyň dat gününe:
— Ejebaý jan, hany giňräk bol – diýip gelnejesi dillendi.
Ahyrda Ejebaý Arzygül bilen sanaşyp oturmagy özüne kiçilik bildi-de, gop berlen ýaly ýerinden galyp jaýdan çykyp gitdi.
Ejebaý gyzy törki jaýdan tapdy. Bahar törde ylla diýersiň aý dogan ýaly bolup otyrdy. Ol Ejebaý bilen çalaja başyny galdyryp salamlaşdy. Gyz mürähet etse-de, Ejebaý oturmady. Oňa gülýakany uzatdy. Bahar gülýaka nazaryny aýlasa-da, ony eline-de alman;
— Ejebaý, gaty görmeseň, bazardan özüm saýlaýyn-la — diýdi.
Gaýtdylar. Bu gezek olar özlerini kowlandanam beter duýdular. Ýöne bu ýagdaýy ýene Sanjardan gizlediler.
Bir gün ýigit ejesinden süşürintgilerini sorady. Ol ýylgyryp:
— Eje, hany bir baýlyjygymyzy göreli, toý-soý sowarlyk galypmy – diýdi. Galmadygyny bilýärdi, ýigidiň degişesi gelýärdi. Ýöne toý mekanynyň ugruna çykyp ýöreni hakdy. Emma ejesiniň uzadan puluny sanap, ýigidiň ýüzi üýtgedi gitdi. Ol geplemedi-de ejesiniň ýüzüne köp manyly seretdi. Bu onuň „galanlary nirede?” diýdigidi.
Aýna hamala diýersiň ony özi üçin sowan ýaly, müýnürgäp gümürtigräk jogap berdi. Toý üçin ownuk-uşak alan zatlaryny sanan boldy.
— Eje, bujagaz baýlyk bilen iliň öňüne çykyp bolmaz.
— Karyz-kowal alarsyň-da oglum. Gyzylam gymmatlaýdy-da bumat.
— Gyzyl gymmat? Şeý diý-de düşnükliräk aýt-da. Oňa gyzyl nämä gerek eje, şonsuzam onuň boýny doly ahyryn. Sanjaryň aýdýanynyňam jany bardy. Baharlar gurply ýaşaýardy.
Ýigit ejesine näme diýjegini bilmedi. Ýöne onuň buýtar-suýtar edip durşundan, salyk ýüzünden göwnüne degilenini aňdy.
— Bu zatlary maňa öň duýduraýmala, eje — diýip, Sanjar närazy dillendi. Ol Bahar bilen duşuşmagy ýüregine düwdi. Emma gyz çakylyga gelmedi.
Ikinji gezek çagyrmady. Oňa telefonyň üsti bilen hat ýollady. Ýagdaýyny bilip durka, gyzdan beýle zada garaşmadyk ýigit, ondan göwni galansoň, gatyragam diýäýdi:
„Bahar, men seni tanadym, wagtynda tanasam ýagşy. Sen bu döwrüň adamy däl. Başga dünýäde gezip ýörsüň. Töweregiňe, durmuşa göz aýla-da, akylyňa, oňarmasaň akylla geňeş, beýniňi durla. Şonda men seni taparyn”.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar