Главная »
2019 » Aprel » 3 » Dyrnak gemirme endigi siziñ saglygyñyza howp salyp biler
07:55 Dyrnak gemirme endigi siziñ saglygyñyza howp salyp biler |
DYRNAK GEMIRME ENDIGI SIZIÑ SAGLYGYÑYZA HOWP SALYP BILER...
● Dyrnaklaryny gemre-gemre ölmeli boldy...
Dyrnak gemirme endigi siziñ saglygyñyza howp abandyryp biler. Eger şeýle endiginden el çekibilmeýän tanşyñyz bar bolsa, bu diñebir onuñ dyrnagynyñ daşky görnüşine täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, ömrü-de şol endige bagly bolup biler!
Jon Gardener diýen adam lukmanlaryñ birnäçe gezek beren duýduryşlaryna garamazdan dyrmak gemirme endigini taşlamadyk kyrk ýaşlaryndaky adamdy. Hut şonuñ üçinem ol dyrmak gemirmeden dörän infeksiýadan öldi! Bu halk köpçüligini haýrana goýdy! Onuñ dyrnagyndan agzyna düşen infeksiýalar ýüreginiñ togtamagyna getirdi.
Bu endigiñ howply bolmagynyñ birnäçe sebäbi bar. Lukmanlar Jon Gardeneriñ dyrnaklarynyñ we barmaklarynyñ ganaýan ýerlerine üns bermändigini aýdýarlar. Bu endik onuñ diñe dyrnaklaryny ýok etmedi, şol bir wagtyñ özünde kem-kemden barmak uçlaryny-da ýok etdi we olaryñ yzasy gitdigiçe güýçlendi.
Lukmanlar "Jonyñ dyrnaklarynyñ hemişe diýen ýaly gözgyny ýagdaýdadygyny, ýygy-ýygydan gan ýitirendigini" aýdýarlar. Birmahallar Jonyñ öz aýdyşy ýaly muny endigine öwrüpdir. Onuñ depressiýa girende dyrnak gemirşi dagy adaty wagtdakysyndanam gözgyny bolupdyr...
Soñabaka ganamalar erbetleşýär we ýaralarynyñ birine infeksiýa düşýär. Ol suw señrikden agyp boljak iş bolansoñ antibiotokler alypdyr, emma olam oña peýda etmändir. Şeýlelikde lukmanlar onuñ barmaklarynyñ ujuny kesmäge mejbur bolupdyrlar. Gardener ilkibaşda özüni erbedem duýmandyr, emma kyrk ýaşyndan geçensoñ alnan bejergilerem ýaşlykdaky ýaly bolmajagy köre hasa. Şeýdibem bu ýaramaz endik onuñ ömrüniñ ýarpy ýolda kesilmegine sebäp boldy.
Belki-de, bu gysgajyk ýazgyny okandan soñra, dyrnak gemirme endigiñiz bar bolsa, azajygam bolsa tisginseñiz gerek, eger dyrnak gemirme endigi bar bolan tanşyñyz bolsa, onda olary-da şular ýaly ýazgydan habardar etseñiz bähbitli bolardy. Çünki akylly adam başgalaryñ başyna düşen işden sapak alar. Galyberse-de türkmende "Bidöwletiñ bolşy döwletlä sapakdyr" diýen ýaly aýtgy bardyr...
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Medisina
|
Категория: Medisina |
Просмотров: 595 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 4.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Medisina bölümiň başga makalalary