23:39 Edebi aragatnaşyklar | |
EDEBI ARAGATNAŞYKLAR
Edebiýaty öwreniş
Halkymyzyñ beýleki halklar bilen edebi gatnaşyklar problemasy häzirki döwrüñ wajyp çözülmeli meselesidir. Halkymyzyñ edebi aragatnaşygyny öwrenip, akademik Ý.E.Bertels, halypa alymlarymyz S.Durdyýew, N.Gullaýew, A.Meredow... dagy birnäçe işleri etdiler. Ýöne ol işler halkymyzyñ edebi aragatnaşyklar problemasyny öwrenmegiñ başlangyjydyr. Dogrusyny aýtsak, bu problema şu çaka çenli ünsden düşürilip gelindi. Sowet döwründe halklaryñ edebi gatnaşyklarda eden täsiri birtaraplaýyn öwrenildi. Hatda ýerli alymlarymyz klassyk şahyrlarymyzyñ dessanlaryny, folklor eserlerimizi derñew edenlerinde, ol eserleriñ sýužetini araplardan-parslardan alnan hasap edýärdiler. Ýöne näme üçin başga halklar bize täsir etmeli-de, biz olara täsir etmeli däl? Taýagyñ iki ujynyñ bardygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Halkymyzyñ edebi gatnaşyklar taryhyny yzarlanyñda, Oguz imperiýasyny döreden türkmenler öz golastynda bolan hytaý, mongol, koreý, wýetnam, ýapon halkynyñ medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna uly täsirini ýetiripdir. Bu imperiýany döreden halkymyzyñ esasy bölegi oguz (öküze uýmak) dinine uýsa-da, olaryñ arasynda hem köp dinlilik höküm sürüpdir. Ata-babalarymyzyñ dini ynanjynyñ birem asmana, Tañra uýmakdyr. Bu dini ata-babalarymyz Oguz imperiýasyna ýaýradypdyrlar. Hatda häzirki döwürde bu halklaryñ folklorynda hem bu dini ynanç güýçli. Ynha, biziñ elimizde rus dilinde çyjan wýetnam halk ertekileri. Hatda bu kitabyñ içindäki "Akylly oglanjyk", "Bu menmi, ýa monah?", "Az soran köp alar", "Görlüp-eşidilmedik ýylan" ýaly onlarça ertekileriñ mazmuny sähelçe tapawut bileb öz folklorymyzda hem bar. Bu meñzeşlik gözbaşyny Oguz imperiýasy döwründen alyp gaýdýar. Iki eýýamyñ sepgidinde 475 ýyl dowam eden Parfiýan imperiýasy diñe bir öz eýelän territoriýasynda däl, hatda dünýä ýüzünde hem bu döwletiñ medeniýeti, sungaty, edebiýaty agalyk edip, ähli ýere öz täsirini ýetiripdir. Dogry III asyryñ başlaryna Parfiýan imperiýasy ýykylyp, Sasanylar dinastiýasynyñ gelmegi bilen, olardan galan edebi miras rehimsiz parslaşdyrylan hem bolsa biziñ günlerimize gelip ýetenleri bar. ("Geçi hem hurma agajy", "Zeririñ hatyrasyna" dessanlaryny ýada salalyñ). Sasanylaryñ köşgünde işlän Parbat günde bir aýdym-saz döredip, dünýä ýüzüni haýrana goýupdyr. Araplaryñ gelmegi bilen Parbat (Babagambar) Ala hyzmat edipdir. Türkmenleriñ arasynda aýdym-sazyñ piri hasaplanýan Babagambar Alynyñ dünýä meşhur Düldül atynyñ hem seýisçisidir. Aýtmaklaryna görä, Babagambaryñ aýdym-sazyna diñe bir adamlar maýyl bolman, Düldül at hem onuñ aýdym-sazyny diñläp, her hili oýunlar eder ekeni. Asly türkmeniñ par taýpasyndan bolan Parzuýa Sasanylar edebiýatynyñ kemala gelmeginde uly rol oýnapdyr. Hatda hindileriñ meşhur "Kalila we Dimna" atly eserini pars diline terjime edip, ýörite özündenem birnäçe bölüm goşup, dünýä ýaýradan hem türkmen alymy Parzuýadyr. Gaznawylar we Seljuklar imperiýasy döwründe pars dilinde eser döreden ýazyjylarymyz bu dile öz ene (türkmen) dilindäki rowaýatlardyr legendalaryny terjime edip, öz eserlerinde ussatlyk bilen ulanypdyr. Şol sebäpli aslynda biziñ ata-babalarymyzyñ döreden Oguz han, Rüstem Zal, Alp Är Töññe, Görogly ýaly şahslar bilen baglanyşykly rowaýatlardyr legendalary dünýä ýüzüne özüniñ berk täsirini ýetiripdir. Ady tutulan gahrymanlaryñ ilki bilen türkmenlere degişlidigini bolsa Ý.E.Bertels özüniñ işlerinde ylmy esasda kemsiz subut etdi. Mundan başga-da türkmen-pars folklorynda hem uly meñzeşlik bar. Türkmen dilindäki "Bir elde iki garpyz tutdurmaz", pars dilinde "Kes ber nedaşat ba ýek dest do harbuze", "Dokuñ açdan habary ýok" ~ "Sir ez goresnä habar nedored", "Ýylan çakan adam, alaja ýüpden gorkar" ~ "Adami mari gezide ez risman-i sefid-u syý mitersed" ýaly ýüzlerçe nakyllar şol durşuna gaýtalanýar. Ý.E.Bertels pars edebiýatynyñ kemala gelmeginde türkmenleriñem uly hyzmatynyñ bardygynh ylmy esasda subut etdi. Biz Ý.E.Bertelsiñ bu aýdanlarynyñ üstüne türkmenleriñ pars folklorynyñ kämilleşmeginde hem uly paýy bar diýip goşasymyz gelýär. Sebäbi 250 ýyllap dowam eden Gaznawy-Seljuklar imperiýalary döwründe türkmenler diñe bir pars dilinde çeper eser döretmegiñ ussady bolman, olar pars dilinde uly ussatlyk bilen her hili manyly jümleleri, pähimleri, atalar sözüni döredipdirler. Kesäýi Merwezi, Emir Muizzi, Enweri, Abu Sahyt Mähneýi, Muhammet Nesewi... ýaly ýüzlerçe şahyrlarymyz pars dilinde eser döretmekligiñ ussady bolupdyrlar. Şol sebäpli Parfiýan imperiýasy ýykylandan soñra (III asyrdan tä XVI asyra çenli) Alyşir Nowaýynyñ döwrüne çenli türkmen edebiýaty pars edebiýatyna täsirini ýetirmän, ol döwürdäki pars edebiýaryny ýazyjy-şahyrlarymyzyñ hyzmatyny nazara almazdan tutuşlaýyn öwrenmek mümkinem däl. VII asyryñ ortalarynda araplaryñ gelmegi bilen türkmen-arap halklarynda diñe bir dini meñzeşlik emele gelmän, hatda bu iki halkyñ medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda bitewilik kemala gelipdir. Alymlaryñ biragyzdan tassyklamagyna görä, araplaryñ medeniýeti Orta Aziýany basyp alan döwründe ýerli halklaryñ medeniýetden has pes ekeni. Ýöne Ý.E.Bertelsiñ tassyk etmegine görä, araplar çeper poeziýany döretmegiñ ussady hem ölemen aşygy bolupdyrlar. Şonuñ üçin olar ýerli halkyñ söýgüli gahrymanlarynyñ adyna berilýän rowaýatlary örän çeperçilik bilen Alynyñ, Sagdy Wakgasyñ adyna geçiripdirler. Orta Aziýa halklarynda öñden bar bolan kämil ertekileriñ sýužetlerini täzeden işläp yslamlaşdyrypdyrlar. Mysal üçin, araplar dünýä ýüzünde meşhur "Müñ bir gije" ertekisiniñ sýužetini şu toprakdan ýygnapdyrlar. Araplaryñ meşhur şahyry Abu Tammam özüniñ eserleriniñ sýužetini şu toprakdan ýygnanlygyny gizlejegem bolmandyr. Asly türkmenlerden bolan Abu Bekir as-Suly, Ybraýym as-Suly, Ebu Mansur Salyby, Muhammet Horezmi, Muhammet Faraby, Muhammet Zamahşary ýaly ýüzlerçe alymlar diñe bir türkmenleriñ arasynda däl-de, tutuş Yslam dünýäsinde belli şahsyýetlerdir. Mamun 813-nji ýylda ildeşlerimiziñ ýardamy bilen yslam halyfy bolupdyr. Hatda Mary 813-818-nji ýylda bäş ýyllap ähli Yslam halklarynyñ paýtagty bolupdyr. Biziñ şu toprakdan giden ildeşlerimiziñ ýüzlerçesi Orta asyrlar döwründe ylmyñ-bilimiñ, medeniýetiñ, sungatyñ, edebiýatyñ pajarlap ösmegi üçin uly hyzmaty edipdirler. Merw bolsa 200 ýyllap (XI-XIII as.) Yslam dünýäsiniñ medeni merkezi bolupdyr. Hatda bu döwürde Muhammet Zamahşary ýaly alymlarymyz aral nakyllaryny, grammatikasyny ylmy esasda öwrenipdir. Muhammet pygamberimiziñ iñ ynamdar hadyslaryny toplapdyr. Şol sebäpli dünýäniñ çar künjegine ýaýran türkmenler goñşy halklaryna täsirini ýetirip, täsirem alypdyrlar. Elbetde, biz başga halklaryñ bize täsir edenligini inkär etjek bolamzok, ýöne islendik halklaryñ täsirlenmesi ikitaraplaýyndyr. Şonuñ üçin türkmen edebiýatyny ylmy esasda dogruçyl öwrenmek üçin halklaryñ edebi aragatnaşyklar meselesini obýektiw ikitaraplaýyn öwrenmelidiris. Munuñ üçin bolsa alymlaryñ birleşen tagallalary zerur. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. #watan | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |