09:50 Edebi mirasymyzyñ çeşmeleri | |
EDEBI MIRASYMYZYÑ ÇEŞMELERI
Edebiýaty öwreniş
Türkmen edebiýatyny dolulygyna öwrenmek üçin edebi miraslarymyzyñ haýsy dillerde döredilendigini aýyl-saýyl etmek gerekdir. Halkymyzyñ gadymy ata-babalary bolan ýerli sak-massaget, dah, pari... ýaly gadymy taýpalarymyzyñ hiç haçanam haýsydyr bir başga dilde geplemänligini, elmydama türkmen dilinde gepläp, türkmen ruhunda ýaşanlygyny hakykatyñ hatyrasyna aýtmak gerek. Dogry, ata-babalarymyz bolan parlaryñ esaslandyran Parfiýan imperiýasynyñ ýykylmagy bilen ýazyjy-şahyrlarymyz ilki pars dilinde (III-VII asyr), soñra arap dilinde (VII-XV asyr) çeper eser döredipdirler. Hatda 750 ýyldan soñ häkimligi ele alan Gaznawy-Seljuk türkmenleriniñ döreden imperiýasynda-da pars dili edebi dil hökmünde ulanylypdyr. Şol sebäpli Gündogar edebiýatyny ilik-düwme öwrenen akademikler Ý.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç, I.N.Borozdin... ýaly halypa alymlar arap-pars dillerindäki edebiýaty dolulygyna şol halklara bermegiñ nädogrudygyny, arap-pars dillerindäki edebiýatda türki halklaryñ, şol sanda türkmen halkynyñam mynasyp paýynyñ bardygynu adalatly belläpdirler. Türkmen alymlarymyzdan Sary Durdyýew, Aşyrpur Meredow, Nazar Gullaýew, Tejen Nepesow, Gandym Gurbanow ýaly halypalarymyz 70-80-nji ýyllarda orta asyrlar döwründe ýaşap, dürli sebäpler bileb arap-pars, hindi, ýunan (grek) dillerinde eser döreden ýazyjy-şahyrlarymyzyñ ýüzlerçesi hakynda maglumat berdiler. Biz asly türkmenlerden bolan Gaznawy-Seljuklar imperiýasy döwründe-de ýazyjy-şahyrlarymyzyñ näme üçin pars dilinde eser döredendikleriniñ sebäbini anyklamaga çalşalyñ. Bilşimiz ýaly, Parfiýan imperiýasy ýykylandan soñra ýedi ýüz elli ýyldan soñ gysga wagtlaýyn häkimligi eýelän Gaznawylar (980-1040 ý.) olary agdaryp, tagta çykan Seljuk soltanlaram pars dilinden ýüz öwürmän, gaýtam bu dili ösdüripdirler, çünki tas sekiz asyra golaý edebi dil bolan pars dilinden el çekmek mümkinem däldir. Özleri türkmen bolsalar-da Seljuk soltanlary birbada pars diliniñ edebi dil bolmagyna päsgel bermändirler. Hatda Ý.E.Bertels Seljuk türkmenleriniñ döreden Seljuklar edebiýatynuñ pars diliniñ edebi dile ösüp geçmeginde ullakan hyzmat bitirendigini ýörite belläpdir. Seljuklar edebiýatyny öwrenen alymlaryñ tassyklamagyna görä, Seljuk soltanlary häkimlige geçen döwürlerinde köşk düzgünini, döwlet dolandyryşyny, döwlet (pars) dilini gös-göni kabul edipdirler. Emma Seljuk soltanlary kem-kemden häkimlikde berkäp, olar tutuş imperiýany türkmenleşdirip başlapdyrlar. Biziñ pikirimizçe, Mahmyt Kaşgarynyñ "Diwan-e lugat et türk" diýen eserindäki oguz (türkmen) dilindäki mysallar şol döwürde kemala gelenliginiñ subudydyr. Ý.E.Bertelsiñ aýtmagyna görä, Seljuklar döwründe Oguz grammatikasyna hem sözlügine degişli 20-ä golaý kitap ýazylypdyr. Ýöne, gynansak-da, olaryñ köpüsi biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Eýýäm XII asyrda Hoja Ahmet Ýasawy, Hekim Ata ýaly türkmen şahyrlarynyñ öz ene dilinde köpçülikleýin eser döretmekleri bilen Seljuklar imperiýasynda pars dili ikinji plana geçipdir. Köşkde diñe türkmen dili agalyk edip ugrapdyr. Haýp, mongollaryñ gelmegi Seljuklar imperiýasynyñ tutuşlygyna türkmenleşmek prosesiniñ öñüni alypdyr. XIV-XV asyrda Teýmirleñiñ häkimiýeti eýelän döwründe-de ýene pars dili edebi dil hökmünde orta çykypdyr. Şeýlelikde edebiýatda pars dili Alyşir Nowaýynyñ syýasy hem edebi arena çykan döwrüne çenli (1490 ý. çenli) agalyk ediji häsiýetde dowam edipdir. Şonuñ üçinem türkmenler ata-babalarymyzyñ esaslandyran Parfiýan imperiýasynyñ ýykylmagyndan (III asyryñ başy 225-nji ýyl) tä XV asyryñ ahyryna çenli ~ şahyrlarymyz öz ene dillerinde eser döretmeklikden mahrum bolupdyrlar. Ýöne bu döwürde pars diliniñ edebi dil bolanlygyna seretmezden, Ý.E.Bertelsiñ, I.N.Borozdiniñ tassyklamagyna görä, ösen folklorymyz bar eken. Munuñ şeýledigini pars diliniñ edebi dil döwründe-de Mahmyt Kaşgarynyñ "Diwan-e lugat et türk" diýen eserinde 300 sany türkmen diline degişli atalar sözüdir nakyllary toplamagam subut edýär. Onuñ toplan: "Kökge sütse ýüzge tüşer", "Kut bilgusi bilik", "Korkmuş kişige koý başy koşa körüner"... ýaly onlarça gadymy türkmen dilimizdäki nakyllardyr atalar sözümiz şu günki günlerimizde-de az-kem tapawut bilen ulanylýar. Şol sebäpli ýazyjy-şahyrlarymyzyñ haýsy dilde eser ýazanlygyna seretmezden, biziñ türkmen dilimiz folklorymyzda ösüşini dowam edipdir. Türkmen ýazyjy-şahyrlary haýsy dilde eser döredenligine garamazdan, özleriniñ milli däp-dessur aýratynlygyny saklapdyrlar. Ata-babalarymyz arap-pars dilindäki goşgy düzüliş kadalarynyñ täze ölçeglerini tapypdyrlar. Mysal üçin, Alyşir Nowaýy "Aruz ölçeginiñ aruzwariý şahasynda goşgy düzmeklik diñe türkmenler mahsus" diýip ýazan bolsa, Bertels: "Arap-pars dillerinde eser döreden türkmenler şol dillerde goşgy düzüliş kadalarynyñ täze formalaryny döredipdirler. Ol goşgy düzüliş formalary araplardyr parslaryñ özleri üçinem näbelli eken" diýip ýazýar. Şeýlelikde biz ata-babalarymyzyñ diñe bir türkmen dilinde däl, beýleki dillerde-de eser ýazmaklygyñ ussady bolandygyny çekinmän aýdyp bileris. Şol sebäpli türkmen edebiýatyny diñe bir ene dilimizdäki edebi mirasymyzyñ üsti bilen öwrenup bilmeris. Ýazyjy-şahyrlarymyzyñ arap-pars, hindi, ýunan, rus dillerinde eser döredenligini-de hasaba almalydyrys. Şonuñ üçin ata-babalarymyzyñ şertli bolsa-da, näwagt haýsy dilde eser döredenligini anyklamaga synanşalyñ. Ata Watanymyzdan dürli sebäpler bilen göçmäge mejbur bolan Oguzlar Hytaýda, Mongoliýa sebitlerinde ýaşap, ol ýerde ilki Oguz han (b.e.öñki 3400) soñra Hunlar (b.e.öñki III-II asyr), has soñra VI-VII asyr aralygynda Orhon-Ýeniseý derýalarynyñ boýunda Türk kaganatlygyny esaslandyryp, ol ýerdr ildeşlerimiz Oguz edebiýatyny kemala getiripdirler. Dünýä belli Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärligi Oguz edebiýatynyñ bir ülüşidir. Oguz ildeşlerimiziñ ýerli hytaý-mongol dillerinde-de eser döredendiklerini bellemelidiris. B.e.öñki IV asyrda Aleksandr Makedonskiniñ Türkmenistany basyp almagy netijesinde Strabon, Gerodot, Kiseleý ýaly grek alymlary ata-babalarymyz bolab sak-massaget dessanlaryny öz dillerine geçirip, Gresiýa äkidipdirler. Şonuñ üçin gadymy ata-babalarymyzyñ döreden "Tumar", "Şirak", "Odotida we Zeriadr", "Zerinaý hem Strengeý" ýaly dessanlarymyzyñ ygtybarly nusgasy bolan ýunan çeşmelerinde häzir hem saklanýar. Mundan başga-da Baýram han, Abdyrahym, Jelaleddin Rumy, Nesimi... ýaly meşhur şahyrlarymyz ýunan (grek) dilinde-de eser döredipdirler. Parfiýan imperiýasynyñ ýykylmagy bilen ata-babalarymyz III asyrdan tä XVI asyra çenli, esasan pars dilinde eser ýazypdyrlar. Şol sebäpli orta asyrlar döwründäki edebi mirasymyzyñ esasy bölegi pars dilindedir. VII asyryñ ortalaryna araplaryñ gelmegi bilen ata-babalarymyz bu döwürden tä X asyryñ ortalaryna çenli arap dilinde eser döredipdirler. Abu Mansur Salyby, Muhammet Zamahşary, Abdyrahman al Hazyny... ýaly onlarça ildeşlerimiziñ eserleri arap dilindedir. XIII-XVII asyrda Türkiýede ýaşan Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Garajaoglan ýaly birnäçe şahyrlarymyz türkmen-türk, arap-pars, grek dillerinde kämil eserler döredipdirler. XVI-XVIII asyrda Hindistanda ýaşan ildeşlerimiz hindi, sanskrit, grek dillerinde hem ussatlyk bilen eser döredipdirler. Baýram han, onuñ ogly Abdyrahym, Ýolguly Enisi ýaly onlarça şahyrlarymyz agzalan dillerde eser döretmekligiñ ussadydyrlar. XX asyrda kommunistleriñ gelmegi bilen ýazyjy-şahyrlarymyzyñ bir bölegi rus dilinde hem eser ýazdylar. Şeýlelikde, biz ähli aýdanlarymyzy jemläp, türkmen edebiýatynyñ taryhyny öwrenenimizde türkmen, hytaý-mongol, grek (ýunan), arap, pars, türk we rus dillerindäki edebi miraslarymyz diýip bölüp öwrenmelidiris, çünki şol dillerde ata-babalarymyzyñ döreden edebi mirasy bar. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. #watan_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |