23:27 Edebi tankyt hakda oýlanyp... | |
EDEBI TANKYT HAKDA OÝLANYP...
Edebi tankyt
Edebi tankyt hem tankytçylar hakynda örän ýygy-ýygydan gürrüň edilýär. partiýa dokumentlerinde hem, ýazyjylaryň ýygnanyşyklarynda hem, okyjylaryň gürrüňlerinde hem edebi tankydyň ykbalky üns merkezinden düşmän gelýär. “Il agzy keramat” diýlişi ýaly, şeýle yzygiderli, ýürekdeş hem aladaly gürrüňleriň ýöne ýerden edilmeýändigi belli zat. Bizde edebi tankyda, tankytçynyň iňňän kyn, çylşyrymly, hysyrdyly işine ýokary baha berilýär. men ýaňy-ýakynda “W.I.Lenin we A.M.Gorkiý” diýen hatlaryň, ýatlamalaryň, dokumentleriň ýygyndysyny ýene bir gezek okap çykdym. Beýik serdarymyz biledn ajaýyp sowet ýazyjysynyň edebi hyzmatdaşlygynyň, janypkeşikli dostlugynyň, çeper döredijilik barasyndaky ýadawsyz aladalarynyň şaýady bolan bu ýygyndynyň içinden edebi tankydyň meseleleri eriş-argaç bolup geçýär. elbetde, şol dokumentler hemmä belli bolsa-da, “Gaýtalamak öwrenmekligiň enesidir” diýen parasatly nakyldan ugur alyp, biz beýik Leniniň edebi tankyt dogrusyndaky dürdäne sözleriniň käbirini getirmek isleýäris. W.I.Lenin A.M.Gorkä ýazan hatlarynyň birinde “edebi tankyt hem partiýa işi bilen, partiýa ýolbaşçylygy bilen ysnyşykly baglanyşdyrmagyň zerurdygyny” nygtap geçýär. W.I.Leniniň edebi tankyda jogapkärli garaýşy onuň A.W.Lunaçarskä ýazan hatyndan hem aýdyň görünýär. beýik serdar “Proletaride” edebi-tankydy bölümi hemişelik bölüm etmek, onuň ýolbaşçylygyny bolsa, A.M.Gorkä tabşyrmak hakynda arzuw edendigini aýdýar. Ilkinji gezek W.I.Lenin tarapyndan edilen uly alada partiýamyzyň edebiýat barasynda çykaran kararlarynyň ählisinde diýen ýaly täzeçe ýaňlandy, täze öwüşgin tapdy. N.S.Hruşýowyň edebi tankyt hem onuň düýp maksatlary, wezipeleri dogrusynda aýdan gymmatly sözleri hemmämiziň ýadymyzdadyr. Partiýa we hökümet ýolbaşçylarynyň sowet intelligensiýasynyň wekilleri bilen 17-nji iýylda bolup geçen duşuşygynda M.A.Suslowyň edebi tankyt barasynda eden bellikleri partiýamyzyň edebiýatyň bu möhüm pudagy üçin mähirli aladalarynyň täze subutnamasy boldy. “Tankyt talapedijilikli we prinsipial bolmalydyr, ...halkyň bähbitlerinden ugur almalydyr. Emma tankyt aladaly we ünsli bolmalydyr, hudožnigiň ýolunda ýüze çykýan real kynçylyklara aýdyň düşünmelidir, hudožnige başardan zady görmegi we oňa guwanmagy başarmalydyr”. Ine, partiýamyz sowet tankytçylaryndan şuny talap edýär! bu talap şol bir wagtyň özünde at-owazasy dünýä ýaýran, iň ýokary ideýalay we çeperçilikli sowet edebiýatynyň, ajaýyp sowet hakykatynyň talabydyr! Şeýle ýerlikli islegleriň, talaplaryň döwründe ýaşaýan biziň edebi tankydymyz – ähli sowet edebi tankydynyň aýrylmaz bir pudagy bolan türkmen edebi tankydy özüniň talapedijilik, prinsipiallyk, aladalylyk, dykgatlylyk wezipelerini nähili ýerine ýetirýär, başga hili aýdylanda, ol ýazyja nähili kömek edýär. ine, şu soraglara jogap hasabynda türkmen edebi tankydy hakynda käbir pikirler aýtmak isleýäris. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, biziň edebi tankydymyzda hem belli janlanma duýulýar. Edebiýatçylarymyzyň-tankytçylarymyzyň janypkedşlikli zähmetleriniň miwesi bolan aýry-aýry makalalar ýygyndylaryny gözü öňünde tutmanymyzda hem, ýagny san hasabynyň ýokarlanandygyny aýtmanymyzda hem, tankydy makalalaryň hili gowulandy, olaryň janly edebi proses bilen arabaglanyşygy ýakynlaşdy. entek haýal-ýagalyrak, çekinjeňräk hem bolsa, tankytçylarymyz ýazyjylarymyzyň döredijilik laboratoriýalaryna aralaşmaga, olaryň döredijilik manerasyny, stilini, özboluşlylygyny analizlemäge höwesjeň ýapyşdylar. tankytçylarymyz täze çap edilen kitaplar barasynda ýylysy bilen öz pikirlerini aýdýarlar. Tankytçynyň täze eser, täze ýygyndy babatynda aýdýan pikirleri, edýän ýerlikli bellikleri bir wagtyň özünde ýazyjy üçin-de, okyjy üçin-de uly peýda berýär. Biziň edebi tankydymyz käbir eserlerde hakykatyň galplaşdyrylmagyna, ýazyjylaryň durmuşdan üzňeligine, häzirki zamanyň aktual meselelerinden çetde durmaklaryna garşy üzül-kesil, batyrgaý göreş alyp barýar. Edebi tankydyň ýazyja berýän peýdasy, edýän kömegi barasynda köp mysallar getirip görkezmek bolardy. Ýöne welin, bizi başga bir mesele ynjalyksyzlandyrýar: gürrüň tankydyň ýazyja kömegi babatynda gideninde, şol kömegiň anyk mysallary sanalanda, “pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli” diýlişi ýaly, näme üçindir, uzaga gidip bolmaýar, başga hili aýdylanda anyk mysallary sanamak üçin diňe bir eliň barmaklary hem ýeterlik bolup durýar. Munuň sebäbini nreden agtarmaly? Şahyryň döredijiligine düşünmek isleýän adam onuň watanyna gitmelidir diýlip köne aýdymlartyň birinde aýdylýar. Birbada göräýmäge, bu sözler bize, tankytçylara degişli däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi sowet ýazyjylary – şahyrlar, prozaçylar, dramaturglar, tankytçylar bir howadan dem alýarlar, bir saçagyň başyndan örýärler, umumy edebiýatyň – sowet edebiýatynyň tagallalary bilen ýaşaýarlar. Emma welin, ýokarda getirilen sözleriň başga manysy bar. obrazlaýyn aýdylanda, sowet ýazyjysynyň ýurdy onuň kitabydyr, eseridir. diýmek, tankytçy hem öz galamdaşyna düşünmek üçn onuň “ýurdunyň” – eseriniň, kitabynyň içine çuňňur aralaşmalydyr, şol eseriň, kitabyň hakyky mansyny, problemasyny, bähbitlerini hem pikirlerini, gözelligini hem nogsanly ýerlerini ýüregi bilen aňlamalydyr, başarjaňlykly hem özüne çekijilikli analiz bilen eseriň ideýasyny-da, çeperçiligini-de özünde jemleýän gözbaşy tapmalydyr. Diňe şeýle edilende tankytçynyň zähmeti hakyky maksada gulluk edip bilýär. Diňe şeýle edilende tankytçy ýazyja, okyja kömege ýetişýär. Biz başda goýan soragymyza tankytçynyň ýazyja kömeginiň anyk mysallarynyň näme üçin diňe barmak basyp sanaýmaly derejede azdygy hakyndaky soragymyza dolanyp gelenimizde, şeýle ýagdaýyň esasy sebäbini tankytçylarymyzyň “ýürek bilen aňlamak”, “başarjaňlykly hem özüne çekijilikli analiz etmek”, “gözbaşy agtarmak” ýaly düýpli meselelerden sowlup geçýändikelri bilen düşündirmek bolar. Türkmen edebi tankydynyň esasy önümi täze eserlere ýazylýan synlardyr. Syn, syn, ýene-de syn... Dogry, bu ýerde geň göresi zat hem ýok. çünki edebi syn edebi tankydyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Emma welin, şol synlary okanyňda, biziň tankytçylarymyzyň öz döredijilikleriniň üstünde gowşak işleýändiklerini, şol leji çykan tärlerden saplanyp bilmeýändiklerini, ştampyň akymy bilen gidip, syn ýazylýan eserdäki häsiýetli aýratynlygy, täzeligi, originallygy görmeýändiklerini aňlamak bolýar. Lap edip aýtdygymyz däl, biz täze kitaplaryň, eserleriň hemmesini diýen ýaly bir ülňi bilen biçýäris, netijede metbugatda peýda bolýan synlaryň aglabasy dürli awtorlar tarapyndan dürli wagtlarda dürli kitaplar hakynda ýazylandygyna garamazdan, edil bir almany iki bölen ýaly biri-birlerine meňzeş bolup çykýar. Şeýle bir galypdan çykýan standart synlaryň tankydyň hem tankytçylaryň abraýyny dökýändigi hakynda bize okyjylar hem, tankyt bilen gyzyklanýan beýleki adamlar hem, ýazyjylaryň özleri hem aýdýarlar, onda-da gynanç bilen, uly howsala bilen aýdýarlar! Dogrusy, howsala düşmezçe, gynanmazça hem däl. Edebiýat bazaryna çykarylýan şeýle synlaryň sany ýylsaýyn artýar, redaksiýalar bolsa olary “dannawsyz satyn alýarlar”. Ýagdaýdan peýdalanyp men syn ýazmak üçin eline galam alan kärdeşlerime käbir soraglar bilen ýüzlenmek isleýärin. Eser bitewi, böleklere bölünmeýän çeper organizmdir. Şol organizmiň ýazyjynyň döredijiliginde tutýan orny nähili, onuň şol ýazyjynyň döreden beýleki eserleri bilen ganybir garyndaşlygy niçik? Siziň syn ýazýan eseriňiz umumy edebiýatyň ösüşine nähili täsir ýetiripdir? Ine, täze talap biziň öňümizde şeýle soraglara aýdyň, esasly jogap bermek wezipesini goýýar. Biziň edebi tankydymyzyň başga bir düýpli ýetmezçiligi hem bar: bir çeper esere diňe many taýyndan baha bermäge endik edipdirler. Netijede biziň edebiýatçylarymyzyň arasynda B.Kerbabaýewiň “Nebitdag” romany “nebit hakynda”, ýaş şahyr B.Hudaýnazarowyň “Gyzgyn sähra” poemasy “Garagum kanaly hakynda”, H.Derýaýewiň “Ykbal” romany “türkmen gyzy hakynda” ýazylan eserler diýen pikirler kök urupdyr. Edil şeýle “temalara” bagyşlanan eserleri gözüňi ýumup sanap oturmaly, şeýle eserler bizde hem bar, doganlyk respublikalarda hem bar. Eýsem her bir ýazyjynyň umumy temanyň içinden saýlap tutan temasynyň indiwidual aýratynlygy nämeden ybarat? Şu soraga jogabyň örän haýal agtarylýandygy nebsiňi agyrdýar. Synlaryň asla böwşeňlemeýän akymy biziň tankytçylarymyzy edebiýatymyzyň düýpli, problemalaýyn meselelerini işlemekden hem çetleşdirmeýär. Bu hakda örän kesgitli aýtmak gerek. Edebiýatyň problemalaýyn meselelerini çözmäge tankytçylaryň özleriniň gowşak deprenýändiklerini aýdyp oturasy iş ýok. Ýöne welin, Ýazyjylar soýuzynyň organlarynda, şeýle hem beýleki gazet-žurnallarymyzyň sahypalarynda-da problemalaýyn makalalaryň “geçginsizligi” umumy işe zyýan berýär. Metbugatda problemalaýyn makalalar diňe setanda-seýranda bir gezek peýda bolýar, onda hem şol makalalar ýa ýazyjylar gurultaýlarynyň, plenumlarynyň öň ýanynda, ýa bolmasa hem edil şolar ýaly nähilidir bir “dabaraly wakalaryň” öňüsyrasynda ýylp edip görünýär. Ýoldaş M.A.Suslow partiýa we hökümet ýolbaşçylarynyň sowet intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşygynda şeýle diýipdi: “Tankydyň käbir wagtlarda awtorlaryň eserlerini olar üçin adalatsyz we göwnedegijilik bilen harlaýandygy, hudožnigiň uly döredijilikli işini doly ret edýändigi bilen ylalaşyp bolmaz. Eger tankytçylar öz berýän bahalarynda howaýy, subýektiw we düýp manysy boýunça estet düşünjelerden ugur alýan bolsalar, muňa has-da çydam edip bolmaz”. Edebi tankytdaky şeýle düýpli kemçilik biziň makalalarymyzyň aglabasy üçin-de häsiýetlidir. Bizde tankydy makalalaryň uçdantutma hemmesinde diýen ýaly tankytçylaryň haýsydyr bir batnyksyz söz bilen tutuş eseriň üstünden atanak çekäýýän wagtlary az bolmaýar, bu meselede aýratyn hem ýaşlaryň döredijiligine rehimsiz daralýar. Dogry, ýaşlaryň eserine olaryň diňe ýaşlygy, kämilleşmändigi üçin nähilidir ýuka ýüreklik, dözmezlik etmek gerek däl. Emma her bir esere töwerekleýin baha bermeli, bir ýaş awtoryň şu günki çap etdiren eseri bilen düýnki eseriniň arasyndaky tapawudy görjek bolmaly, eger ösüş, özgeriş bar bolsa, şol ösüş, özgeriş hakynda uly alada, umyt bilen gürrüň etmeli, ýaş zehiniň döredijilik taýdan ösüşine ähli çäreler bilen mümkinçilik döretmeli. Käte başga hili ýagdaý hem bolýar. Ol ýa başga bir eser döwrüň, okyjylaryň synagyndan geçýär, hatda iň güýçli, parasatly tankytçy bolan okyjylar köpçüliginiň beýik bahasyna-da mynasyp bolýar. Emma bu ýagdaý haýsydyr bir tankytçynyň göwnünden turmaýar, ol tankytçy, näme üçindir, hemmeleriň garşysyna gidip, şol eseri ýok etmäge synanyşýar. Seýrek duş gelmeýän şeýle makalalarda esasly gürrüň gyjyndyryjy igençler bilen çalşyrylýar, eseriň anyk analiziniň deregine, uly tankytçylaryň, edebiýatçylaryň belli işlerinden sitatalar getirilýär. Men bir sany anyk mysal getirnek isleýärin. Şahyr K.Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” poemasynyň şowlulygy edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Ine, Ö.Abdyllaýew bu poema hakynda bir syn ýazyp, “Sowet edebiýaty” žurnalyna hödürläpdir. Eger oňa ynansaň, “Taýmaz babada” okyjynyň dykgatyna mynasyp zat ýok, bu eser şeýle arşa çykarara mynasyp eser hem däl. Tankytçy öz pikirlerini niçik subut edýär? Dogrusyny diýmek gerek, makalada edebiýatyň, çeper eseriň nähili bolmalydygy barasynda, ýazyjynyň wezipeleri dogrusynda gürrüň gereginden hem artyk uzaldylýar. W.G.Belinskiden, N.G.Çernyşewskiden sitata yzyna sitata getirilýär. Beýik rus tankytçylarynyň aýdan sözleriniň hakdygyna hiç hili zowal ýok. Ýöne, meniň pikirmçe, pikir takyk bir eser – “Taýmaz baba” barasynda ýöredilende, sitatalar hiç bir tarapdan tankytça kömek etmeýär. Galyberse-de, Belinskiý, Çernyşewskiý öz ýaşan döwürlerinde döredilen eserler esasynda estetiki kriterileri öňe sürüpdirler, olar şol kriterileri dogmat hökmünde, ähli halkyň edebiýatynyň ösüşini görkezýän ýa görkezmeli barometr hökmünde öňe çykarmagy hakydalaryna-da getiren däldirler. Her bir edebiýatyň, her bir çeper eseriň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny nygtap oturasy iş ýok. Şu jümleden “Taýmaz baba” hem biziň soňky ýyllarda pajarlap ösüş gazanan edebiýatymyzda täze hadysadyr, onda milli kolorit, hut Kerim Gurbannepesowyň özüne mahsus bolan döredijilik poçerki şeýle bir ýiti duýulýar, ol poemany başga bir eser bilen garjaşdyrjak gümanyň ýok. Näme üçin tankytçy bu barada dil açmaýar? Her bir eseriň aýratynlygyny göz öňünde tutmazdan, diňe sitatalara daýanyp atylýan pagtabendiň şol pagtabentligen-de galýanlygyny tankytçy bilmeýärmikä? Eger soňky ýyllarda biziň edebiýatymyzyň proza, poeziýa, drama žanrlarynda düýpli öňe gidişlik duýulýan bolsa, eger şol žanrlara degişli eserlerde sowet hakykatynyň dürli taraplary öz beýanyny tapan bolsa, edebi tankyt dogrusynda muny aýtmak kyn düşýär. Ýazyjylara ugurbilijilikli kömek bermek, okyjylaryň estetiki duýgularyny ösdürmek, ýaş edebiýatçylaryň döredijiligini aladaly terbiýelemek, durmuşy öwrenmek, edebiýatymyzyň düýpli problemalaryny ara alyp maslahatlaşmak, doganlyk respublikalaryň tankytçylary bilen gaýym aragatnaşygy ýola goýmak – ine, edebiýat tankydynyň häzirki döwürde öňünde goýlan wezipeler şulardan ybaratdyr. Abdylla MYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960 ý. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |