23:59 Abdylla Myradow - görnükli edebiýatçy | |
ABDYLLA MYRADOW – GÖRNÜKLI EDEBIÝATÇY
Edebi tankyt
Abdylla Myradowyň edebi tankyt meýdanyna ymykly çykan wagty hem şol janlanyş döwrüne gabat gelýär. Onuň "Türkmen sowet edebiýatynda hüşgärlik“ atly ilkinji makalasy ol heniz M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň 3-nji kursunda okap ýörkä çap edildi. Abdylla Myradow özüniň zehini, çäksiz hyjuwy, edebiýat işine bolan çuňňur söýgüsi, yhlasy bilen turuwbaşdan köpleriň ünsüni çekdi. Dogry, onuň ýokarda agzalan ilkinji makalasy çeper analiziniň çuňlugy babatda entek o diýen kämil däldi. Şeýle-de bolsa, hut şol ilkinji makalada ýaş edebiýatçynyň aktual temany orta atmagy, ony töwerekleýin yzarlap, paýhasly çözmäge ymtylmagy edebi tankyda täze bir zehiniň gelýänliginden habar berýärdi. Ýaş edebiýatçynyň tutanýerli, yzygiderli işläp, makalasaýyn kämilleşmegi bolsa şol habaryň hakykatdygyna güwä geçýärdi. A.Myradow 1956-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlap, "Türkmenistan“ neşirýatynyň redaktory bolup işe başlaýar. Ol soňra uniwersitetde mugallymçylyk edýär. Şol ýyllaryň dowamynda-da A.Myradow edebiýatyň dürli meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip durýar. 1957-nji ýylda ol SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul edilýär, 1961-nji ýylda bolsa A.Myradow "Rus türkmen sowet edebiýatlarynyň hyzmatdaşlygy taryhyndan“ diýen dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýlen alymlyk derejesini alýar. Ol TSSR Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň starşiý ylmy işgäri, "Edebiýat we sungat“ gazetiniň tankyt bölüminiň müdiri wezipelerinde işlän wagtynda-da, galamyny barha çalasyn hem-de ezberlik bilen ýöredýär. Abdylla Myradowyň gysgaça terjimehaly şeýle. Onuň şol gysga ömrüniň dowamynda bitiren işleriniň, ýazan makalalarynyň welin diňe atlaryny ýazyp çykmak üçinem ep-esli wagt gerek. Bu ezber edebiýatçynyň ýüwrük galamynyň astyndan çykan makalalarynyň diňe gazet-žurnallarda çap edilenleri-de birbada sanardan köp. A.Myradowyň döredijilik diapazony gaty giň. Ol türkmen prozasynyň, poeziýasynyň, dramaturgiýasynyň dürli problemalarynyň deňinden göz ýumup geçmedi. Edebi-çeper tankydyň üstünlikleridir bärden gaýtmalary hem onuň nazaryndan sypmady. Bu mesele onuň elmydama üns merkezinde boldy. Rus-türkmen edebi aragatnaşyklary bolsa zehinli medebiýatçynyň baş temasydyr. Umuman, şu aşakdaky belleniljek ugurlaryň ählisinde-de Abdylla Myradow yz goýup bildi. Abdylla Myradow "Lirikamyz dogrusynda bellikler“, "Biziň günlerimiziň poeziýasy“ atly makalalarynda 50-nji, 60-njy ýyllaryň goşgudyr poemalarynda ýüze çykan täze, häsiýetli aýratynlyklary yzarlady, şol döwrüň poeziýasynda motiwleriň baýdygyny, temalaryň köpdürlileşendigini, liriki portretiň ýygy-ýygydan görnüp ugrandygyny, şeýle hem ýol motiwleriniň artandygyny dogry belledi. Hem-de şol özgerişleriň döremeginde rus sowet poeziýasynyň oýnan roluny görkezdi. Tankytçy halk şahyry Ata Salyhyň döredijilik aýratynlyklaryny açmakda-da şowly synanyşyklar etdi. Şeýle hem K.Gurbannepesowyň "Taýmaz baba“ poemasyny inçeden derňedi. A.Myradowyň edebi çeper tankydyň problemalaryny gozgaýan makalalary-da onuň edebi prosesiň ýagdaýy, ösüşi baradaky işleri bilen tebigy suratda sepleşip gidýär. Onuň bu ugurdan ýazan iň gowy işleriniň biri „Edebiýaty öwreniş ylmynyň we edebiýat tankydynyň häzirki ýagdaýy hakynda“ diýen makalasydyr. Ol, esasan, edebiýaty öwreniş ylmynyň şol döwre, 60-njy ýyllara çenli orta atan iň saldamly işleriniň biri "Türkmen sowet edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk“ hakynda söhbet açýar. Tankytçy şol kitabyň şowly, ähmiýetli taraplary bilen bir hatarda düýpli kemçilikleriň hem deňinden göz ýumup geçmändir. Şeýle kemçilikleriň biri türkmen sowet edebiýatynyň irki döwrüniň, onuň şol wagtlardaky başdan geçiren kynçylyklarynyň "oçerkde“ doly beýanyny tapmanlygydyr. A.Myradow "Senedimiziň keşigi“ atly makalasynda edebiýaty öwreniş ylmymyzyň we edebi tankydymyzyň 60-njy ýyllardaky ýagdaýyna ser salýar. Ö.Abdyllaýew "Edebiýatymyzyň ösüşine göz aýlap“, R.Rejepowyň "Liriki mazmun we şygyr sungaty“, K.Jumaýewiň "Türkmen sowet poeziýasynda däp we täzeçillik“ şeýle hem A.Kekilow, R.Rejepow, K.Jumaýew dagylaryň bilelikde ýazan "Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi“ atly monografiýalary barada söhbet açýar. Şol işleriň ylmy we praktiki tarapdan ähmiýetini açyp görkezmäge şowly synanyşyk edýär. Şeýle hem ol edebi tankydyň wezipeleri tankytçynyň borçlery we hukuklary baradaky pikirleriň üstüni ýetirýär: "Çeper esere baha bermekden başgada , edebi tankyt okyjyny-da terbiýelemelidir, halkymyzyň idea hem estetiki gymmatlyklaryny propagandirlemelidir, şu günüň edebi prosesiniň kerwen başysy bolmalydyr“. Makalada tankyt bilen iş salyşýan adamlaryň edebi žanrlar boýunça belli bir ugry saýlap almaklarynyň zerurdygy nygtalýar. A.Myradowyň öz döredijiligini synlap göreniňde-de, onuň proza žanryna gezek gelende galamyny has ezber işledendigini duýmak bolýar. Ýazyjylaryň edebi stili, döredijilik aýratynlyklary baradaky mesele edebiýaty öwreniş ylmynyň, edebi tankydyň hemişe diýen ýaly üns merkezinde. Ýöne tankytçylaryň edebi stili barada welin, gynansak-da, ýagdaý başgaça. Aslynda, şeýle stil barada gürrüň edere düýpli esaslar bar. Sebäbi edebi tankyt hem edebiýatyň doly hukukly, özbaşdak bir şahasy. Galyberse-de, stil diýen düşünje döredijilik indiwiduallygyndan ybaratdyr, şol indiwallyk bolsa, ilkinji nobatda, dörediji adamyň durmuşa, edebi prosese düşünişinden, onuň ukybyndan, talantyndan gelip çykýar. Şu esaslardan ugur alnanda, tankytçynyň stil taýdan aýratynlyklarynyň, özboluşlylygyndan bolmagy diňe bir mümkinem däl-de, eýsem hökmändyr. Şeýle gürrüňi gozgamagyň zerurlygy hakyndaky duýduryşlara türkmen edebi tankydynyň belli-belli wekilleriniň çykyşlarynda duşmak bolýar: "Aslyýetinde-de tankydy makala-da hekaýa ýa-da powest ýaly gyzykly ýazylmaly, ussatlyk bilen, çeperçilik bilen ýazylmaly, okyjyny yzyna düşürmeli. Tankytçy hem täze stil, täze forma agtarmaly“. Ýazyjy hem tankytçy N.Hojageldiýewiň ýokardaky sözleri gürrüňi edilýän meseläniň özenini ýeterlik derejede aňladýar. Tankydy makalalaryň, synlaryň okyjynyň aňyna has çalt baryp ýeter ýaly tärlerini agtarmak, dürli-dürli formalary tapmak wezipesine A.Myradow hiç haçan hem biparh garamandyr. Abdylla Myradowyň edebi stilini ýüze çykarýan elementleriň biri-de onuň obrazly, ötgür dilidi. Onuň makalalary çeper meňzetmelere, deňeşdirmelere, obrazly sözlere örän baý. Bu babatdan islendikçe mysal getirmek mümkin: "...Şygyr bilen informasiýanyň "taňrysy-da“ bir däldir“. "Şol bir syhly gaýtalanyp, elden-ele geçip ýören bägüller, saýrap-saýrap saýramaz bolan bilbiller, uçup-uçup uçmakdan galan gazlar barada „çorbanyň çorbasynyň çorbasy“ diýilýäni okyja hödürläp ýörmekden el çekiläýse niçik bolardy?“ A.Myradowyň makalalarynda forma jähtinden-de, analiz ediliş usulynda-da, umuman, ýazyş manerasynda-da köp derejede özboluşlylyk duýulýardy. Onuň köp makalalarynda gepleşik ýa-da özara pikir alyşma görnüşindäki usul mahsus. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |