22:10 "Aldamaga oglan ýagşy..." / felýeton | |
“ALDAMAGA OGLAN ÝAGŞY...”
Edebi tankyt
(Bir edebiýatçynyň çagalar bilen etmedik gürrüňiniň ýazylyp alynmadyk stenogrammasy) - Çagalar! Siz Kaýum Taňrygulyýewiň adyny eşidipmidiňiz? - Aýdýanyňyz näme? Adyny eşitmeg-ä beýlede dursun, onuň kitapçalaryny hem okaýas... - Hawa, K.Taňrygulyýew käte oňatja goşgular ýazýar, her ýyl ýygyndysyny hem çykardýar. Onuň “Altyn aşygyndaky” şadyýana goşgujyklar, erteki siziň ýadyňyza düşýän bolsa gerek. Şahyr ilkinji goşgusy we ýygyndysy bilen bizi begendiripdi. Ýöne soň-soňlar, biziň ondan eden tamamyz çykmady. Biz onuň öňe gitmegini isledik, ol yza depdi. Ýaňy 5-10 günlükde men K.Taňrygulyýewiň “Şadyýan çagalar”, “Agajyk – täsin çagajyk” atly ýygyndylaryny dykgatly okap çykdym. Emma okadygymça, böwrümi diňlemäge mejbur bolýaryn. Göwnüme bolmasa, işikden biri girip, “Sen näme olary okap otyrsyň, ozal näme az okadyňmy?” diýýän ýaly bolup duýulýar. Dur entek, dur entek... Dogrudan hem okapdym. Onda hem Kaýumyň kitaplarynda däl-de, başgalardan okapdym... Men kitap tekjäme ylgaýaryn we ondan siziň eý görýän ýazyjylaryňyzyň, hatda K.Taňrygulyýewiň özüniň-de mugallymlarynyň – S.Marşagyň, S.Mihalkowyň we Bartonyň eserlerini elime alýaryn. (Stenogrammanyň beýanynyň şu punktuna ýeteninde, K.Taňrygulyýewiň üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolsa gerek). Sahypalary agradrýaryn, deňeşdirýärin, tapýaryn... “Şadyýan çagalar” atly ýygyndynyň 33-nji sahypasyna ýetenimde, “Oýunjaklar” bökjekleşip başlaýarlar. Soňra A.Bartonyň ýygyndysynyň (“Стихи - детям”, M., 1956 г.) sahypalaryna göz gezdirýärin. Ondaky “Oýunjaklar-da” bökjekleşip başlaýarlar. Men öz ýanymdan: “Doganjyklaryň bir-birlerini göresleri gelýändir” diýýärin-de, ol ýygyndylary ýanaşdyryp goýýaryn. Geň zat, A.Bartonyň kitabyndaky taýçanak-da, pil-de, tüpeňjik-de K.Taňrygulyýewiň kitabyndaky taýçanagyň, piliň, tüpeňjagazyň ekiztaýlary ekeni. Ine, onsoň şol oýunjaklaryň bökjekleşmelerine düşünip galdym. Wa, suratlaryň meňzeşligi jähennem-le! Olaryň aşagyna ýazylan käbir goşgularyň meňzeşligi meni hopukdyrdy. Ondaky “Samolýot” goşgusyny-ha K.Taňrygulyýew türkmen topragyna babyrak getirip, “millileşdirip”, ýygyndysyna sokup goýberipdir. K.Taňrygulyýewiň “Magazinde”, “Meret” diýen goşgularynyň ykbaly meni aýratyn gyzyklandyrdy. Çünki K.Taňrygulyýew S.Mihalkowyň “Andrýuşa” diýen goşgusyny (С.Михалков, Стихи и сказки, Детгиз, М., Л., 1953 г. 198 sah.) bu iki goşga üleşdiräýipdir, düşnükliräk edip aýdanymyzda, bir goşgudan ikisini ýasaýypdyr. S.Mihalkowyň goşgusynda hem oýunjaklar satylýan magazin, onuň polkalaryndaky oýunjaklar, magazinden bir oglanjygyň – Andrýuşanyň tüpeňjik alşy suratlandyrylýar. K.Taňrygulyýew hem edil şol magazin hakda gürrüň berýär. Ýöne S.Mihalkowdan K.Taňrygulyýew has “ökde” eken. Ol birden bir zat bolaýmasyn, birden gapyl galaýmaýyn diýen gorky bilen, Andrýuşanyň adyny Meret diýen at bilen çalşyrýar-da, Merediň ýanyna-da Akgül eje bilen Gül ejäni (milli kolorit, şeýle dälmi!) goşup goýberýär. Rus çagalarynyň atlaryny derrew türkmençä “terjime” etmek, wakalara milli “kolorit” bermek K.Taňrygulyýewiň ýanynda suw içenden enaýy däl. Ol maňyz, däne bilen gyzyklanýar, olaryň geýimjagazlaryny, gabygy, harpygy dagy derrew zyňyp, ýa-da şahyryň öz sözleri bilen aýdanymyzda, “atyp taşlaýar”. Ine, K.Taňrygulyýew S.Mihalkowyň “Atly”, “Foma”, S.Marşagyň “Kitapçajyk hakynda kitapçajyk”, A.Bartonyň “Katýa”, “Aglajyk gyzjagaz” (“Девочка - ревушка”) juluny ters salypdyr, olaryň enter-pelegini öwrüpdir. Bulardan “peýdalananda”, “täsir” alanda K.Taňrygulyýew ilki bilen-ä, şol goşgularyň liriki gahrymanlarynyň atlaryny täzeleýär, olaryň düýp originalynda gyzjagaz bolsa, K.Taňrygulyýewiň emri bilen derrew oglanjyga öwrülýärler. Onsoňam eger olar atly bolsalar, K.Taňrygulyýew sen ýok, men ýok, olary atdan agdarýar-da, derrew kürsä ters mündürýär. Käte bolsa goşgularyň başyna salynýan esen-söýnüň güni has gülkünç ýagdaýlara baryp ýetýär: rus şahyrlarynyň çaga hakyndaky goşgulary... pişige ýöňkeläýýär. Hut şeýle oýlanyşykly “reformalaryň” netijesinde, S.Mihalkowyň “Atlysyndaky” kawkazly oglanjyk birden K.Taňrygulyýewiň “Aňňa” goşgusyndaky türkmen oglanjygyna öwrülip, papajygyny taşlapdyr-da, başyna tahýajyk atan bolaýypdyr, onuň bedew atynyň ýerinde bolsa, gözüňe döneýin, gök kürre ýer ysgap dur. Ýöne welin, K.Taňrygulyýew ejizlik edýärmi, nämemi, nobat goşgynyň jemleýji setirlerine gelende, öz ýiti gaýçysyny gapdala taşlap, beýleki şahyrlaryň jemleýişleri bilen ylalaşýar. S.Mihalkowyň “Fomasy” bilen K.Taňrygulyýewiň “Gök pişigini” deňeşdirip göreliň. K.Taňrygulyýew özüniň galplygynyň üstüni basyrjak bolup, bu goşguda her zada ýüz urýar: ketjal oglanygy ketjal pişik bilen çalşyrýar. Emma K.Taňrygulyýewiň eli egrilik bilen alan temasy eýläk ýatsa-da beýläk ýatsa-da özüni görkezip durýar: eger S.Mihalkowyň Fomasy etme diýlen zady etse, K.Taňrygulyýewiň “diýen etmezek pişigi” hem şeýle. Eger S.Mihalkowyň gahrymany haýwanat bagyndaky pili görende, “ol pile meňzeş däl” diýse, K.Kaňrygulyýewiň pişigi doňzy görende, oňas syçan diýen bolýar. Eger Foma derýa ýykylyp, üst-başyny öl-suw edip çyksa, pişigem süllümbaý bolýar. “Şadyýan çagalar” atly ýygyndyda “Kertik” diýen erteki bar. K.Taňrygulyýewiň özüni gepletseň, ol ertekä başga adamynyň barmagyny batyrmaga-da hetdi ýok. Emma welin, hakyna garanyňda, K.Taňrygulyýew bu gezek S.Marşagyň “Стихи и сказки” (1952) atly ýygyndysynyň üstünden düşüpdir-de, onuň “Kitapçajyk hakynda kitapçajyk” goşgusyny awlapdyr. S.Mihalkowyň Andrýuşasynyň başyna düşen oýun Grişka Skworsowyň-da başyna düşen bolara çemeli, ol hem öz adyny çalşyrtmajak bolup, gözünden ýaş dökýär. Emma K.Taňrygulyýew ondan ökde çykypdyr. Grişkajygyň hem adyny ur-tut Kertik diýen at bilen çalşyryp, içini sowadypdyr. Eger S.Marşak ýyrtyk-ýyrtyk kitaplary bada-bat kitaphana getirse, K.Taňrygulyýew ilki bilen magaziniň agzyndan yşykladýar, soňra okalga tarapa ylgadýar. S.Marşakda: Бежим в библиотеку; В свободный наш приют… K.Taňrygulyýewde: ...Gitjek biz okalga taýa Diýşip derrew hoşlaşdylar... Geliň, “Şadyýan çagalaryň” 8-nji sahypasyny açyp göreliň. Onda ilki bilen elini jübüsine sokup duran bir oglanjygyň suraty bar. Dogry, ine, şol... “Katýa” bolmaly. (Çagalar pyňkyryşýarlar.) Hä, näme kikirdeşiberdiňiz? “Katýa gyzyň ady ahyryn” diýmekçi bolýarmysyňyz? Hawa, bizem şeýledir öýder ýörerdik welin, nätjek, şahyr biziň bu ynanjymyzyň soňuna sogan dograp oturyberipdir-dä! Dogrusyny aýdanyňda, bu ýerde şahyr A.Barto “günälidir”. Ol näme üçin “Katýa” diýen goşgusyny ýazanda, K.Taňrygulyýewiň “Seýitgulyny” ýazjakdygyny göz öňüne tutmandyr. Geliň, şol goşgularyň biriki oýnamyny deňeşdireliň. A.Bartoda: Мы целое утро Возились с ротками. Мы их посадили, Своими руками… А Катя сидела В саду на скамейке… …сказала - Я жду урожая! K.Taňrygulyýewde: ...Olar alma ekip ýörler... Emma weli, Seýitguly Bir gapdala çykyp otyr... Bag ýetişdi, hezil boldy... Indi weli, Seýitguly Baga geldi ilden ozal... A.Barto 1930-njy ýylda P.Barto bilen “Девoчка - ревушка” goşgusyny ýazdy. Çagalar, siz ynanaýyň, kakam görgüliniň mundan 27 ýyl ozal bu goşgyny kiçijik jigime okap berip oturany edil şu günki ýaly ýadymda. Emma oňatja tema görse, onuň ezeneginden tutaga-da özü kitabyna südenekledäýmegi hiç zatça görmeýän şahyr K.Taňrygulyýew bu gezek A.Bartonyň üstünden düşdi. A.Bartonyň “Девoчка - ревушка” atly goşgujygy bilen K.Taňrygulyýewiň “Aýagyna tiken sanjylan eken” şygyrjygynyň stilleriniň-de, intonasiýalarynyň-da biri-birine gabat gelşini aýtmasam, özüme peslik bilýän. Geliň, özümiz okap göreliň: Что за вой? Что за рёв? Тут собрался народ, Чтобы узнать кто ревет… (Agniýa Barto) Näme barka? Näm bolýarka? Üýşýär-le iller, Süýşýär-le iller (?) Annalaň öýne... (K.Taňrygulyýew) Çagalar, siz K.Taňrygulyýewiň “Agajyk – täsin çagajyk” atly kitabynyň diňe pişikleriň “ketegine” öwrülendigini bellänsiňiz. Ine, şol pişikleriň spisogy: “Bäş pişik”, “Ala pişik”, “Gara pişik”, “Ýalta pişik”, “Gökje pişik”, “Iki pişik”, “Gök pişik”, “Üýtgeşijek pişijek”, “Ilin çagyrýan pişik”. Göze ilip duranlar-a 14 sany. Eger K.Taňrygulyýewiň beýleki ýygyndylaryndaky pişiklerem munuň üstüne goşsaň, onda olaryň diňe özlerini tutuş süri edip, yzlaryna çopan goşup goýberäýmeli. Biziň janymyzyň ýanýan zady şol pişikleriň biriniň-de K.Taňrygulyýewiňki däldigidir. Eýsem kimiňki bolup biler? Görüp otursaň, olaryň bäşis-ä S.Mihalkowyňky bolup çykdy! (S.Mihalkow “Pişijekler”). Galan 9 sanysynyň hem eýeli-eýesine gitjegine biz ynanman duramzok. K.Taňrygulyýewiň çykaryp ýetişip bilen-ä aňyrsy-bärsi 3 sany kitapçajyk welin, olaryň galmagaly az däl. Öň ýeten şahyr “Taňrygulyýewde meniňem-ä az-owlak algym ýok däl” diýäýýändir. Men şolardan biri – ýaş şahyr Meretguly Garryýew bilen gürrüňdeş bolup gördüm. M.Garryýew hem özüniň şapbat ýaljak ýygyndysyny çykardyp biläýerin-dä diýen inçejik tama bilen Türkmen döwlet neşirýatynyň gapysyny çekine-çekine kakypdyr. Şol wagtlar neşirýatyň çagalar edebiýaty bölüminiň kethudasy hem K.Taňrygulyýewiň hut özi ekeni. “Kireýsiz kilim kakmaýan” K.Taňrygulyýew “dostlugyň hatyrasy” üçin M.Garryýewiň çagalar üçin ýazan goşgularynyň 3-4 sanysynyň temasyny çilip goýberipdir. “han özi, soltan özi” bolan K.Taňrygulyýew M.Garryýewiň “Terbaşyny”, “Alny sakar owlagyny” düýpsüz guýa sessiz-üýnsüz atyp goýberipdir. Emma nobat onuň “Tiken” atly goşgusyna ýeteninde, K.Taňrygulyýew gülümsiräp: “Ýeri dost, özüňem bir oýlanyp gör, çagalara tiken hakda ýazlan goşgulary hödürlesek, olaryň endamlaryna bataýmasyn!” diýipdir. Aý, näme, onuň bilen ýaňkalaşyp durmazlyk üçin M.Garryýew hem şol goşgularyň geljekki ýygyndydan aýrylmagyna razylyk beripdir... M.Garryýew işikden çykyp-çykmanka K.Taňrygulyýew şol aýrylan goşgularyň temasyny “döredijilikli özleşdirip” “Agajyk – täsin çagajyk” atly ýygyndysyna urna edäýipdir. “Terbaşdan-a” bu ýygyndysyna begeýik ýasapdyr, “Tikeni” bolsa bir bölümiň ýanyna urupdyr: “Bal getirseň terbaşym, Bol getirsiň terbaşym” - diýip, M.Garryýew ýazan bolsa, K.Taňrygulyýew: “Bal äkelýär, Bol äkelýär” diýip, oňa “düýpli düzediş” girizipdir. Ýaş şahyryň “Tiken” goşgusyny bolsa, şahyr ýüregini bire baglap, A.Bartonyň “Девoчка - ревушка” atly goşgusynyň yzyna tirkäp, şeýle bir dürüşde ýasapdyr, ýöne geň galyp, agzyňy açyp oturmaly! M.Garryýewiň “Alny sakar owlagym” goşgusyny “redaktirlemegiň” üstünde bolsa Kaýum Taňrygulyýew 5-10 gije dagy oturypdyr. Ol sypatlaryň söýgülilik derejesini zor işledipdir, diýmek, “owlagym” sözüni “owlajygym” edipdir. Soňra hem goşgynyň bogun sanyny azaldypdyr. Wessalam. Şeýlelikde, M.Garryýewiň kapyýalary, ritmalary hem “keramatly” galamyň täsiri astynda K.Taňrygulyýewiň hyzmatynda gol gowşuryp durupdyr. Eger M.Garryýew “Alny sakar owlagym”, “Iner çykar owlagym”, “kese böker owlagym” diýse, K.Taňrygulyýew hem onuň yz ýany bilen “Alny sakar owlajygym”, “ylgap çykar owlajygym”, “oýnap, böker owlajygym” diýipdir. Şahyr owlak ogurlygynyň üstünde tutulaýmaýyn diýen gorky bilen “Owlajygym” goşgusyny taryhy döwürleriň önümi atlandyrypdyr-da, “Türkmen poeziýasynyň antologiýasynda” onuň yzyna “1956-njy ýyl” diýen senäni gütüledipdir. Ine, çagalar, K.Taňrygulyýewiň owadanja kitapçajyklary inkubatordan çykýan jüýjejikler ýaly edip yzly-yzyna goýberip durmagynyň şeýle syrlary-da bar. Hawa, çagalar, aýdyp otursaň zat köp. Ýöne bir zady ýatladaýyn. “Aldamaga oglan ýagşy...” diýişleri ýaly, şahyr “Ondan-mundan gyrp-çyrp edäýenimde-de çagadyr-da, bileslerem ýok” diýip, arkaýynlyga salan bolara çemeli. Ýöne bizem öz nobatynda oňa “Oglanly öýüň ogurlygy ýatmaz” diýäýsek jüpüne düşäýmezmikä? Hoş, sag boluň, çagalar... Stenogrammany düzedişler we gysgaltmalar bilen çapa taýýarlan Abdylla MYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.02.1959 ý. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||