21:53 Ýoldaş Ruhy Alyýewe açyk hat | |
ÝOLDAŞ RUHY ALYÝEWE AÇYK HAT
Edebi tankyt
Çeper eseriň ähmiýetine, ýazyjynyň jana-jan borjuna tüýs ýürekden düşünişýän adam bilen derdinişmek, pikir alyşmak, edebiýat dogrusynda gürrüň etmek gaty ýeňil düşýär. Hormatly ýoldaş Ruhy Alyýew, men Size şu açyk haty ýazmaga oturanymda, hut ýokardaky nazardan ugur aldym. Siziň soňky “Iki ýoluň çatrygynda” atly kitabyňyz barasynda özümde dörän duýgulary göwnümiň salgy berşi ýaly kagyz ýüzüne geçirmegi maksat edindim. Bu powestiň “taryhynyň” gowgasyz bolmandygyny aýtmak isleýärin: eser mundan 3-4 ýyl ozal ýazylan bolsa-da, ol diňe ýaňy-ýakynda Siziň iş kabinetiňizden çykyp, okyjylaryň öýlerine, şäher hem oba kitaphanalaryna gadam urdy. Ýadyňyza düşýän bolsa, Siziň bu kitabyňyzy “basyp ýatyrmaga” synanyşyk edýän käbir adamlar dogrusynda nadyl gürrüňler hem edipdiňiz, özüňize “ýamanlyk” etjek bolýandyklaryny, şol zerarly “ne gözel eseriňizi” ýagty jahana indermeýändiklerini aýdypdyňyz. Hut meniň özümem şeýle üznüksiz gürrüňleriň janly şaýady. Eger oýlanyp görseňiz, biz Size, elbetde, güýjümiziň ýetdiginden köp sanly peýdaly maslahatlar beripdik, powestiňiziň şowly çykmagy üçin elimizden gelenini aýamandyk. Öz wagtynda şol kömeklere minnetdar bolandygyňyz, görkezilen kemçilikleri düzetmek üçin zähmetiňizi gaýgyrmajakdygyňyz hakdaky wadalaryňyz meniň edil şu günki ýaly ýadymda. Ýöne welin, adamyň wadasy onuň wepalylygy bilen ölçelýär. Ine, birnäçe ýyl geçirip, Siziň “Iki ýoluň çatrygynda” powestiňizi gaýtadan okanymda, okyjy hökmünde, Siziň üstünligiňize begenip, şowsuzlygyňyza gynanýan adam hökmünde, özüňizden nägile bolandygymy çekinmän aýtmakçy bolýaryn. Hak öz ajy hem bolsa peýdaly diýen pähimden ugur alyp, Siziň maňa dogry düşünmegiňizi haýyş edýärin. Dogrusyndan gelnende, “Iki ýoluň çatrygynda” powestiniň biziň günlerimizde häzirki görnüşinde, işlenimedik, kämilleşdirilmedik, taraşlanylmadyk görnüşinde okyjylara hödürlenmegi Siziň öz jogapkärçiligiňizi unudanyňyzy tassyklaýan faktdan başga zat däldir. Esere haýsy tarapdan hem çemeleşseň, düýpli ýetmezçilikleriň üstünden barmak bolýar. Belkem, meniň bada-bat şeýle aýgytly hem birtaraply netijäni çykarmagym geňirgendirer, belkem, muňa Siziň gaharyňyz hem geler. Ýöne her niçik-de bolsa, özüňize gönükdirilen şu açyk hatyň tä ahyrky jümlesini okaýançaňyz, sabyrly hem giň göwrümli bolmagyňyzy haýyş edýärin. Ähtimal, biz birek-birege oňat düşünişeris, belkem, Siziň okuwçyňyzyň aýdýan zatlarynyň jany hem ýok däldir! Hormatly Ruhy Alyýew! Siz öz powestiňizde geçmişiň zyýanly galyndylaryndan birini – aýal maşgala, gyza baý-feodalçylyk gözi bilen garamagyň zyýanyny, şeýle garaýşyň biziň jemgyýetimiz üçin ýatdygyny görkezmek isläpsiňiz, ne gözel maşgalanyň arasynda, “Süri agsaksyz bolmaýar” diýlişi ýaly, Döwlet ýaly ulalyp oňalmadyklaryň bardygyny, ýöne olaryň gaýtawul bermäge biziň zamanamyzyň ukyplydygyny suratlandyrmaga hyýallanypsyňyz. Iňňän ajaýyp niýet! Geçmişiň zyýanly däp-dessurlaryna garşy üzül-kesil göreş alyp barmak biziň hemmämiziň, şol sanda ýazyjylary-da borjudyr. Türkmen halkynda “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” diýen nakyl bar. Diýmek, her bir adamyň ýagşy niýetine parhsyz garamak bolmaz. Ýöne welin, çeper döredijilik işinde, edebi eserde meseläniň ýagşy niýet bilen tamamlanyp bilmejekdigini özüňiz oňat aňlaýan bolsaňyz gerek. Beýleki esererde bolşy ýaly, Siziň powestiňizde hem belli-belli položitel hem otrisatel gahrymanlar bar. Siz olara öz garaýşyňyzy hem siňdiripsiňiz. Muňa şek ýok. Ýöne welin, Siziň wakalary beýan edişiňizde, gahrymanlary janly tip hökmünde häsiýetlendirişiňizde batnyksyz zatlar, gapma-garşylyklar uçursyz köp. Mysal üçin, Siz okyjylaryňyza ündewiňizden Sadap ejäniň maşgalasynyň çlenleri gaty agzybir. Döwletiň käbir etmişlerini, “men-menligini” hasaba almasaň, olara ideal maşgala hatarynda garamak boljak. Emma Siziň suratlandyrmalaryňyzy yzarlasaň, munuň tersine bolup çykýar. Ol maşgala dagynyk, çlenleriniň biriniň beýlekisinden habary ýok, mahlasy, türkmeniň “it eýesini, pişik bikesini tananok” diýýänleri şu maşgala-da degişli bolup dur. Belkem, Siz muňa geň galarsyňyz?! Ýöne faktlar iňňän erjel zat. Geliň, powestiňiziň 83-85-nji sahypalaryna göz gezdireliň. Maşgalanyň kethudasy Sadap eje Döwletiň öýünden öýkeläp gaýdanynda, Aşgabat şäherine gaty beletligine garamazdan, gyzy Merjeniň öýüni tapman, kimdir birinden soraýar, bir şäher-de ýaşasalar-da, sadap ejäniň Merjenlere gelip düşmegi olaryň maşgalasyna geň bolup görünýär, hatda Merjen “ilki öz gözlerine-de ynanmaýar” (85-nji sah.). Ýa-da başga bir mysal. Powestiň 97-nji sahypasynda Döwlet öz aýal dogany Ýakut Serdarowna til kakýar, ýa-da öz sözleriňiz bilen aýtsak “zwonit edýär”. Haýran galmaly zat: Ýakut Döwleti tanamaýar. Döwlet neresse özüniň kimdigini tanatmak üçin uly azara galýar. “Ýakut, seniň bilen gepleşýän seniň süýtdeş doganyň Döwlet!.. Indi tanadyň gerek?..” (98-nji sah.) diýmäge mejbur bolýar. Heý, şeýle-de bir maşgala bolarmy? Heý, şeýle “delillerden” soň, Siziň maşgalanyň çlenleriniň arasyndan “gyl geçmeýändigi” dogrusyndaky gurak tassyklamalaryňyza okyjynyň ynanasy gelermi? Döwletiň obrazynyň çig-çarsy, ýasama obrazdygyna göz ýetirdim. Siziň öz sözleriňize görä, Döwlet düşünjeli, sowatly hem ýokary wezipeli adam. Özem maşgalanyň iň körpesi. Ýaş ýigidiň gül ýaly güni bar, guwanara, begenere maşgalasy, işi, hünäri bar. Emma Siz öz öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmek üçin, “wäh” diýlen ýaly, Döwletiň häsiýeti bilen bir ýere sygyşyp bilmeýän aýyplary onuň üstüne ýüklemäge başlaýarsyňyz. Siziň öz sözleriňizde, Döwlet medisina edaralaryny, ministri hem aldap, ejesini işden boşadýar, soňra Gülşady hem işden aýyrmagyň kül-külüne düşýär, kimdir biriniň haýsydyr bir oturylyşykda aýdan sözüne uýup, ol “Ogul! Ogul!” diýip, däli-diwana bolýar, aýagy agyr aýalyna, onda hem telim ýyllap gaty-gaýrym söz diýişmedik aýalyna: “Eger şu gezek ogul dogurmasaň, sen maňa gerek däl” diýen awuly sözlerini pürkýär, çaga dogrulýan öýde ýatyrka, Gülşadyň yzyndan barmaýar, ejesine gyýgyny dökýär. Garasaý, jemläp aýdanyňda, Döwlet bir ýerde otrisatel häsiýet bolsa, şolaryň düýp öýjügi-dä! Şu ýerde meniň Size bir sorag beresim gelýär: Döwletiň şeýle adam bolup çykmagyna näme sebäp bolduka? Bir seretseň, ol ýaramaz terbiýe hem görmedik ýaly-la? Meniň nazarymça, Siziň powestiňizden şu soraglara jogap tapmak bolmaýar. Iň beteri hem, Döwletiň ýaramaz taraplary onuň hereketinden däl-de, Siziň, dogrusyny aýtmaly, sowatsyz düzülen jümleleriňizden ýüze çykýar. Siz näme sebäpden Döwletiň hereketini görkezmezden, ony janly tip hökmünde “oýnatmazdan”, onuň kä öňüne geçip, kä ýeňsesinden baryp, kä gapdalyna kakyp, gahrymany öz erkine goýmaýarsyňyz? Dogry, “döwletiň başy” hasaplanýan ogluň, “göwün hoşy” bolan gyzyň arasynda parh goýýan, olara deň hukukly perzent hökmünde garamaýan adamlar iki-ýeke däl. Şeýle adamlaryň ýalňyşyny hem görkezmek gerek, gerek ýerinde düzetmek hem zerur. Emma Siziň Döwlet atly gahrymanyňyz hakynda aýdylanda, ol şeýle adamlaryň tipiki wekili bolup çykmandyr. Siz onuň psihologiýasynyň içine aralaşyp bilmänsiňiz, diňe: “Maňa ogul gerek!.. Ogul! Düşünýärmiň?” diýen sözleri onuň agzyna salyp beripsiňiz. Döwlet nähili işgär? Onuň näme käri bar? Ol öz kärdeşlerine niçiksi garaýar? Ine bu soraglar hem Siziň powestiňizde jogapsyz galdyrylýar. Mundan hem başga, Siz eseriňiziň ahyrynda azaşan Döwleti ýola salmak üçin inuň ykbalyny maşgala sudunyň ygtyýaryna beripsiňiz. Bar, aýdaly, bu erbet ýagdaý däl eklen. Ýöne Siziň öz powestiňiziň ahyrky XX babynda beýan eden maşgala suduňyzdan okyjynyň alyp biljek zady ýok. Çünki 20 sahypa golaý ýazgylarda ýüregiňi tolgundyrýan, wyždanyňy oýarýan, oýlanmaga, yzyňy tapmaga gönükdirýän ýekeje-de janly detal ýok ahyryn. Maşgalanyň çlenleriniň aýdýan agitasion häsiýetli uzyn-uzyn sözlemlerini gaharyňy getirmän okap çykmak hem bir hillalla! Galyberse-de, Siz powestiň ahyrynda Döwleti ýola giren adam hökmünde görkezjek bolupsyňyz. Eýsem şol niýetiňiz başa bardymyka? Meniň özüm-ä “ýok” diýip jogap beresim gelýär. Sebäbi, bir tarapdan, aýal doganlarynyň, ejesiniň okan “leksiýalary”, eden “dokladlary” hiç weçden oňa täsir edip bilmeýär, ikinjiden bolsa, ol aýalynyň yzyndan barman eden ýalşyşyna öküneni üçin däl-de, eýsem wezipesinden aýrarlar diýen gorkusy bolany üçin: “Ertir partorgymyza ähli düwünler çözüldi, arkaýyn bol! - diýip aýdyp bilerin” diýýär. Hawa, hu wezipe basgançagyndan aşak taýaýmak howatyry bolany zerarly Siziň Döwletiňiz boýun sunýar. Elbetde, Siz Döwleti şeýle ýagdaýda galdyrmak islän dälsiňiz, öz ýanyňyzdan onuň wyždanyny terbiýeländirin öýdensiňiz, men muňa ynanýaryn. Ýöne “Men näme diýýärin, tamdyram näme diýýär” diýişleri ýaly, Siziň niýetiňiz bilen suratlandyrmalaryňyzyň arasynda düýpli oňşuksyzlyk ýüze çykypdyr. Ine Döwletiň aýaly Gülşat. Ol mugallyma, özem ýaş. Döwletiň sözleri (onuň nämedigini ýokarda aýdypdyk) onuň degnasyna degýär. Gülşat ýene-de Siziň sözleriňizde, oda-köze düşýär, äriniň etmişine gaýtawul berip bilmeýär. Onuň ruhy halyny Siziň suratlandyryşyňyz dogrusynda aýdylanda, özümiň iňňän nägiledigimi syzdyrasym gelýär. Näme üçin? Çünki Gülşadyň ynsanyýetçilikli duýgulary, äriniň kemsitmelerine sowet mugallymasynyň (ol ýokary bilimli mugallyma ahyryn!) aýgytly gaýtawuly görünmeýär. Siz: “Gülşat heniz-de dürli pikir-hyýallaryň kölünde gulaçlap ýüzýärdi” (11-nji sah.) ýaly okyjy üçin “agramy aşykça, kölegesi köşekçe” sözleri, onda hem lenç edilen sözleri uçursyz köp gaýtalap, gahrymanyň ahwalatynyň ähli durkuny özüňizden beýlekilere ýetirip bilensiňiz öýdýärsiňiz Ýöne welin, ýokardaky jümle kitabyňyzyň 31, 34, 64, 66, 67, 77, 78, 86, 94, 101, 121-nji sahypasynda zol-zol gaýtalansa-da, olary iň bolmanynda azaltmak, okyjynyň gyjynmagynyň öňüni almak mümkin bolsa-da, Sizem, redaktoram şeýle mümkinçilikden peýdalanmansyňyz. Gülşadyň obrazy hakyndaky netijämi Size aýtmaga gyssanýaryn. Meniň pikirimçe, onuň bar bileni-biteni göz ýaş, ahy-nala, aýdýany hem deklaratiw sözler. Gülşat iňňän passiw, biziň günlerimiziň işeňňir aýal-gyzlarynyň häsiýetli taraplary onda görünmeýär. Ýöne welin, hormatly ýoldaş R.Alyýew, Siziň özüňiz bu obrazy položitel obraz hökmünde suratlandyrmakçydyňyz, Gülşadyň keşbinde täze zamananyň täze garaýyşly aýal-gyzlarynyň obrazyny jemlemekçidiňiz. Hany ol niýet, hany ol matlap?! Gülşadyň obrazy bilen baglylykda, onuň başyna inen tragediýa bilen baglylykda, meniň Size ýene bir düýpli bellik edesim gelýär. Siziň powestiňizde atlary agzalýan maşgalalaryň, ýa-da atlary tutulman diňe ýaňzydylyp geçilýän gyzlaryň ykbaly diýseň agyr hem pajygaly. Siz “K” şäherinden gelen on sekiz ýaşly bir türkmen gyzy hakyndaky gürrüňleriňizi, onuň çaga dogrulýan öýde öz bäbejigini taşlap gidişi barasyndaky “habarlaryňyzy” ýadyňyza salyň. Siz Gaýlynyň söýgülisi Keýigiň üstüne atan ýarym çyn, ýarym galp “güzaplaryňyzy” ýene bir gezek saldarlap görüň! Bu iki gyzyň başyna düşen hasratly wakalar şu günki günüň işimi? Bu barada okyjylarymyz hem öz pikirlerini aýtsalar gerek. Siz kitabyň 103-nji sahypasynda sadap ejäniň gyzy Bessir (Bella) hakynda söz açyp, onuň: “Özüniň ene dilinde gepläp bilmeýändigini” guwanç bilen belleýärsiňiz. Siz maňa dogry düşüniň, Bella ýaly sowatly, täze düşünjeli, durmuşny düýpgöter täzeçe guran türkmen gyzlary biziň aramyzda näçe diýseň bar. Şu jähetden men onuň obrazyna çirk ýetirmek hem islemeýärin. Ýöne welin, Bellanyň ene dilinde sözlemegi unutmagy onuň artykmaçlygy däl-de, nadanlygydyr. Ene dili her bir halkyň milli guwanjydyr. Perzent üçin enäniň özi nähili mähriban bolsa, onuň öwreden dili hem şonça mähribandyr. Siz akuşerka Anna Mihaýlownany “ýürek dogtory” atlandyryp, şu adaňyzy hem telim ýerde tutýarsyňyz. Aslynda welin, Siziň ol gahrymanyňyzyň “dogtor ýüregi” daşa dönüpdir, onda çyn adamkärçiligiň alamatlary gaty az. Dogry, Anna Mihaýlowna Gülşat keselhanada ýatyrka, onuň ýanyna gelip, göwünlik berýär, oňa käbir ýakymly sözleri hem aýdýar. Nobat esasy meselä syryganynda welin, Siziň ol gahrymanyňyz okyjy üçin başky ähmiýetini ýitirýär diýip tassyklamaga esas bar. Eger Anna Mihaýlowna sözüň doly manysynda “ýürek dogtory” bolan bolsa, onda Gülşat bilen Döwlete: “...öz gyzyňy çagalar öýüne berip, ony ogul bilen çalşaýsaň näder?” (27-nji sah.), “Eger-de size ogul gerek bolsa, men ertiriň özünde “ogully” edip bilerin” (61-nji sah.) diýip diýip sürnip durmazdy. Ýa-da iki gepiniň birinde gülşada: “Iki tamyň biri seňki” (65-nji sah.) diýip “paýhasly” maslahat bermezdi. “Ýürek dogtorynyň” ynsan ýüreginiň inçe tarlarynyň owazyny eşidip bilmeýşi, perzende alyp-çalşyp ýörmeli zat hökmünde garaýşy, klinikanyň işgärleriniň arasynda “Gülşadyň hem ogly hem gyzy” diýen my-myşlary ýaýradyşy haýran galaýmaly zat! Meniň nazarymça, Siziň kitabyňyzy okap gören beýleki käbir adamlaryň nazaryça, dil tarapyndan Siz iki aýagyňyz bilen agsaýarsyňyz. Haýsy bir jümläňizi alsak-da, olarda sowatsyzlygyň, tagaşyksyzlygyň alamaty köre-hasa bolup dur. Geliň, kitaby açaýan ýerimizdäki birinji sözlemi okap göreliň: “Döwletiň ilki gyzy dünýä inenden soň, ol çaga aladasynyň çenden aşa köpdügini duýdy” (3-nji sah.) Bu ýerde çaga aladasyny Döwlet duýdumy ýa dünýä inen gyzjagaz duýdumy? Belli däl. Eger grammatiki kada eýerip baha berlende, şol aladany gyzjagazyň özi duýan ýaly bolup görünýär. Siz dialoglara zor berýäsiňiz. Prozada bu ýagdaýyň gowy görlüp durulmaýandygyny Size ýatlatmak meniň paýyma girenok. Ýöne dialoglaryň gurakdygyny, uçursyz uzyndygyny (Gaýlynyň gürrüňlerine serediň) aýdasym gelýär. Sadap ejäniň öz ogly Döwlet bilen resmi gepleşiginde, has dogrusy, gepleşiklerinde, Siziň gahrymanlaryňyzyň dil aýratynlyklaryna birjigem üns bermändigiňiz has aýan bolýar. Dialoglaryň ählisi-de mahabatly, resmi sözlerden düzülipdir, uzyn-uzyn jümleleri bir demde okap çykaýjak bolsaň, gaty heläk bolýarsyň. Arman, şu ýerde mysal getirip oturmaga mümkinçilik ýok. Eger şeýle mümkinçilik bolan bolsady, Siziň ähli dialoglaryňyzy göçürip, olary jikme-jik analiz ederdik. Çeper eserde kömekçi serişdeleriň – peýzažyň, janlandyrmalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň nähili ähmiýetiniň bardygyny Siz öňat bilýänsiňiz. Peýzaž hakda aýdylanda, Siz günüň dogşy bilen ýaşyşyny suratlandyrmagy hemme zatdan oňat görýärsiňiz. Ýöne bu ýerde başga bir zat bar: Siziň suratlandyrmalaryňyzyň arasynda tapawut goýmak gaty çetin, olaryň hemmesi bir meňzeş. Sizde şeýle suratlandyrma bar: “Gün guşluga galyp, älem-jahany nura gark etmäge başlanda, her kim öz işine ugrady”. Şol älem-jahan, şol nur kitabyňyzyň 16-23-63-66-93-145-nji sahypalarynda gaýtalanýar, diňe bir tapawut – olaryň käbirinde Köpetdagyň adyny tutýarsyňyz, käbirinde bolsa “agaçlaryň ýapraklaryny syr alyşýan gazlaryň (?!) özara pyşyrdaşlaryna” meňzedýärsiňiz. Bu meňzetmäňize, dogrusyny aýtsak, gaty bir düşübem baramzok. Asman ýyldyzlaryny gahrymanyň içki içki duýgulary bilen baglanyşdyryşyňyz (9-24-90-njy sah.) dogrusynda-da ýokarky aýdylanlary gaýtalamak boljak. Ine, hormatly ýoldaş, R.Alyýew, Siziň täze kitabyňyz dogrusynda özümde dörän oýlaryň käbiri şundan ybaratdyr. Dogrusy, bu ýerde men olaryň gylla ýarysyny-da kagyza geçirip bilmedim. Ýöne bir zat düşnükli: Siz harsallyga ýol beripsiňiz, öz mümkinçilikleriňizden juda az peýdalanypsyňyz, okyja çig-çarsy powest hödürläpsiňiz. Sizi iňňän sylaýandygym üçin, “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýlişi ýaly, telim gün bäri özüme ynjalyk bermän gelýän ýene bir pikiri syzdyrasym gelýär. Ol-da Siziň kitabyňyza metbugatda ýaňy-ýakynda çap edilen syn dogrusyndadyr. Elbetde, her bir esere her bir adamyň başga-başga düşünişi bar. Ýöne göze dürtülip duran kemçilikleri bar bolan kitaba öz gol astyňyzdaky (Siz uniwersitetiň edebiýat kafedrasynyň müdiri ahyryn) adamyň – ýaş mugallym H.Kulyýewiň öwgüden doly makalany ýazyp, “aýy hyzmatyny” bitirmegi Size “Her bir pähimdara sadalyk gerek” diýen nakyly ýatlatmaýarmyka? Siziň sarpaňyzy tutmak bilen, Abdylla MYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 29.06.1961 ý. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||