00:41 Mäti Kösäýew hakda söz | |
MÄTI KÖSÄÝEW HAKDA SÖZ
Edebi makalalar
Öňräk edebiýatçy alym Nazar Gullaýew: ”Professor Mäti Kösäýew hakda iň bir hoşniýetli hem mähirli söz aýdanlaryň biri tankytçy Abdylla Myradow neresse bolmaly. Muny men Mäti aganyň öz dilinden eşidipdim. Şol çykyşyň magnitofon ýazgysynyn tapyp, il-güne ýetirmek gerek” di ýipdi. “Agtaran Tapar” diýlişi ýaly, biz bu ýazgyny ahyry ele saldyk. Zehinli edebiýat tankytçysy Abdylla Myradowyň 1966-njy ýylyň Maý (Magtymguly) aýynda mekdep okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň teksti şundan ybarat: –– Gadyrly çagalar! Mundan bir hepde ozal Gökdepe raýonynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Mäti Kösäýewi hormatlap, pionerlige kabul etdiler. Onuň boýnuna gyzyl galstuk dakdylar. Mäti Kösäýewiň at göteren alymdygyny, terbiýeçidigini, mugallymdygyny gökdepeli okuwçylar bilýändirler. Olar ähtimal Beýik klassyk şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez, eserlerini halk köpçüligine ýaýratmakda bitiren hyzmatlaryndan hem habardardyrlar. Ýöne uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly bolup, okuwçylary ala-ýaz eden, olaryň öňünde halk döredijiliginiň baý ganarynyň agzyny açyp goýan adamynyň eýýäm 60 ýaşyndadygyny olar bilmese-de, bilýän däldirler. Hawa, düýn Mäti aga 60 ýaşady. Düýn daň tilki guýruk bolanyndan onuň telefonynyň jyňňyrdysynyň yzy kesilmedi. Uly arzuwlardan doly telegrammadyr hatlary getirip gidýän poçtalonlaryň yzy üzülmedi. Munuň öži Mäti aga bolan hormatyň gözli-başly şaýadydyr. Hormat, abraý diýilýän zat ýone ýerden gazanylanok. Eger öz ýüregiňi, ylhamyňy, zehiniňi, galamyňy, gulluk edýän işiňe, mähriban iliňe bagyşlamasaň, hormat-abraý diýilýän zat edil gyrkylan erkeç ýaly, asyl golaýyny-da getirenok. Mäti aga welin tutuş durku bilen edebiýatyň hyzmatkäri halk döredijiliginiň, ylmyň hyzmatkäri boldy. Gadyrly çagalar! 1928-nji ýyldan bäri, biziň okuw kitaplarmyzyñ sahypalryndan düşmän gelýän: Gyzlar läle kakalyň, Duşman bagryn ýakalyň, Oglan-gyzlar bir bolup, Mekdeplerde okalyň! ýaly setirleri Mäti aganyň ýazandygyny bilýän däl bolsaňyz gerek. Ol setirler indi halk döredijiligine öwrülip gidipdir. Ýyllar boýy Mäti aga siziň bilen-çagalar bilen aragatnaşygyny eger-eger kesmedi. Ol türkmen mekdepleriniň 2,3,4-nji klaslary üçun ene dilinden okuw kitapalryny ýazdy. 5,6,7,8-nji klaslaryň okuwçylarynyň edebiýatdan sapak alyp oturan kitaplarynyň ýüzünden Mäti Kösäýewiň familiýasy aýrylmady. “Pioner” žurnalynyň eliňize gowşan soňky sanyny açyp görüň. Siziň nazaryňyz “Janly kalendarda” saklanar Mäti aga size asman ýyldyzlary hakynda, guşlar hakynda, asyrlaryň dürli öwüşgünleri hakynda gyzykly gürrüňler berýär. Siz türkmen ýaşulusynyň pähim-paýhasyna göz ýetirersiňiz. Durmuşda gerek boljak peýdaly maslahatlar alarsyňyz. Ýaşuly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew “Halk döredijiliginiň bir ýerde janly göwresi bar bolsa, şony öz dostumyz Mäti Kösäýewmikä öýdýän. Şol göwräniň durdygyça ykjamlanyp, halkyň dana sözüni, altyn çäjini mätäçleriň üstüne toý pişmesi ýaly seçip ýörmegini halys ýürekden arzuw edýärin” diýýär. Tüýs jüpüne düşen baha! Mäti aga halk döredijiliginiň egsilmez çeşmeleriniň biri, klassyk edebiýatymyzyň nusgalaryny edil bäş barmagy ýaly bilýän adam. Onuň zehini barha durlanýar. Barha täzeçe öwşgün alýar. Ýyllar geçer, siz okap ýören mekdepleriňizi gutaryp obalaryňyz bilen hoşlaşyp Türkmen Döwlet uniwersitetiniň basgançagyndan ätlärsiňiz. Ylymlar köşgüniň belent ymaratynyň işiginde duransyňyz welin, ynha bir daýaw, salyhatly, gujur- -gaýratly ýaşuly bosagada ätlär. Siz: “Salam, Mäti aga!” diýip onyň daşyna üýşersiňiz. Ol sizi edil öz perzendi ýaly garşylar, siziň bilen alçak gürleşer. Siziň nähili haýyşyňyz bolsa-da, möhümiňizi bitirmän goýbermez. Iň esasy zat hem auditoriýa girip, onuň edebiýatdan berýän leksiýalaryny diňläp ugranyňyzda, wagtyň nähili geçenini duýman galarsyňyz. Geliň, şeýle mylakatly, zähmetsöýer, pähim- paýhasly, türkmen edebiýatyny öwrenýän adamlaryň ählisiniň halypasy Mäti agany tüýs ýürekden gutlalyň. Oňa uzak ömür, bagt, kalbyň kuwwatly joşgunyny arzuw edeliň. (Kösäýew Erkiniň öý arhiwinde edebiýat tañkytçysy Abdylla Myradowyň türkmen radiosynda çagalar üçin eden çykyşynyñ ses ýazgysy saklanýar, ol döwlet arhiwine hem tabşyryldy). Abdylla MYRADOW, 1966, maý. “Edebiýat we sungat” gazeti, 08.03.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |