23:56 Poetik eserleriñ terjimesi hakynda | |
POETIK ESERLERIŇ TERJIMESI HAKYNDA
Edebi tankyt
• Redaksiýadan: Redaksiýa A.Myradowyň makalasyny çap etmek bilen, poeziýanyň terjimesi hakynda, terjimäniň ýollary hakynda, terjime işini nähili edeniňde gowy edip ýola goýmak boljakdygy hakynda öz pikirlerini aýtmaklaryny edebiýatçylardan, dilçilerden, edebiýat mugallymlaryndan haýyş edýär. * * * SSSR-iň doganlyk halklarynyň we dünýä halklarynyň iň oňat ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserlerini terjime etmek indi bizde ajaýyp däbe öwrüldi. Ol däp özüniň başlangyjyny baryp otuzynjy ýyllaryň başlaryndan alyp ugraýar. Geçen döwrüň içinde türkmen okyjylary A.S.Puşkiniň. M.Ý.Lermontowyň, W.Şekspiriň, Ş.Petýofiniň, G.Geýnäniň, I.Frankonyň, Şota Rustaweliniň, T.Şewçenkonyň, Ýegişe çarensiň we beýleki onlarça söz ussatlarynyň eserleri bilen öz ene dillerinde giňden tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. B.Kerbabaýewiň Musa Jeliliň goşgularyndan, Durdy Haldurdynyň Ýegişe Çarensiň, Çary Aşyrowyň taras Şewçenkonyň, K.Gurbannepesowyň Şandor Petýofiniň eserlerinden terjimeleri sözüň doly manysynda bu ugurda gazanylan uly üstünlikdir. • Bu ugurda bizde düýpli kemçilikler hem az däl Çeper terjimäniň praktikasynda iki sany häsiýetli kemçilik bar. Olardan biri – özüňden goşmak, awtoryň pikirine “düzediş” bermek, ikinjisi bolsa, sözme-söz, harpma-harp terjimä kowalaşmakdyr. Bu hatarly keselleriň haýsy biriniň agyrdygyny, gorkunçdygyny aýtmak kyn. Ýöne, biziň pikirimizçe, terjimeçilerimiziň özünden goşmaklary, dürli “düzedişler” bermekleri iň gorkuly zatdyr. Soňky 4-5 ýylyň içinde A.Haýydow poetiki terjime bilen iş salyşýar. 1956-njy ýylda beýik ukrain şahyry Iwan Frankonyň “Saýlanan eserleri” çap edildi. Bu ýygyndynyň poeziýa bölümini tutuşlygyna A.Haýydow terjime edipdir. I/Frankonyň “Salam, eý Stepan!”, “Şahyryň mekdebi”, “Gözel skripka bozuldy” diýen goşgularynyň, durmuş, söýgi, şatlyk we gaýgy hakyndaky tymsallarynyň başarjaňlyk bilen terjime edilmegi A.Haýydowyň originala golaýlaşmakda, onuň esasy detallaryny bermekde ösýändigine güwä geçýär. Şunuň bilen birlikde, beýik şahyryň bu ýygynda girizilen goşgularynyň we poemalarynyň aglabasynyň şowly çykmandygyny hem bellemeli bolýar. I.Frankonyň “Proletarlaryň pikirleri” diýen syýasy taýdan uly ähmiýete eýe bolan goşgular toparynda şahyryň proletar poeziýasynyň joşgunly motiwleri jemlenýär. I.Franko “Türmedäki ýoldaşlaryma” diýen şygrynda şeýle ýazýar: Рвутся старые наши оковы, Что привыкли мы в жизни носить: Расковаться и мыли готовы – Будем жить, братья, будем мы жить! Terjimeçi bu setirleri şeýle berýär: Gandal maý berenok turup galmaga, Emma, dostlar üzülýär bu gandallar. Pikirler hem taýýar azat bolmaga, Ýşarys, ýaşarys ýene köp ýyllar. Ünsli garap, setirleriň manysyny sallarlap otursaň, bu ýerde original bilen terjimäniň arasynda düýpli tapawut bardygy duýulýar. I.Frankonyň setirlerinden gaýduwsyz buýsanç aňlanýar, şahyr ejizlemeýändigini, gandallaryň, onda hem köne gandallaryň üzülýändigini turuwdan nygtap geçýär. Terjimeçi bolsa bu setirlere ejizlik ýokundysyny siňdiripdir, ýok ýerden “turup galmaga maý bermeýän gandallar” barada aýdypdyr, şahyryň “köne” diýen sözüni bolsa bütinleý taşlapdyr. Mundan başga-da I.Franko ýaşaýyşdan söz açanda, onuň möhletini çäklendirmäýerä, “doganlar, biz ýaşarys” diýmek bilen, durmuşyň, ýaşaýşyň bakydygyny aýdýar. Emma terjimeçi “gandallar” diýen söze kapyýa hökmünde “köp ýyllar” diýen sözlemi getirip, şahyryň pikirine düýpli şikest ýetiripdir, has dogrusy onuň pikirini ýoýupdyr. I.Franko üçin arzuwly durmuşa ýetmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Hut şonuň üçin-de şahyr: ...По бурливым и сумрачным волнам Мы к счастливым краям поплывём - diýip ýazýar. Terjimäni okanyňda, näme üçindir “bagtly kenara” tarap barýan ýoldaky şol “gaýly we gamly” kenary görüp bilmeýärsiň. A.Haýydow diňe: Görünýär, görünýär bagtly kenar, Agzybir urarys kürekleri hem - diýmek bilen çäklenýär. Dogry, baryljak kenar bagtly kenardyr, kürek hem agzybirlikde urulýandyr. Emma I.Franko “azapsyz ýeriň adynyň bolmajakdygyna” düşünip, göreşiň kynçylygy hakyndäa döwürdeşlerine duýdurypdyr. Ine, esasy mesele şundadyr. Terjimeçi şol esasy meseleden sowlup geçirpdir we düýpli ýalňyşlyk goýberipdir. I.Franko “Türmedäki ýoldaşlaryma” diýen goşgusynyň üç ýerinde “pähim” (“разум”) sözüni gaýtalaýar. (“Светлый разум без веры в богов”, “...лишь разум крепит бытие”, ”Утвердит его властный наш разум”). Bu şahyryň dünýägaraýşy bilen baglydyr. Belli bolşy ýaly I.Franko döredijiliginiň başlangyç etaplarynda köplenç halatlarda pähime bil baglapdyr, pähimiň päkligi ugrunda göreşipdir. Terjimeçiniň muňa parhsyz garamagy nebsiňi agyrdýar. Eger A.Haýydow I.Frankonyň poeziýasyny terjime etmezden ozal, onuň tutuş döredijilik ýoly bilen iň bolmanda ýüzleýräk hem tanyş bolan bolsady, onda şeýle kemçilikden daşlaşyp hem bilerdi. A.M.Gorkiý özüniň makalalarynyň birinde: “Terjimeçi diňe bir edebiýat taryhyny däl, eýsem awtoryň döredijilik şahsyýetiniň ösüş taryhyny hem bilmelidir – diňe şol wagtda her bir kitabyň ruhuny azda-köpde kanagatlanarlyk berip bolar” diýipdi. I.Frankonyň poeziýasynyň terjimesinde ýol berlen kemçilikleriň esasy sebäbini hem biz pikirlenmezden ykrar edilmeli şu düzgünlerden ara açylanlygy bilen düşündirmekçi bolýarys. A.Haýydowyň terjimeleri üçin häsiýetli bolan kemçilikler N.Baýramowyň Ýegişe Çarensden, G.Seýitmädowyň Ýulýus Ýanonisden eden terjimelerinde hem göze dürtülip durýar. Elbetde, bularyň ikisi-de ýaş terjimeçi. Ýöne okyjy Ýegişe Çarensiň ýa Ýulýus Ýanonisiň türkmen dilinde çykan goşgularyny okanlarynda N.Baýramowy, G.Seýitmädowy däl-de, eýsem hut şol meşhur şahyrlary görjek bolýar. N.Baýramow Ýegişe Çarensiň programmalaýyn goşgularyndan biri bolan “Meniň okyjyma” diýen şygryny terjime edipdir. Çarens öz eserlerine baha berip, şeýle ýazypdyr: Все вложил я в строки эти, Как я жил и как страдал – Ни один поэт на свете За меня бы не рассказал. Gaty ýerlikli pikir! Bu setirlerde şahyrana sadalyk, pähimlilik, kiçügöwünlilik we päk matlap bar. Ýegişe Çarens “men özümiň bu setirlerime öz ýaşaýşymy we gören görgülerimi sygdyrdym, hiç bir şahyr meniň aýtjak zadymy öz aýdyşym ýaly aýdyp bilmez” diýen pikiri ýöredýär. Emma terjimeçi beýik şahyryň şeýle pikirleriniň üstünden atanak çekýär-de, Ýegişe çarense “kömege” alňasaýar. Eýsem: Ýazdym şonda bar zat hakda, Gören günlem, gören jepam Hiç bir şahyr menden ökde Ýazmazdy, ýazmazdy şepäm – - diýen setirler bilen originalyň arasyndaky ýakynlygyň ýer bilen gök ýalydygyny subut edip oturmak gerekmi berin? G.Seýitmädowyň Ýulýus Ýanonisden eden terjimelerini diňe agdaryşdyryp çykanyňda hem, ilki bilen iki meseläniň üstünde oýlanmaga mejbur bolýarsyň: entek ýaş şahyrlykdan saýlanyp bilmedik, özüniň döredijilik ýüzüni görkezip bilmedik G.Seýitmädow näme maksat bilen Litwanyň talantly şahyry-rewolýusioneri Ýulýus Ýanonisiň goşgularyny terjime etmäge erişdikä? Näme üçin türkmen döwlet neşirýatynyň çeper edebiýat we çagalar edebiýaty bölümleri käbir eserleriň terjimesine şeýle eýeçiliksiz, jogapkärçiliksiz garaýarlarka? Häzirlikçe terjimeçä we neşirýat işgärlerine galdyryp, Ýulýus Ýanonisiň “terjimeleriniň” käbirleriniň üstünde aýak çekmek isleýäris. “Ýagty geljek ugrunda”, “Batragyň aýdymy” (terjimeçi muny “Garybyň aýdymy” diýip alypdyr), “Nejisa gan içýär”, “Zähmet armiýasy” diýen şygyrlar Ý.Ýanonisiň saýlantgy goşgularydyr. Emma bu goşgulary türkmençä geçirende, terjimeçi terjimäniň iň elementar talaplaryny-da berjaý etmändir. Konkret mysallara ýüzleneliň: На трупах он воздвиг свой трон Но скоро будет свергнут он, Расплаты день грядет! Пока же будет трон стоять, Вам правды в мире не видить, Сгибатся под ярмом. (“Царь, подлый кровопийца…”) Ine, bu goşgynyň “terjimesi”: Meýtden saldy tagt, Geler şeýle wagt: Ýerinde onuň diňe kül galar! Häzir dursun tagt, Bizem tapyp bagt, Ony bu ýerden baky kowarys. Rus dilinden aňry ujy başy çykýan adam hem bu “terjimäniň” şu günki günüň okyjylaryna hödürlenip bilinmejekdigine göz ýetirse gerek. Terjimeçiniň teksti bilen originaly “men näme diýýärin, gopuzym näme diýýär” ýaly gapma-garşylykly ýagdaýda durýar. Iň esasy zat-da, Ýulýus Ýanonisiň altyna gaplaýmaly ideýasy püçege çykarylýar. Ý.Ýanonis rewolýusioner şahyr hökmünde patyşanyň “tiz wagtda” (“cкоро”) kowuljakdygyny, haklaşyljak wagtyň daş däldigini çekinmän aýdýar. Şahyryň bu batyrgaýlygyndan nam-nyşan galdyrmadyk terjimeçiniň pikirini nirä çekseň çekip oturmaly: “şeýle bir wagt geler, patyşa nhem öz ajalyna öler, onuň ýurdunda ýel öser, bu zatlaryň hemmesi özakymly peýda bolar” diýen netijäni çykarmak mümkin. Ikinji bentdäki setir “Häzir dursun tagt” diýende, “Eger tagt ýerinde galsa” diýýär. Ý.Ýanonis “bagtyň tapylaryna” garaşyp oturanok. Ol döwürdeşleriniň öňünde başga hajaty – eger şol tagt dursa, halkyň hakykata ýüzleriniň düşmejekdigini açyp goýýar. Ýulýus Ýanonisiň döredijiligi zähmet adamsyna – işçiler synpyna bolan guwanç duýgusyna ýugrulandyr. Muňa onuň “Zähmet armiýasy” diýen goşgusynyň originaly-da anyk mysal bolup biler: Утренный улицах топод и гуд: голодные люди идут – ... войско шагает... Bu sözleriň çuňňur manysy bar. “Işçilerden düzülen goşun” diýen aňlatmanyň özi-de goşgynyň güýçli pafosyny, içki mazunyny kesgitleýär. Ý.Ýanonis zähmet adamlaryna arkadaýanç, goltutar hökmünde guwanýar. Emma terjimeçiniň “döredijiligijne” seredende, bütinleý tersine: Ir bilen köçede şakyrdy turýar, Adamlar ýüzün salyşyp barýar, Olar agyr işe enteşip barýar. • Originalyň terjimesinde gürrüň näme hakda barýar? “Şakyrdy”, “enteşip” ýaly sözleriň originalda ýokdugyny aýtmanymyzda hem, terjimede ol sözler diňe otrisatel mana eýedir. Ý.Ýanonis bolsa özüniň zähmetkeş halk bilen baglanyşykly bolan her bir setirini ýürekdeşlik, duýgudaşlyk bilen suwarypdyr. G.Seýitmädowyň “agyr işe” diýen sözlerini näme üçin getirýäni hem belli däl. Şahyr işiň agyrlygyny, terjimeçiniň edişi ýaly, dekleratiw sözlerde bermeýär-de, zähmet armiýasynyň argyn ýüzlerinden okaýar. Galyberse-de, terjimeçi türkmen diliniň kadalaryndan çykyp, ýene bir uçudyň üstünden barýar. “Ýüzün salyşyp” diýen söz elimizdäki kontekstde aýak aldygyna ylgamagy hem aňladyp biler. Eger şol sözleri edil şeýle manyda ulansaň, logika hem pozulýar, terjimeçi hem gülkünç ýagdaýa düşýär. • Edebi terjime ugrundan bar bolan düýpli kemçilikleriň esasy sebäplerini nireden agtarmaly? Günäniň agramly tarapynyň terjimeçilerimiziň öz üstüne düşýändigini aýgytly aýtmak gerek. Olaryň käbirleri çeper terjimä döredijiligiň bir görnüşi hökmünde garamaýarlar, diňe setir sanyna kowalaşýarlar. Rsu şahyrlarynyň terjime ugrundan oňat däpleri bar. Olaryň biri ýörite gruzin poeziýasy bilen iş salyşsa, ikinjisini diňe täjik poeziýasy gyzyklandyrýar, üçünji biri ermeni poeziýasynyň nusgalaryna ýykgyn edýär. Biz bu ýerde N.Tihonowyň, N.Zaboloskiniň, S.Lipkiniň, A.Mežirowyň atlaryny hormat bilen agzamakçy bolýarys. Diňe şolaryň tagallalary bilen gruzin, ermeni, täjik poeziýasy bütindünýä edebibat arenasyna çykdy. Bir halkyň poeziýasyndan nusgalary terjime etmek üçin diňe şol nusganyň rusça originalyny gaýta-gaýta okanyň we terjimä ýapyşanyň bilen bolmaýar. Munuň üçin halkyň taryhyny, durmuşyny, her bir döwrüň hut özüne häsiýetli bolan aýratynlyklaryny bilmeli. N.Dobrolýubow “...klassyk eseriň terjimeçisi şol bir wagtyň özünde alym hem bolmalydyr” diýip nygtap geçýär. “Rus okyjylarynyň öňünde Ermenistanyň poetikasyny açyp goýan” W.Ý.Brýusow tutuş bir ýyllap, ermeni halkynyň taryhyny öwrenýär. Ermenistana, Kawkaza, Zakawkazýä aýlanýar, ermeni intelligensiýasynyň öňdebaryjy adamlary: görnükli alymlar, şahyrlar, žurnalistler, jemgyýetçilik işgärleri bilen tanyşýar. N.Tihonowyň, N.Zaboloskiniň, S.Lipkiniň terjimeleriniň hem ölmez-ýitmezligini üpjün edýän zat – olaryň W.Ý.Brýusowyň iş tejribesini özboluşly dowam etdirendiklerinden ybaratdyr. S.Lipkin “Terjimeçi hem hudožnikdir” diýen makalasynda (“Литературная газета”, 14.05.1959 ý.) şeýle ýazýar: “Poeziýa çuňňur ruhy tolgunmalaryň, çuňňu rpikirleriň netijesidir, emma bu gün Gyrgyzystanda, ertir bolsa eýýäm Latwiýada tolgunmak, onda hem çuňňur tolgunmak, bu gün moldawiýalyny bihuda söýüp, ertesi bolsa türkmeniň hatyrasy üçin ony ýatdan çykarmak mümkinmi? Muňa uly geniniň-de bogny ysmaz”. Oňat terjimeçiniň bu kinaýaly sözleri bize-de degişlidir. Eýsem bu gün Russiýanyň howasy bilend dem alyp, ertir Müsüre şaýlanýan, birgüni bolsa eýýäm... Birmada gezip ýören terjimeçilerimiz hem az däl. Biziň sowet tehnikamyz näçe ösen hem bolsa, ol heniz şeýle tiz gözden gaýyp bolýan terjimeçilerimize ulag bolup hyzmat edip biljek samolýoty ýa wertolýoty oýlap tapyp bilenok. Biziň pikirimizçe, bir şahyra birnäçe halkyň poeziýasyndan terjime etmekligi tabşyrmakdan el çekmek gerek. Eger şeýle edilmese, dünýäniň ähli şahyrlarynyň bir ülňiniň aşagyna salynjagy, olaryň şahyrana mertebeleriniň hemmä belli ölçegler bilen ölçenjegi gümansyzdyr. Poeziýa eserleriniň terjimesini guramakda türkmen döwlet neşirýatynyň işgärleriniň arasynda ozal dowam eden käbir praktikadan indi belli-külli ara açmaklygy biziň durmuşymyz, okyjylarymyzyň günsaýyn ösýän islegleri, edebiýatymyzyň şu günki derejesi aýgytly talap edýärler. Şol praktika laýyklykda, şu güne çenli planlaşdyrylýan ýygyndylaryň aglabasy neşirýätyň öz işgärlerine tabşyrylýardy. Neşirýatyň “öz eli, öz ýakasy” bolan işgärleri “üleşdirene üç gaz” edip, diňe artyk-süýşük galan wagtynda, terjime etmeli eserleri “kesekilere” hödürleýärdiler. Biziň pikirimizçe, terjimäniň hem döredijilikdigini nazarda tutup, türkmençä geçirilmegi derwaýys gerek bolan eserleri diňe okyjylara özüni oňat şahyr we terjimeçi hökmünde tanadan adamlara tabşyrmak gerek. Biz Çary Aşyrowyň we Kerim Gurbannepesowyň döwür bilen, talap bilen aýakdaş gidýän terjime eserlerini ýadymyzdan çykaramyzok. Dogrusyny aýdanyňda, Taras Şewçenkony we Şandor Petýofini biziň aramyza getiren, olary biziň bilen doganlaşdyran hem şol atlary agzalan terjimeçi şahyrlardyr. Emma soňky 3-4 ýylyň içinde olaryň eden terjimelerine gözüň kaklyşmaýar, sebäbi... Çary Aşyrow-da, Kerim Gurbannepesow-da indi Türkmen döwlet neşirýatynda... işlemeýärler. Şonuň üçin-de indi olara terjime hödürlenmeýär. Mundan başga-da, häzire çenli neşirýatyň planyna girizilen awtorlaryň terjime etmäge laýyk eserlerini seçip almak... terjimeçileriň hut özlerine tabşyrylýar. Netijede, şahyrlaryň aňsadyrak eserleri seýşçilip, program goşgulary, terjime etmäge kynrak goşgulary bolsa ünsden düşürilýär. Okyjylar SSSR halklarynyň we dünýä poeziýasynyň ajaýyp wekilleriniň döredijilik keşbini, esasy häsiýetlerini geregiçe göz öňüne getirip bilmeýärler. Muňa mysal edip, Iwan Frankonyň “Saýlanan eserlerini”, Ýegişe Çarensiň “Şygyrlaryny” görkezmek-de ýeterlikdir. I.Frankonyň “Saýlanan eserleriniň” başynda neşirýatdan berlen düşündirişde: “Şu kitaba ýazyjynyň iň gowy poetiki eserleriniň... girizilendigi” nygtalyp geçilýär. Elbetde, ýygyndydaky goşgularyň asyl nusgasyna biz dil ýetirip biljek däl. Emma näme üçin bu ýygyndyda I.Frankonyň “Gimn”, “Hemme ýerde hakykaty yzarlaýarlar”, “Idealistler”, “Batrak”, “Daş döwüjiler”, “Poeziýa”, “Şahyr”, “Meniň okyjyma” ýaly dünýä poeziýasynyň altyn fonduna goşant bolan goşgulary özlerine orun tapyp bilmändirler? Ýegişe Çarensiň ýygyndysyndaky “Däde Lenin”, “Lenin we Aly”, “Wladimir Iliç. Daýhan hem bir jübüt ädik hakynda ballada” ýaly eserlerden beýleki goşgulary onuň orta gürpde ýazylan şygyrlarydyr. Türkmen okyjylary onuň “Danto legendasyny”, “Ählipoemasyny”, “Wenesiýada ýazylan elegiýasyny”, “Ýigrimi altylar hakyndaky balladasyny”, ýedi sany ajaýyp gimninden iň bolmanda 1-2 sanysyny öz ene dilinde okamak isleýär. Kynçylykdan gaçyp, okyjylarda ol ýa-da beýleki şahyr hakynda doly manysynda položitel düşünje galdyrmaklykdan sowlup geçmek düýbünden nädogrudyr. I.Frankonyň, G.Geýnäniň türkmen dilinde çykan “Saýlanan eserlerini” (has dogrusy, aňsatlary saýlanan eserleri) okan adamda ol iki şahyryň döredijiliginde iň agdyklyk edýän liniýa yşky lirikadyr diýen pikir döreýär, sebäbi olarda yşky lirika köp orun berilýär. Dogry, söýgi edebiýatyň “baky” temalaryndan biridir. I.Franko hem, Genrih Geýne hem gaýta-gaýta şol tema ýüzlenipdirler. Ýöne şahyrlaryň döredijiligini diňe bir ugra syrykdyrman, ondaky pafosy, köptaraplylygy bellemän geçmek bizi nägile edýär. Sowet poeziýasynyň döwürdeşlerimiziň içki duýgularyna, ruhy dünýälerine has batyrgaý aralaşýan eserlerini terjime etmeklige köpräk üns bermek gerek. Dogrusyny aýdanyňda, biziň kitap polkalarymyzda sowet şahyrlarynyň goşgular ýygyndylary örän seýrek görünýär. Geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýaty “Kyrk gyz” atly eposy garagalpakçadan terjime edip, 30.000 tiraž bilen çapdan çykardy. Biz ol eposyň gerekdigini inkär edemzok. Ýöne entek el degrilmän ýatan we döwrümiz bilen bir howadan dem alýan eserler terjime edilmänkä, şol eposy köpçülikleýin tiraž bilen çykarmak neşirýatyň işiniň öwgüli tarapy däldir. Poetik eserleriň terjimesi hakynda, onuň hili, guralyşy hakynda giňden gürrüň etmäge wagt ýetdi. Biz bu ummasyz meseläniň diňe göze görnüp duran taraplaryny gozgadyk. Terjimäni originaldan etmek amatlymy ýa-da rus dilinden? Bir şahyryň köp ýurtlaryň halklarynyň poeziýasyndan edýän terjimelerine nähili garamaly? Haýsy eserleri terjime etmek maksada has laýyk bolardy? Ine, bu gyzykly zerur meseleler barada gürrüň dowam etdiriler, has çuňlaşdyrylar diýip, biz umyt edýäris. Abdylla MYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, awgust 1959 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |