17:26 Edebiýat boýunça halkara baýraklar | |
EDEBIÝAT BOÝUNÇA HALKARA BAÝRAKLAR
Edebiýaty öwreniş
■ Nobel baýragy Şwed inžener-himigi Alfred Bernhard Nobeliň adyny göterýän bu baýrak dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biri hasaplanýar. Ol 1901-nji ýyldan bäri gowşurylýar. Onuň ilkinji ýeňijisi fransuz şahyry Rene Fransua Prýudomdyr. Döräli bäri 107 gezek gowşurylan bu baýragyň 76-syna kyssaçylar mynasyp boldy. Baýrak A.Nobeliň şekili ýerleşdirilen altyn medaldan, degişli ýazgyly diplomdan we pul baýragyndan ybaratdyr. ■ Gonkur Baýragy Bu Fransiýanyň edebiýat boýunça baş baýragy bolup, 1903-nji ýyldan bäri haýsy milletdendigine garamazdan, fransuz dilinde ýazan eseri bilen tapawutlanan awtorlara gowşurylýar. Ol Gonkur (Goncourt) – doganlaryň Edmon Lui Antuanyň we Jýul Alfred Ýuonyň adyny göterýär. Doganlaryň öz emlägini Edebiýat akademiýasyna wesýet etmegi netijesinde Gonkur adyny alan akademiýa ýylda gowşurylýan adybir baýragy döredýär. Gonkur akademiýasynyň emin agzalygy Fransiýanyň on sany ady belli edebiýatşynaslaryna ynanylýar. Ilkibaşda baýrak täzeçillige ymtylýan we batyrgaý mowzuklary gozgaýan ýaş ýazyjylary höweslendirmek maksady bilen döredildi. ■ G.H.Andersen adyndaky halkara baýrak Bu baýragyň döremeginde nemes ýazyjysy Ýelle Lepmanyň hyzmaty bimöçberdir. Diňe bu hem däl. Hut hanym Lepman ÝUNESKO-nyň karary bilen G.H.Anderseniň doglan gününiň, ýagny her ýylyň 2-nji apreliniň “Çagalar eserleriniň halkara güni” diýlip yglan edilmegini gazandy. Şeýle-de, ol özünde altmyşa ýakyn döwletiň ýazyjylaryny, suratkeşlerini, edebiýatçylarydyr kitaphanaçylaryny jemleýän “Çagalar we ýetginjekler eserleriniň halkara maslahatynyň” (IBBY) esaslandyryjysy bolup durýar. Bu gurama 1956-njy ýyldan bäri G.H.Andersen adyndaky edebiýat boýunça halkara baýragyny çagalar ýazyjylaryna gowşursa, 1966-njy ýyldan başlap, ol çagalar kitaplarynyň suratkeşlerine hem berilýär. Beýik ertekiçiniň şekili ýerleşdirilen altyn medal iki ýyldan bir gezek IBBY-nyň nobatdaky maslahatynda gowşurylýar. (Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Kaýum Tañrygulyýew G.H.Andersen adyndaky baýraga eýe bolan ýeke-täk türkmen ýazyjysydyr -t.b.). ■ Buker baýragy Buker baýragyny Milletler Raýdaşlygyna girýän döwletleriň we Irlandiýanyň dünýä meşhurlygyna mynasyp hasaplaýan islendik ýazyjy alyp biler. 1969-njy ýylda esaslandyrylan bu baýrak 2002-nji ýyldan bäri “Man Booker Prize” adyny göterýär. Ilkibaşda agzalary ýylba-ýyl täzelenýän geňeş topary ýüz kitabyň sanawyny düzýär, soňra şol toparyň özi bäş adamdan ybarat eminleriň toparyny tassyklaýar. Olar hem öz gezeginde her ýylyň awgust aýynda 20-25 eseriň uzyn sanawyny, sentýabr aýynda gysga sanawyň alty ýeňijisini, oktýabr aýynda bolsa ýeke-täk ýeňijiniň adyny yglan edýär. ■ Karnegi medaly Bu baýraga mynasyp bolmak çagalar ýazyjylarynyň her biriniň baş arzuwydyr. Ol Britan institutynyň kitaphana we maglumat üpjünçilik işgärleri tarapyndan 1936-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Şotland Endrýu Karneginiň adyny göterýän bu baýrak Beýik Britaniýada çagalara niýetlenen eserlere gowşurylýan iň irki we iň abraýly baýrak hasaplanýar. Oňa iňlis dilinde ýazylyp, ilkinji gezek Beýik Britaniýada çap edilen eserler dalaş edip bilýär. Emin agzalarynyň sanawyny kitaphanaçylar birleşmesiniň wekilleri düzýär. ■ IMPAC baýragy IMPAC baýragy 1996-njy ýylda Dublin şäher geňeşi tarapyndan döredilen halkara baýragy bolup, sylag möçberi boýunça dünýäde ilkinji orunda durýar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Dublinde geçýän-de bolsa, onuň baş edarasy Florida şäherinde ýerleşýär. IMPAC-yň edebiýat bilen gönüden-göni galtaşygy bolmasa-da, zähmet öndürijiligini ösdürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy birleşik bolup, altmyş bäş döwletiň edaralarynyňdyr guramalarynyň taslamalarynyň üstünde işleýär. Bäsleşige synanyşyp görmek isleýän eserler hökmany suratda iňlis dilinde ýazylan ýa-da şol dile terjime edilen bolmaly hem-de ýiti halkara bäsdeşlige döz gelmegi başarmaly. Dalaşgärleri teklip etmek hukugyndan 51 döwletden 185 kitaphana peýdalanýar. # "Dünýä edebiýaty" žurnalynyň 2019-njy ýylda çykan 2-nji sanyndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |