00:53 Edebiýat eserine ikinji many nämä gerek? | |
EDEBIÝAT ESERINE IKINJI MANY NÄMÄ GEREK?
Geň-taňsy wakalar
Dünýä belli klassyk eserleriň köpüsünde ikinji many bolýar, başgaça aýdaňda gizlin many, gönümel aýdylmaýan ideýa. Islendik kesgitlemeden ýönekeý mysal has gowy düşündirýär. Mysal üçin aýdaly Frans Kafkaň "Proses" atly eseri. Ol eseriň mazmuny şeýle, bir oglan 30 ýaşaýar we oň üstinde proses başlaýar, ony bir zatda aýyplaýarlar, ýöne eseriň dowamynda nämede aýyplanýanyny awtor aýdanok. Baş gahryman özini sut etmeli kazyny görjek bolýar, ýöne ol hem başa baranok. Iň soňunda bir ýyla çeken prosesden soň, baş gahrymany ölüm jezasyna buýrýarlar. Bu eseriň manysy şeýle: Hudaý adamlary jezalandyrýar, ýöne adamyň näme günäsiniň bardygyny aýdanok, adamyň gözine görnenok. Eger adam näme üçin jeza alýanyny bilsedi, we Hudaýy ýekeje gezek görüp bilen bolsady, onda bar zat başgaça bolardy, adamda özini aklamaga mümkinçilik bolarady. Bu Frans Kafkaň, Proses atly eseriniň gizlin manysy. Eýsem eserde hakyky manyny gizlemek näme üçin gerek bolýar? Näme üçin bar zady gönümel aýdyp bolanok? Bu ýerde adamzadyň häsýetleriniň biri ýatyr. Rus dilinde "GORDOST" diýen bir duýgy bar, türkmen dilinde ol duýgy buýsanç bilen gedemligiň gibridine meňzeş bir duýgy. Hiç bir adam gönümel akyl satmany halanok, sebäbi hiç bir adam özini başga bir adamdan kem saýanok. Eger eserlerdäki ikinji many gizlin görnüşde bolsa, eseri okan her bir okyýjy, ol manyny özi gözläp tapýar we (Gordost), buýsanç atly duýgy oýanýar. Görýäňizmi men nähili akylly, men şeýle pikire geldim. Biz awtoryň öz eserinde, gizläp goýan pikirine, öz pikirimizdir öýdýäs, we öňden belli bolşy ýaly, öz pikirimiz, bize ähli zatdan ýakyn bolýar. Dünýä belli islendik klassik eserlerdäki gizlin many, diňe şol maksada hyzmat edýär. Köpsanly okyýjylara, awtoryň ideýalaryny, edil okyýjyň ideýalary hökmünde ýöňkemek. Elbetde ol ideýalaryň köpüsi zäherli bolup durýar. Aýdýan zatlarym düşnikli bolar ýaly, ýene bir näçe mysal getireýin: Frans Kafka Öwrülme atly eseri. Ol eserdäki baş gahryman tomazaga öwrülýär we öz öýündäkilere ýük bolýar. Entek adam wagty baňka işleýärdi we puly kändi, öýündäkiler ony sylaýardy. Tomazaga öwrüleninden soň, öýündäkiler ony ýigrenip başlaýarlar. Eseriň gizlin manysy ýönekeý, adamda pul bolsa ony ähli kişi gowy görýär, eger adam daş töweregindäkilere ýük bolsa, mysal üçin maýyp bolsa, ony ähli kişi ýigrenýär. Kafkaň bu eserini okap, okyýjylar şeýle pikire özleri gelmelidler, ýokarda agzalan buýsanjyň üstinden. Ýöne ol eserdäki ideýa adamzat üçin zäherli, sebäbi adamlaryň ählisi beýle däl. Biziň içimizde gowy adamlar hem bar, öz maýyp ene atasyna seredýän, öz maýyp ýoldaşyny taşlamaýan we maýyp çagalaryna aperasyýa üçin pul ýygnaýan we şuňa meňzeş. Emma Frans Kafkaň bu eseri, bizi başga tarapa yrmaga synanşýar. Eger Fran Kafka öz eserinde bar wakany gönümel gürrüň beren bolsa, hamala öz ýakynlaryna ýük bolan adamlar, ýigrenjä öwürilýär diýip, biz Frans Kafkany samsyk hasaplardyk. Ýöne Frans Kafka beýle edenok, ol eseriň esasy ideýasyny gizleýär we biz, okyýjylar, ol ideýany gözläp tapýas, we hamala oňa öz ideýamyz ýaly buýsanýas. Has gowy düşnükli bolar ýaly, ýene bir iki sany mysal getireýin: "Tow berilen apelsin" eseri. Kimiň ýazandygy şu wagt ýadymda däl we görmäge ýaltanýan, dogrysy eseriň awtory känbir wajyp hem däl. Eseriň baş gahrymany 15 ýaşly oglan we örän erbet durmuş bilen ýaşaýar. Günde agşam öz dostlary bilen, dükan talaýarlar, birni zorlaýarlar, birni ýençýärler. Günden güne şol bir durmuş. Ol oglan iň soňunda hökümediň eline düşýär we hökümet ol oglanda ýörüte eksperiment goýýar, hamala ol oglan birne zorluk etjek bolanda, oglanda ters rewlekslar başlaýar. Garaz ýörite derman serişdeleriň kömegi bilen, oglan zorlukdan çetde durar ýaly edýärler. Ýöne bu tejribe hem tetije berenok we oglan öňki durmuşyna gaýdyp barýar. Oglan iň soňunda 18 ýaşap, öz pişesini goýýar we düzelýär. Eseriň gizlin manysy, hiç bir adamy terbiýeläp bolanok, adam barybir öz edýän işlerini edýär, wagty gelende adam özi düzeler. Eseriň bu ideýasy, Frans Kafkaň ýokarda agzalan, iki eserindäki ýaly, adamzat üçin zäherli bolup durýar. Sebäbi okyýja adamy düzedip bolanok diýen pikiri ýöňkelýär. Birden düzetmeli adam öz çagamyz bolsa näme? Aýdaly biziň oglumyz entek ýaş wagty arak içip we çilim çekip başlady diýeli? Tow berlen apelsin eseriň esasy ideýasy, bizi şeýle soraglarda passiw etmek. Wagty gelse özi düzeler diýen pikiri bizde berkitmek. Dogrymy aýtsam, şu wagt dünýewi klassik diýip hasap edilýän eserleriň barsynda, adamzat üçin örän zyýanly pikirler bar. Ýene bir eser Frenk Gerbertyň Dýuna atly eseri. Bu eserde musulman dinine garşy ideýalar bar, has takygy Muhammet Pygambere garşy pikirler. Hamala Muhammet Pygamber başga planetadan gelen, ýa-da başga dünýäden, ol hakykatdan hem örän parasatly, ýöne aklyndan azaşan araplar bar zada tesr düşündiler we jehat atly mukaddes urşa başladylar. Araplara tutuş dünýäni talamak üçin parasatly serkerde gerekdi, Muhammet laýyk şol bolup çykdy. Musulman dini bolsa, ýöne bir psihologik tilsimaty. Elbetde awtor gönüden göni öz eserinde beýle diýenok. Ol diňe assasiýalaryň üsti bilen okyýjyny şeýle pikire eltýär. Okyýjy bolsa buýsanmaň üsti bilen şol ideýany özi oýlap tapandyr öýdýär. Ýene bir eser "Garri Potter" barada wakalar. Bu eserde zäherli ideýalar bir näçe sany, men diňe iň wajybynda durup geçjek. Bu eseriň iň esasy zäherli ideýasy, adamzat üçin, gudrat bilen Hudaýy aýratyn görkezmek. Gudrat diýen zadyň, Hudaýsyz hem bolup bilýänini görkezmek. "Meterýalist jadygöý", başgaça aýdaňda Ateist jadygöý. Jady diýen zadyň çeşmesi, haýsam bolsa bir güýçler bolup durýar, ýa-da şoňa meňzeş bir zat, ýöne Hudaý däl. Mysaly näçe getirseň getirip otyrmaly, şu wagt klassiki diýip hasap edilýän eserleriň köpüsinde zyýanly ideýalar bar, ýöne şu ýerde bir sorag döreýär. Eger eseriň içine zyýanly dälde, peýdaly ideýany gizleseň, ol hem işlärmi? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |