01:44 Elegiýa | |
Berdinazar Hudaýnazarow
Goşgular
▶ ELEGIÝA Gögelekäm goýup gitdiň eje jan, Güllemeli çagym köýüp ýaşadym. Boşap galdy gara öýüň gap böwri, Ýüregimi gyýyp-gyýyp ýaşadym. Dillenmediň soňky giden ýoluňa Geler diýip gözün diken ogluňa Bu ýalança şeýle aşyk halyma Mahal-mahal ondan doýup ýaşadym. Eziz adyň bardy alynýan demde, Eziz keşbiň gördüm uka gidemde. Garyp günde degsin-töwür edemde Ruhuň syzýanyny duýup ýaşadym. Gönümel häsiýeti goýup bilmedim, Her aýdylan zada uýup bilmedim. Dile gelen sözi diýip bilmedim - Öz sesimi özüm bogup ýaşadym. Ýaşasam-da zabunlygyň döwründe Hallan atdym dogry sözüň ugrunda. Ýata suwa meňzemedim ömrümde Bylkyldaman süýt dek çogup ýaşadym. Ykbal diýilýän zat kem boldy arman, Gitdiň ogluň adam bolanyn görmän. Beren ak süýdüňe bolaýyn gurban Seni küýsäp, seni söýüp ýaşadym. Hiç zady geňlemän, hiç zada bakman Aýlar, ýyllar geçdi gitdi howlukman. Hiç kesiň öňünde bilimi bükmän Bir Hudaýa başym egim ýaşadym. Gitdi deň-duşlarym gezekme-gezek Kütelýär hyjuwlar, gowşaýar ýürek. Şükür alla, ömür geçmedi gurak, Siňňin ýagyş ýaly ýagyp ýaşadym. * * * Obadaş bir gyza duşdum arada, Üç çagaň enesi bolupdyr eýýäm. Başy ýaýkap, sygyranymy duýmadym. Neneň zamana bu, Niçiksi eýýam! Köne bir tanşymyň adyn agzadym, Ol bolsa.. dünýäde ýok eken eýýäm. Ine şeýdip gapyl galyp ýörüs biz, Bu niçik zamana, Neneňsi eýýam! Bu ýerler bir tozap ýatan meýdandy, Ak şäher emele gelipdir eýýäm. Ertekä öwrülip gidipdir Durmuş, Niçik Zamana bu, Neneňsi eýýam! Düýn-öňňunam dil-agyzsyz çagady, Gepläp-gülüşdirip otyr ol eýýäm. Isleseň eliňden ähli zat gelýär Niçik Zamana sen, Neneňsi eýýam! Aýal şindem "oglan" diýip ýüzlenýär. ýogsam ýaş ýetmişden geçipdir eýýäm. Hem aglasyň gelýär, hemem gülesiň Sen niçik Zamana, Sen niçik eýýam! * * * Dagyň gaýasyna gonan bürgüde Ýanbermezek ganat arzuw edýärin. Sähralarda seýle çykan ýigide Gamyşgulak gyr at arzuw edýärin. Ygal arzuw edýän kelte ýazlara, Bereket dileýän iýlen duzlara. Ýaňy göze görnüp başlan gyzlara Akyl bilen kamat arzuw edýärin. Süýžülik berilsin diýýän dillere, Açar bermäň ygtybarsyz ellere. Birneme ýan beren aksakallara Elbetde güýç-gurbat arzuw edýärin. Perzent arzuw edýän oňa zarlara. Ygrar isleýärin dosty-ýarlara. Hyzmat eden, iş bitiren ärlere Hezzet bilen hormat arzuw edýärin. Abatlyk isleýän üçeklermize, Gujak arzuw edýän gujaklarmyza. Bereketli, toýly saçaklarmyza Doly naz-u nygmat arzuw edýärin. Eýerýän tapylsyn gowy däplere Bol suw isleýärin ene ýaplara. Ynsap dileýärin naýynsaplara Nurbatsyza nurbat arzuw edýärin. Öwüt ýokmaz öňden taňry urana, Baş egýärin edep-ekram görene. Tamakinlik bilen toýa barana Bir pyýala şerbet arzuw edýärin. Garşylyk ýok baý ýaşajak bolýana Goý baýlygy ýetsin million-milliona. Kösenene kömek edip bilýäne Ak ýürekden döwlet arzuw edýärin. * * * Ne-hä görüplik bar, ne-de men-menlik.. Çaga bolup esli salym eglendik. Ynha-da ot gorsap geldi oglanlyk Diýdi: şagalaňly, şemally gezgin. Aýy tutjak bolduk - göwün ýüwürtdik, Ýyllara ýapyşyp ulaldyk gitdik. Murtuna tow berip diýdi ýigitlik: Daglaryň başy dek dumanly gezgin. Çekgede göründi ilkinji ak gyl Ýüz müňüň içinde mundan öň ýok gyl, Assa çawuş kakdy şol ýeke-täk gyl: Bu durmuşdyr, az-kem gümanly gezgin. Ozal çaga bolsaň - ulalmalysyň, Ozal suwjuk bolsaň - goýalmalysyň. Şujagaz ak gyldan uýalmalysyň Göz kändir, akylly - kemally gezgin. Ýigitlikdir garrylygyň arasy Tyllaýy güýz - ine ömrüň şiresi. Söý hem söýül, bolmaz başga çäresi Şaha ýaýyp yzy dowamly gezgin. Garrylyk gabagyn galdyryp ýadaw, Diýdi: bu güne-de şükür et, adam. Nalaman, zeýrenmän goja dünýäden Başarsaň tobaly - amanly gezgin. * * * Öz ynanjyň, kelläň bilen ýaşamak Bu dünýäde iň kyn zadyň birisi. Epeý-epeý kişilere syn etseň Şol bir zady gaýtalap ýör barysy. Birje sözde berip boljak manyny Sozup-sozup ýetirýärler gulaja. Sagadyňa ümläp, wagty görkezip Sen oňa yşarat edýäň çalaja. Ol bolsa on gezek aýdylan zady Şindem gaýtalap dur misli ikatýok. Uşlyp ýaly uzyn jümlelerinde Käte bir otur bar, ýöne nokat ýok. Adam meňzeş edip ýaradylmandyr Meňzeş gylygy ýok, meňzeş ýüzi ýok. Onda näme her kişiniň özüne Mahsus pikiri ýok, mahsus sözi ýok? Mümkin, göwrä kelle oturdylýarka Bir ýeser işleri bulaşdyrandyr. Mümkin Tebigatyň özi aljyrap Bir kelläni köpe üleşdirendir. Garaz bir näsazlyk bolana meňzeş. Ýöne ony indi subut etmek kyn. Beýdip bir-biregi gaýtalap ýörsek Ýürege düşmegmiz bütünleý mümkin. * * * Ýer ýurtlar meňzeş däl, adamlar ala Atyň ýokmy - onda atlan hyýala. Ynanmany goýsam goja ykbala Dostlar, öz-özümden gaçdygym bolar. Söz saýlap otyrkam sözler içinden Ýalandan üýşenmän, üýşensem çyndan, Şygryýet gazaply ar alar menden Bu - iliň gözünden düşdügim bolar. Hernä bu jezadan daş etsin Allam, Il-gün dälmi bizi göteren, goldan, Aljyrama başym, aýlanma kelläm, Aýlanaýsaň - seniň boşdugyň bolar. Aglasam agym çyn, Gülküm çyn gülsem, Ýaýaplama hyjuw, gowşama ylham. Adam diýilýäne düşünip bilsem, Dünýäniň bir syryn açdygym bolar. Şahyra bakyp dur gör näçe didar, Biri idemese birisi idär. Ýanyp ýazanlarym tapsa hyrydar Şol meniň çyn hakym - heşdegim bolar. Bu dünýäni duýdum aýdym - sazlarda, Gudrat gördüm gözi baglan näzlerde. Goşgy ýazylmasa tylla güýzlerde Elbetde.. bu meniň ýaşdygym bolar. * * * Aglap duran adamyny geňlemäň, Aglamak-eňremek aýp zat däldir. Diýipdirler: "geň göreniň - alnyna" Ajy gözýaş hiç kime-de ýat däldir. Kimiň kalby ýuka, kimiňki galyň. Mundan bilip bolmaz ejizi, merdi. Adam gara gözden ýaş akdyrýandyr Içine sygdyryp bilmänsoň derdi. Men özümi ejiz hasap edemok, Ýöne ýukaýürek hasap edýärin. Bu gödek durmuşda inçe duýguny Juda, juda gerek hasap edýärin. Emma görüp durus ýyllar geçdikçe Duýgularmyz gödekleşýär, ýognaýar. Pikir edýän, meger şol sebäpli-de Ahlak pese düşýär, Adam ownaýar. Agy "duýgy" bu bir ownuk zat ýaly, Ýöne welin ownuk däldigem hakdyr. Özgäň agysyna aglap bilmegem Meger, ýöne bir zat däl-de - Ahlakdyr. | |
|
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |