13:36 Elektodöwletleriñ döreýşi | |
ELEKTRODÖWLETLERIÑ DÖREÝŞI
Publisistika
Illýustrasiýa: Sean Creighton / The Progress Playbook Çagalygymy göz öñüme getirýärin. Kömür ýakylyp ýyladylýan peçli öý, bir çüñkde goýlan stoluñ üstünde aýda-ýylda bir gezek jyññyrdaýan telefon, hemmeleriñ öýünde tapdyrmaýan we baý ýaşaýandygyñ alamaty bolan telewizor hem-de birküç sany döwük oýunjak. Öýlerimizde tehnologiýanyñ adyndan bar bolan iki zat diñe şol telewizor bilen telefondy. Birinji Pars aýlagy urşy çalarak ýadyma düşýär. Yzyndanam nebitiñ üstünde turan uruşlar. Ýyl geçdigisaýy teleýaýlymlaryñ sany artmaga başlapdy. Bir gün liseýden çykyp, ýadaw ýagdaýda telewizoryñ öñünde ejemiñ bişiren naharyny iýip otyrkam, "Ekizekler" binasyna edilen hüjümlere göni efirden tomaşa edipdim. Soñra-da ABŞ-nyñ muny nahana edip, Ýakyn Gündogary ganly howza dönderen ýyllary. Hemmämiziñ agzynda bir zat gaýtalanýardy şol günler: Amerikanyñ düýp derdi nebitdi. Çünki nebit bar zatdan gymmatdy. Ýyllar geçdigisaýy, öýümize täze-täze tehnologiýalar girmäge başlapdy. Ilki kir ýuwýan maşyn, soñra tozan sorujy, soñ el telefonlary... Bir gün otopleniýeli öýe göçdük. Ähli otaglaryñ birbada ýyladylmagy nähili uly zatdy. Soñ bir gün ýaşaýan ýerlerimize gaz geldi, her öýüñ ýyladyş sistemasy aýry bolmalydy. Kömür, nebit, tebigy gaz diýip, gün geçdigisaýy ýaşaýyş-durmuş standartlarymyz hem ösýärdi. Gaty köpem däl, otuz-kyrk ýyl mundan öñem hemmämiziñ durmuşy we tehnologiýa bilen arabaglanyşygy şundan ybaratdy. Indi bolsa örän tapawutly zatlaryñ gürrüñini edýäris. Diñe kyrk ýylda geçiren bu görlüp-eşdilmedik üýtgeşmämiz howatyrlandyryjy ýagdaýa öwrülmäge başlady. Üýtgeşmäniñ we öwrülişiniñ tizligi eksponansial görnüşde batlanýar. Düýnki güne çneli "Nokia-3310" bilen jañ sesini goýup biri-birimize jort atýan bolsak, edil häzirki gelip ýeten sepgidimizde emeli añyñ assimetrik ösüşi, robotlar, uçarmansyz we sürüjisiz dolandyrylýan uçarlardyr ulaglar, dronlar, elektrik togy bilen işleýän ulaglaryñ ýaýramagy ýaly hadysalara şaýatlyk edýäris. Çagalarymyz planşetler bilen, wirtual dünýäniñ äýnekleri bilen ulalýar. Bir mahallar öñden bäri dowam edip gelýän keseller iñ uly meselämiz bolan bolsa, häzir ekran garaşlylygy ýaly soñky çykan "kesellere" garşy göreşýäris. Hawa, üýtgeşmäniñ tizligine eýermek kyn. Bularyñ boljagyny kimdir biri öñ aýdan bolsa, belkäm oñ üstýnden gülerdigem. Kyrk ýyllyk üýtgeşmä ynanmak şolar ýaly kyn bolsa, ýene şunça ösüş bilen mundan soñky kyrk ýyly hem göz öñüne getirmek mümkin dälleşýär. Emma jedelini edip bolmajak bir hakykat bar, olam jemgyýetleriñ we döwletleriñ robotlaştandygy. Hemme zadyñ awtomatlaşyp, daş-töweregimiziñ ekranlar bilen gurşalyp alynan dünýäsinde ýaşamaga başladyk. Şol sanda bu proses dünýäniñ aşagyndan çykyp bilmejek energetika sarp edişligini-de alyp geldi. Energetika öñküsindenem wajyplaşyp, bäsdeşligiñ iñ işjeñ bolup geçýän ulgamyna öwrüldi duruberdi. Ýöne indi bu bäsdeşlik nebit-gazyñ üstünde bolmaz. Sebäp tebigy ýangyçlar indi adamzadyñ bu ummasyz energetika zerurlygyny kanagatlandyrmaga ýetenok. Iñ umytlandyryjy çaklamalar hem tebigy ýangyçlaryñ 50-60 ýyldan soñ gutaryp biljekdigini aýdýar. Ine, şoñ üçinem döwletler durman täzeläp bolaýjak we arzan energetika çeşmelerine ýüz urýar. Klimat üýtgeşmeleri, ýaşyl energetika, kömürturşy gazynyñ emissiýalaryny azaltmak ýaly sözlerem şu işiñ maskasy. Düýp maksat adamzadyñ mätäçlik duýýan doýdum-dolmaz energetika zerurlygy. Täzelenýän energetika üçin goýulýan munça maýa goýumlary ýöne ýere däl. "The Economist" gazetiniñ 20-nji iýunda çap eden "Gün energiýasynyñ ýokarky ulalmasy dünýäni üýtgeder" atly habarynda bu meseläniñ üstünde giñden durlup geçilýär we gün energiýasynyñ uly ähtimallyk bilen 2030-njy ýyllaryñ ortalaryna çrnli planetadaky iñ uly elektrik güýjïniñ çeşmesine öwrüljekdigi öñe sürülýär. Hawa, gutulgysyz ýagdaýda nebit-döwletleriñ soñuna gelýäris. Ýakyn geljekde tebigy ýangyçlara bolan ýolagçylygymyzam gutarjaga meñzeýär. Dünýäniñ iñ uly nebit rezerwlerine eýe ýurtlaryndan Saud Arabustanynyñ energetika öwrülişigini durmuşa geçirmek we ýurduñ infrastrukturasyny täzelenýän energetika uýgunlaşdyrmak üçin Hytaý bilen yzly-yzyna ýöne ýere şertnamalary baglaşanok. Üstesine diñe Saud Arabystanynda däl, nebite baý beýleki ýurtlaram şol ýoldan gidip, Hytaýyñ gapysynda nobata durmaga başlady. Eýse nämüçin Hytaý? Sebäp Hytaý täzelenýän energetika boýunça dünýäde birinji ýerde durýar. • Dünýäniñ uly iñ elektrodöwleti: Hytaý Hytaý edil häzir tebigy ýangyçlardan iñ çalt el çeken ýurtlaryñ arasynda birinji ýerde durýar. Üstesine Hytaý muny şeýle bir çalt amala aşyrýar welin, dünýäniñ ilkinji iñ uly elektrodöwleti hökmünde adyny taryha girizjege meñzeýär. 2022-nji ýylda Hytaý öz içinde dünýäniñ galan böleginiñ jemine barabar gün panellerini gurdy, 2023-nji ýylda bu sany iki essä çykardy. Diñe 2023-nji ýylda täzelenýän energetika goýlan maýa goýumlary 890 milliarda ýetdi. Şu maýa goýumlarynyñ netijesi hökmünde edil häzir Hytaýyñ jemi energetika sarp edişliginiñ 30%-i täzelenýän energetika çeşmelerinden alynýar. Dünýäniñ galan böleginde, ýagny Hytaýdan başga ýerde ýañy 18%-e ýetenem bolsa, munuñ entek artmagyna garaşylýar. Bu görkeziji Hytaýyñ 14-nji bäşýyllyk meýilnamasynda ýer alan 2025-nji ýyl üçin 33%-lik maksadyna örän ýakyn. Çaklamalar bolsa, Hytaýyñ ýakynda energetikasynyñ ýarsyndan gowragyny täzelenýän energetika bilen öndürjegini görkezýär. 2060-njy ýylda Hytaýyñ jemi energetika sarp edişliginiñ 80%-ni täzelenýän energetika çeşmelerinden almagyny garaşylýar. Emma Kaliforniýa uniwersitetinde geçirilen barlaglar munuñ has ir boljakdygyny aýdýar. Kaliforniýa uniwersitetinden Szýan Lin ylmy işinde 2035-nji ýylda Hytaýyñ bu maksada ýetjekdigini öñe sürýär. Hytaýyñ munuñ hötdesinden gelmegi entek görlüp-eşdilmedik ýagdaý bolar. Belki-de, elli ýyldan soñ Hytaý ähli energetikasyny elektrik togundan we ýelden öndürýän ýurt bolar. Bulam tebigy taýdan nebit-döwletleriniñ soñunyñ gelýändigini añladýar. Üstesine, Hytaý öz energetika öwrülişiginiñ ýany bilen bu tehnologiýalary başga döwletlere-de eksport edip, ummasyz uly girdejileri gazanýar. Hytaý häzir dünýädäki gün panelini öndürmek mümkinçiliginiñ 80%-den gowragyna eýe. Ýagny olar ýeke şu ugurda ýeke özleri dünýäni dominirleýärler. Öndürýän panellerini hem öz ýurtlarynda ulanýarlar, hem dünýäniñ başga ýurtlaryna satýarlar. Tötänlige seretseñizläñ, täzelenýän energetika boýunça dünýäniñ iñ potensially sebiti bolan Afrika materigine-de şu ugurda görlüp-eşdilmesik maýa goýumlaryny goýýarlar. Aslynda diñe Afrikada däl, dünýäniñ islendik sebitinde, islendik ýurdunda hytaý maýa goýumlary bar. Türkiýe-de bularyñ biri elbetde. Mysal üçin, Adana welaýatynyñ Ýumurtgalyk diýen ýerindäki Hunutly elektrik stansiýasy Hytaýyñ Türkiýedäki iñ uly maýa goýumy esasynda guruldy. Maýa goýumy 1,7 milliard dollara barabar. Aziýanyñ (AIIB) Infrastruktura maýa goýum banky-da Duz kölüniñ Tebigy gaz toplaýyş taslamasyny 600 million dollar bilen üpjün etdi. Bu maksatnama AIIB-niñ häzire çenli ýeke taslama ïçin çykaran iñ uly çykdajysydy. Şeýle-de Trakýa oblastynda meýilleşdirilen üçünji atom stansiýasy üçjn Hytaý bilen geçirilen gepleşikleriñ soñky tapgyra gelendigi aýdylýar. Diñe bularam däl. Bir aý mundan öñ Hytaýda resmi saparda bolan Türkiýäniñ Energetika ministri Hytaý bilen "Energetika öwrülişigi pudagynda hyzmatdaşlyga degişli ylalaşyga" gol çekdi. Bu şertnamalaryñ gurşawynda-da 73 milliardlyk dollar maýa goýumlaryny goýmak meýilleşdirilýär. Görşüñiz ýaly, bütin dünýä geljegi bolmadyk tebigy ýangyçlardan halas bolmak üçin çaltlyk bilen täzelenýän energetika ulgamyna maýa goýumlaryny goýýar. Bu ýagdaý indi çykalga bolmakdan has beter hökmanylyk bolmaga başlady. Tebigy ýangyçlaryñ belki-de, galan bolsa elli ýyllyk ömri galdy. Eýse diñe boş ekin meýdanlaryna gün panellerini, ýel degirmenlerini goýabymyz bilen adamzadyñ öñi-ardy görünmeýän energetika meselesini çözüp bilerismi? Elbetde kyn. Emma adamzat munuñ üçin çykalga gözlejek bolup urunýar. Ýene-de Hytaýdan mysal bermeli bolsam, Hytaýyñ 2028-nji ýylda kosmosda gün energiýasy stansiýasyny gurma meýilnamasy şu maksat bilen taýýarlanan maksatdyr. Hytaýyñ dünýä orbitasyna ýerleşdirjek gün energiýasy stansiýasy bu ýerde toplanan energetikany mikrotolkunlara ýa-da lazerlere öwrüp, ýere ugradar. Şeýtmek bilen, belki-de, täze döwre gadam basarys. Dr. Nuretdin AKÇAÝ, Hytaýyñ Şanhaý uniwersiteti. @akcay_nurettinn Penşenbe 27.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |