«ELIŇIZI PUGTA GYSÝARYN...»
TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň ilkinji başlygy Hojanepes Çaryýew otuz ýediň pidasy bolupdy. Golaýda maňa onuň otuzynjy ýyllarda başlangyç awtorlara ýazan hatlarynyň, şeýle hem şahyra ýazylan hatlaryň birnäçesini ele salmak başartdy. Bu hatlarda TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy hökmünde onuň ýaş awtorlaryň döredijiligi hakda eden çynlakaý aladasyna göz ýetirmek bolýar.
Bu hatlar, ähtimal gyzyklanma döreder, diýen niýet bilen olary okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildim.
* * *
Salam, ýoldaş Nabat.
Siziň hatyňyzda ýazylan şu aşakdaky gazaly size ibermäge söz beripdim, şol sözümde durup, ynha şuny iberýärin.
Gazaldan öňürti iki agyz söz: birinji – bu gazalyň hut siziň özüňiz bilen gürleşilip, ýazylmanlygy üçin käbir artyk ýa kem ýerleriniň boljagy bellidir, ony öňünden duýdurýaryn. Ikinji – 1932-nji ýyldaözüňiz hakynda ýazylan gazaly şu güne çenli bilmezligiňiz haýyp we aýyp.
Hoş, eliňizi pugta gysýaryn.
16.01.36 ý.
* * *
Ýoldaş Kerim Mätreimow!
Siziň iberen hatyňyzy aldym we köp hoşal boldum. Edebiýat kružogyna höwes bilen gatnaşmagyňyz, edebi eserleriň düzülişini öwrenmegiňiz we özüňiziň-de şu ýaş höwesiňiz bilen edebiýat işine goşulyp ugramagyňyz, meni gaty şatlandyrdy.
* * *
Siz, öz hatyňyzda: «Biz mundan beýläk hem dil-edebiýat işimizi ösdürjekdiris» diýip, örän dogry aýdýarsyňyz. Emma munuň üçin siziň öňüňizde duran iň uly şert – nebisjeňlik bilen okamakdyr. Ýoldaş Leniniň – okamak, okamak, ýene-de okamak gerek – diýen sözüni hiç wagt ýadyňyzdan çykarmaň we şony ýerine ýetiriň, mekdepde-de okaň, kružoklarda-da okaň, öýüňizde-de okaň!
Siziň, daýhanlar hakynda ýazan gazalyňyzy okap gördüm. Dogrusyny aýtsam, göwnüňize getirmejegiňizi bilýärin, şonuň üçin hem dogrusyny aýdýaryn – men, ol gazalyňyzy halamadym.
Siz onda:
Işçi malyňy,
Hiç-de hor etme;
Molla işanyň,
Kepine gitme –
diýip, daýhanlara nesihat bermekçi bolýarsyň. Emma weli daýhanlar işçi mallaryny edil sag elleri ýaly görýärler, olaryň köpüsiniň, işçi mal diýen zada diňe kolhoza girmelerinden soň ýüzleri düşdi. Şonuň üçin hem olar, arzuw edip ýeten işçi mallary gowy görýärler, eýe gözi bilen idedýärler. Şeýle bolsa ony diýmegiň geregi näme?
Ýazar ýazmazdan öňürti, başda okuwlaryň gapdaly bilen köp gazallary oka, öwren we şeýdip berkişseň, soň çynyňy edip ýaz!
Hoş. Dostluk salamy bilen: Çaryýew H.N. 22. VI-36 ýyl.Salam ýol. Türkmen Berdi ogly. Siziň ýol. Hally Şahberdiýewe berip goýberen kitabyňyzy, şu hat bilen birlikde özüňize gaýtarýarys. Biz, ol kitapdan peýdalandyk. Ylaýta-da ondaky tutuş gazal bilen ýazylan «Zöhre-Tahyr» hakynda «Sowet Türkmenistany» gazetinde, ýol. Şahberdiýewiň bir makalasy hem çykypdy, belki siz ony okap görensiňiz.
Ýol. Şahberdiýewiň aýtmagyna görä, sizde Magtymgulynyň doly golýazmasy barmyş. Eger mümkin bolsa, şony wagtlaýyn iberseňiz, uly sag bol aýdardyk we dil-edebiýat institutynyň üsti bilen degişli zähmet hakyňyzy hem alyp bererdik.
Men, siziň «Їüneýithan» diýen dessanyňyzy okadym, birnäçe kemçilikleri bolsa-da, umuman gowy ýazylypdyr, ol dessanyňyz üçin degişli zähmet haky Size iberilipdir, belki, ony eýýäm alansyňyz.
Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzy siziň döredijiligiňizi ösdürmäge kömek etjekdir. Şonuň üçin hem Soýuza hat ýazyp, aragatnaşyk edip duruň we döredijilik işinde näme kömekler gerek bolsa sorap duruň.
Hoş, eliňizi pugta gysýaryn.
Ýoldaşlyk salamy bilen Türkmenistan Sowet ýazyjylary Soýuzynyň başlygy:
H.N.Çaryýew.
16.XII-36 ýyl.
* * *
Salam Meretmuhammet! Hatyňy aldym. Partiýa çlenligine geçen bolsaň, gowy bolupdyr, gutly bolsun.
Meniň hatymdaky gürrüňde öte geçmeklik bar. «Agyz agyzdan ýel alar» diýen ýaly, myş-myşlar birneme artdyryp eşidilýändir. Beýle bir derejä ýeter ýaly dälmikäm diýýärin. Ol gürrüňleriň ugry ýokdur. Ýöne partiýalyk meselämde käbir düşünmezlikler bar, o-da basym ýagşylyk tarapyna çözülermikä diýýärin. Çünki meniň partiýalyk meseläm erbetlik tarapyna çözülmeli dälmikä diýip, oýlaýaryn. Men özümi partiýanyň ynamdar ogly hasap edýärin ahyry.Her halda bu gürrüň maňa az-kem täsir etmän durmady. Şonuň üçin hem özümiň ak ýürekligime esaslanyp, özüme göwünlik berip, bloknotymyň bir ýerine şeýle bir beýt ýazyp goýdum:
«Sür atyňy! Toýhanadan geçersiň,
Saňa böwet bolup biljek zat bolmaz,
Sen çapmasaň, saňa meňzeş çapmasa,
Toý gününde baýrak aljak at bolmaz»
Bu dogrudanam hem şeýledir, şeýle hem bolar.
Meretmuhammet! Senden edýän bir towakgam, şol meniň hakymda obada we çaýhanada gürrüň edýän adamlaryň nähili manyda gürrüň edýändiklerini ýaz. Şeýle bolsa gynanjaklarmy ýa begenjeklermi? Şuny bilesim gelýär. Ol gürrüň nähili beýle ýaýrady, beýle gürrüňi ýaýradýanlar ilatyň nähili toparyndan, şulary bilmek isleýärin. Çünki men, şolaryň esasynda, jemgyýetde özümiň nähili orun tutýanlygymy we jemgyýetiň aýratyn toparlarynyň maňa nähili göz bilen garaýandyklaryny bilip biljek. Eger iller el çarpyşyp gülýän bolsalar we ol el çarpyşyp gülüşýänler ýöne maňa şahsy duşman bolman, zähmetkeş halkyň wekilleri bolsalar, onda meniň baham bir köpük. Meni tanamaýan adamlaryň perwaýsyz gürrüň etmekleri hem mümkin. Emma, meniň hatymdaky gürrüňiň beýle basym ýaýramagy, ylaýta-da artdyryp, üstüne goşulyp gürrüň edilmegi perwaýsyz adamlaryň işine meňzemeýär. Bu hakda seniň doly ýazjak hatyňa garaşýaryn.
«Ite-de bir uýat ýagşy» diýen at bilen bir felъeton ýazypdym, sen ony okadyňmy, okan bolsaň, pikiriň nähili?
Hoş. Dostluk salamy bilen: Çaryýew H.N. 22.II.37 ýyl.
* * *
Hormatly şahyrymyz we gadyrly halypam H.N.Garlyýew! Siziň iberen hatyňyzy we öz goşgularymy 20-nji aprelde aldym. Içindäki görkezilen kemçilikler gaty dogry. Emma, ol kemçilikler bolmagyna sebäp, meniň ýaşlygym hem kesel wagtymda ýazmagymdandyr. Indi meniň poýemam hakynda, berlen konsultasiýa juda ýüzleýje eken. Çünki, resenzoryň pikiriçe: «pessimist, uly eserýazmaly däl, dili bozuk, köp okamaly we ş.m.» diýip nokat goýan... Resenzor eseriň dil strukturasy hakynda maslahat we başga zatlar görkezmeýär. Soň men oýlap, «bulardan bulut ýakyn» diýen pikirde... Hatda başga dillerde ýazmaga mejbur boldum... Emma siziň soňky hatyňyz, meniň ruhumy şatlandyryp, owazymyň ol ganan dilimde, göbek ganym dökülen ýerde, saýrajagyna umyt etdirýär.
Şonuň üçin 11 sany liriki goşgymy, siziň surnaýyňyza iberýärin. Eger mümkin bolsa peýdalanarsyňyz.
Sag bol! Eliňizi pugta gysýaryn. Ýoldaşlyk salamy bilen, Hally Jumaýew.
Daşkent, 23 aprel 1937.
* * *
Salam ýol. Hally Jumaýew! Siziň hatyňyzy we liriki goşgularyňyzy aldym. Siz, meniň öňki hatymda görkezen zatlarymyň dogrudygyny inkär etmeýärsiňiz – dogry diýýärsiňiz, emma weli, ondaky meniň eden talaplarymy mensiz hem ýeterlik ýerine ýetirmeýärsiňiz. Dogry, bu goşgularyňyzy öňküleriňiz bilen deňeşdirip boljak däl, tapawudy bar, olardan gowy.
Siziň öz goşgularyňyz, sizde nähili-de bolsa bir içki kuwwat we talant bardygyny duýdurýarlar. Şol goşgulardan «Polat laçyna», «Öz- özüme», «Studentler toýuna» diýen goşgular gaty erbet ýazylmandyr. Ol gazallarda: «Göwnüm muzykaly gyzlar owazy» diýen ýaly gowy sözler köp, emma umuman alanymyzda heniz kanagatlanarlyk däl.
Meniň pikirimçe siziň iň uly kemçiligiňiz, şygry dile ähmiýet bermezligiňizdir. Sözleri we meňzetmeleri, köp ýerde ýerliksiz, gelşiksiz ulanýarsyňyz.
Ine, şoňa mysallar:
1). «Ylham badyna» diýen gazalyň bir ýerinde: «Bilmen nä gazaply, magnitli oýlar, dermansyz dert, ajap gözeller mende!» diýseňiz, ikinji bir ýerinde: «Seniň yşkyň barça älem dermany» – diýýärsiňiz. Ozal-a bularyň manysyna düşünmek kyn, galyberse-de aşaky setir, ýokarkylary gapma-garşy çykýar.
2). Ýene şol gazalda:«Batyp, çümüp oýlar çölünde» diýen söz we «Ýaşlara» atly gazalda:
«Seniň zarbyň göýä watanyň güli» ... diýen meňzetme bar. Özüňiz oýlanyp görüň, çöl düýpsüz bolmaýar we oňa batyp, çümmek mümkin däl ahyry! Şeýle dälmi?
Soňky setirlerdäki meňzetmäňiz hem gaty gelşiksiz. Siz – «Seniň zarbyň watanyň güli ýaly» diýýärsiňiz, zarp bilen gülüň arasynda hiç bir meňzeşlik ýokdugy belli dälmi!
Diliň üstünde pugta pikirlenip işlemegiňizi maslahat berýärin. Gazallaryňyzy žurnala iberdim, siz ol hakda ýol. Şaly Kekilow bilen baglanyşarsyňyz.
Ýoldaşlyk salamy bilen: H.N.Çaryýew. 7.V.37 ýyl.
* * *
Gadyrly Ýoldaş Hojanepes Çaryýew, salam! Men 9-njy aprelde seniň bilen duşuşmak üçin Aşgabada bardym. Emma seni tapmadym. Şonuň üçin aşakdaky soraglara gyssagly jogap bermegiňize garaşýarys we soraýarys.
Seniň ýazan «Kolhoz gyzy» pъesaňy sahna goýmak üçin taýýarlanýarys. Emma 1-nji perdäniň üçünji görnüşi: «Suwly ýabyň gyrasynda, bagyň kölegesinde Doýduk, Bike we iki sany kolhozçy gyz dynç alyp otyrlar. Wagt gündiz – pagta ýygymynda günortan dynç alynýan wagty». Şu görnüşiň görkezilen wagtda bolmagy hökmanmy? Ýa-da şu günler agşamda goýmak bolarmy?
2) Kolhozçy gyzlaryň ady «1-nji gyz» we «2-nji gyz», bularyň her biriniň görnüşi we ýaşlary näçe bolmaly, egin-eşigi nähili bolmaly we şulara ýerli ýagdaýa garap at dakmalymy? Şu soraglara gyssagly jogap bermegiňi soraýarys. Çünki biz pъesany 20-nji aprelde sahna goýjak.
Salam ýoldaş Gurbat Orazow! Siziň meniň «Kolhoz gyzy» adyndaky pъesamy sahna goýmak hakyndaky hatyňyzy aldym. Siz onda maňa iki sany sowal beripsiňiz. Munuň ýaly düşünmedik zatlaryňyz hakynda hat ýazmagyňyz gaty gowy zat.
Sowallaryň jogaby şu:
1). Birinji perdäniň üçünji görnüşindäki «wagt gündiz» diýen söz, şol görnüşi gündiz görkezmeli diýen söz däl, ol, ýöne şol görnüşdäki wakanyň gündiz, dynç alynýan wagty geçýändigini görkezýär. Ol görnüşi, ýylyň paslyna we gije-gündize garaman, her bir wagtda-da geçirse bolar, ýöne weli şol görnüşde sahna has ýagty görkezilse, gündizlikdigini bildirmäge gowy bolardy.
2). Pъesadaky 1-nji gyz, 2-nji gyz diýlen adamlara aýratyn at berip durmak gerek hem däl. Çünki eger siz, şol gyzlaryň gatnaşýan ýerini üns berip okasaňyz, şol gyzlara at dakmak gerek däldigine düşünersiňiz. Pъesada hiç kim ol gyzlaryň aýratyn birine ýüz tutup aýtmaýar, şonuň üçin hem olara at dakyp durmagyň geregi ýok. Ýöne siz at bereris diýseňiz berip bilersiňiz – ol ygtyýaryňyzda.
Ýoldaş Orazow! Şol pъesany oýnaýşyňyz, ol hakdaky pikirleriňiz we teklipleriňiz, kolhozçylaryň nähili görnüşleri, berýän bahalary hakynda maňa bir hat ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Siz hem meniň hatyma jogap berersiňiz diýip umyt edýärin.
Ýoldaşlyk salamy bilen, H.N.Çaryýew. 14.V.37 ý.
1989 ý.
Edebi makalalar