16:24 Eneme | |
ENEME
Goşgular
Okabam bilerdiñ okaýyn diýseñ, Alybam bilerdiñ ýokary bilim. Sana goşmak üçin sekiz balañy, Degmändir eliñ. Bizi - agzysary jüýjejikleri Etmek oda-suwa ýykylmaz ýaly, Añsat düşmändigin indi bilýärin, Ol döwür bolçulyk däldi ybaly. Ýaşym ýetip, gidenimde birinjä, Ýadymdan çykanok tikenje bukjañ. Hemem tikip berem akja köýnegiñ, Begenjimden ýere degmändi ökjäm. Otag otamagy, Pagta ýygmagy, Ekin suwarmagy, Bede bogmagy, Salam bermekligi özüñden ula. Ýüzlenende ýüzlenmegi "siz" diýip, Nahar başlamagy "Bismilla" bilen, "Omyn" etmeklero bolañsoñ iýip, Ählisini öwrederdiñ bize sen, Bizden giç ýatardyñ, irem turardyñ. Eger keselläýsek, kebelek kimin, Oda-köze düşüp, perwaz urardyñ. ...Ynha indi her haýsymyz bir ýerde, Görşübem bilemzok ençeme aýlap. Ata öýümizi saklap otyrsyñ, Ýekeje ýüregiñ sekize paýlap. ■ IKI PURSAT Gulluga gidýärdim, Örän alysa, Dogan-gardaş - bary bolupdyrlar jem. Hoşlaşyk pursaty Bagryna basyp, Gynanjyndan ýaña aglady ejem. Kamçatkada gulluk etmelidim men, Kamçatka diýleni ýeriñ ol ujy. Kakam hiç zat diýmän dymyp hoşlaşdy, Dymaýmasa, ýokdy gaýry alajy. Ejemiñ göwnüni görmeklik üçin. Dakynyp uruşda alan medalyn, Haýyşa gidipdi komissariata: "Oglumyzy galdyraýyñ golaýda, Gowy bolar ýaly bilmäge halyn?!" "Ýok, bolmaz!" berleni bir agyz jogap. ...Iki ýyllyk gulluk borjum bitirip, Geldim men ýene-de gyzgyn ülkäme. Kamçatkañ şatlama aýazlarynda Bar baýlygym - saglygymy ýitirip. Neneñ ýitirmejek, Gulluk ýaşa çen, Gor deýin ülkede Ulalypdym men! Sesim eşidenden tarsa turdular, Tomus. Gije. Penjireler açykdy. Howlugyl ejem görgüli Meni görmäge, Gapydan aýlanyp ýörmäge, Bökäge-de, penjireden daş çykdy. Gije çene baranyna bakmazdan, Dogan-gardaş bary boldy derrew jem. Meni gaýta-gaýta bagryna basyp, Begenjinden ýaña aglady ejem. 14.07.1975. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |