20:56 Erjellik / hekaýa | |
ERJELLIK
Hekaýalar
Tankytçy S.Myradowa bagyşlanýar Bu bir irkiräk bolan zat. Tomsuň tüp yssysynda egni gödegräk tikilen çal kostýumly keltejik oglan, zomp-zomp edip, bildirişli tagtanyň öňünde eýläk-beýläk köwejekleýärdi. Ony kesesinden synlasaň, egnindäki kostýumynamydyr, bir zada buýsanýan ýalydy. Ol ýüzi familiýalardan doly spisoklaryň birine tiňkesini dikdi-de, birujundan okap başlady. Soň beýleki spisoga geçdi, soň beýlekä... Asyl ol okany bilenem oňman, kagyzyň ýüzüne ýazylanlary eli bilen elläp görýän ýaly, barmagyny çommaldyp, familiýalary birme-bir görüp çykdy. Spisoga seretdigiçe, onuň eginleri salparyp, boýny içine çöküp, göwresine-görä uly bolýan gödegräk tikinli çal kostýumyna siňip barýardy. Ahyr spisogyň öňünde uzak saklanyp bilmän, beýlesine öwrüldi. Ýüzüni erbet kürşerdip, gaşyny çytdy, gözlerini gyrpyldatdy. Karar tapman, ýene yzyna öwrüldi. Bolmady. – Näme üçin beýlekä? Haky ýok ahyryn! – diýip, hamana ýanynda arkadagy seredip duran ýaly jibrindi. Ol birden ekezlenip, öňe okduryldy. Ikinji etaža galyp, dekanatyň gapysyna ýetdi. Keltejik, dolmuşja, maňlaýy ardylan ýumurtga ýaly ýaldyrap duran dekanyň ala nazary-da oglanyň badyny saklap bilmedi. – Ýoldaş mugallym, siziň spisogyňyzda bir säwlig-ä gidipdir. – Nähili säwlik? – Onda meniň adym ýok-la?.. Dekan sowuklaç hümürdedi. – Spisok barlanyp asylýandyr. – Siz oňatja barlaň, meniň adym hökman bolmaly ahyryn, ýoldaş mugallym!.. – Barlanyldy, inim. Sen indiki ýyljyk... – Ýaşuly Sylabyň erksiz dili paýhasyndan öňe düşdi. – Men indiki ýyljyga çenli näme etmeli? Bu bolmaz. Geliň, rektoryň ýanyna baralyň. Eger siz barmasaňyzam, özüm barjak. Ondan bile baraýalyň. – Ýör, ýör... Dekan synyňdan mäkäm aslyşylanyny duýup, silkinip galdy-da, gaharly, gelşiksizräk oýmuldaklap, garaňky koridoryň beýle çetine ýüzin salyp ugrady. Ol poly depip-depip ýöreýärdi. Sylap onuň yzyndan ylgaşdap barýardy. Nähilem bolsa, dekanyň eli rektoryň gapysynyň tutawajyna degenden, gahary ýatyşdy. – Ynha, şol oglan. Men aýtdym ahyryn. Bulara beletdirin, edil ýapyşak ýalydyr, başyňy gutarsaň, kaýyl bolarsyň... – Hany oturyň, otur. Häzir düşünişeris. Iki dyzmajyň hersi bir oturgyja çökdi. Bolsa-da rektor diýleni paýhasly, sabyrly adam bolarly, birsellem oňa-muňa güýmenip, olaryň bady ýatyşaýandyr-da diýip gürrüňe başlady. – Jigim, seniň taýýarlygyň erbedem dol ekeni. Ynha, bahalaryňam gowy. Ýöne herki zadyň öz bir kada-kanuny bar. Bu ýeri uçilişe däl, tehnikumam däl. Ýokary okuw jaýy. Düşünýäňmi?.. Ýokary... – Düşünýän, ýaşuly... – Wah, ýene şu erksiz dil! – Menem şu zatlary bilip geldim-dä. Uçilişedir öýdüp, ýalňyşyp geläýendir-ä öýtmäň. – Dur, häzir men hemmesini düşündireýin. Geleniň gowy, ýöne ýaşyň ýetenok. Sen on altynam doldurmansyň. Düzgün boýunça seni uniwersitete kabul etmäge hakymyz ýok. Aslynda seniň dokumentleriňem almaly däl ekenik. Häki bir näsazlyk bilen... – Näme, dokumentlerimi alman, men aýry ýurduň adamsymyşymmy? Hany aýdyň, onda men ýaşym ýetýänçä näme etmeli? Maňa Tagangylyç aganyň aýdany şeýle. Men şu ýere geldimmi, siz maňa eýe-de durmaly. Birbada degerli delil tapmadyk ýa-da ýene gahar sowaşýança garaşaýyn diýen rektor dymdy. Jaýa ümsümlik aralaşdy. Bir gyňyr gahar olaryň üçüsiniňem erkini eýeläpdi. Ep-esli dommarylyp, oturandan soň rektor meseläni soňlamak isledi. Diline geleni boldumy ýa özi bilgeşli etdimi, dekana ýüzlendi-de, rusça gürläp goýberdi. – Çto sdelaýem? – Ne znaýu – diýip, dekan egnini ýygyrdy-da, onuň köçesinden sürdi. – Nu kak možno sçitat studentom? On, wo perwyh, oçen molodoý, ne Molodoý, a malçik. I ýeşýo... – Ýaşuly... – bu gezek onuň diňe erksiz dili däl bütin göwresem paýhasyndan öňe düşdi, ol ýerinden syçrap galanynyny duýmady. – Meniň sypatym bilen işiň bolmasyn. Her her kim bolsam-da, biriniň duran ýerinde durmasam, özüme gaty namys bilýärin. Meniň görgürligim siziň diýýän oglanlaryňyzyňkydan ýitiräkdir. Sebäbi men ýagly-ýüzli iýip, çagalygymy uklap geçirmedim, gaty ýuwan naharlandym. Ýaşuly! – Ol rektora tarap öwrüldi. Onuň dodaklary birhili kemşildäp durdy. – Kabul edýäňizmi ýa-da ýok? – Hakymyz ýok. – Siziň, umuman, adama ýagşylyk etmäge hakyňyz barmy? – Aý, onda-da kadadan çykyp bilmeris. – Bolýa, umuman, çykaýmaň... Sylap kabinetden atylyp çykdy. Sapandan sypan göjele ýaly, tüwdürilip aşak düşdi. Uniwersitetiň kaşaň ymaratyndan göz görünmez uzaklara saýlandy. Onuň dodaklary titir-titir edýärdi. Kükregi gürsüldiden doludy. Ol näçe ýöränini, nirä barýanyny bilmedi. Birhaýukdan köşeşip başlady. Aýasynyň awuşap duranyny duýdy. Birneme ösen dyrnagynyň berk ýumlan aýasyna çümüp, eline gan öýdürenini ol duýdy. Ol şeýle tiz aralykda bolup geçen ýagdaýa geň galyp, başyny ýaýkady-da, rektoryň agzyna öýkündi. «Ýagdaýymyz ýok, herki zadyň öz kada-kanuny bar» – bolduň meniň başyma kanunçy». Onuň kanundan çykyp urşa giden kakasy – aýallaryň, ýetim çagalaryň horlugyna dözmän, öz ýolbaşçylyk işini, bronlanan ornuny taşlap, bidüzgün urşa giden dädesi göz öňüne geldi. «Herki zadyň kanuny bolýan bolsa, näme, meniň ejem garrap ölüpmi? Anha Ejeketäjiň ejesiniň ejesiniň ejesem, babasynyň babasam gezip ýörmänmi? Hany kanun? Taýpyja-da rusça gürlän bolup... «I ýeşýo...» Nu, çto? Näme diýjek bolýaň? Näme? Ilki bilen-ä diliňi oňar, onsoňam uly adam bolýan bolsaň, uly adamlaryň aýdan zadyna, umuman, ýagdaýa düşün. Maňa-how Tagangylyç aganyň özi maslahat berdi ahyryn uniwersiteti. Il-ä çagany okadyp bilenok, bulara-da okajagy gerek däl. Ine saňa täsin adamlar! Bäh... – Ol ýene haýran galmakdan ýana başyny ýaýkady. Olaryň boluberşine, garaçynlary bilen aýak diräp duruşlaryna ajymtyk ýylgyrdy – Gaty düşünjeli adamlardyr öýdýärdim. welin, bular bilen-de göreşmeli boljak öýdýän». Ol ýene ýumrugyny düwdi. Rektor bilen dekan ony gaty balaja saýsa-da, ol beýle-beýle garşylyklary görüpdi. Ol kakasy fronta gidende, şol aladaly, aljyraňňy günler agyr derde ýolukdy. Kesel ondan gaty agyr pidany talap etdi. Ol bolsa mundan sag-aman sypdy. Ýöne agyr Gözagry ýanyp duran jöwher görejiň ýüzünde yz goýup, kiçijik ýorka taşlap gitdi. Durmuş oňa sen hossarsyz galmaly diýdi, emma ol özüne hossar tapyndy. Güzeran oňa sen erjellik edip gözüňi alyp galsaň-da, gözsüz bolup gezmeli, bisowat galmaly diýdi, emma Sylap onuň bilen ylalaşmady. Durmuş oňa sen öýsüz-öwzarsyz galdyň, köçede gezmeli, rysgyňy ilden ýygnamaly diýdi, emma Sylap kadaly jaýda ýatyp-turdy, kadaly iýip-içdi. Durmuş oňa terbiýesiz bol diýdi, ol terbiýeli boldy. Durmuş oňa gaty howply öwrümli egrije ýodajyklardan git diýdi, emma ol ýoluň dogrusyny, ýagtysyny saýlady. Indi bolsa oňa uniwersitete birki ýyllap gelme diýdiler. Emma Tagangylyç aga uniwersiteti sypdyrma diýipdi... Maňlaýlary ýygyrt-ýygyrt, çal murtly, agajet, uzyn pyýada göz öňüne gelende, Sylap öz müzzermesine utandy. «Ýeri, bular dagy kim? Tapypdyr ýolunda» sowjak adamsyny». Mundan tegelek iki aý öň, internatyň agzyndaky meýdançada ähli okuwçylar lineýka durupdylar. Tagangylyç aga saýlap on bäş oglany öňe çykardy. Olaryň hersine bir çal kostýum geýdirdi, hersiniň eline bir çemodan, bukja salybam kyrk manat pul gowşurdy. Şol gün on bäş sany egni çal kostýumly gögerçin bu kiçijik höwürtgeden pasyrdap, göge göterildi. Olaryň hersi bir ýana uçdy – biri gurluşyga, biri uçilişä, biri tehnikuma. Şonda Tagangylyç aga Sylap bilen aýratyn gürleşipdi. Ol onuň göwnündäkini bilen ýaly, uniwersitete girmegi maslahat beripdi. «Ekzamenleriňi beter gowy tabşyrgyn, uniwersitete hökman girgin. Eger ýykylaýsaň, seniň nirä baş urjagyňy bilemok. Jüwlük bolup gidäýmegiň-de daş däl, ýöne hökmany girgin. Bir zat bolsa, meniň adymy ber-de, göni ministriň ýanyna baraýgyn». Ol gaýtjak bolanda, Tagangylyç aga kemsinjek ýaly etdi-de, onuň arkasyna kakyp, jübüsine bir zat sokdy. Beýläk çykyp görse, pul ekeni. Bäş manat. Hawa, il kyrk manat alan bolsa, ol kyrk bäş alypdy. Ol Tagangylyç aganyň aýdyşy ýaly, gowam taýýarlandy, ekzamenleri oňadam tabşyrdy. Diňe nemes dilinden üçlük boldy. Sylap okaýan döwründe-de, bu dili gaty bir halap barmazdy. «Ine, indem şeý diýýärler. A-how, egnimdäki kostýumymdan biläýmeli ahyryn meniň ýetişenimi. Men şuny şu yssyda ýönelige geýýändir öýdýärmikä bu millet. Wah, onda Tagançylyç aga kem edipdir, biziň kimdigimizi has gowy tanar ýaly, herimize bir galstugam bermeli eken. Men mundan öň «ýaşym ýetýänçä» diýip, hiç zada garaşmadym ahyryn. Ýaşym ýetmese-de, başa düşenini çekdim. Ýaşym ýetmese-de, okuwa bardym. Ýaşym ýetmese-de, onunjyny gutardym. Ýaşym ýetmese-de, Tagangylyç aga maňa kostýum geýdirip, ýola salyp goýberdi. Ýaşym ýetmese-de, men yzyma gaýdyp baryp bilmen, o ýerde mendenem ýaşlar bar. Men belli bir zadyň başynda durmasam, dogrudanam, azaşaýmagym ahmal. Nätmeli? Oglanlary tapmalymy? Nireden?» Ol töwereginde gara ýokdugyny görüp, oturdy-da jübüsindäki pullaryny, köpüjiklerini sanaşdyryp gördi. Puluny hasapladygyça, ony gaýgy basdy. Özlerinden birine beren on manadyny ýatlady. Elbetde, onuň-a indi gitdigi bolar. Gel, Tagangylyç aga bir ýagdaýy duýduraýyn. Galanynam söň görübiris...» Biri bilse, şu bilmeli diýip, ol geçip barýan geýnüwli birine özünden has epeýräk salamy berdi. – Agam, essalawmaleýkim! – Waleýkimessalam. – Agam, şu ministriň oturan ýeri nirede bolar? – Baý-boý, ministr köpdür bu ýerde. Saňa nähilirägi gerek? – Aý, şu okuw, uniwersitet, mugallymlar we ýene-ýeneler bilen iş salyşýany. – Hä, magaryfmy?! Sen şundan dogry git, soň çepiňe sowul, soň sagyňa. Edil garşyňdan bir uly jaý çykar, şondan geçägede ýene... Onuň «eýläk dolan, beýläk dolan» diýşi bilen ýene öwrülip şu ýere geläýmeseň, başga ýeri tapar ýaly däldi. Ol bu salykatly adamynyň «sag boluny» ýetirip, zordan başyny gutardy. Ol görkezilen ugra çen bilen barýardy. Soňam iki-üç adamdan salgy alyp, ahyry ministriň gapysyna maňlaýyny diredi. Ministriň gapysy adamlydy. Sylabyň aladasy özüne ýetik bolansoň, oturanlara üns bermän, ol göni ministriň ýanyna geçdi. Onuň ýany-da adamly ekeni. – Gel, ýagşy ýigit. – Geldik özi-hä. – Näme hyzmat? – Aý, hyzmat ýok-la, ýöne şu janyňy ýakýalar. – Onuň ergeneksiz dili ýene paýhasyndan öňe düşdi, ýöne ministr bir paýhasly adam bolansoň, onça-munça üns berip durmady. – Kimdir ol jan ýakýan? – Aý, şu siziňkilerden özi-hä. Siz kyn görmeseňiz, Tagangylyç aga habar edip bilmezmisiňiz? Şol siziň rektoryňyz bilen gürleşsin-le. Men-ä şolara zat düşündirip bilemok. – Aýt bakaly, näme gürrüň, belki, özümiz düşündireris. Ministriň ýanynda oturan adam Sylapdan öňürtdi. – Munuň Tagangylyç agasy kim-aýt? – Aý, kim bolar öýdýäň, çagalar öýleriniň biriniň direktorydyr. Hawa, ýagşy ýigit. – Meň uniwersitete giriş ekzamenlerini tabşyrdym. – Ol howlukman, ýagdaýy bolşy-bolşy ýalyjak aýtdy. – Üç sany bäşlik, bir sany üýlük, jemi on sekiz bal. Indem okuwa kabul edenoklar. «Seniň ýaşyň ýetenok» diýýärler. Tagangylyç aga bolsa maňa: «Okuwa hökmany girgin, eger okuwdan ýykylyp boş enteseň, senden näme çykjagy belli däl, ýoluny urduryp, jüwlük bolaýmagyň-da ahmal» diýdi. – Tagangylyç aga örän dogry aýdypdyr. – Men-de şoňy aýdýan. Olar bolsa indiki ýyljyk, sabyryň ýetse-hä ondan-da soňkusy ýyljyk geläý diýýärler. – Ol bolmaz! – diýip, ministr kesgitli aýtdy. – Seniň okajagyň çynyň dälmi? – Şol-a gaty çynymdyr, ýaşuly. – Bolany şol. Ministr tumşugy bilen Sylaba gapyny salgy berdi-de, kesesine öwrülip, telefona ýapyşdy. Ol bu ýerden çykyp gelýärkä, Tagangylyç agasyzam bir zatlar başaryp boljagyny duýdy. Indi ýaşula bolar-bolgusyz azar berip ýörmeli däl diýen netijä geldi. Ýöne işiniň oňanyna ol beýle bir begenmedem, gynanmadam. Oýlandy. Çuň oýlandy. Onuň göz öňüne ýene dekan bilen rektor geldi. «Näme üçin olar düşünmeli zada düşünmeýärlerkä? Olaryň oturan stollarynyň tahyly doly hukuk, töweregindäki şkaflaryň çekeri doly hukuk. Emma adama ýagşylyk etmek hukuklary welin ýok.» Ol şol hukuk hem erjellige daýanyp ýaşapdy, indiden soňam şol ikisine daýanmaly boljakdygyna wagtynda göz ýetirdi. Нudaýberdi НALLYÝEW. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |