ERMENI TOPRAGYNDA TÜRKMEN YZLARY
Gadymy we Orta asyrlar zamanynda gojaman Zeminiň dürli künjeklerinde esaslandyryly türkmen döwletleri öz döwründe ylym-bilimiň, medeniýetiň, edebiýatyň we sungatyň gülläp ösen ýerleri bolupdyr. Seljukly eýýamyndan başlap bu ülkelerde türkmenler tarapyndan ajaýyp ymaratlar, gözel binalar gurlupdyr. Ençeme asyrlap türkmen döwletleriniň düzüminde bolan Ermenistanda-da köp-köp binalar gurlup, olaryň aglabasy halkymyzyň taryhynyň şöhratly döwürlerinden nyşan hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Orta asyrlarda Ermenistan türkmenleriň höküm süren Kawkaz ülkesiniň möhüm ýerleriniň biri bolupdyr. Baryp Seljukly zamanasyndan başlap bu ýerler türkmen döwletiniň möhüm syýasy-ykdysady merkezleriniň biri hasaplanylýardy. Ermenistandan gelýän salgytlar döwlet hazynasynyň ep-esli bölegini düzýärdi. Seljukly zamanasynda ermeni halky türkmenleriň beýleki köp ýapja halklary ýaly asuda hem-de bereketli durmuşda ýaşaýardy.
Şindi türkmenler Ermenistany eýelemänkäler ermeniler häzirki döwürdäkisinden has giň ýerlerde ýaşapdyrlar. VII asyryň ortalaryndan IX asyryň başlaryna çenli Ermenistan arap halyflygynyň düzüminde boldy we Kartli, Arran, Şirwan we Derbent bilen bilelikde halyflygyň demirgazyk welaýaty bolan Arminiýýa (Ermenistan) dikmeligi emele getirýärdi. XI asyryň ortalarynda Ermenistany onyň güýçli goňşysy bolan Wizantiya döwleti eyeledi.
1071-nji ýylda ermeni topragynda bolup geçen Malazgirt söweşinde Wizantiya ýeňlenden soň soltan Alp Arslan ermeni ýerlerini öz serkerdeleriniň arasynda paýlap berýär. Karinde (Erzurum), Karsda, Ýerznikde (Erzinjan) we beýleki ýerlerde Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň tabynlygynda birnäçe türkmen beglikleri döreýär. Şundan soň köp asyrlaryň dowamynda ermeni topragy türkmen hökümdarlary tarapyndan dolandyryldy we türkmenler Ermenistanyň taryhynda uly yz galdyrdylar.
Türkmenleriň Ermenistandaky hökümdarlygy barada ummasyz köp taryhy ýazgylar saklanyp galypdyr. Bulardan başga-da asyrlaryň dowamynda türkmen han-begleri tarapyndan galalar, köşkler, kerwensaraýlar, aramgähler, seýilgähler we beýleki binalar gurlup olar halkymyzyň ermeni topragy bilen baglanşykly geçmişini aýdyň beýan edýär.
Türkmenleriň Ermenistan bilen baglanşykly taryhyny öwrenmekde halkymyzyň uly mukaddeslikleriň biri bolan öwlüýäleriň hem uly ähmiýeti bardyr. Beýleki köp sanly ýurtlarda bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň ýatan öwlüýäleri Ermenistanda-da az däl.
Ermenistanyň ýerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerdäki ýazgylar XIX-XX asyrlarda dürli ýurtlaryň alymlary tarapyndan öwrenilipdir. Olardan A.Abihiň, M.Brosseniň, N.Ý.Marryň, N.Hanykowyň, H. Blohmanyň, A.A.Kalantaryň H.Linçiň, M.Berşemiň, H.Edhemiň, B.Bahmanyň, A.Kemalynyň, A.Şerifiň, A.Beýgunyň, A.Gabriýeliň, I.A.Orbeliniň, W.Grigorýanyň, A.T.Güzelýanyň, M.Neýmatowanyň, A.D.Papazýanyň, A.Ý.Simonýanyň, A.Haçatrýanyň we başgalaryň atlaryny görkezmek bolýar.
Ermenistan topragynda ilkinji dörän türkmen beglikleriniň biri Ahdaby emirligidir. Bu emirlik Malazgirt söweşiniň yzysüre - XI asyryň 80-nji ýyllarynda döräpdir. Ýazuw çeşmelerinde bu beglik barada örän az maglumat berilýär we ýazgylar bu nesilşalygynyň gelip çykyşyny we onuň hökümdarlygyny jikme-jik beýan edip bilmeýar. Muňa garamazdan Ermenistanda türkmen emirleri tarapyndan gurlan dürli binalardaky we öwlüýälerdäki ýazgylaryň kömegi bilen bu begligiň käbir hökümdarlarynyň atlaryny anyklap bolýar. Kars şäheriniň XII asyrda gurlan galasynyň ýüzündäki ýazgylarda Ahdaby neslinden bolan türkmen emirleri Seýfeddiniň, Abuseýit Arslanyň, Kerimeddiniň we başgalaryň atlary getirilýär.
Dürli ýyllarda Ermenistanyň ýerinde alymlar tarapyndan ýüze çykarlan bina ýazgylarynda Saltyklar, Ahlatşalar, Artyklylar, Meňgüýçliler, Çopanogullary, Eretnaogullary, Ildeňizler beglikleriniň taryhy hem belli bir derejede beýan edilýär.
Karsda we Karinde (Erzurum) gurlan binalardaky ýazgylardan mälim bolşy ýaly, Karsyň emiri Kerimeddiň, Kariniň emiri Izzeddin Saltygyň (1132-1168) ýapjasy bolandygy we bu türkmen hökümdarynyň öz gyzy Täç-en-Nisa Begim bilen ençeme binalary gurandygy görkezilýär. Muňa Kars galasynyň diwaryndaky «Bu bina Kerimeddiniň dolandyran ýyllarynda meşhur we adalatly hatyn, yslamyň we musulmanlaryň guramaçysy, Kerimeddiniň gyzy Täç-en-Nisa Begim tarapyndan guruldy. 548-nji ýyl [1153]» diýen ýazgy şaýatlyk edýar. Gala diwaryndaky başga bir ýazgy Karsy eýýäm Izzeddin Saltygyň weziri Firuz aganyň dolandyrýandygy görkezilýar. Firuz aga Täç-en-Nisa Begimiň adamsydyr. Ýüze çykarylan ýazgylaryň ýene birinde bu galanyň düýbüniň Seýfeddin Ahdaby tarapyndan tutulandygy we möhüm gurluşyga türkmen emirleriniň ençemesiniň gatnaşandygy beýan edilýär.
XII-XIII asyryň birinji ýarymynda Ermenistanda höküm süren türkmen nesillerniň biri-de Meňgüýçlilerdir. Nesişalygy esaslandyran Meňgüýçli Gazy 1071-nji ýylda Alp Arslan tarapyndan Ermenistanyň Ýerznik (Erzinjan) welaýatyna hökümdar edilip bellenýär. Karin welaýatynyň Miýadan obasynda Meňgüçliniň neslinden bolan Gazy Alynyň gubury saklanyp galypdyr. Bu ýerlerde saklanyp galan arap-pars dillerindäki bina ýüzündäki ýazgylar bu begligi esaslandyryjynyň Meňgüýçli Gazydygyny tassyk edýar. Taryhy eserleriň şaýatlyk etmegine görä, Meňgüýçli Gazy we onuň nesilleri şu ýerde jaýlanypdyr. Kamah etrabynda XI-XII asyrlarda gurlan bu nesle degişli meşhur aramgäh saklanyp galypdyr we onda bu merdana türkmen emiriniň nesillerinden Abul Fatyh Seljuk şa jaýlanypdyr. Halys harabalyga öwrülen bu özboluşly bina nesilbaşysynyň hatyrasyna Mälik Gazy aramgähi, ýagny Meňgüýçli Gazy diýlip atlandyrylypdyr. Aramgähiň ýüzündäki ýazgylar hakykatdan hem bu ýerde Seljuk şanyň jaýlanandygyna şaýatlyk edýar. Onda şeýle setirler saklanyp galypdyr «Weli patyşa, adalatly, ýeňiji, yslamyň we musulmanlaryň ýarany, Seljugyň we Meňgüýçliniň nesilleriniň guwanjy Abul Fatyh Seljuk şa ibn Bähram şa ibn Dawut ibn Ishak - ol bolsa Meňgüýçliniň oglydy - goý Alla oňa rehim etsin». Aramgähiň içine girilýän küňräniň ýokarsynda ýerleşdirilen mermer daşyň ýüzünde bolsa: «Dünýä dursa, Meňgüýçli Gazynyň hökümdarlygy seniň üstüňe şugla saçar» diýlip ýazylypdyr.
Meňgüýçliler nesli Orta Gündogaryň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Olar taryhda medeniýetiň, ylym-bilimiň, edebiýatyň we sungatyň howandarlary hökmünde tanalýar. Döwründe Nyzamy Genjewä howandarlyk eden hökümdar hem şu nesilden bolan Erzinjanyň (Ýerznik) emiri Fahreddin Bähram şadyr. Baberd şäheriniň içki galasyndaky minaranyň diwarynda oturdylan daşyň ýüzündäki ýazgyda Fahreddin Bähram şanyň we onuň ajaýyp gyzynyň atlary getirilýär: «Bu minarany gurmaklygy buýran melike, alym, adalatly, diniň we dünýaniň päkizeligi, ähli hatynlaryň guwanjy, emir Fahreddin Bähram şanyň gyzy…». Emir Fahreddin Bähram şanyň gyzy Dünýä Hatyn («Halisat ad-Dunýa’’) soňra Kariniň Seljuk hökümdary Mugyseddin Togrul ibn Gylyç Arslana (1201-1225) durmuşa çykypdyr.
Ermeni topragynda Häzirbegjany we Ermenistanyň günorta-gündogaryny öz içine alan Ildeňizler atabegligi (1146-1225) bilen baglanşykly ýazgylar hem az däl. Ildeňizler döwründen galan meşhur ýadygärlikleriň biri Nahiçewanda ýerleşýän «Mömüne hatyn» aramgähidir. Aramgäh 1186-njy ýylda atabeg Muhammet Jahan Pälwan ibn Ildeňiz tarapyndan aýaly Mömüne hatynyň hatyrasyna gurlupdyr. Aramgähiň diwarynyň ýüzünde şeýle ýazgylar saklanyp galypdyr: « Bu aramgähi … Şemseddin Jahan Pälwan atabeg Abu Japar Muhammet ibn atabeg Ildeňiz bu dünýaniň we diniň beýikligi, yslamyň we musulmanlaryň päkizeligi bolan Mömüne hatynyň hatyrasyna gurmaklygy buýurdy. Biz gaýydýarys, döwran bolsa galýar. Biz gidýäris, bu bolsa ýadygär galýar. Eý hudaý! Ýaman gözden sakla! 582 [1186] ýyl.»
Mömüne hatyn Ahladyň türkmen emiri Begtemir begiň gyzydyr. Aramgähde soňra atabeg Jahan Pälwanyň özi hem jaýlanypdyr. Bu döwletiň düýbüni tutan Ildeňiziň aýalynyň ady hem Mömüne hatyn bolupdyr. Atabeg Ildeňiz Hemedanda aramgäh gurdurypdyr we onda Atabegiň özi we aýaly jaýlanypdyr. Taryhçylar Rawendiniň we Döwlet şanyň ýazmagyna görä, Ildeňiz şindi diri wagty Hemedanda özi hem-de aýaly üçin aramgäh we metjit gurdurypdyr.
Nahiçewanda Ildeňizler döwründe gurlan gözel ymaratlaryň biri-de, 1162-nji ýylda bina edilen «Atababa kümmedidir». Bu aramgähde hakykat ýüzünde Ýusup Ibn Huseýin atly uly şyh jaýlanypdyr. Ýöne bu öwlüýäde türkmen begleriniň ençeme nesilleri hem jaýlanypdyr. Belki, şonuň üçindir, bu aramgäh «Atababa kümmedi» diýlip atlandyrylypdyr..
Gadymy Ermeni şäherleriniň biri bolan Wandaky «Uly Jamy» metjidi hem türkmenler tarapyndan gurlan özboluşly binadyr. Bu metjit XII asyryň ahyrlarynda Saltyk begiň nesilleri tarapyndan gurlupdyr. XIII asyryň 20-nji ýyllaryndan başlap Ermenistanyň ýerlerine mongol basypalyjylary hüjüm edip ugraýar. 1236-1245-nji ýyllarda ermeni ýerleri mongollar tarapyndan doly diýen ýaly eýelenýär. Eýrandaky, Yrakdaky, Kiçi Aziýanyň gündogaryndaky, Kawkazdaky birnäçe türkmen beglikleri ýaşamagyny bes edýärler (Yrakdaky Seljuk döwleti, ahlatşalar, saltyklar, begteginler, zeňňiler, ildeňizler). Emma mongollaryň döwürinde täze türkmen beglikleri hem ýüze çykýar. Olar mongol hanlarynyň ýapjasy hasap edilse-de iş ýüzünde garaşsyzdylar.
Mongollar döwründe Ermenistanda höküm süren ilkinji türkmen emirleriniň biri Arslan Noýon hasap edilýär we ol «Beýik Ermenistan» welaýatynyň emiri bolupdyr. Onuň emirlik eden ýýllarynda bu emirligiň düzümine Günorta Ermenistanyň Waspurakan, Rştunik, Sasun, Moks, Taron, Ahlat, Arçeş we Malazgirt ýerleri giripdir.
Kiçi Aziýanyň gündogarynda ýerleşýän ermeni ýerleriniň hökümdary bolsa Muýineddin Perwana bolupdyr. Perwana begiň dolandyran döwründe bu emirligiň düzümine Ýekelaýes, Daranaly, Sopk, Ýerznik-Kamah, Malatiýa, Kesareýa, Sebastiýa, ýerleri giripdir. Bu edenli türkmen begi 1277-nji ýylda mongol agalygyndan çykyp, özbaşdak Perwanaogullary türkmen begiligini (1277-1322) esaslandyrýar.
Ermenistanda mongollar döwründe türkmen taryhy bilen baglanşykly bina ýazgylary az däl. Olar esasan aramgähleriň, öwlüýälerdäki mazardaşlaryň we dürli binalaryň ýüzündäki ýazgylardyr. Bu döwrüň ýadygärliklerinden Ahlat şäherinde ýerleşýän «Hasan patyşa» («Uly Kümmet»), «Şirin Hatyn» («Iki Kümmet» ýa-da «Iki türbe»), «Arzen Hatyn» aramgählerini görkezmek bolar. Soňky iki zenanyň ikisi hem döwrüniň belli türkmen emirleriniň gyzy bolupdyr: Şirin Hatyn emir Abdyllanyň, Arzen Hatyn bolsa Ýaraly begiň gyzydyr. Hasan patyşa bolsa Ahladyň 1275-nji ýylda aradan çykan türkmen emiridir. Bu aramgähler XIII asyryň ahyrynda – XIV asyryň başlarynda bina edilipdir.
Ahlat şäheriniň «Meýdanlyk» diýlip atlandyrylýan gadymy öwlüýäsinde hem köp sanly ýazgylar saklanyp galypdyr. Şol öwlüýädäki bir mazaryň üstünde goýlan daşyň ýüzünde şeýle ýazgy bar:
«Bu mazar bagtyýar şehit, ömri gysga, Beýik Allanyň rehimine mätäç Türkmen ogly Muhammediňki. Alwaý söweşinde wepat boldy. 674 [ 1275 ] ýyl.»
Kamahda gurlan «Tokaý Hatyn» aramgähi hem türkmenler tarapyndan Ermenistanda gurlan özboluşly binalaryň biridir. Tokaý Hatyn Günbatar Ermenistanda höküm süren Alaeddin Eretneoglunyň aýalydyr. Eretneogly 1328-1352-nji ýyllarda emirlik edipdir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Tokaý Hatyn aramgähini Ertneogly ölmeziniň öň ýanlary, ýagny XIV asyryň ortalarynda gurdurypdyr. 1333-nji ýylda Kamaha we Ýerznige gelen meşhur arap syýahatçysy Ibn Batuta «Keýsaryda … ady agzalan emir Alaỳeddin Artanaň [Eretne] aýallarynyň biri - hatynlaryň iň myhmansöýeri we takwasy ýaşaýardy… onyň ady Tokaý Hatyn» diýip ýazypdyr.
Kamahda 1347-nji ýylda gurlan Gülaby beg metjidinde türkmen gelinleri Bagdat şa Hatyn bilen Dilşat soltan Hatynyň atlary getirilýär. Bagdat Hatyn emir Çopanyň gyzy bolup, ol Hasan Jelaýyryň aýalydyr. Jelaýyr ölenden soň ony zorluk bilen Ilhan Abu Seýide aýal edip beripdirler. Dilşat Hatyn bolsa Çopanogly Dymaşk Hojanyň gyzydyr. Ol Ilhanyň Bagdat Hatyndan soňky ikinji aýaly bolupdyr. Bu bina XIV asyryň birinji ýarymyna degişlidir.
Ermenistanyň gadymy Waspurakan welaýatynda, häzirki Nahiçewanyň Ordubad şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Mälik Ybraýym öwlüýäsinde Togrul bege, Çagry bege ak pata beren Mäne Babanyň neslinden bolan Täjeddin Aly Abu Seýdiň gubury ýerleşýär. Guburyň üstünde dikilen daşyň ýüzünde: «… Bu gubur Abu Seýit Abul Haýr al-Horasanynyň [Mäne Babanyň] ogullarynyň ýedinji nesli, Abu Seýit diýlip tanalan, dünýäniň we diniň täji, şeýh-ul-yslam, ynsanlaryň halypasy, haky gözleýän şyhlaryň serkerdesiniň gubury. Ýazgy edilen senesi 759-nji ýylyň Muharram aýy, penşenbe güni, günortan. [21. XII. 1357]… Bu dar dünýäden Abu Seýidiň ruhy atasynyň keramatly ruhy bilen tapyşmaga jennede tarap ugrady» - diýlip ýazylypdyr.
Ermenileriň Arske şäherinde Ahladyň 1384-nji ýýlda wepat bolan türkmen emiri Hydyr şa begiň gubury hem ýerleşýär. Guburyň üstünde dikilen daşyň ýüzünde «Bu gubur Goç Emir Jelaleddin Hydyr şa beg ibn Goçak Türkmeniňki» diýlip ýazylypdyr. Taryhçy Mirhondyň ýazmagyna görä Hydyr şa beg mongollaryň galyndysy Üweýis Soltanyň ýapjasy eken. Hatda Üweyis soltan Jelaýyr oňa üýtgeşik dereje bolan «Goç» unwanyny hem beripdir. Bu barada Mirhond şeýle ýazýar: «Soltan Hylatyň [Ahlat] hökümdary Hydyr şa örän seýrek dakylýan «Goç» unwanyny berdi». Soňra Hydyr şa Uweýis soltanyň garşysyna gozgalaň turzup, mongollardan galan mirasy ýok etmek isläpdir. Emma gozgalaň şowsuz tamamlanyp, Hydyr şa öldürilipdir. Aslyýetinde «Goç» unwany Garagoýunlylarda seýrek gabat gelýär, tersine Akgoýunlylarda bu dereje giň ýaýrapdyr.
Orta Gündogarda mongollaryň we çagataýlaryň agalygy synandan soň ermeni ýerleri türkmenleriň Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriniň eline geçdi. Günorta we Merkezi Ermenistanyň köp ýerlerinde garagoýunlylar, demirgazyk, günbatar welaýatlarynda bolsa akgoýunlylar hökümdarlyk etdiler. Wan, Ahlat we Wostan taraplara türkmenler bilen goňşuçylykda ýaşaýan söweşjeň kürt taýpalary hem hüjüm edipdirler. Emma 1422-1427-nji ýyllarda Isgender Garagoýunly kürtlere garşy uly ýörüşleri geçiripdir we olary boýun egdiripdir.
Ermenistanda Garagoýunlylara degişli ençeme bina ýazgylary bardyr. Olardan Isgenderiň ogly Ýaraly beg Garagoýunlynyň hatyrasyna Arçeşde gurlan kümmetdäki ýazgylary görkezmek bolar. Kümmediň demirgazyk girelgesiniň ýokarsynda onuň «Emir Ýaraly şah» tarapyndan gurlandygy görkezilýär. Şeýle hem ýazgylaryň arasynda garagoýunly nesline degişli «Şah-Mustapanyň» we «Şah Alynyň» atlary tutulýar. Ýaraly şa 1425-nji ýylda kakasyndan Wany we onuň töwereklerini mülk höküminde alypdyr. Ýöne, 1434-nji ýylda kakasynyň garşysyna çykypdyr we Şirwana gaçypdyr. Bu gurlan kümmet Ýaraly şanyň ýene-de yzyna dolanyp gelendigini we kümmedi gurmak bilen bu ýerde öz neberesiniň öwlüýäsini esaslandyrmak isländigine şaýatlyk edýar. Ýaraly şa Garagoýunly 1449-nji ýylda aradan çykypdyr. Kümmetdäki ýazgylar onuň Ýaraly şanyň görkezmesi boýunça gurlup başlanandygyny we gurluşygyň 1458-nji ýylda tamamlanandygyny görkezýär.
XIII asyrda Çingiz hanyň, XIV asyrda bolsa Teýmirleňiň talaňçylykly ýörişlerinde Ermenistan ýurdy hem weýran boldy. Gözel şäherler, mes durmuşly obalar tozduryldy. Bu weýrançylyklarda mongollara we olaryň nesilleri bolan çagataýlara garşy urşlarda ýurt eýesi bolan türkmen tire-taýpalary hem ejir baryny çekdi. Ýöne, Ermenistan daglyk ýurt bolan soň, türkmen begleri Teýmirleňiň goşunlaryna degerli garşylyk görkezip bilipdirler. Bu wakalar arap-pars dilli çeşmelerde, aýratyn hem ermeni ýazgylarynda özüniň mynasyp beýanyny tapypdyr.
Ermeni ýazgylarynyň bir artykmaç tarapy, olar esasan din wekilleri tarapyndan ýazylypdyr we olara ermenileriň özlerinden başga milletler düsünmeýärdiler. Şu ýagdaýdan peýdalanyp ermeniler taryh barada, aýry-aýry hökümdarlar barada islän zatlaryny ýazýardylar. Şonuň üçin hem ermeni ýazgylary bolup geçen wakalary has dogruçyl we ynandyryjy beýan edýärler. Üstesine-de, ermeni ybadathanalary Seljukly zamanasynda bolşy ýaly, türkmenleriň Garagoýunly, Akgoýunly, Sefewi we Osman döwletleriniň döwründe-de ep-esi artykmaçlyklardan peýdalanýardylar. Olar salgytdan boşadylyp, dini guramalaryň emlägi eldegrilmesiz diýlip yglan edilýärdi. Ýurt dolandyryjylary türkmenler musulman adamlary bolandyklary üçin isaýy din wekillerine uly hormat goýsalar-da, keseki dinliler bolan ermenileriň ybadathanalaryna barmaýardylar.
Biziň bilşimiz ýaly, adamzat taryhynyň ösüşiniň irki we giçki döwürlerinde dini edaralar ylym-bilimiň we magaryfyň merkezleridi. Bu ýerlerde ylmyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, taryh barada-da küt-küt kitaplar ýazylýardy. Ermeniler şindi ir döwürler özbaşdaklygyny ýitirendikleri üçin taryh kitaplary köşklerde däl-de, esasan din hadymlary tarapyndan ybadathanalarda ýazylýardy. Ermenistanyň milli golýazmalar mirashanasy bolan Matenedaranda bu ýurtda höküm süren türkmenler barada ummasyz köp maglumatlar saklanýar.
Garagoýunly türkmenleriň dolandyran döwründe (1378-1469) Ermenistanda höküm süren türkmen emirleri baradaky maglumatlar ermeni ýazary Towma Mesopesiniň «Leňk-Teýmiriň we onuň nesilleriniň taryhy» eserinde beýan edilýär. T. Mesopesi Teýmirleňiň 1387-nji ýyldaky ýörüşini beýan etmek bilen Ermenistanyň günorta-gündogaryndaky Sürmeli etrabynda Ararat daglarynyň bir ugry bolan Bardug dagynyň eteginde ýerli türkmen emiri Sähet begiň we onuň ermeni ýapjasy tanuter (häkim) Martiros bilen çagataýlara berk gaýtawul berendikleri barada ýazýar. Agsak Teymiriň goşunlary bu ülkeden gidenden soň Martiros emir Sähediň elinden häkimýetini almak isläpdir. Emma Sähet beg Martirosdan öňürdipdir we onuň özüni agdaryp, türkmenleriň häkimiýetini berkidipdir. Bu barada T. Mesopesi: «Leňk-Teýmir gidenden soň, ýerli hökümdar, türkmen begi Sähet tanuter Martirosy Araz çaỳyna oklady we ol gark bolup öldi» diýip ýazypdyr.
Sähet begiň ata-babalary Ararat jülgesine XIV asyryň başlarynda göçüp gelipdirler we ençeme ýyllaryň dowamynda bu ýerlerdäki ownuk ermeni «paronlyklaryny» (hanlyklar) ýatyryp, bitewi türkmen emirligini döredipdirler. Ermeni çeşmeleriniň şaýatlyk etmegine görä, XIV asyryň bütin dowamynda Ararat welaýatynda şeýle paronlyklar bolup, olary: Aragoside Waçutýanyň nesilleri; Şapunikde, Waražnunikde we Kotaýkada Proşýanlar nesli; Kiçi Süýnikde we Ýokarky Haçende, Gegarkunigiň bir böleginde Dopýanyň nesilleri; Anide we onuň töwereklerinde Şehinşahlar nesli; Ýegbarda we Hawus-Tarda Azybegýanlar nesli, Waýos-Dzorda we Süýnikde Orbelýanlar nesli we beýlekiler dolandyrypdylar. Şu hanlyklaryň hemmesi Sähet begiň ata-babalary we ahyr soňunda onuň özi tarapyndan bir bitewi emirlige birikdirilipdir. Sähet begiň döreden bu emirligi Garagoýunly döwletiniň düzümine girýärdi. Şeýlelikde, ermeni taryhçysy A.D. Papazýanyň ýazyşy ýaly «Ararat jülgesinde, Ýerashadzorda we Sürmelide ermeni hanlyklary ýitipdir we ol ýerlerde esasan türkmen asylly taýpalaryň häkimiyeti esaslandyrylypdyr».
Köp ýyllaryň dowamynda Ararat ýurduna eýeçilik eden turkmen emirleri baradaky maglumatlar T. Mesopesiniň berýän maglumatlary bilen çäklenýärdi. 1955-nji ýýlda alym L. Haçikýan tarapyndan «XV asyryň ermeni golýazmalaryndaky taryhy ýazgylar» eseriniň 1-nji jildi neşir edilýär. Bu ýazgylardan emir Sähediň, onuň ogullarynyň we agtyklarynyň häkimiýetiniň Ermenistanda XV asyryň ortalaryna çenli dowam edenligini anyklap bolýar.
1411-nji ýylda Bagaran ülkesiniň bir künjegi bolan Akjagalada ýazylan isaýylaryň Ýewangeliýasyndaky ýadygärlik ýazgyda «Atyjylar taýpasyndan bolan [türkmenler] Ýusup hanyň [Gara Ýusup Garagoýunly] hokümdarlyk we Pir-Hüseýiniň [emir Sähediň ogly] paronlyk [emirlik] eden ýyllarynda» diýen ýazgy göze ilýär.
Ýewangeliýanyň 1412-nji ýylda Kars şäherinde göçürilen beýleki bir nusgasynda hem Teýmirleňiň ýörişlerinden soň Kars şäherinde «adalatly paron [emir] Pir-Hüseýin» tarapyndan dikeldiş işleriniň geçirilýändigi barada aýdylýar. Sähet beg we onuň ogly emir Pir-Hüseýin baradaky ýatlamalar 1414-nji ýylda Oşakanda ýazylan «Gulluk» kitabynda hem, şu golýazmanyň «Ýusup hanyň [Gara Ýusup] we Sähediň ogly Pir-Hüseýiniň patyşalyk eden döwründe» ýazgy edilendigi bellenilýär.
Agzalan taryhy çeşmeler 1411-nji ýyldan ir bolmasa, giç däl, Ararat welaýatyny Emir begiň ogly Pir-Hüseýiň dolandyrandygyny görkezýär. Şeýle hem Pir-Hüseýniň dolandyran ýyllarynda Sähet begiň esaslandyran emirligi, onuň oglunyň döwründe giňäp Ararat welaýatyndan başga-da Kars we onuň töwereklerini hem öz içine alandygyny anyklamak bolýar. Abdyrazzak Samarkandy özüniň 1470-nji ýylda tamamlan işinde Nahiçewan bilen Sürmeli welaýatlaryny hem «Sähediň ogullarynyň gadymy ýurdy» diýip belleýär. Taryhçynyň bu maglumatlary Nahiçewan welaýaty we ondan demirgazykda ýerleşýän ýerler, şeýle hem Akgoýunlylar bilen Sefewileriň arasyndaky söweşiň bolup geçen ýeri bolan Şurur welaýatynyň hem Sähet begiň nesilleriniň hökümdarlygyna degişli bolandygyny tassyk edýär.
Ermenistanyň taryhynda Sähet begiň we onuň nesilleriniň atlary uly yz galdyrypdyr. XV asyryň başlaryndan Ararat welaýaty «Çukur Sähet» diýip atlandyrylyp ugrapdyr. «Çukur Sähet» diýilmeginiň sebäbi Ararat jülgesi peslikde ýerleşendigi üçin bu ýerleri eýelän türkmenler öz Serdarlarynyň hatyrasynda täze ýurtlaryny «Çukur Sähet», ýagny has türkmençeläp aýtsak, «Sähediň çöketligi» diýip atlandyrypdyrlar. Dogry, arap-pars ýazgylarynda ol «Çukur Sa’d» görnüşinde beýan edilýär. Emma biz ýene-de ermeni çeşmeleriniň kömegi bilen onuň türkmen dilinde nähili aýdylandygyny anyklap bilýäris. Ermeni ýazgylarynda «Çuhur-Sa’d» – «Sahata pos», ýagny «Sähediň çöketligi» diýlip atlandyrylýar. Bulardan başga-da, A.D. Papazýanyň bellemegine görä; «XIV asyryň bütin dowamynda Orta Aziýadan göçüp gelen we Sürmelide, Ýerashodzorda we Ararat jülgesinde, ýagny Araz çaýynyň iki tarapyndaky etraplarda mesgen tutan türkmen taýpalary XV asyrda eýýäm «Sähetli» diýlip atlandyrylypdyr» diýip ýazýar. Şeýle hem alym şol döwürler Häzirbegjanda we Ermenistanda ýurt tutan türkmen taýpalarynyň aglabasynyň özlerini taýpa serdarlarynyň atlary bilen baglanyşdyryp atlandyrandyklaryny we şunuň esasynda ençeme täze-täze taýpalaryň ýüze çykandygyny belleýär.
XVI-XVII asyrlaryň arap-pars dilli çeşmelerinde berilýän «Çuhur-Sa’d» ady «bagtly çöketlik» ýa-da «bagtly jülge» diýlip terjime edilýär. Bu at baradaky maglumatlar fransuz alymy Şardeniň ýazgylarynda hem agzalýar. Sebäbi Şarden XVII asyrda Ararat daglarynyň ýerli ermeniler tarapyndan «Sahat-Topuz» diýip atlandyrýandyklaryny we onuň ýerli dilde «Bagtly geriş» manysynyň bardygyny belläpdir. Emma ermeni ýazarlary «Sahat-Topuz» adynyň başky «Sahata-pos» sözüniň wagtyň geçmegi bilen üýtgän, ýoýma görnüşidigini, ýagny «Saha[ta pos]» görnüşinden «Sahat-Topuz» görnüşe eýe bolandygyny belleýärler.
«Çukur Sähet» ady ilkinji gezek ýazuw çeşmelerinde 1428-nji ýylda görkezilýär. Ol at Eçmiadzin ybadathanasyna berlen Wagarşapat obasyna eýeçilik hakyndaky arap dilli ýarlykda getirilýär: «Çukur Sähet welaýatyna degişli Garby nahiýesiniň [etrap] obalarynyň biri Wagarşapat». Bu ýarlykda şaýatlar hökmünde görkezilýän köp adamlaryň familiýalary hem «Sähetli» diýlip atlandyrylýar.
Käbir ermeni ýazuw çeşmelerinde Sähet begiň agtyklary barada-da maglumatlar getirilýär. 1425-nji ýyla degişli ýazgylarda Sähet emiriň agtyklary Pir-Gaýybyň we Abdyllanyň häkimlik edendigi bellenilýär. Dogry, olaryň Sähet emiriň ogly Pir-Hüseýiniň oglydygy ýa-da däldigi görkezilmeýärde, ýöne «Sähediň agtyklary Pir-Gaýybyň we Awdylyň [Abdyllanyň] paronlygynda» diýlip beýan edilýär.
Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, emir Sähediň mülki bolan Günorta-Gündogar Ermenistan, Nahiçewan, Häzirbegjanyň bir bölegi Garagoýunly döwletiniň düzümine girýärdi. Soltan Gara Ýusup ölenden soň 1420-nji ýylda tagta onuň ogly Isgendir Garagoýunly (1420-1437) geçýär. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Isgender örän edenli, ýöne şunuň bilen birlikde ýowuz hökümdar bolupdyr. Ol ýerlerdäki türkmen emirlerine, şol sanda Sähetli neslinden bolan emirlere hem ýowuz darapdyr we olaryň köpüsiniň häkimiýetini ellerinden alypdyr. Şonuň üçin hem XV asyryň 20-30-njy ýyllarynda Sähetli neslinden bolan emirler hakynda çeşmelerde aýdylmaýar. Ýöne, 1437-nji ýylda Isgender öldürilenden soň Töwrizdäki häkimiýet Gara Ýusubyň beýleki ogly Jahanşa Garagoýunlynyň (1437-1467) eline geçýär. Jahanşa adalatly hem-de edenli patyşa hökmünde dogany Isgenderiň yzarlan emirleriniň ählisine häkimiýetlerini we hukuklaryny gaýtaryp beripdir. Sähetli neslinden bolan emirleriň öz häkimiýetini gaýtaryp alandyklaryny 1441-nji ýylda ermenileriň baş ybadathanasynyň Kilikiýadan (Kiçi Aziýa) Eçmiadzine [Ýerewanyň töwereginde] göçüp gelmegi bilen baglanşykly ýazgylar tassyklaýar. Onda «Ararat ýurdunyň emiri Ýakup beg Sähetliniň» ady agzalýar.
Kürt ýazary Şeref han Bidlisiniň ýazgylarynda hem 1458-nji ýylda Hüseýin han Sähetliniň Jahanşanyň goşunlarynyň düzüminde öz goşunlary bilen şanyň Horasana guran ýörişine gatnaşandygyny we Astrabat Soltan Söýüniň elinden alnandan soň Jahanşa tarapyndan Gurgene emir bellenendigini ýazýar. Emma birneme wagt geçenden soň Hüseýin han Sähetli Soltan Söýüniň goşunyndan ýeňlipdir we wepat bolupdyr. Gürrüňi edilýän maglumatlar Garagoýunly döwletinde Sähetli nesliniň we taýpasynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny we emirlige bolan hukuklaryny dikeldendiklerini görkezýär.
XV asyryň 50-nji ýyllarynda başlap «Çukur–Sähet» welaýaty bilen baglanyşykly maglumatlarda Sähetli taýpasy ýatlanylsa-da bu nesilden bolan emirler hakynda aýdylmaýar. Oňa derek ermeni ýazarlary «Jahanşanyň hanlyk süren», «patyşalyk eden», «Ermenistan ýurdunyň hökümdary Jahanşa Türkmen», «Uzyn Hasanyň hanlygynda», «Hasan begiň paronlygynda» we şuňa meňzeş zatlary köp agzaýarlar. Ýöne bu sähetli nesliniň emirlikden gidendigini aňlatman, döwletde merkezi häkimiýetiň berkändigini we şonuň üçin hem taryhy ýazgylarda köplenç emirlere däl-de, patyşalara uly ähmiýet berlendigini görkezýär.
Emir Sähediň nesilleri we sähetli taýpasy Eýranyň we Kawkaz ülkesiniň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. XIV asyrda dörän bu taýpa köp asyrlaryň dowamynda özüniň başky adyny saklap galypdyr. Sähetliler türkmenleriň Akgoýunly we Sefewiler döwletleriniň döwründe-de uly güýç hasap edilipdir. Sähetli taýpasy ýewropaly alym A.Dupeniň düzen XIX asyrda Eýranda ýaşan türkmen taýpalarynyň sanawunda hem ady tutulýar. Türk taryhçysy F. Sümer özüniň meşhur «Oguzlar-türkmenler» atly kitabynda Sähetli taýpasyna uly ähmiýet beripdir. Eýranda ýaşaýan 39 sany türkmen taýpasynyň içinde sähetli taýpasy 35-nji bolup getirilýär we olaryň sanynyň 5 müňden geçýändigi, şeýle hem sähetlileriň Eýranyň Halhal etrabynda ýaşaýandyklaryny belleýär.
Emir Sähet begiň nesilleri adalatly we edenli dolandyryjylar bolmak bilen usaýy halky bolan ermenileriň hormatyna we çyn söýgüsine mynasyp bolupdyrlar. Türkmen üçin düýbünden nätanyş hem dügüniksiz bolan ermeni ýazgylarynda türkmenler we olaryň adalatly dolandyryşy barada ýakymly sözler aýdylýar. Emir Sähet begiň nesilleri aýratyn hem onuň ogly-mirasdüşer Pir-Hüseýn beg ermeni taryhynda uly yz galdyrypdyr. Onuň dolandyran ýyllarynda Teýmirleňiň weýran eden Kars şäheri dikeldilipdir we ençeme ymaratlar gurlupdyr. Gynançly ýeri, soňky asyrlaryň uruşlarynda, häli-şindi bolup geçýän ýer titremelerde gurlan köp-köp binalar ýumrulypdyr. Gowy ýeri, Sähet begiň nesilleri tarapyndan gurlan binalaryň biri saklanyp galypdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol bina Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň 8 km günbatarynda, Ermenileriň dini merkezi Eçmiadzine gidýän ýoluň ugrunda, Argawand obasyndaky aramgähdir. Türkmen gündogarşynas alymy N. Gajarow 1978-nji we 1980-nji ýyllarda Ýerewanda gündogarşynaslaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçýän döwründe bu aramgähe zyýarat edendigini aýdýar. Elbetde, Ermenistanda diňe bir Sähet begiň nesilleriniňki däl, eýsem Garagoýunly patyşalarynyň aramgähleri hem bardyr. Bu ýerde Gara Ýusubyň ogly Pir-Pudagyň we onuň özüniň aramgähleri saklanyp galypdyr.
Özboluşly gurluşyk binasy bolan bu aramgäh Sähet begiň nesilleri barada we türkmenleriň Ermenistandaky hökümdarlygy barada käbir maglumatlary özünde jemleýär. Kawkaz ülkesinde saklanyp galan kerpiçden gurlan köp sanly musulman aramgählerinden tapawutlylykda, Argawand aramgähi ýerli gurluşyk çig maly bolan tufdan gurlupdyr. Onki gapyrgaly bu binanyň beýikligi 12 metre barabardyr. Aramgähiň içinden ölçenilende onuň diametri 5 m ýetýär. Guburyň esasy berk dag jynsynyň dörtburç bölekleri bilen üç hatar edilip örülip, onuň beýikligi 56 sm deňdir. Aramgähiň diwarynyň ýüzi tekiz we onuň bezeg nagyşlary ýokdur. Ýadygärligiň binagärçilik aýratynlyklary – onda ermeni ymaratçylygynyň täsiriniň barlygyndadyr. Ermeni alymlarynyň ýazmagyna görä, ýadygärlik ýerli binaçylar tarapyndan gurlupdyr.
Aramgähiň esasyndan ýokarlygyna örülen daş hatarlarynyň 12-njisinde günorta we demirgazyga bakdyrylyp goýlan ýagty düşýän oýuklar görünýär. Nagyşlar bilen bezelen aramgähiň gümmezekli gapysy gündogar diwarda ýerleşýär. Ýadygärligiň ýarysy ýumrulan gupbasy başda tutuşlygyna gök syrça bilen örtülipdir, ýöne soňra gupba ýumrulypdyr we ondan goňras we açyk gök kerpiçler saklanyp galypdyr. Aramgähiň gupbasynyň göklügi üçin döwründe bu ýädygärlige golaý ýerleşýän oba hem «Gökkümmet» diýlip atlandyrylypdyr. Giçki döwürde bu ýerlerden türkmenler göçüp gidensoň ol obany ermeniler Gehanist diýip atlandyrypdyrlar. Soňra aramgähiň edil gapdalynda Japarabat (häzir Argawand) obasy emele gelip, ol Gökkümmet obasynyň ep-esli ýerini, şol sanda bu aramgähiň ýerlerini hem öz içine alypdyr.
Gupbanyň kertiniň edil aşagy arap haty bilen bezelipdir. Ýadygärligiň hat ýazylan binaçylyk zolagy tutyşlygyna 50 sm inlikdäki gyzgylt reňkli daşdan örülipdir. Bu zolagyň bütin uzynlygyna, onuň ýokarsyndan we aşagyndan 5 sm ýer galdyrylyp, nash usuly bilen arapça owadan ýazgy edilipdir. Bu ýazgynyň edil gupba kertiniň aşagynda ýerleşýändigi we ýerden has ýokardalygy üçin zaýalanman doly saklanyp galypdyr. Bu ýazgylaryň takyk hasaplamalaryň esasynda edilendigi üçin onuň başy we soňy aramgähiň içine geçirilýän gapynyň dik ýokarsynda birleşdirilipdirr. Eýsem-de bolsa ,şeýle yhlas siňdirilip bina edilen bu aramgähde näme ýazyldyka? Aramgähiň ýüzündäki setirler «Keremli we rehimdar Allanyň ady bilen !» diýen mukaddes sözler bilen başlanýar. Hatyň esasy mazmunynda aramgäh barada şeýle maglumatlar getirilýär:
«Bu gupba şekilli keramatly aramgähi beýik patyşa, han, Gündogaryň we Günbataryň patyşalarynyň patyşasy, döwletiň we diniň daýanjy Pir-Pudak hanyň we Ýusup noýonyň, - goý, Alla olaryň hökümdarlygyny baky etsin, - patyşalyk süren ýyllarynda 816-nji ýylyň asuda rejep aýynyň 15-inde (1413-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda), rehimdar [Allanyň] huzuryna giden, merhum we ruhy şat emir Sähediň ogly - goý, onuň jaýy jennet bolsun, - beýik hem ajaýyp [hökümdar], asylzadalyk we rehimdarlyk berlen, patyşalaryň we soltanlaryň daýanjy, pukaralaryň we ýekirilýänleriň arkadagy, danalaryň we bilimdarlaryň howandary, garyplaryň we horlananlaryň hossary, döwletiň we diniň şöhraty emir Pir-Hüseýin, goý onuň adalatly hökümdarlygy uzakdan bolsun, - gurmaklygy buýurdy».
Ýazgylardan görnüşi ýaly, aramgähiň kimiň buýrugy bilen we haçan gurlandygy görkezilýär. Ýazgylarda atlary getirilýän Pir-Pudak han we Ýusup noýon bolsa, şol döwürler Garagoýunly döwletiniň hökümdary Pir-Pudak we onuň kakasy Gara Ýusupdyr. Garagoýunlylaryň taryhyndan belli bolşy ýaly, Gara Ýusup 1409-nji ýylda Töwrüzde ogly Pir-Pudagy tagta çykarýar, özi bolsa atabegligi we goşunyň baş serkerdeligini ele alýar. Ýeri gelende aýtsak, 1413-nji ýylda Pir-Pudak han ölenden soň Gara Ýusup häkimiýeti ýene-de öz eline alýar we ogluny biziň gürrüňini edýän ýerimizden uzakda bolmadyk Süynikde jaýlaýar. 1420-nji ýylda aradan çykandan soň Gara Ýusubyň özüni hem oglunyň gapdalynda jaýlaýarlar. Onuň guburynyň üstüne aramgäh galdyryp, ony hanlyk alamatlary bilen bezäpdirler.
Öňki Gökkümmet, häzirki Argawand obasyndaky mazarystanda bu aramgähden başga-da ýene-de birnäçe, oňa görä kiçiräk we ýönekeýräk guburlar bolupdyr. Nebsimiz agyrsa-da, olar üstünden asyrlaryň geçmegi bilen ýumrulypdyr ýa-da olaryň kerpiçleri ýerli ermeni ilaty tarapyndan sökülip, dürli gurluşyk maksatlary üçin ulanylypdyr.
Gökkümmet obasynyň ýanyndaky aramgähler bu ýerde birzamanlar emir Sähediň we onuň nesilleriniň öwlüýäsiniň bolanyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bir hatarda türkmenleriň bu ýerlerde galdyran yzlary XV asyryň başlarynda emir Sähede ermeni topragynda özüniň häkimiýetini ornaşdyryp bilendigini görkezýär. Üstesine-de, Emir Sähediň ogly Pir-Huseýiniň döwründe Ýerewan şäheri emirligiň paýtagty bolan bolmaly. Aýdylanlary Pir-Hüseýiniň gurduran bu aramgähiniň Ýerewanyň golaýjygynda (8 km) ýerleşmegi hem tassyk edýär.
Pir-Hüseýin hanyň gurduran aramgähiniň ýerüsti suratlandyrylyşy umuman şeýleräk. Ýöne, aramgähiň ýerasty bölegi hem bardyr. Binanyň ortarasynda ýeriň ýüzünde tegelek deşik bolup, ol aşaklygyna ýuwaş-ýuwaşdan giňäp gidýär, we guburyň ýerasty böleginiň emele getirýär. Ýerasty guburyň günbatar tarapyndan gapy bolup, ol merhumyň ýatan jaýyna eltýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, aramgähiň ýerasty bölegi Teýmirleňiň Samarkantdaky guburyna çalymdaş bolupdyr.
Demirgazyk-Günbatar we Günorta-Günbatar Ermenistanyň dürli şaherlerinde we obalarynda Akgoýunly türkmenleriň hökümdarlygy barada-da köp sanly ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Şol ýadygärliklerdäki ýazgylaryň biri, Ýerznigiň golaýyndaky Rumsaraý obasynda Akgoýunly nesliniň gözbaşynda duran Turaly begiň jaýlanandygyny habar berýär. Baberdiň golaýyndaky Sinor obasynda (häzirki ady Çaýyrýoly) bolsa Turaly begiň ogly Fahreddin Gutlug begiň aramgähi ýerleşýär. Yöne, nebsimiz agyrsa-da, soňra ol ýumrulypdyr. Şonuň üçin hem apamgähdäki ýazgylar Gutlug begiň gurduran «Hajy Gutlug» metjidinde goýlupdyr. Ýazgylarda «…merhum emir Turaly begiň ogly Fahreddin Gutlug beg…» diýen setirleri görmek bolýar. Akgoýunly nesliniň üçunji wekili Gutlug begiň ogly Piraly beg Kehi obasynda oturypdyr. Onuň ady şu obadaky metjidiň minarasyna ýazylypdyr. Şu metjidiň hoz agajyndan edilen münberiniň ýüzünde Piraly begiň ogly emir Pilten begiň ady görkezilýär. Şeýle hem şu obada Pilten begiň gyzy Howand Soltan Hatynyň gubury hem ýerleşýär. Onda şeýle ýazgylar göze ilýär: «Bu gubur Pilten begiň gyzy, merhum Howand Soltanyňky…»
Ýazgydan mälim bolşy ýaly Howand Soltan Hatyn 1415/16-njy ýylda aradan çykypdyr. Pilten begiň ikinji gyzy Sara Hatyn emir Gara Ýülük Osmanyň ogly emir Ala durmuşa çykýar. Sara Hatyn Akgoýunlylaryň meşhur patyşalary Jahangiriň (1444-1457) we Uzyn Hasanyň (1457-1478) ejesidir.
Pilten begiň nesilleri Belent Ermenistanyň obalarydyr şäherlerini köp ýyllaryň dowamynda dolandyrypdyrlar. Ahlat şäherindäki metjidiň ýazgylarynda Pilten begiň ogly Bahlul begiň gyzy Şa-Selime Hatynyň ady tutulýar. Şa-Selime Hatyn Ahlatyň emiri, Akgoýunlylaryň şöhratly serkerdesi Mubarizeddin Goç Baýandyr beg ibn-Rüstemiň (1472-1481) aýaly bolupdyr. Şa-Selime Hatynyň Ahlatda gurduran jaýynyň ýüzünde: «Bu binany gurmaklygy buýran… merhum emir Bahlul begiň gyzy…tanymal hatyn, beýik hatynlaryň şöhrady Şa-Selime Hatyn. 897 [1492] ýyl» diýen ýazgy bar. Şa-Selime Hatynyň adamsy emir Goç Baýandyr beg hem tanymal adam bolupdyr. Baýandyr begiň ömrüniň irki döwürleri barada köp zat bilinmeýär. Hasan beg Rumly «Naýbaşy taryh» eserinde Uzyn Hasanyň Baýandyr beg atly garyndaşynyň bolandygyny belleýär. Oňa derek ermeni ýazary Mowses 1472-nji ýylda emir Goç Baýandyryň Ahlady gabandygyny we soňra eýeländigini ýazýar.
Uzyn Hasanyň döwründe Akgoýunlylar döwleti halkara ähmiýete eýe bolýar. Döwletiň şeýle derejä ýetmeginde Uzyn Hasanyň serkerdeleri bolan Goç Baýandyr begiň, Süleýman beg Bijanoglunyň we Sopy Halylyň hyzmaty uly bolupdyr. Ermeni ýazary Akop Arskesi 1480-nji ýyla degişli ýadygärlik ýazgysynda şeyle maglumat getirýär: «Şol ýyl Urfada [Edessa ] uly uruş boldy, onuň hem sebäbi Müsürüň Pag atly soltany uly goşun bilen Urfa ugrady, ýurdy we şäheri talap …galanyň üstüne çykdy. Hasan patyşanyň [Uzyn Hasan] ogly Agup patyşa [Ýakup Akgoýunly] bolsa özüniñ batyr serkerdesi Goç Baýandyra uly goşun berip, ony Pagyň garşysyna ugratdy we ol Paga garşy uruş etdi. Söweşde ondan üstün çykyp, onuň goşunyny dargatdy we gacmaga mejbur etdi».
Goç Baýandyr beg 1477-nji ýylda «Baýandyr» metjidini gurdurypdyr. Gynançly ýeri, bu meşhur türkmen serkerdesi Ahlady uzak dolandyryp bilmändir. 1481-nji ýylda garyndaşy Ýakup Akgoýunla garşy gozgalaň turzanlygy üçin egindeşleri Süleýman beg Bijanoglynyň we Sopy Halylyň goşunlary tarapyndan öldürilýär. Baýandyr begiň guburynyň üstünde soňra ajaýyp aramgäh gurlupdyr. Bu ymarat «Baýandyryň aramgähi» diýlip atlandyrylýar. 1488-nji ýylda bu owadan aramgähde meşhur serkerdäniň ogly Muhammet aga Baýandyr hem jaýlanypdyr. Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, aramgähiň golaýynda Muhammet aganyň ejesi, Goç Baýandyr begiň bosa aýaly, Şa-Selime Hatynyň guran jaýy hem ýerleşýär.
Gürrüňi edilen binalar we olardaky ýazgylardan başga-da Ermenistanda ençeme gadymy türkmen öwlüýäleri hem bardyr. Öwlüýälerdäki guburlaryň üstüne goýlan mazardaşlary bu toprakda ýatan merhumlaryň türkmendiklerine şaýatlyk edýär. Ermenistanyň Sisian etrabynyň Urut obasyndaky öwlüýädäki mazardaşlarynyň ýüzünde şeýle atlar häli-şindi gabat gelýär. «Emiriň ogly Muhammetguly (1482)», «Emiriň gelni Perihan (1504)», «Myradyň ogly Argun (1556)», «Gutlug ogly Hanmyhammet (1576)», «Kuly begiň gyzy Näzijan (1584)», «Aýsoltan (1584)», «Nury ogly Şanazar (1599)», «Saparguly (1585 )» we başgalar.
Umuman alanyňda. döwründe dünýä ýaýran halkymyz taryhda uly yz galdyrypdyr. Muňa türkmenleriň ermeni topragynda galdyran öçmejek yzlary hem şaýatlyk edýär.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar