23:35 Esenguly | |
ESENGULY
Goşgular
Kasym Nurbadowa Obalar meñzeýär biri-birine, Bir-birine şeýle meñzeş şäherler. Esengulyñ ekiztaýyn tapmarsyñ, Gelenler geñ galyp, bakar säherler. Gözleriñe dolar aýakly jaýlar, Bütin oba gitjek ýalydyr birýan. Agşam görseñ, işden gelen ýalydyr, Säher görseñ, göýä ol işe barýar. Oba dynjyn alýar aýak üstünde, Aýak üstünde ol işlän mahalam. Deñize çümdürip gurupdyr jaýy, Şu obanyñ ýerin ilki tapanam. Esenguly mydam aýak üstünde, Myhmanyñ ýoluna dikilen gözi. Hyzmat eder aýak üstünde durup, Myhmanyn oturdar, oturmaz özi. Obañ geçmişinden gürrüñ açsalar, Gojalar erteki sözleýän ýaly. Esenguly galyp daraklygyna, Çekilen deñizi gözleýän ýaly... ■ WATAN Agrasdyr ol uly göwresi ýaly, Watan öwgülere mätäç däldir hiç. Ýüregiñ söýgüsi goluña geçse, Ynanar Watanyñ şoña ir-u-giç. Watana gerek däl nähak pidalar, Somlamak gerek däl gara başyñy. Her bir ogly üçin uly göwresin Silkip dökýändir ol gözde ýaşyny. Söýüp Watanymyñ ýazyn-gyşyny, Şu paýhasa gulluk edýän her zaman: Oñ üçin goýmaly bolmalyñ başy, Watan üçin başy saklalyñ aman. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |