22:12 Esgeriň hatlary | |
ESGERIŇ HATLARY
Taryhy makalalar
Uruş ýyllary türkmen gerçegi starşiý seržant Aýdogdy Tahyrowyň ady dilden-dile geçdi. Onuň gahrymançylygy esgerleriň ruhuna ruh goşdy. Meşhur rus şahyry Mihail Matusowskiý 1943-nji ylda özüniň “Aýdogdy Tahyrow we onuň dosty Sawuşkin hakynda aýdym” atly poemasyny ýazdy. Berdi Kerbabaýew hem ony türkmen diline geçirdi. Bu poema 1944-nji ýylda Birleşen Türkmendöwletneşirde özbaşyna kitap bolup çykaryldy. Kitaby şahyr D.Haldurdy redaktirläpdir. Onuň neşir edilenine şu ýyl kyrk ýyl dolýar. Geçen ýyl bolsa Aýdogdy Tahyrowyň görkezen edermenliginiň 40 ýyllygy bellenilip geçildi. M.Matusowskiý öz poemasynyň bir ýerinde türkmen gerçeginiň faşistleriň öňünde dyz epmän, wepat bolşyny, ine, şeýle suratlandyrýar: Örtülipdir polat deýin gabaklar, Dodaklary ýapyşypdyr möhür dek. Asla sesin çykarmandyr baýaklar, Indi dymýar, dymýar munda ömürlik. Öz iline doly berip ömrüni, Ýatyr, ýatyr, ol çykypdyr hatardan. Egninde bir rus biçimli köýnegi, Çal şineli reňk alypdyr gardan... Şu setirleriň awtory Beýik Ýeňşiň kyrk ýyllygy baýýram edilen ýylynda şahyr Mihail Matusowskiden poemanyň ýazylyş taryhy hakda gürrüň bermegini haýyş etdi. Mihail Matusowskiý ine, şonda şeýle gürrüň edipdi: - Demirgazyk-günbatar frontyň gazetiniň tabşyrygy bilen söweş bölümlerinde ýörkäm, men Tahyrowyň ykbaly hakda eşitdim. Bu waka, meniň oňki süňňümi lerzana getirdi. Şonuň üçinem men ony tanaýan esgerlerden Tahyrow hakda birtopar materiýal ýygnadym. Men şol günler başga hiç zat hakda pikir etmän, front depderine ol hakda köpräk bellik etmäge çalyşdym. Men Aýdogdyny ýesirlige düşüp, ondan sorag edilişini, faşistleriň ony öz taraplaryna yrjak boluşlaryny göz öňüme getirip görýärdim. Munuň üçin olar Aýdogdynyň ömrüne kast edilmejekdigi hakda mekirlik bilen söz berýärdiler. Haçan-da men redaksia dolanyp gelenimden soň, redaktoryň ýanyna bardym. Ondan maňa bir aýlap başga ýumuş tabşyrmazlygyny haýyş edip, özümiň türkmen esgeriniň görkezen gahrymançylygy hakda poemamy ýazjakdygymy aýtdym. Redaktor razylyk berdi. Men haýdan-haý işe girişdim. Bahar aýydy. Waldeýiň etegindäki tokaýlykda biziň redaksiýamyzyň jaýy ýerleşýärdi. Men käte-käte öz içimden pikir öwürýärdim: Tahyrowyň güneşli ülkesi bu ýerlerden has uzakda. Emma ol gadymy Nowgorod topragy üçin söweşip, bu toprakda-da şirin janyny gurban etdi. Ine, şu zatlar oýuňa gelende weli, poemanyň içinden sowet halklarynyň doganlyk dostlugy temasynyň eriş-argaç bolup geçmelidigine berk ynandym. Poema “Watan üçin” atly front gazetiniň üç sanynda sahypa-sahypa bolup çap edildi. Men kämahal bu gazetiň sahypalaryna ser salýaryn. Şonda şol agyr döwrüň galagoplygy göz öňümde janlanýar... Aýdogdy Tahyrowyň aýaly Aýsoltan eje Kakanyň raýon merkezindäki Krasnarmeýskaýa köçesiniň 16-njy “A” jaýynda ýaşaýar. Ol bir ogul, üç gyzy ese-boýa galdyrdy. Ogly Gurban häzir Staraýa Russa şäherinde, kakasynyň wepat bolan ýerinde ýaşaýar. Özem Staraýa Russa şäherinden bir gyza öýlendi. Olaryň häzir dokuz çagasy bar. Uly ogullary Aýdogdy Tahyrow bolsa bäşinji kursuň studenti. Aýsoltan ejäniň uly gyzy Orazjemal akuşerka, Oguljemal çaga wraçy, Gurbansoltan bolsa oba Sowetiniň başlygy bolup işleýär. Aýsoltan eje ýetmişi arka atdy. Aýsoltan eje şu geçen döwrüň içinde inçe bir umyt bilen ýaşady: onuň göwnüne bolmasa, Aýdogdy geläýjek-geläýjek ýalydy. Onuň ykbaly bilen ýaşady, oňa wepadarlyk bilen ýüreginden sygyndy. Ynha, saňa adam mertliginiň, has takygy, zenan wepadarlygynyň aňrybaş nusgasy! Aýsoltan eje Aýdogdy bilen baglanyşykly hemme zady aýap saklapdyr. Onuň frontdan iberen hatlaryny bolsa gelinlik döwründen ýadygärlik galan kiçijik sandygynda saklaýar. Ol hatlar onlarça. Üçburçlyk hatlar, esger hatlary, Olar bir däl, ýa iki däl, olar kän. Ganly jeňden habar berýän hatlary, Niçik gözýaş dökmän okap bolarkan? Esger nirden bilsin, ýazan hatynyň, Ençe ýyllaň synagyndan geçjegin. Esger nirden bilsin, ençe wagtdan soň, Ol hatlaň bir-birden okaljakdygyn. Setirlerde batyr, merdan esgeriň, Faşistlere gahar-gazaby bardy. Köşeşdirmek üçin mähribanlaryn, Hatynda gaty kän zat gizleýärdi... Dört dogan Tahyrowlar Watan goragyna gitdiler. Aýdogdy bilen Çaryýar uruşda wepat boldy. Ata bilen Sapardurdy söweşlerde agyr ýaralanyp, inwalid bolup dogduk diýara dolandylar. 1941-nji ýylyň ahyrynda goşunçylyga çagyrylan kolhoz başlygy Aýdogdy Tahyrow Aşgabatda harby tälim geçýär, 47-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynda oňa otdeleniýanyň komandirligi ynanylýar. Rotanyň kommunitleri ony özleriniň partorgy edip saýlaýarlar. -Rotada Tahyrowy mähirli ýüregi üçin söýýärdiler, tertipli we batyr komandir hökmünde sylaýardylar. Ol howpy äsgermeýärdi. Islendik harby ýumuşy ýerine ýetirmäge gorkman gidýärdi – diýip, brigadanyň şol wagtky ştabynyň naçalnigi, häzir otstawkadaky general-maýor Bagşy Annahalowiç Ataýew ýatlaýar. Häzir bolsa Aýdogdy Tahyrowyň 1942-nji ýylda öz öýlerine ýazan hatlarynyň birnäçesine diň salalyň. Bu hatlar onuň harby tälim geçip ýören döwürlerine degişli. *** “...Aýsoltan, sen kolhozdan, oba Sowetinden maşgalaň sany hakda hat al.Şol hat bilenem Kaka raýispolkomyna bararsyň. Şonda saňa her aýda ýüz-ýüz elli manat pul bererler. Kolhozam kömek berer. Hor bolmarsyňyz. Başga-da saňa nesihatym, aglap-eňräp ýörme. Mert bol. Gurbuň ýetdiginden kolhoz işiňi işläber. 1942-njy ýylyň 4-nji ýanwary.” *** “...Oglum Gurbana, gyzlarym Orazjemala, Oguljemala, Gurbansoltana, ýoldaşym Aýsoltana, başga tanyş ýoldaşlara salam bolsun. Aýsoltan, hatyňda obanyň durmuşyndan ýazmagyňy soraýaryn. 1941-nji ýylyň zähmet gününe düşýän bugdaý berdilermi? Bu hakda maňa habar ber. 41-nji ýylyň pagtasynyň her bir tonnasyna 400 kilo bugdaý berilipdi. Şondan soň aldyňmy ýa-da almadyňmy? Watana pagtanyň berilişi nähili? Ýoldaşym Aýsoltan, sen maňa indiki hatyňda şu zatlar hakynda ýaz! Kolhozda görelde bolup işle. Çagalary hor etme. Tanyş-bilişlere salam aýt. Öz saglygyň nähili? Ýagdaýyňdan kolhoz işle, ol seni hiç wagt hor etmez. Aýdogdy Tahyr, 1942-nji ýylyň 8-nji ýanwary.” *** “... Kim men Aýdogdy Tahyryň tarapyndan ýoldaşym Aýsoltana, oglum Gurbana, gyzlara we başga tanyş-bilişlere salam bolsun. Salamdan soň, meniň aýtjak zadym, bizi ýakyn wagtlarda Aşgabada äkitjekler. Eger gelip bilseňiz, geliň. Çagalaram, senem menden razy boluň. Wepaly durmuş bolsun. Watandan razy bolaly. Aýdogdy Tahyr, 1942-nji ýylyň 2-nji apreli.” *** “... Ýoldaşym Aýsoltana, men saňa bir hat ýazypdym, emma senden hat gelmedi. Aýsoltan, bilýän saňa kyn düşer, ýöne mahorka tapyp, maňa iberseň diýip haýyş edýän. Başga zat gerek däl. Daýzama aýt, maňa bir hat ýazsyn.Gurbany, gyzlary göresim gelýär. Kolhozyň ýagdaýy nähili? Arpa-bugdaý oňatmy? Pagta gögerdimi? Hat ýaz. Aýdogdy Tahyr, 1942-nji ýylyň 1-nji maýy.” Meniň öňümde tegelek kyrk ýyldan gowrak mundan öň galam bilen ýazylan hatlaryň onlarçasy ýatyr. Bu hatlary Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrow öz eli bilen ýazypdyr. Hatlar latynça ýazylandygy sebäpli, kömek sorap, dil we edebiýat institutynyň alymlaryna ýüz tutdym. Olar ýazgysy mazaly öçüşip ugran hatlaryň üstünde birnäçe wagtlaryny sarp etdiler. Emma sanalan hatlaryň ençemesini weli okamak ýeňil düşmedi. Nätjek-dä, etjek alajyň ýok! Eger-de Merkezi döwlet arhiwiniň işgärleri, taryhçy alymlarymyz ol hatlary içgin öwrenseler, häzirem giç däl. Watançylyk urşunda bir daban toprak üçin döş geren her bir esgeriň hatlaryna biziň biperwaý garamaga hiç hili hakymyz ýok. Geljekki nesliň bu babatda bizi biagyrlykda günälemezligi ýaly, bu hakda şu günlerden çynlakaý alada edeliň! Esger hatlary üçin öz başyna muzeý döredilse-de bolman durmazdy. Eýsem-de bolsa, bu geçen uruşda mähriban kakasyndan, söwer ýaryndan, derek boýly agasyndan, balasyndan, doganyndan... jyda düşen adamlaryň hatyrasyny saklamak biziň özümize bagly zat dälmi näme?!. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |