00:10 Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... | |
Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy, sensiň, Gözlermizi sürmelän, göz totyýasy sensiň. Aý utançly görküňden, yşgyňdan hem gan halal, Seni görsem, köňlüme ýazgyt gelendir şu hal. Çowganyňa top bolduň, başyn aýlan öňünde, Kä şatlyga çagyrýaň, biz kä gussa jeňinde. Käte uka batýarsyň, çowgan taýak goluňda, Kä togalap barlykda, käte ýokluk çölünde. Käte eýä şükürde, käte çeker perýatlar, Käte Leýlä hyzmatda, käte Taňryny ýatlar. Jana jepalar berip, öwürdiň sen Mejnuna, Ýalňyzlygy söýdürdiň, duçar edip mejbura. Altyn isläp, kä tutup, başyny gumy serpe, Käte Kaýsara öwürdiň käte geýdirip hyrka. Geň açardyr, kä alma, käte-de kädi berer, Kä zäher, käte şeker, kä derman, derdi berer. Niçiksi täsin derýa, käte suw, kä gan akar, Kä lagyl reňkli şerap, kä süýt bolup, şan akar. Kä köňülde bilim dokap, kä onda bilim söker, Kä üstünlik ýar edip, käte belaly bakar. Kä Muhammet beg bolar, kä gaplaň, kä it bolar, Käte bir erbet duşman, kä özün hossar biler. Käte tiken, käte gül, kä sirke, kä şerapdyr, Kä, dowulçy, kä – dowuldyr, urlup, haly harapdyr. Käte bäş -alty bilen, kä gözel janlar islär, Düe deý herýan urnup, käte ýatak höweslär. Kä Karun dek çümer-de, baýlygynda gizlener, Kä Mesih deý täzelener, ýoly asman çözlener. Keremiň ýol berse eger, halasdyr dürli haldan, Guşluk güneşi ýaly bir reňk tapar pälden. Deňze çümer balyk deý, deňiz bolar mekany, Mazary hem deňizdir, ölüm oňa bu pany. Isanyň küýzesinde görner «Allanyň reňki», Erbetlikden halasdyr, düzeler agan eňki. Gapyňyzy açdyk biz, yrak tutmaň siz dosty, Soňky nesli size goşduk, budur söýginiň muzdy. Biliňi berk guşadyk-da, sapladyk biz günäden, Bary - Haka şükürden, kanagata – senadan. _________________________________ Totyýa – göze sürme ýaly çekilen, gözi ýaşardyp göreji ýitileşdirýär. Bäş – bäş duýgy, görmek, eşitmek, ysgamak, datmak, duýmak. Alty – alty tarap, ýokary, aşak, sag, çep, öň, yz. Isanyň küýzesi – Isa pygamberiň bir eşik boýýaýan bir köýzesi bar eken. Eşikleri oňa oklanda, haýsy reňk islese şol reňke öwrüler eken. «Allanyň reňki (dini) biziň reňkimizdir. Alladan has gözel reňk beriji barmy. Biz diňe oňa ybadat edýäris». Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 138-nji aýaty. | |
|
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |