FAZYL HÜSNI DAGLARJA
Fazyl Hüsni Daglarja, meşhur türk şahyry.
■ Ömri we döredijiligi
Fazyl Hüsni Daglarja 1914-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Stambulda harby gullukçy Hasan Hüsniniñ maşgalasynda dogulýar.
Başlangyç bilimi Konýada, Kaýseride, Adanada, Kozanda, orta bilimi Tarsusda we Adanada alýar, Kuleli harby liseýinde okaýar.
"Aile", "Ataç", "Çagry", "Devrim", "Ynkylapçy gençlik", "Kültür haftasy", "Türkçe", "Türk dili", "Türk ýurdy", "Varlyk", "Vatan", "Yeditepe", "Yücel", "Yenilik", "Yön" ýaly gazet-jurnalllarda goşgulary çykypdyr.
1935-nji ýylda pyýada goşunyñ hatarynda gulluk edip, Günorta we Gündogar Anadolynyñ, Trakýanyñ köp ýerlerini görýär. Goşunda 15 ýyl gulluk edenden soñra kapitan harby derejesi bilen 1950-nji ýylda goşunyñ hataryndan aýrylýar.
1952-60-njy ýyllarda Zähmet ministrliginiñ hatarynda Stambulda işleýär. Soñra Stambulyñ Aksaraý diýen ýerinde "Kitap" merkezini açýar we neşir işine baş goşýar.
1960-njy ýyldan 1964-nji ýyla çenli "Türkçe" atly aýda bir gezek çykýan jurnal çykarýar.
1927-nji ýylda "Yeni Adana" gazetinde ilkinji hekaýasy çykypdyr.
1933-nji ýylda "Stambul" jurnalynda çykan "Haýallan ömür" atly goşgusy arkaly giñden tanalmaga başlandy. Şol wagta çenli ol iñ köp baýrak-sylag berilen şahyr bolupdyr.
1967-nji ýylda ABŞ-nyñ Halkara Şygyr bäsleşigi tarapyndan "Ýylyñ iñ oñat türk şahyry" hasap edildi. Türk Dil Guramasynyñ dolandyryş toparynyñ agzasy hem bolupdyr.
Jemgyýete bolan garaýyşlarynda adama we adam durmuşyna hormat goýan Daglarja hiç bir edebi akymlardan we şahyrlardan täsirlenmän öz ýoluny döretmegi başarypdyr.
Öndümli döredijiligi bilen öz eserlerini hiç kimiñkä meñzemeýän özboluşly ýoly bilen ýazypdyr. "Türk poeziýasynyñ beýik şahyry" diýilip tanalan Daglarja 94 ýaşynda 2008-nji ýylyñ 15-nji oktýabrynda ýylda aradan çykýar. Daglarjanyñ öýi öz wesýetine eýerip muzeýe öwürýärler. 20.10.2008-nji ýylda "Garaja Ahmet" gonamçylygynda jaýlanýar.
■ Käbir kitaplary:
1). "Ene toprak";
2). "Çakyryñ dessany";
3). "Üç şehitler dessany";
4)."Daş eýýamy";
5). "Stambul-Ýeñiş dessany";
6). "Aljir aýdymy";
7). "Siwasly garynja";
8). "Dälije möjek";
9). "Garaşsyzlyk uruşy-Inöniler";
10). "Garaşsyzlyk uruşy-Samsundan Ankara çenli";
11). "Çanakkale dessany";
12). "Kubilaý dessany";
13). "Hirosima";
14). "Guş aýak";
15). "Horaz";
16). "Ýunus Emrede bolmak";
17. "Neýtron bombasy";
18). "Ýalañaç";
19). "Ýer ýüzüniñ çagalary" we başgalar...
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly