GADYMY DEHISTANA SYÝAHAT
Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň baý taryhy, milli mirasy, ylmy ähmiýetli arheologiýa ýadygärlikleri, dünýäde seýrek duş gelýän dinozawrlaryň aýak yzlary, «Garagum ýalkymy», şeýle hem, başga-da birnäçe täsin ýerleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Türkmen topragy däp-dessurlaryň, myhmansöýerligiň, milli medeniýetiň hem mekanydyr.
«Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň sany hem ýylsaýyn artýar.
Şol syýahatçylaryň örän uly gyzyklanma bilen syýahat edýän ýerleriniň biri hem, Gadymy Dehistandyr.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eseriniň birinji kitabynda «Dehistan» ýa-da «Dahystan» sözüniň gelip çykyşyny alymlaryň türkmenleriň iň iri kowumlary bolan dahlaryň ady bilen baglanyşdyrandyklaryny belleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň Köneürgenji Wizantiýa hem-de arap ýurtlary bilen birleşdirýän ugurlarynyň çatrygynda ýerleşen Dehistan, orta asyrlaryň iň gülläp ösen şäherleriniň biridir. Dehistanyň üstünden ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenleriň geçendigi sebäpli ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy asla geň ýagdaý däldir.
Syýahatçylyk barada söz açylanda, tomus günleriniň birinde Dehistana bolan syýahatymyz ýadyma düşýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Maşat-Misseriana — Dehistana syýahat etmek, ol ýerlerdäki mukaddes ýerlere zyýarat etmek — gyzykly we sogap iş. Biz hem, şeýle işi bitirmegi maksat edinip, Serdar şäheriniň içinden geçip, Magtymguly etrabyna sowulman, ýüzümizi günorta-günbatara tarap tutup, «Niredesiň, Maşat-Misserian?!» diýip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düz takyrlygyň üsti bilen ýola düşdük. Dogrusy, düz takyrlygyň üstündäki birnäçe ýol-ýodalaryň yzlary bizi birbada aljyratdy. Biz: «Bu ýollaryň haýsy bizi Dehistana elterkä?!» diýip, biri-birimize sowal berýärdik. Şol gidip barşymyza, öňümizden motosiklde gelýän ýolagçy gabat geldi. Biz ýolagçydan Dehistanyň salgysyny soranymyzda, ol: «Bu ýol-ýodalaryň ählisi hem takyryň ahyrynda jemlenip, sizi Dehistana elter, ýöne öýlän sagat üç töweregi bu takyryň üstünde tozanly ýel turýandyr. Siz hiç hili aljyraman, ulagyňyzy saklap, az-kem garaşsaňyz, gowy bolar. Ol ýel bary-ýogy ýarym sagadyň içinde sowlar» diýdi. Bu sözler bilesigelijiligimizi has-da artdyrdy. Ýolagçynyň aýdyşy ýaly hem boldy. Biz Gün ýaşmanka Dehistana baryp ýetdik.
Biziň şol gezekki syýahatymyz Fransiýadan bu taryhy ýerleri öz gözleri bilen görmäge gelen jahankeşdeleriň saparyna gabat geldi. Üsti açyk muzeýiň hünärmeni bolsa, özüniň meýilnamasy boýunça ýol-ýodadan howlukman ýöräp, hemmämize bu gadymy şäheriň taryhy barada gyzykly we täsin maglumatlary ussatlyk bilen gürrüň berýärdi. Her bir sözünden heňňamlaryň heňi gelip duran ol maglumatlar göýä diýersiň, biziň taryha teşne kalbymyzy geçmişiň şol şöhratly günlerine sary alyp gidýärdi...
Dehistanyň arhitektura gurluşy has-da haýran galdyrdy. Hünärmen bu ýerlerden XII-XIII asyryň başlarynda adamlaryň we haýwanlaryň şekilleri hem-de goşgy ýazgylary bilen bezelen gap-gaçlaryň birnäçesiniň tapylandygyny we şol tapyndylaryň häzirki wagtda muzeýlerde saklanýandygyny aýtdy.
Dehistanyň oturymly ýerleriniň biri hem, Misserian şäheridir. Bu şäher, ýerleşiş meýilnamasy boýunça bäşgyraňly görnüşli, iki gat goranyş diwarly we çuň garym bilen gurşalypdyr. Şäheriň ymaratlarynyň bişen kerpiçden gurulmagy bu ýeriň ilatynyň gurply ýaşandygynyň subutnamasydyr. Alymlar Misserianyň çäginde we onuň töwereginde köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, metjitleriň, köprüleriň, kerwensaraýlaryň, bazarlaryň, önümçilik peçleriniň ýerleşen ýerlerini anyklap, olarda arheologiki ylmy barlaglary hem geçiripdirler.
Gadymy Dehistan ýadygärlikler toplumynyň täsin ýerleriniň ýene biri-de, Misserian şäherinden demirgazykda 7 kilometr uzaklykda ýerleşýän Maşat gonamçylygyndaky Maşat ata metjididir. Bu metjidiň täsinligi, onuň dörtgyraňly gümmeziň aýlaw düýbüniň aşagyndaky sekiz gyraňa geçişiniň ýelken şekilli örümler bilen amala aşyrylandygydyr. Bu usul, saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleriniň gurluş usullarynyň içinde iň irki görnüşdir. 2009-njy ýylda Maşat ata metjidinde abatlaýyş işleri hem geçirilipdir. Alymlaryň umumy pikirlerine görä, Maşat ata metjidiniň binagärçilik gurluşy, içiniň bezegleri şekillendiriş sungatynyň naýbaşy eseridir.
Hünärmeniň bize beren şeýle täsirli maglumatlaryndan soň, onuň üstüne sowal yzyna sowal ýagdyrylyp başlanyldy. Fransiýadan gelen jahankeşdeleriň birini ýollara düşelen kerpiçler gyzyklandyrsa, beýlekisini kerpiçleriň arasyndaky laý-palçyklar, ýene birini bolsa diwarlaryň ýüzündäki nagyşlaryň boýagy hakynda aýdyp bolaýjak täsin deliller gyzyklandyrýardy. Wagtymyzyň çäkli bolandygyna garamazdan, biziň hemmämiz Gadymy Dehistan barada örän gyzykly maglumatlary aldyk. Gadymy Dehistanyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan binalaryna seredip durşuňa, «Şu diwarlar — «ýagşyny-ýamany, urşy-söýgini, açlygy-doklugy» başyndan geçiren gojaman şäheriň şaýatlary» diýen pikir öz-özünden seriňe gelýär.
Bu täsinlikler diňe biziň günlerimizde däl, eýsem, Magtymguly atamyzyň döwründe hem örän özüneçekiji bolupdyr. Oňa akyldaryň «Bady-sabany görsem» diýen şygryndaky: «Dehistanyň baýrynda, //Bady-sabany görsem» diýen setirleri-de şaýatlyk edýär. Akyldar şahyr bu goşgusynda şol gözellikleri synlap, jahany gezmek arzuwundadygyny beýan edýär. Jahany gezmek, syýahatçylygy ösdürmek biziň bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynyň biridir.
Şol syýahatymyzyň, tomus aýlarynyň birinde bolandygyna garamazdan, gijäniň ýarynda birden bulut gelip, ýagşyň ýagmagy, hamana türkmen tebigaty özüniň özboluşly täsinligini bu ýere gelen syýahatçylara görkezýän dek örän täsirli boldy. Biz syýahatymyzyň dowamynda Maşat-Misserian düzlüginde günortanlyk nahar edinmek üçin düşlänimizde, suwdan ganmak maksady bilen sowuk suw içip oturan syýahatçylaryň birine gök çaý hödür etdik. Şonda ol syýahatçy: «Nädip, bu yssyda gyzgyn çaý içip bolar?!» diýip, ör-gökden geldi. Netijede, birki käse çaý içenden soň bolsa, gök çaýyň «keramatyny» duýdy. Biz syýahatçylara gök çaýyň adam durmuşynda tutýan orny barada berilýän gyzykly maglumatlaryň we gürrüňleriň eziz Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynyň özeninden eriş-argaç bolup geçýändigini buýsanç bilen aýtdyk.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyryldy. Bu baha, «Italiýanyň döwlet teleradiogepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» teleýaýlymy tarapyndan geçirilen ses bermeleriň netijesiniň jemleri boýunça kesgitlenilip, Türkmenistan «Taryh» ugry boýunça birinji orna mynasyp boldy. Diýmek, biziň asuda, durnukly ösýän we ýyl-ýyldan rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan Diýarymyz özüniň baý taryhy, orta asyrlarda gülläp ösen şäherleri bilen bu günki gün dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni barha özüne çekýär.
Tirkişmyrat DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Ýol ýazgylary