01:17 Gadymy Müsüriñ iñ soñky melikesi: Kleopatra | |
GADYMY MÜSÜRIÑ IÑ SONKY MELIKESI:
Zenan şahsyýetler
▶ KLEOPATRA Kleopatra VII (b.e.öñ 69-30 ýý) b.e.öñ 51-30 aralygynda höküm süren zenan faraondyr. Ol Aleksandr Makedonskiniñ ölüminden soñ Müsüriñ häkimiýetini ele alan Ptolemeý nesilşalygyñ iñ soñky agzasydyr we antik taryhyñ iñ tanymal zenanlaryndan biridir. Ol Neos Dionis Ptolemeý XII-niñ gyzydyr. Kakasynyñ ölüminden soñ dogany Ptolemeý XIII bilen nikalaşyp tagta şärikdeş bolýar. Häkimiýet işlerinde öz ygtyýarlygyny hasam köp ulanmak isländigi üçin adamsy ony b.e.öñ 48-nji ýylda Müsürden kowýar. Ol Siriýa gidip tagty eýelemek üçin goşun toplap ýörkä, Pompeýiñ ölendigi sebäpli Müsüre gelen Ýuliý Sezar biri-birine garşy uruşmaga taýýarlanýan taraplary ýaraşdyrmaga çalyşýar. Kleopatra uçursyz owadanlygy bilen Sezary özüne şeýle bir täsir edýär welin, Dion Kassiniñ sözleri bilen aýdanda, göýä "Sezar onuñ aklawyjysyna" öwrülipdir. Sezar Aleksandriýadaka we Rime dolanandan soñam onuñ bilen ýaşaşypdyr. Kleopatranym Sezardan bir ogly hem bolupdyr (Ptolemeý Sezar XV). Sezaryñ öldürilmeginden soñ tagta şärikdeş Ptolemeý XIV-ni öldürtdi we ogly Ptolemeý Sezar bilen bile tagty eýeledi. Rimde ýüze çykan syýasy gapma-garşylykda taraplaryñ haýsysyna geçýändigini mälim etmek üçin Tarsusda Mark Antoniý bilen duşuşýar. Taryhçy Appianyñ aýtmagyna görä, Kleopatra heniz on baş ýaşyndaka Aleksandriýada garşylaşan Antonä ýiti täsir edipdir. Tarsus duşuşygynyñ yzysüre Antoniý melikä aşyk bolýar we ikisi bile Müsüre gelýär. Antoniý Kleopatra näme diýse lepbeý diýip duran hyzmatkäre öwrülipdir, onuñ näz-kereşmelerine döz gelipdir. Hatda ol Kleopatra 'Melikeleriñ melikesi" diýen ady beripdir, gelen ilçilere özüne Osiris, oña Isis diýip ýüzlenmegi talap edipdir. ■ Oktawian we Antoniý Rimiñ syýasy ýagdaýy Okrawian Awgust bilen Mark Antoniniñ özara çaknyşyga girmegine şert döreden wagtynda, Oktawian Antonä garşy uruş yglan edýär. Oktawianyñ ýeñşi bilen gutaran Aksium deñiz söweşinden soñ Kleopatra Aleksandriýa gaçyp gelipdir. Ol mundan beýläk Antoniniñ soñunyñ gowulyk bilen gutarmajagyny bilip, özüni halas eder ýaly çykalga gözleýärdi. Öz janyna kast edendigi barada habar iberip, Antoniniñem şeýtmegini talap etdi. Netijede melikä güpbe ynanan Antoniý öz janyna kast etdi. Kleopatra Aleksandriýany basyp alan Oktawian bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirenem bolsa, näz-kereşmesi bilen ony özüne maýyl edip bilmändir. Melike hökümdaryñ göwnüne ýaramandygyny we özüniñem Rimiñ ýeñiş ploşadynda masgaralanjakdygyny bilip, özüni zäherli ýylana çakdyrýar. Yzysüre onuñ ogly hem rimliler tarapyndan öldürilýär. Mark Antoniý bilen ýakyn gatnaşygy sebäpli çeper eserlere ady düşen (meselem, W.Şekspiriñ "Kleopatra", Bernard Şounyñ "Sezar we Kleopatra" pýessalary, Filipp Wandenbergiñ "Sezar we Kleopatra" romany, Elizabet Teýloryñ "Kleopatra" çeper kinofilmi we başgalar -t.b.) melike antik döwrüñ başyñy-gözüñi aýlaýan maýyl ediji, tutanýerli we mekir aýal obrazynyñ iñ gowy mysaly bolup geldi. Plutarh oña baha berende "Eflatun adamlary öz tarapyña çekmegiñ dört usulyndan söz açýar, emma melike müñlerçesini bilýär" diýipdir. Taryhçy Dion Kassiý hem oña "Döwrüniñ iki beýik rimlisini jadylady, üçünjisi sebäpli özüni ýok etdi" diýipdir. Kleopatranyñ maýyl ediji ukyby bilen birlikde hökmürowanlyk sürmek meýli-de güýçli bolupdyr. Ol "Filopator" (kakasyny söýýän) lakamynyñ gapdalyndan "Filopatris" (ýurduny söýýän) lakamyny hem göteripdir. Melike Ptolemeý nesilşalygynyñ Müsüriñ ýerli dilini bilen ýeke-täk agzasydyr. Mundan başga-da birnäçe daşary ýurt dillerini bilipdir. Plutarhyñ aýtmagyna görä, ony rowaçlyga ýetiren janyñy alyp barýan näzli bakyşlary däl-de, şirin mukam ýaly ýañlanýan dilewarlygydyr. Kleopatra Antoniniñ sowgat eden Pergamon kitaphanasynyñ kitaplaryny Aleksandriýanyñ kitaphanasyna getirdipdir. Rimli şahyrlar oña hernäçe "mahluk", "günäkär aýal" ýaly ýaramaz sypatlandyrmalary ýöñkeseler-de, Kleopatra Müsüriñ Rim imperiýasynyñ golastyna düşmegini ep-esli wagtlap gijikdirmegi başarypdyr. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |