19:19 Gadymyýete diñ salsañ... | |
Müň ýyldan öňki keşbimiz
Taryhy makalalar
GADYMYÝETE DIŇ SALSAŇ... Marynyň gadymy taryhy bar. Bu barada dünýä taryhçylarynyň galdyryp giden köp sanlyýazgylary saklanyp galypdyr. Biz şu ýazgymyzda şol taryhçylaryň gadymy Merw hakynda galdyryp giden işleri dogrusynda gürrüň etmekçi. Söhbetimizi asly eýranly arap geografy Abylkasym Ubeýdallah ibn Abdyllah ibn Hordadbeg tarapyndan ýazylan “Kitab as-mesalik wa-l-memalik”, ýagny ýollar we oba-şäherler hakyndaky kitabyndan başlalyň. Hordadbegiň özi 820-nji ýylda doglupdyr. Onuň kakasy Tabarystan şäheriniň häkimi bolupdyr. Hordadbeh Bagdat şäherinde bilim alypdyr. Halyfyň köşgündäki adamlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolupdyr. Soňra ol Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jibal diýen ýerinde aragatnaşyk bölümine ýolbaşçylyk edipdir. Ol birnäçe kitabyň awtory. Ýöne bize gelip ýeteni ýaňky ady agzalan kitapdyr. Özi aragatnaşyk ugrundan işlänsoň, ol obalaryň we şäherleriň ählisine belet bolupdyr. Haýsy şäher bilen haýsy şäheriň aradaşlygyny bäş barmagy ýaly bilipdir. Kitabyň “Nişapurdan Merwe we ondan aňry Mawerannahra çeni ýol” diýen bölüminde Ýanyjar diýen ýerden Merw Şahyjana çenli bäş farsahlyk (1 farsah 6-7 kilometr) ýoldugyny ýazyp, Merwde içki galanyň hem bardygyny habar berýär. Merwden iki ýoluň aýrylyp gidýändigini – bir ýoluň türkleriň ýurdy Şaşa, bir ýoluňam Balh bilen Toharystana äkidýändigini ýazýar. “Şaşa we türklere barýan ýol” diýen bölüminde ol Merwden Kuşmahan diýen ýere barýança 5 farsah ýol ýöremelidigini, soň ondan Diwaba 6 farsah, soň Mansafa çenli 6 farsah, soň Ahsa çenli 8 farsah, soň Osmanyň guýusyna çenli 3 farsah, soň ondan Amula çenli 8 farsah, jemi Merwden Amula çenli 36 farsah ýol geçmelidigini görkezipdir. Ýene bir bellemeli zat, Hordadbeh öz kitabynda şo döwürde türkleriň ýaşaýan ýerleri hakda-da azda-kände maglumat berýär: türkleriň ýurdunda dokuz oguzlaryň ýaşaýan welaýatynyň iň uludygyny, onuň Hytaý we Tibet, garlyklar bilen serhetdeşdigini ýazýar. Soňra ol gymaklaryň, oguzlaryň, jigirleriň, beçenekleriň, törgeşleriň, azgişleriň, gypjaklaryň, gyrgyzlaryň atlaryny agzamak bilen, garlyklar bilen halaçlaryň derýanyň beýleki tarapynda ýaşaýandygy barada maglumat berýär. Farap şäherinde bolsa musulmanlaryň we garlyk türkleriniň otrýadlarynyň ýerleşýändigini, türkleriň jemi 16 sany şäheriniň bardygyny hem ýatlap geçýär. Awtoryň Merwden Toharystana çenli aralykda geçilmeli ýoly jikme-jikligi bilen bilýändigine onuň bu aralykdaky şäherleriň we obalaryň bir-birinden aradaşlygyny anyk ýazmagy hem güwä geçýär. Mysal üçin, ol Merwden Faza diýen ýere çenli ýoluň 7 farsahdygyny ýazyp, soň onlarça ýerleriň atlaryny getirýär we olaryň biri-biri bilen näçe aradaşlykda ýerleşýändigini habar berýär. Biz ýene şo ýerde Merwden Balha çenli 126 farsah ýol geçmeli ekendigini onuň maglumatlaryndan bilýäris. Şeýle hem kitapda Abul-Abbas Abdallah ibn Tahyr döwründe (826-827 ý.ý.) Horasanyň we oňa birleşdirilen şäherleriň oňa tölenmeli salgydyň ýagdaýy hakyndaky maglumatyň getirilmegi hem gyzyklydyr: mysal üçin, şo ýyllarda Merw Şahyjanyň salgydy 1147 000 dirhem bolup, salgydyň tölenmedik bölegi 67 144 dirhem we 3 danak eken. Ýene bizi gyzyklandyrýan bir zat, olam şo döwürde Horasanda patyşalaryň atlandyrylyşy hakyndaky maglumatdyr. Mysal üçin, Nişapurda patyşa kunar , Merwde mahue, Sarahsda zadue, Abiwerdde –bahmana, Nusaýda –abraz, Garçistanda –barazband, Merwerudda kilan, Gürgende sul... diýlip atlandyrylypdyr. Arap taryhçysy we geografy Al-Ýakuby „Kitap al-buldan” („Ýurtlar hakynda kitap”) atly işinde Horasan welaýatynyň Gürgen, Tus, Nişapur, Talkan, Balh, Merwerud, şeýle hem Türküstan hakynda ýazmak bilen Merw hakynda maglumat beripdir. Al-Ýakubynyň doglan ýyly näbelli. Ol ýaşlyk ýyllaryny ilki Ermenistanda, soň Horasanda geçiripdir. Tahyrylaryň döwlet gullugynda bolup, ol döwlet synandan soň (873 ý.), Hindistana gidýär. Soň hem Ýegipetde ýurt tutunýar, 897-nji ýylda-da şo ýerde aradan çykýar. Ýaňky ady agzalan kitaby 890-njy ýylda Ýegipetde ýaşaýarka ýazyp gutarýar. Şeýle bolansoň, bir müň ýyl mundan öň ýazylan kitapda türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Mary hakynda nämeleriň ýazylandygyny bilmek, bu gün gyzykly bolsa gerek. Syýahatçy we taryhçy alym Merw hakda nämeler ýazdyka?! Biz onuň ýazgylaryndan Sarahsdan Merwe ugrasaň, bu aralygyň 6 günlük ýol bolandygyny bilýäris. Ilki bilen Uşturmagak diýen ýerde düşlenip, ýük ýazdyrylypdyr. Soň dem-dynç alnandan soň ýola rowana bolnupdyr. Tilsitan, Dandankan, Genugrid diýen ýerlerde goş ýazdyrylypdyr. Bu duralgalar çölde ýerleşmek bilen, her biri aýry-aýry berkitmelerden ybarat bolupdyr. Bu berkitmeleriň käte edilýän hüjümlerden ilaty goramak üçin gurlandygyny syýahatçy alym habar berýär. Iň soňky duralganyň Merwdigini, onuň Horasanda iň belli şäherdigini, Osman halyflyk eden döwründe Hatim ibn an-Numan al-Bahiliniň Abdylla ibn Emiriň adyndan hereket edip Merwi 651-nji ýylda basyp alandygyny ýazýar. Merwiň ilatynyň hoşniýetli adamlar – dehkanlardygy (ýer eýeleri – A.Ç.) ol ýerde araplaryň azd, temim we beýleki tirelerinden hem ýaşaýanlaryň bardygy, Horasanyň hökümdarlarynyň bu ýerde ýaşaýandyklary hakda gürrüň edilýär. Ilki bolup bu ýere Mamun göçüp gelipdir. Halyf al-Mamun (813-833) 808-nji ýyldan Merwde ýaşap başlaýar. Ol bu ýere halyfatyň gündogar böleginiň hökümdary hökmünde gelýär. Halyf bolandan soňam ol Merwde 817-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Nişapura göçmänkä, Abdylla ibn Tahyr hem Merwde ýaşaýan eken. Kitapda Merwiň ilatynyň agyz suwuny çeşmelerden we derýalardan alýandygy, salgydy Horasana töleýändigi, Horasanda iň gowy egin-eşikleriň Merwde tikilýändigi barada-da ýazylypdyr. Zark, Aram Kilbak, Sausakan we Jerar ýaly okruglar Merwe degişli bolupdyr. Merwden Amula gitmek üçin 6 günlük ýol ýörelipdir. Onuň birinji duralgasy Kuşmahan diýen ýer. Bu ýerde meşhur kuşmahan üzümi ösdürilip ýetişdirilýän eken. Kuşmahandan başga Amula barýan ýoldaky goş ýazdyrylýan ýerleriň ýerleşýän ýeri çöl, hersiniň öz berkitmesi bolupdyr. Al-Ýakuby Amyderýany Jeýhun derýasy diýip atlandyrypdyr. Özem bu derýanyň Balha degişlidigini aýdýar. Amulyň ilatynyň derýanyň golaýynda ýaşaýanlaryň özgesinden başgasynyň guýy suwuny ulanýandyklaryny biz bu kitapdan bilýäris. Ibn al-Fakihiň „Kitab ahbar al-buldanynda” („Ýurtlar hakyndaky söhbetleriň kitaby”) hem Merwiň taryhy hakynda gürrüň berilýär. Onuň hakyky ady Abubekr Ahmet ibn Muhammet ibn Ishak al-Hamadanydyr. Ibn al-Fakihiň lakamy bolmaly. Onuň bu göwrümli kitabyndan diňe käbir bölekler bize gelip ýetipdir. Alymlaryň anyklamagyna görä, ol bu kitabyny 902-903-nji ýyllarda ýazan bolmaly diýýärler. Kitapda köp ýurtlar, şäherler bilen birlikde, Merw, Balh, oguzlar barada-da maglumatlar bar. Ol: „Tohamurt (ol mifiki patyşa – A.Ç.) hökümdarlyk eden döwründe Merwde bir içki gala (sitadel) gurupdyr diýip ýazýar. Awtoryň ýazmagyna görä, ol hökümdarlyk eden döwründe Wawilon şäherini, Ibrain şäherini gurdurypdyr. Hindistanda dagyň üstünde Uk diýen şäheri hem esaslandyrypmyşyn. Başga bir alymyň pikiriçe, dagyň üstünde gurlan şäheriň ady Uk däl-de Afrakdyr. Isfendiýaryň ogly Ardeşiriň gyzy Hamana (olam mifiki patyşadyr – A.Ç.) ýurda hökümdarlyk edýän döwründe Merwiň daş-töwereginde uly diwar gurdurypdyr. Aýtmaklaryna görä, Tohamurt müňlerçe we müňlerçe adamy Merwdäki sitadeliň gurluşygynda işledipdir. Şonuň üçinem bu adamlara hyzmat eder ýaly bu ýerde bazar hem gurdurypdyr. Bazarda iýmek-içmek satylypdyr. Tohamurt gurluşykda işleýänleriň her birine bir dirhemden pul beripdir. Olar hem bu bazardan iýmek-içmek üçin we gaýry zatlary satyn alypdyrlar. Bir dirhemden paýlanan pul soň Tohamurta müňlerçe dirhem bolup gaýdyp gelipdir. Soň Tohamurt hasaplap görse, bu sitadeli gurdurmak üçin öz gaznasyndan müň dirhemiň harç edilendigini anyklaýar. Ýazgyda rowaýat häsiýetli bir waka dogrusynda-da gürrüň berilýär. Ol şeýle: Merwde uly bir köne jaý bar eken. Ony Keý Marzuban diýip atlandyrýan ekenler. Bu jaý ýerden adam boýuna ýokary galmak bilen seredip oturanyň gözüne adam bolup görünýär eken. Bir adamam däl-de, dört adam – ikisi erkek kişi, ikisem aýal maşgala. Olardaky şekilleriň nämedigini hiç kim bilip-bilmeýärmişin. Bir günem bir ýerden bir näbelli adamlar gelip, bu ymaraty guranlaryň öz ata-babalary bolandygyny aýdyp, bu jaýy ýykýarlar we agaçlaryna, şekillerde görünýän altyn-gyzyllara ee çykypdyrlar. Jaýyň ýykylyp-ýumrulan ýyly Merwiň üstüne gaty agyr bela inipdir. Soň Merwiň adamlary ol jaýyň şäheriň gülläp ösmegini aňladýan belgi bolandygyna göz ýetiripdirler. Ýöne şeýle agyr bela öňde-soňda hiç wagt bolan zat dälmişin. Elbetde, bu rowaýat. Ýöne müň ýyldanam öň alym tarapyndan kitaba salnan bu rowaýat Merwiň taryhynyň gaty gadymydygyndan habar berýär. Al-Kätip al-Bagdady ady bilen tanalýan Abulfaraş Kudama ibn Japar başda hristian, soň halyf al-Muktefi wagtynda yslam dinini kabul edýär. Döwlet gullugynda işläpdir. Onuň 928-nji ýylda ýazan işi „Kitab al-haraj” („Ýer salgydy kitaby”) diýlip atlandyrylypdyr. Kudama mundan başga-da şygçyýet we kyssa babatda arap teoriýasynyň bir ugruny dörediji edebiýatçy hökmünde-de meşhurlyk gazanan adam. Onuň bu ugurdan ýazan iki eseri bize gelip ýetipdir. Onuň „Ýer salgydy kitaby” adminstratiw görkeziji-gollanma hökmünde ulanylypdyr. Kitapda ýer-ýurt bilen baglanyşykly maglumatlar babatda, esasan, ibn Hordadbegiň ýazan kitabyndan peýdalanylypdyr. Dogrudan-da, onuň maglumatlary ibn Hordadbehiň ýaňky agzan maglumatlary bilen doly gabat gelip dur. Al-Makdisi hem „Ahsan at-takasim fi-marifat al-akalym” diýen kitabyň awtorydyr. Ol Iýerusalimde doglup, yslam ýurtlarynyň köpüsine syýahat edipdir. Ilkibaşda bu kitabyny samaniler üçin 985-nji ýylda ýazýar. Soň ol munuň üstüni täze maglumatlar bilen doldurypdyr. Makdisi Merwden özünde galan täsirler hakynda şeýle ýazýar: „Merw, Merw şahyjan ady bilen tanalýan kasaba (şäher), gülläp ösýär, howasy gowy, kaşaň, ajaýyp, giňişleýin, ilaty az, iýmiti tagamly we arassa, ýaşaýyş jaýlary şäheriň iki tarapyna gaýalan gaýma ýaly, şyhlary ajaýyp, akylly; iki metjidi hem agaçdan däl, daşdan salnan, teläri ýok; her gün gije bu ýere ýygnanan arassa we tämiz ýürekli adamlaryň öňünde Abu-Hanyfyň ýoluny wagyz ediji çykyş edýär. Medresede wagyz edýänleriň her birine aýlyk tölenýär. Bazarlary owadan, muny sen metjidiň ýokarsyna golaý ýerde onuň hatarlarynyň daralýandygyndan bileňokmy? Merwiň hammamlaryny sen menden sorama, hadis hakynda, çöregi hakynda, onuň ilatynyň akyly, edermenligi hakynda menden sorama, ol menden öňem hemmä belli zat. Onuň suwuny, aýlyklaryny sora, men olaryň azdygyny aýdaýyn. Olaryň mekirlikleri hakynda menden sora, bu hakda mende giden bir kitap bar. Ol hakykata laýyk gelýär, özem arassa arap dilinde ýazylan. Men öz akyl derejesine görä çörek iýýänlerden däl. Men Hudaýyň öňünde günä gazanjak bolamok, meňem jennete düşesim gelýär. Merwiň ilaty az bolmadyk bolan bolsa, ol örän ajaýyp şäher bolardy; sanlyja jaýy hasap etmäniňde, oňa adam azlyk edýär. Rabadyň (galanyň) üçden bir bölegi ýykylypdyr, dogçudanam, köne şäher, ýaşaýyş jaýlary egnini gysyp dur. Öýüň üçekleri ýer bilen deňleşipdir. Adamlaryň ahlaksyzlygy göze görnüp dur, olaryň bulagaýlygy belli zat. Olar aýlyk-günlüklerini zordan gazanýarlar, köpüsiniňki gözgyny ýagdaýda. Olar sahy däl, gazanlary arassa däl, palçygy şepbeşik däl. Tomsuna jokrama yssy. Metjidiň ýanynda haraj hem-de şurat (polisiýa) diwanlary ýerleşýär. Derýa islendik wagtynda joşup, kenaryny ýykyp bilýär. Sözde „ýanyň” yzyndan hökman „za” goşup aýdýarlar. („Merwi” diýmegiň ýerine „Merwezi” diýýärler, ýagny „men Merwezden”) Adamlary gülkünç, kelleleriniň dokuzy düzüw däl, muny adamlar bilýär. Merwiň özi düz ýerde ýerleşýär, daglar uzakda, köne şäher – medine depede ýerleşýär; onuň ortalsynda metjit bar. Köne döwürde bu ýerde adamlar ýygnanýan eken, onuň daş-töwereginde az sanlyja jaýlar bar; rabada barýan girelgäniň ýanynda kiçijik bazar bilen jaýlar ýerleşipdir. Başga bir rabatda iki sany metjit bar: biri onuň köne şäheriň girelgesiniň ýanynda, beýlekisinde Abu Halyfyň tarapdarlary agdyklyk edýär; ol hem beýleki jaýlar abbasiler dinastiýasyny döreden Abu Müslim tarapyndan saldyrylypdyr. Merwde bazarlar arassa. Merwde halyfyň ýaşaýan döwri bu ýeriň ýaşaýjylarynyň akylly-başly bolandygyny, olaryň Yragyň adamlaryna akyl babatda dalaş edendikleri hakyndaky pikir kelläme gelýär. Şo döwürde onuň ilatynyň Yragyň däp-dessurlaryna halyfyň ýoldaşlarynyň we onuň hyzmatkärleriniň üsti bilen eýerjek bolandyklary hakda hem pikir edýärin, Galanyny Allanyň özi bizden gowy bilýär. Merw şäherleriň içinde palestin Ramlasyna gaty meňzeş. Köne şäheriň - medinäniň dört sany girelgesi bar; şäher derwezeleri metjitleriň ýanynda, Sanjan derwezesi onuň garşysynda, Bali, Darmaşkan derwezelerem, olaryň ýanynda al-Mamunyň galasy (al-Mamunyň galasy diýilýän häzirki Gäwurgala bolmaly – A. Ç.). Ramla – Palestinadaky şäher. Ony Süleýman ibn Abdylmälik (715-717) esaslandyrypdyr. Häzir ol Iýerusalimden 39 km. aralykda harabalyga öwrülipdir. Sitadel köne şäherde ýerleşipdir, ol häzir ýykylypdyr, bir belet adam ýanyňa goşulaýmasa, oňa girmek aňsat däl. Suw köne şähere akýar we rabat bilen kesişýär”. Orta asyrlar taryhçysy Abu-Seýit Abdalhaý ibn az-Zahhak ibn Mahmyt Gardizi „Zeýn al-ahbar” atly tutumly işini gysga wagtlyk soltan bolan gaznaly Abdyreşit ibn Mahmyda, ýagny Zeýn al-milla (1049-1050-nji ýyllar) bagyşlapdyr. Awtoryň Kabulyň günortasynda ýerleşýän Gardeza şäherinde doglandygy üçin ol özüni Gardizi diýip atlandyrypdyr. Gardiziniň bu işine belli gündogarşynas W.W. Bartold hem öz işlerinde telim gezek ýüzlenipdir. Onuň gürrüňi edilýän bu kitabynyň „Araplar Merwde” diýen kiçijik bir bölüminde Merw hakynda käbir maglumatlary almak bolýar. Munda Umeýr ibn Ahmar al-Ýaşkuriniň belli bir wagtda Merwde saklanandygy habar berilýär. Gürrüň 665-nji ýyl hakda barýar. Şol ýylyň gyşy gaty gazaply gelipdir. Şonuň üçinem Merwiň girelgeleriniň ýanynda arap dikmesi goşun üçin ujy ýiti çüňkli çadyrlar gurdurypdyr. Merwiň dehkanlary Umeýr we onuň leşgeri aldajy sowukdan öläýmesin diýip gorkupdyrlar we nökerleri öz öýlerinde ýerleşdiripdirler. Şondan birnäçe gün geçenden soň, adamlar öz eden işlerine özleri ökünüpdirler. Şonuň üçinem olar Umeýriň janyna kast etmegi, goşuny gyrmagy niýet edinipdirler. Olaryň bu niýetini aňan salar we Merwiň dehkany Beraz ibn Mahue muny şol wagtyň özünde Umeýr ibn Ahmara ýetirýär. Umeýr bu habary eşidip, goşunyň ýaraglanmagy üçin buýruk berýär. Olar köp sanly adamlary gylyçdan geçirip, öýlerini talaýarlar. Merwiň dehkanlary bu ýere ýygnanyp, Umeýriň ýanyna töwellaçy iberýärler. Ondan özlerini bagyşlamagyny soraýarlar we munuň üçin pul tölejekdiklerini aýdýarlar. Şunuň bilen şäherdäki tolgunyşyk bes edilipdir. Şondan soň goşundaky nökerleriň ýaşamagy üçin adamlaryň jaýlaryny ellerinden almak däp bolup galypdyr. Awtoryň ýazmagyna görä, Umeýr ibn Ahmar bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Beraza uly sylag-serpaý gowşurypdyr. Oňa hormat goýupdyr. Şeýle hem bu ýerde Seýidiň hökümdarlygy döwründe (ibn Osman ibn Affan göz öňünde tutulýar – A.Ç.) araplar Merwde özlerine mülk edinip, jaý saldyryp, ýurt tutunypdyrlar. Muny olar Muawysyň ýörite buýrugy esasynda şeýdipdirler. Çünki olar türkleriň derýadan (Amyderýadan) bärik geçmezlikleri üçin şeýdipdirler – diýip, Gardizi habar berýär. Abu-Seýit-al-kerim ibn Muhammet ibn Mansur as-Samani, arap, 1113-nji ýylda Merwde dogulýar. Onuň ”Merwiň taryhy”, „Genealogik atlaryň kitaby” işlerinden XIII asyrda Ýakut peýdalanypdyr. Ýakut öz sözlügini Samanynyň edişi ýaly edip ýazypdyr. Şeýle hem ol öz sözlüginiň bir ýerinde Merwde samanylara degişli iki sany kitaphananyň hem bardygyny ýazypdyr. Samany Merw Şahyjan hakynda ýazmak bilen, onuň köp patyşalaryň häkimlik eden ýeri bolandygyny aýdýar. Köne we häzirki döwürde bu ýerden görnükli ylym adamlarynyň we din hadymlarynyň uly toparynyň çykandygyny belleýär. Ol Merwiň araplar tarapyndan 650-nji ýylda Hatym ibn an-Nunan al-Bahiliň ýolbaşçylygynda alnandygyny, ony Nişapurdan bu ýere Abdylla ibn Amidiň iberendigini ýazýar. Amidiň bolsa Osman döwründe tutuş Horasanyň we onuň goşunynyň emiri bolandygyny habar berýär. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyñ uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |