02:18 Galamdaşlarym: Ata Gowşudow | |
ATA GOWŞUDOW (1903-1953)
Ýatlamalar
Ata Gowşudow 1925-26-njy ýyllarda ownuk goşgular, oçerkler ýazyp başlaýar. 1925-nji ýylda "Ýaş kommunist" gazeti açylanda oña redaktor bellenýär. Ata Gowşudow mugallym, "Türkmenistan" gazetinde edebi işgär, habarçy, dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işlemek bilen Türkmenistanyñ dürli künjeklerine aýlandy. A.Gowşudow türkmen halk döredijiligini toplamakda, öwrenmekde uly iş bitiren ýazyjylaryñ biridir. Ol 1940-njy ýyllarda türkmen halk ertekileriniñ ençemesini, "Aýal-gyzlaryñ aýdymlaryny we lälelerini", "Görogly" eposyny neşir etdirýär. "Magtymguly we halk döredijiligi", "Bagşy we şahyr" ýaly makalalary ýazýar. Bir tarapdan, belli ertekiçi Ogulgerek ejäniñ gürrüñleri, ikinji tarapdan, ýazyjynyñ ýurdun bar ýerine aýlanyp, gadymy mirasymyzy toplamagy, durmuş tejribesiniñ artmagy geljekki meşhur kyssaçynyñ "Gandym awçynyñ maşgalasy" (1942), "Dordepel" (1951) ýaly powestleri, uruşdan öñ "Perman", uruş ýyllary "Mähri-Wepa", uruşdan soñ "Köpetdagyñ eteginde" ýaly romanlaryny okyja hödürlemäge ýardam boldy. Ata Gowşudow bilen ellinji ýylyñ güýz aýlary, uniwersitetiñ birinji kursynda okap ýörkäm ýazyjylar soýuzynda ilkinji sapar duşupdym. Eserlerini halap okap, gaýybana tanap ýören adamyña duşmak durmuşyñda ýatjak çykmajak uly waka bolýar. Ata aga agras, gatybir geplemsegem däl eken welin, añyrsynda degişme gürrüñleri ýeterlik ýaly. - Urşuñ yz ýanlary otluda Moskwa, ýazyjylaryñ ýygnanyşygyna gitmeli bolduk - diýip, bir bolan wakany gürrüñ berdi. - Hawa, Ata Salyh ikimiz Almaatydan añryk gazak ýazyjylary bilen bir küpede gitdik. Tanyşlykdan soñ, olaryñ biri, öz galamdaşlary barada söhbet açdy. Ata Salyham Jambyl bilen öñ sataşany üçin, gaty düşünmese-de, söhbetdeşini "Hawa, hawa" diýip, makullan bolup, ýylgyryp otyrdy. Ýañky gürrüñ berýän "Heniz aradan çykmanka, men Jambyla duşdum" diýip ýatlanda, Ata Salyham "Jambylyñ täze kitaby çykdy" diýendir öýdýän bolsa gerek. Ellerini çarpyp, makullap gülüp goýberdi. Soñ dym-dyrslyk aralaşdy. Sebäbi ýañky söhbetdeş çaý demlenmäge çykdy. Ata Salyh biraz diñşirgenip maña: - Atam, näm boldy? Hijiñiziñ sesiñiz çykmaýar-la - diýdi. Menem: - Atdaş, sen ses çykar ýaly etdiñmi? Dostumyz gaharlanyp çykyp gitdi. Ol: "Jambyl aradan çykdy" diýdi welin, senem oñly düşünmän, elleriñi çarpyp, gülmek güldüñ. Atdaş: "Wah, ol-a bolmandyr" diýip, güp ynanyp, esli wagtlap dymyp oturypdy - diýip, gürrüñ beripdi. Hawa, kanikuldan gelip, ilki baran ýerim Aşgabadyñ haýwanat bagy bolupdy. Ýoldaşym bilen baran agyzdaky gyzyl sülgünleri synlap durus. Wagtam gijöýländi. Edil gapdalymyzda iki adamyñ gepleşýäni eşidildi. - Ata aga, gezelençmi? - Gahrymanlarymy şu baga aýlap ýörün. Ýalpa şol tarapa seretdim. Görsem, belli kyssaçymyz Ata Gowşudow ekeni. Ýazyny öñ birki sapar görüpdim. Bäş-on agyz gürrüñem edişipdik. "Tanarmy tanamazmy?!" diýip ikirjiñlendim. Barybir, salam berip, onuñ golaýragyna bardym: - Ata agan salawmaleýkim! Ata Gowşudow elini uzadyp, tanajak bolup synandy öýdýän. Ýiti-ýiti seretdi: - Aleýkim, jigi! Gurgunlykmy, aýlanýañyzmy? - Tanan dälsiñiz, Ata aga! - Han ogul, bir görenim-ä meñzedýän. Ýazyp-bozýan ýaşlardan bolsañ gerek. Men özümi tanatdym. Öñem bir sapar gürrüñdeş bolanymy ýañzytdym. Gürrüñimiz ugra gitdi. Ol elini arkasynda gowşuryp, synlap ýörşüne gürrüñ edip barýar: - Men şu baga aram-aram aýlanyp durýan. Jandarlaryñ hersine nazar aýlanyñda, bir wakany ýatladaýýar. Özüñ ýekeje bolsañam, telim gahrymanyñ ýerine kelläñde pikir öwürmeli bolýañ. Awçynyñ ýerine oýlanjak bolsañ, şularam synlamaly-da, haýwanat dünýäsem, görýäñiz, durşyna ummasyz baýlyk. Munam öwrenmeli. Oña birbada akyl ýetiril bolaýmaýar... Ata Gowşudow uly ýazyjydy, ýöne kiçi göwünlidi. Entek bäş-dört goşgusy çykan başlangyç şahyr bilen şeýdip, tirkeşip ýörmegi, pikir alyşmagy şol mahal kalbymda öçmejek täsir döredipdi. Geljekde tebigat dünýäsi bilen barha ysnyşmagyma, oña diñe peýdalanmak gözi bilen garaman, añymda täsir almak, guwanmak duýgusynyñ ösmegine gönüden-göni goltgy beripdi. Ata aga haýwandyr guş-gumrularyñ her gözeneginiñ alnyna baranda, il içindäki rowaýaty, gürrüñleri aýdyp, düşündiriş berip barýardy. Ol entek ellem ýaşamandy, şonda-da süýrüleç kellesi çap-çaldy. Özi äwmezek, degişgen, sarpaly adamdy. Ýöne öýekelegräkdi, gönümel häsiýetem bardy. 1952-52-ji ýyllar bolsa gerek, ýazyjylar guramasynyñ ýolbaşçylarynyñ biriniñ otagyna ýygnandyk. Ata Gowşut ýolbaşçy ýazyjy stolunyñ üstünde üýşüp duran, dürli ýurtlaryñ kyssa kitaplarynyñ birki sanysyny eline aldy-da: - Hä, bularyñam geregi çykýarmy, ýa bulardan öwrenjek bolýarmyñ? - diýip, çalarak çetine degjek bolýan ýaly, ýañsylarbrak sorady. Ýolbaşçam Ata agadan 15-16 ýaş kiçiligi üçinmi ýa jaý jogap tapyp bilmäni üçinmi, çekinibräk: - Bularam okamal-a - diýip, garyljagrak sözläp, gyýtagrak bakyp, jogal berdi. Bir sapar öýlerine baranymda, ol otuzynjy ýyllarda Kerki töwereginde "Türkmenistan" gazetiniñ ýörite habarçysy bolup işlänini, käbir ýaşulylar bilen ýörite söhbet edendigini süýjüdip gürrüñ berdi. Öz döwründe ýörgünli "Juma" oýnunam şol taýlaryñ durmuşyndan öwrenip ýazanynam gürrüñ arasynda ýatlady. Ata aganyñ öýünde myhman bolup men bir zada geñ galdym: ýazyjy şol etraplaryñ käbir adamlarynyñ atlaryny köplenç aýaly Bossan daýzadan soraýardy: - Bossan, hol 300 goýunly baýyñ ady nämedi? Ýadyña düşýändir-ä, Bossan! Pomidory mallaram, iýmän, ysgap-ysgap geçibererdi. Şo töwerekde ilki pomidor ýetişdiren adamyñ ady ýadyña düşýämi? - Ata aga uludan demini aldy. - Ol ýyllar Ahal-da bag juda azdy. Çüli bilen Babarapda almalyk bardy. Hemme ýerde känräk üzüm bolardy. Bu töwerek düme bugdaý ekerdi. Gawun-garpyzyñ-a adam ýokdy. Ata aganyñ esliräk ýüwrüp ýörenje gyzlary hem Ilşat diýen ogly bardy. Gyzlarynyñ atlary geñräk, owadan, utgaşykly, bolany üçin, häzirem ýadymda: Şemşat, Gülşat, Baharşat, Bolşat, Nurşat. A.Gowşudow bimahal, ýañy elli ýaşynda (1903-1953) aramyzdan gitdi. Ony örän uly märekä goşulyp, talyplar bilen jaýlamaga-da gatnaşypdyk. Ata Gowşudowyñ kitaplary biziñ ýaşlyk ýoldaşymyz bolupdy. Türkmen edebiýatynyñ taryhynda mynasyp orny eýeleýän, edebiýatyñ aýry-aýry döwürlerde ösüş basgançaklaryna galmagyna basalga beren Ata Gowşudowyñ käbir gahrymanlary okyjynyñ añynda ýaşap gelýär. Ol bolsa belli kyssaçymyz Ata Gowşudowyñ ýatlanmaga mynasyp ýazyjymyz bolanlygynyñ alamatydyr. Kaýum TAÑRYGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |