19:13 Orunbasar / satiriki hekaýa | |
ORUNBASAR
Satiriki hekaýalar
Arslan Batyrow barada soňky günler kän oýlanmaga başladym. Sebäbi ol hakda käbir zatlar gulagyma degip ugrady. Klasdaşyň bolansoň o hakdaky gürrüňi gulagyň ýele ýanyndan geçiräýmegem kyn. Onuň bilen bile işleýän aga-inilerimizden biri “Orunbasaryň bolsa, Batyr aganyň özbaşdak çözüp bilýän zady ýok” diýende, ukudan açylan ýaly boldum. Başlyk bir ýere gidäýse welin, bitiren işi ürkeüzen gurbagasyna degmese-de, edil ýolbars ýaly bolup adamlaryň üstüne topulýamyş. Başlyk gelip bosagadan ätledigem, ol kirpi ýaly ýygrylyp, “pillem pis-ýola düş” bolýamyş. “Ýygnak dagy geçende-de, başlyk gülse gülüp, gaşyny çytsa olam çytjak bolup emgek ýamanyny görýär” diýlen gürrüňler meni hasam haýrana goýdy. Bu gürrüňlere ynanjagymy-ynanmajagymy bilmän, gel, onuň bilen salamlaşyp geçäýeýin diýip, ýolum düşüp sowulaýmanmy. Kabinetinden Arslanyň sesi belent çykýardy: - Başlygyň duz-emek bolup ýören başlyklary geljek, düşündiňmi? - Düşündim. - Onda gitde, heniz diş çykmadyk jüýjeden tap dört-bäş sanysyny. Garrygyz diý, gülaby diý, ondanam tap. - Arslan aga, heý bu mahala-da gawun durarmy?! - Aýdyldy, gutardy, tapaýmaly, düşündiňmi? - Düşünmesin-ä düşünýän welin... - Weliniň bolmaz. Özüňem yzyňy ýel çalmanka dolanyp gel. Gidişiňden gelşiň çalt bolsun, düşnüklimi? Gapyny çekdim. Arslan ýititip tapan ýaly boldy. Ylgap gelip görüşdi. - Senem bar ekeniň. Köne dostlary görseň, göwrümiň giňäýýä. Şu başy agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýa diýme. Şu käbir kişä iş buýraňda zehiniňi zyg edäýýä-how. Men onuň şemalyny bermekçi boldum: - Hany ol häh diýeniňde, mäh diýip duran zaňňarlar. Arslan arka tapynan ýaly bolup, boýnuny bogup duran elde dokalan nagyşly galstugyny iki ýana gozgap, gazet bilen ýüzüni ýelpedi: - Dogry-da walla, tapylgysyz adamlar-a myhman gelýä. Adam ýalam garşylamaly ahyr. Şoňa-da düşünmejek bolýalar... Maý aýynyň ortalarydy. Köçelerde ýekeje-de penjeklä sataşjak gümanyň ýokdy. Arslan welin, gara penjegini geýip, hütdüjek kabinetde derläp otyrdy. Saglyk-esenlik soraşyp, üst-başyma göz aýlady: - Tüweleme, sen-ä, oňat, tomsa çykaýypsyň. - Tomsuň çykanyna bir aýa golaý wagt boldy. Howanyň gyzýanlygam şonuň alamatydyr-da! Arslanyň ýüzi ýagtylyp gitdi: - Wah, näsini aýdýaň, meňem bireýýäm penjegimi çykarjak welin... – diýip, yzyny aýtman ýüzüni çytdy. - Weliniň näme? - Başlyk guragyrysy bolansoň penjekli gezýä. - Gezende näme, sen beri özüňi horlap, yssyda penjege boglup ýörmeseň bolmaýarmy? - Başlyk penjegini çykarmasa, senem penjeksiz bolsaň, bir hili, gelşiksiz ýaly. Dogrudanam, wagt geçip, ýyllar aýlansa, käbir adam görlüp-eşidilmedik derejede üýtgejek ekeni. Utanç-haýadan urbalygy galmadyk Arslanyň bolşy üçin onuň ýerine özüm utanyp, gara dere batyp, çykyp gaýtdym. Kaýym TAŇRYGULYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 03.12.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||