08:54 Adam bary nirä howlugyp barýar | |
ADAM BARY NIRÄ HOWLUGYP BARÝAR
Goşgular
Gowluk hakda ýazjak bolýan men şygyr, Şer bolup barýa-la haýyr diýeniñ. Bir namart ýakañdan ebşitläp tutsa, Nep etmez eliñi aýyr diýeniñ. Beýle bolsa adyl ody öçmezmi, Ýamanlyk gowlukdan öñe geçmezmi?! Ulular kiçelip, kiçiler şar dek, Göwnümemi, çişip-ulalyp barýar. Dury çeşme awa-läbige dönüp, Akarlar gün-günden bulanyp barýar. Düýnki gören dagym baýyr bolup dur, Ygşyl atýan bugdaý çaýyr bolup dur. Haýsyna oñ diýmelikä, adamlar, Atasy sakgalsyz, agtyk sakgally. Haýsy dogry düşündir-dä göreýin, "Añyrrakda oka diýer takalñy". Gapanlaryñ ýeñläp barýar çekimi, Bilmeýänmi, aýdyñ ýa men çakymy?! Uzyn saçly bolmak ýetdi erkege, Onda kim dañmaly başa gyñajy. Gybat aýallardan ötdi erkege, Her ädimde agtaryber biweji. Göwnümemi, daralýarmy örüler, Goýun däl-de, köpelýärmi börüler?! Gowluk hakda neneñ ýazarsyñ şygyr, Halalhon diýeniñ para alyp ýörkä. Şahyr "bilende bar", dünýä giñ diýýäñ, Neneñ öwjek dünýä daralyp ýörkä. Adamlar şeýle bir ownaşyp barýar, Aýdyñ, olar nirä howlugyp barýar. Kaýum TAÑRYGULYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |