16:12 Zandyñda gerek | |
ZANDYÑDA GEREK
Goşgular
Edebi artykdyr Tañry ýalkanyñ, Ýene pendin alyp durar ol käniñ. Adalat - edebiñ hamyrmaýasy, Ylaýym bar kişä ýetsin saýasy. Ähli mukaddeslik gaýdar ýürekden, Kim gowluk öwreder - aýdar ýürekden. Edebiñ ýagşysy ata-eneden Geçer durar, alar gerek gerekdenm Edep dörär ýürek emri biläni, Sowýandyr ol geljek ýüz-müñ belany. Edep dörär özgäñ derdin duýmakdan, Ýatlap dursañ haky, baba-kelany. "Edebiñ ýagşysy - ulyny syla", Şoña uýsañ mydam ýararsyñ ile. Edepli bolmak kyn, agram salmasañ, Onki süññe, ýürek, goşara, bile. Sylanşyk gutarar eger haçan-da Ýalan sözläp, ýagşydan söz Amanda. Danasyn añarsyñ Magtymgulynyñ, Ýüregiñ çuñ eleginden geçende. "Dünýäde biedep men" diýen ýokdur, Gürlände bar kişiñ gursagy akdyr. Tanabam duransyñ, sözlände welin, Bir özi ak guşdur, bir özi päkdir. Dört aýaklam bolsa, şagal keýik däl, Aýry zatdyr edep bile beýik päl. Edep - ähli gowulygyñ melhemi, Synap, melul köñülleri seýiklär. Edep bolmaz, ýokka andyñda derek, Edep üçin ajyñ, gandyñ-da gerek. Mys-mysdan, Mustapa diýjek bolýanym, Edep dilde däl-de, zandyñda gerek. Kaýum TAÑRYGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |