09:53 Saýyl hakda | |
SAÝYL HAKDA
Goşgular
![]() Gürrüñ berjek Saýyl hakda, Baryp ýatan haýyn hakda. Şol gazaply otuz ýedi, Durar öýtdi ol ebedi. Ýalan-ýaşryk şyltak atdy, Köpleriñ başyna ýetdi. Uruş döwri haýyn boldy, Näme diýseñ taýyn boldy. Guma gaçdy urşa gitmän Medal aldy bir ok atman. Durgunlykdan şan gözledi, Zähmet çekmän, nan gözledi. Lomaý-lomaý para alyp, Gyzyl-kümüş kän gözledi. Onuñ "şa" günleri ötdi, Adamlardan müýn agtardy. Däp-dessurdan, yrym-ýomdan, Herki zatdan din agtardy. Ol özünden hoşal. Diýýär: "Hiç haçanam utulmadym. Zähmet çekdim döwre görä Hem betlikde tutulmadym". Gygyryp ýör il hatary: "Üýtgedip guramak gerek". Diliñ üýtgedeniñ bilen, Üýtgärmikä gara ýürek. Bu gün öz hukugyn alýar Owal bar zada kaýyllar. Ah, näçeräk näçe burka Il içinde bu saýyllar!? Kaýum TAÑRYGULYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |