22:58 Galamdaşlarym: Rehmet Seýidow | |
REHMET SEÝIDOW (1910-1955)
Ýatlamalar
Rehmet Seýidow barada makala ýazmaly bolanymda kän oýlanyp gezdim. Şahyryñ öz döwründe edebiýata getiren täzeliklerini seljerdim, sapaklaryny ýatladym, bary-ýogy 45 ýaşap, "Awçy atma jereni!" ýaly bir topar ajaýyp goşgulary, poemalary bilen birlikde "Gyzyñ kasamy" diýen ilkinji türkmen librettosyny ýazanyny, ençeme kitaby terjime edenini añymda aýladym. "Men - baharlar bagşysy" diýşi ýaly, özüniñ bahara meñzeş hoşgylaw adam bolandygyny göz öñüne getirenimde, yzyndan gelýän ýaş nesli gowy görendigi göz öñümde janlananda, şahyr barada aýtmaly, ýatlamaly zatlaryñ köpdüdi hakydama geldi. Rehmet Seýidowyñ tutuş döredijiligini okanymda, onda igenje, başganyñ göwnüne degýän ýekeje setire-de, ýekeje söze-de gabat gelmeýärsiñ. Bu çagalygy, tebigat gözelligini ömür boýy gursagynda göterip gelýän gaty sypaýy, ýüregi ýuka, näzik hem pespäl adamyñ, hakyky şahyryñ, "Baharlar bagşysynyñ" goşgularynda ýüregiñ töründen syzyp çykýan hoş owaz bolup ýañlanyp gelýär. Bu häsiýet başganyñ ýüzüni çytdyrmag-a däl, eýsem janly-jandara-da rehimdar bakýan näzik şahyr, duýgur ýürekli adamyñ ajaýyp häsiýeti. Meşhur türkmen şahyry Rehmet Seýidowyñ ady tutulanda, Köpetdagyñ dyzyny ýassanyp ýatan Aşgabadyñ baýry, bütin Lebabyñ gözelligi, gyş bilen ýazyñ sepleşiginde ýere ýyly gidip, bugaryp duran atyzlar, sähel soñrak açylan bägül pyýalasy, tomsuna ygşyl atýan tylla sary bugdaýlyk... göz öñüñe gelýär. Jeýhunyñ, onuñ kenaryndaky gara baglardaky bilbildir torgaý guşlaryñ täze-täze mukamy eşidilýär. Şahyr ýadyña düşende, adamy, bütin tebigaty, ähli gözelligi söýmegi jany-teni bilen başaran, diýseñ mylakatly, mährem, nurana, kalby owadan adam göz öñüñde janlanýar. Rehmet Seýidow diýlende, şonsuz türkmen edebiýatyny göz öñüne getirmek mümkin däl. Munuñ şeýledigine edebiýatçylaram, kärdeşlerimizem, okyjylaram wagt geçdigiçe oñat göz ýetirdiler. "Bägül pyýalasy ýazyñ elinde". "Ýaş gelin dek bezenen tut". "Nar ýañakly şapak". "Başybak jygaly Köpetdag". "Asry tigirli ýapjagazyñ akyşy". "Ýüzüni ýuwup, saçyny daran ýel". "Başyn silkip, suwdan çykan sona deý". "Alabahar ýagyşdan doýan düzler". Şeýle setirleri okanyñda göwnüñ açylýar, poeziýa bolan höwesiñ artýar. R.Seýidowa çöken göwünleri seýikleýän, ruhuñy göterýän şahyr diýilmegi göz öñünde şeýle ajaýyp şekilleri berýänligi üçindir. Aradan 60-70 ýyl geçse-de, bu setirleriñ täzeçe ýañlanmagy hem şoniñ üçindir. Rehmet Seýidow dostlary bilen Arçabil jülgesine gidýär. Arçabiliñ geñ-enaýy ýerlerini synlap, göwünlerini galkyndyrýarlar. Uzyn oturgyçsa dostlarynyñ ortarasynda oturan Rehmet Seýidow: - Makul bilseñiz, mende şeýle teklip bar - diýýär. - Pöwrize barada goşgy döredeliñ. Boş gitmäliñ! Teklip goldanylýar. Şahyrlar pikirlerini kagyza siñdirip başlaýarlar. Ep-esli müddet geçensoñ, bir-biriniñ ýüzüne bakyp ýylgyryşýarlar. - Kim okajak ilkinji bolup?! - diýip, Pomma Nurberdi soraýar. Hiç kimden ses çykmaýar. Rehmet şahyr nazaryny uzaga dikip, okaýar. Pomma Nurberdi zöwwe ýerinden turýar-da, şahyry garsa gujaklaýar. - Berekella! Ana, goşgy diýip şuña aýdaýsañ. Pomma Nurberdi ýerine geçip oturansoñ: - Indi nobat kimden? - diýýär. Durdy Haldurdy: - Bu goşga taý geljegini ýazan bolsañ okarsyñ-da - diýip, hakykatyñ dabaralanmalydygyny göz öñünde tutup aýdýar. Pespäl Rehmet Seýidow: - Her gülüñ bir ysy bar. Okañ! - diýýär. Pöwrizeden öýlerine gelensoñ kim goşgusyny ýyrtýr, kim şahsy arhiwinde goýýar. Rehmet Seýidowdan görelde almaly zatlaryñ biri-de onuñ ýaşlary, geljek nesli örän eý görenligidi. Ol ýazyjylar soýuzynyñ konsultantydy. Şahyr täze eseriñ her setirini içgin derñärdi, belliklerini örän sowukganlylyk bilen aýdardy. Onuñ ne ýygnakda, ne telefonda gepleşende, ne söhbet edýärkä, ýaşkiçi bolsun, ýaşuly bolsun, sesini gataldanyny gören-eşiden ýok. Sypaýyçylyk bilen, halys ýürekden maslahat bererdi. Ýöne talaby gowşatmazdy. Tutuş goşgynyñ ýa-da poemanyñ süññünden, many-mazmunyndan kapyýasyna çenli birin-birin derñäp, eseriñ pes kakýan ýerlerini awtoryñ özüne boýun aldyrardy. Setiriñ akgynlylygyna, kapyýanyñ sagdyn bolmagyna aýratyn üns bererdi. Mysaly hem klassyky edebiýatdan, öz deñ-duş şahyrlaryndan almany gowy görerdi. Olaryñ her haýsy şol ýyllar poeziýanyñ dürli-dürli ýollary bilen barýan, biri-birine meñzemeýän atly şahyrlardy. Pommanyñ ýa-da Seýitliýewiñ bir bendini ýatdan aýdardy-da, "Gör-ä, seniñ kapyýañ şonuñky ahyr. Türkmen dili baý, öñ işlenen kapyýany almanyñda-da, söz gyt däl. Her setir, her kapyýa özüñki bolmaly, ýogsam ol her mahal, öweýligini eder durar. Şahyryñ her sözüniñ, her setiriniñ, her kapyýasynyñ basa oturmagy talap edýändigini zynharlaýandygy hut şonuñ üçindir. Niresiniñ towunyñ çaladygyny awtoryñ özi syzmaly. Ikirjiñlenen setiriñi, sözüñi birnäçe gezek ýazyp görmek gerek. Diñe şonda çyn şygyr öñe saýlanar. Ýaşlygyñ bir häsiýeti bardyr. Belki, geçäýedi-dä, bellik edibem durmaýadylar-da, hany, gazete ýa žurnala eltip göreýin diýip, käbir ýaşlar redaksiýalara barýarlar. Ilkinji nobatda, şol zyýanly ýaltalygy ýeñmek zerur. Ýazan zadyñy boldum edeniñden soñam birnäçe gün, belki, aýlap saklap, täzeden dykgatly okamagyñ ýüzüñ gyzmazlygyna nepi deger". Rehmet aga bilen ilkinji sapar ellinji ýylda ýazyjylar guramasyna birnäçe ýaş şahyr bile baranynyzda tanşypdyk. Biz täze goşgularymyzy görkezmäge barypdyk. Rehmet Seýidowyñ ýaşy şol mahal kyrk çemesidi welin, biziñ üçin gaty ýaşuly adam ýaly göründi. Ol ählimiz bilen elleşip görüşdi. Atlarymyzy soraşdyrdy. Birimizem tanamandygy onuñ ýüz-gözünden duýulýardy. Rehmet Seýidow herimiziñ döredijiligimiz bilen aýratyn gyzyklandy. Her kime iki-üç sany goşgy okadyp, diñläbem gördi. Ol maña şeýleräk maslahat berdi: - Inim, iñ kyny çagalar üçin ýazmakdyr. Köpräk Marşagy, Gaýdary, Mihalkowy, Bartony oka. Sen gyzykly, täsirli ýazjak bol. Özüñ pikir edip gör, çaga gyzykly gürrüñ aýtmasañ, ýanyñdan turuberýändir. Ondan soñam goşgynyñ kapyýasy kän bolsun. Görýäñmi, küşt hakyndaky goşgyñ gyzykly, kapyýalaşyşam oñat. Ony iki sany goşujy bilen deñeýşiñ, patyşa ele düşende, oýnuñ-urşuñ gutaryşyny beýan edişiñ täsirli hem täze. Edil şunuñ ýaly guş-gumryny, haýwany gepledibem ýazyber. Türkmen ertekilerinem, sanawaç, matallaram köpräk oka. Olardan beýan edişem, türkmen diliniñ baýlygynam öwrenip bilersiñ! Şol gürrüñden soñ ýatakjaýa gelip, ähli ýazan goşgularymy aldym-da, botanika bagyñ iñ kölegeli ýerine gitdim. Goşgulary bolýan hem bolmaýan diýen iki topara bölüşdirdim. Soñam bolsa işläýjeklerimi, gyzyklylaryny seçdim. Bary-ýogy on iki goşgy boldy. Şol günler Rehmet Seýidowyñ goşgularyny täzeden okadym. Okadygymça haýran galdym. Goşgular, öñki pikir edişim ýaly, tebigat hakynda däl-de, adam duýgusy, özüniñ dünýä guwanjy hakynda ekeni: Her öý, her jaý, Edip berjaý Bütin bir ýyl borjuny, Şat hoşlaşyp, Gujaklaşyp Ony ýola şaýlaýar. Guşap bilin, Öpüp ilin, Egne atyp horjuny, Sag bol diýip, Içmek geýip, Iline göz aýlaýar. Şu setirleri okap otyrkam, şahyryñ "Kapyýañ köp bolmalydyr" diýen sözleri ýadyma düşdi. Goşgynyñ setirleri gysga-da bolsa, onuñ kapyýalaşmaýan ýekeje setirem ýok. Şonuñ üçin muny ýat tutmagam añsat ahyryn. Okap başlanyñdan, edil eñaşak giden ýaly badyñy saklap bilmeýäñ. Bir sapar Rehmet agadan çekinibräk soradym: - Siziñ her iki ýyldan bir kitabyñyz çykyp dur. Şularda ýerleşen goşgularyñ näçerägi könelmän, möwritiji ýitirmän ýaşar öýdýäñiz? - Kaýum, bu soragyña jogap taýyn. Men Magtymguly däl. Hemme ýazanym hemişe okalar diýip hiç kim aýdyp bilmez. Meniñ şygyrlarymyñ gylla ýary döwür bile bagly. Oña seslenmeseñem däl. Ýöne tebigata yşgym uzagrak ýaşasa gerek. Olar tiz-ä könelmese gerek. Sebäbi şygyr tebigata bagyşlansa-da, hersiniñ añyrsynda Watana, il-güne söýgi, adam söýgüsi, çuññur duýgusy ýatyr. Watany, tebigaty söýmek mydamalyk, ol uçgun barha köremese, peselmez. Ana, men şoña ynanýan. Men o mahallar uniwersitetiñ 4-nji kursunda okaýardym. Şahyr öz şygyrlary hakynda näme üçin beýle pespällik etdikä? Ýogsa şo ýyllar onuñ enceme goşgusy uly konsertlerde, uly ýygnaklarda häli-şindi okalyp ýördi ahyryn. Ýaşulynyñ ol jaýdar pikirine soñ-soñlar göz ýetirdim. Kaýum TAÑRYGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Garagum" žurnaly, 2008 ý. No 3. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |