04:07 Galsan Çinag | |
GALSAN ÇINAG
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Tuwa türklerinden Mongoliýaly dünýä belli ýazyjy, şahyr. pedagog, aktýor. ( Tuwa dilinde: Çinagiýn Galsan Şynykbaý ogly Çuruk Uwaa). 26.12.1944-nji ýylda Mongoliýanyñ Baýölke posýologynda dogulýar. Germaniýanyñ Leýpsig uniwersitetini tamamlan G.Çinag 1968-nji ýyldan başlap, Mongoliýanyñ Döwlet Uniwersitetiniñ daşary ýurt dilleri bölüminde mugallym bolup işläp başlaýar. Goşgularyny mongol we nemes dillerinde ýazýar. 1981-nji ýylda nemes dilinde ýazan "Tiva tooju (taryh)" romanyndan soñra Ýewropada we dünýäniñ birnäçe ýurtlarynda giñden tanalyp başlaýar. Ýazyjy gadymy türki kowumlardan bolan tuwa halkynyñ gadymy filosofoýasyny, durmuşyny goşgulary, hekaýalary, romanlary arkaly ussatlyk bilen beýan edip, tuwalary dünýäde giñden tanatmagy başardy. Kyrkdan gowrak kitaby bolup, eserleri fransuz, rus, ýapon, italýan, iñlis, golland dillerine terjime edilendir. Birnäçe ýurtlarda edebiýaty öwrenijiler Galsan Çinagyñ eserlerini giñden öwrenip, ýokary okuw jaýlarynyñ okuw programmalaryna girizýärler. 2003-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyñ Tuwa Respublikasynyñ Tuwa Sosial Ylymlar institutynyñ ýörite çakylygy bilen baryp, "Türki ýazgylary" ("Türktertniñ bižimel turaskaaldyry") atly ylmy konferensiýa gatnaşdy we şol ýyl 60 ýaşyny belledi. Galsan Çinag dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyñ hem ýakyn dostudyr. ♣ Goşgular kitaplary: "Iri dyştanyr şagda", "Ööñnü deeskingen kokpalar", "Kajan-daa seni çaajiktira albadym iý", "Bulut ydy", "Hün kyzyl tölge dajy: ham algyştary", "Ak-Hem deegi daş kiji". ♣ Romanlary we hekaýalary: "Doşkun hattyg oranda", "Ulug-Köş", "On çedigi hün", "Bedik Aldaýda çaşky şag", "Börü bolgaş diji-it", "Doýnaa", "Şalyñ bolgaş ot", "Kök deer", "Bora çer", "Ak-Dag", "Çeerbi bolgaş bir hün", "Oorlatkan töl", "Çiñgis Hanyñ haýalary", "Bolgaş öske-daa". ♣ Mongol dilinde çykan kitaplary: "Çañnyktyg şagnyñ toojuzu", "Öle örtemçeýniñ hereli bolgaş hölegýezi", "On aýnyñ deeriniñ adaanda", "Er kara bag", "Deerniñ düjü". ♣ Iñlis dilinde ýazan ylmy işleri: *2004 All the Paths Around Your Yurt (online poetry translation from Alle Pfade um deine Jurte, 1995). *2004 You Will Always Be Untamable (online poetry translation from Nimmer werde ich dich zähmen können, 1996). *2004 Cloud Dogs (online poetry translation from Wolkenhunde, 1998). *2004 Oracle Stones as Red as the Sun: Songs of the Shaman (online poetry translation from Sonnenrote Orakelsteine, 1999). ♣ Baýraklary: *1992 Adelbert-von-Chamisso-Preis. *1995 Puchheimer Leserpreis. *2001 Heimito-von-Doderer-Preis. *2002 Bundesverdienstkreus. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |