18:31 Gant kyssasy / hekaýa | |
GANT KYSSASY
Hekaýalar
"Gant” sözüniň manysyny az adamlar biler. Hat-da o günki waka çenli men hem bilmeýärdim. O gün fewralyň soguk günleriniň biridi, ýadymda. Okuwdan boşap, öýe gitmekçi bolýardyk. Sekiz oglan bolup, toparlanşyp poltolarymyzydyr, aýakgaplarymyzy geýinip, daşaryk çykdyk. Emma bu eşiklerdir, aýakgaplar fewralyň ýalazy howasyndan goramak üçin ýeterlik däldi, çünki eşiklerimiz horaşajady. Hat-da bir dostumyzyň egnindäki geýen zadyny dogrusy “palto” diýip atlandyrar ýaly hem däldi. Ulagymyz bolsa, entek-entek gelerli däldi. Ýylanmak üçin ellerimizi bir-birine galtaşdyryp, herekete getirýärdik we oglanlaryň kimsi üşemejek bolup, bökjekleýärdi, kimsi towusýardy, kimsi bolsa, ellerine üfläp durşuna agzymyzdan çykýan buga ýylanýarys kibi çynymyz bilen begenýärdik. Dogrusy agzymyzdan çykýan buga elimiz ýylaýan ýaly bolsa-da soňra çyglanyp, gaýta beter üşedýändigini bilmediksirän bolýardyk. Çaýhana, bir ýere girip ýylynaýmasak, ählimiziň soňumyz bellidi, syrkawlajakdyk. Muňa gözümiz ýetip durdy, şol sebäpli-de bir-birimize mölerişip seredişýärdik. Çaýhanalardyr, naharhanalar hem bir zat satyn almasaň, ýöne içine salyp oturdaýmazlar ahbetin, muňa–da aklymyz ýetip durdy. Ulagymyzyň bolsa, haçan geljegi nägümanady. Belki has gijigip geler- diýip, pikirlenýärdik. Aramyzda iň ekabyrymyz Keremdi. Bizden has ulurakdy we boýy bolsa hemmämizden uzyndy, ekabyrdy. -hany her kim ýanyndaky puluny çykarsyn- diýip, Kerem bizi bir ýere çagyrdy. Hemmämiz jübümizden pulumyzy çykaryp, oňa berdik. Hemmämiziňkini goşanyňda-da ujypsyzjady, harjymyz. Kerem bolsa, jübsünden ýedi lira çykardy. Hemmämiz muňa aňk bolup seredişýärdik. Şeýlelikde Keremiň puluna ynanyp, çaýhana girmegi makul bildik. -Eşidýäňizmi, pulumy ertir mekdebe getirersiňiz, düşnüklimi? –diýip, Kerem her birimize tabşyrýardy.Keremiň puly bilen birlikde üýşüren pulumyz 8 lira boldy.Eger-de bu pul bilen naharhana girsek, bir adamlyk çorba hem alyp biljek däldik. Onsoň hem bir çorbanyň başynda 8 bolup otursak , gelşiksiz bolar ahbetin. Şol sebäpli-de biz çaýhana tarap ýola düşdük. Onsoňam kofýe içilýän ýere barsak, kagyz oýunlary oýnalýar, bu bolsa, on sekiz ýaşlylardan kiçilere girmek gadagan ahbetin, diýip, özümize teselli berip, çaýhana dogry ýola düşdük. Aramyzda bir dostumyz “Birden mugallym göräýse näderis?” –diýip, gorkuzýardy, bizi. “Emma süýjilikler bişirilýän ýerde gymmat bolýar ahbetin, sekiz kişä içerik girip, iki sany çaý alsak, nähili bolar? Biziň ol ýerde çaýyň bahasynyň näçedigini hem bilmeýärdik. Bar aladamyz ýylanmakdy ahbetin, biziň. Kerem: -Bir gezek men görüpdim, diwarda bahalary ýazylgydy her zadyň, çaý näçe, şerbet suwy näçe, bardy, bardy ol ýerde – diýip, bir zat ýadyna düşen ýaly, gygyrdy. Barymyz Kereme aňkarylyp seredýärdik, onuň beýle tejribeleri nirden toplandygyna haýran galýardyk. Kerem: -Ýadyma düşenok, wagt köp geçdi, emma ýadymda diwarda ýazylgy durdy, bahalary... Gireris, ýitirýän zadymyz näme? Pulumyz näçesine ýetse, şony hem alarys. Kerem dogumlyrakdy. Barymyz gazyň jüýjeleri ýaly, onuň yzyndadyk, näme gürlese, agzymyzy öweldip durduk. - Birden bizi içine salmasalar näme? - Aý onna başga bir ýere gideris! Kerem dogumlyrak gürledi, maksady oglanlary ýylatmakdy. Her kes başyny atdy.Diýmek tassykladyk, Keremiň diýen zatlaryny. Gireli, kowýança otursak hem bir peýda, azajyk bolsa-da ýylanarys. Biz şeýdip, sekiz bolup, içine girdik-de ilkinji bir stolyň başynda hatarama düzüldik-de otyryberdik. Uly, tegelek stoldy,dört adamlyk stolda sekiz bolup, tegelenipjik oturdyk.Kofýeçi bolsa, salonyň o burçunda bir zatlar edişdirýärdi, güýmenýärdi.Elimizdäki çemçäniň öwüşgini bilen seretdik, bir daýaw adam görünýärdi. “Bizi gördümi, görmedimi belli däl, edil bu sowukda bizi daşaryk kowup çykaraýasy ýok- la” diýip, öz ýanymyzdan umyt edýärdik.Oňa hijimiz seretmejek bolýardyk. Iýer-içer ýaly zatlaryň bahasy- bolsa edil biziň oturan stolymyzyň üstünde asylgy durdy. - Hemmäňiz seredip oturmaň! –diýip, Kerem bize ýuwaşja ümledi. Ünsüni çekmeli dlädik, bu ýere zerur gelenimizi belli etmeli däldigimizi ümläp, bize düşündirýärdi, Kerem. - Sen oka! Kerem ýazylgy bahalar kagyzynyň dik garşysynda otyran oglana ümledi.Hemmämiz üns bilen diňleýärdik: - Meşrubat-nabat? Bäş, Kofýe üç, çaý bir,ýarym, gant bir... Gant diýseg-ä herimize biri düşjek ekeni... Hemmämiz Kereme seretdik: - Gant içeli! Biziň näme içjegimiz, näme üçin içjegimiz hiç piňimize däldi, bizi bu daýaw adam bu ýerden kowup çykarmasa razydyk.Ol bize tarap göni gelýärdi. Biz bolsa, dem alman oňa garaşýardyk. - Aýdyň ýetginjekler, näme isleýärsiňiz? Biz biraz ynjaldyk. Diýmek, bu bizi daşaryk çykarmaz, kowmaz. Kerem bolsa, dogumlanyp: - Gant – diýdi. Daýaw adam hemmämize birlaý göz aýlady-da: - Heriňizemi?- diýip, sorady. Kerem: - Howa, herimize! - Bolýar, ýany bilen limon hem getireýinmi? –diýip, ýaşuly adam gözlerini süzüp, gülümsäbräk sorady. Biz gandyň nämedigini bilmämsoň, onuň limonly içilýärmi, limonsyz içilýärmi, ony-ha asla bilmeýärdik, ahbetin?Kerem ýene-de ekizlendi: - Limonly bolsa, bahasy üýtgeýärmi? - Ýooo! Şo baha! - Onuň ýaly bolsa, limonly bolsun!Ýaşuly agyr ädimläp, çaý gaýnap duran ýere tarap ýöneldi. Gelende elinde näme bardygyny alada bilen synlamaga başladyk, hat-da sabyrsyzlanýardyk. Hem oňa tarap seretmejek bolup, azara galýardyk. Göz gyýtagy bilen onuň näme hereket etýändigini synlamaga çalyşýardym. Eli çäýnekli, çaý bulgurlarynyň üstünden bugjagaz çykyp duran birnäçesini alyp gelýän wagty hem onuň ädimlerini içgin synlaýardym. Bulgurlaryň üstünde ýokary göterilýän buglary görüp: “Diýmek, gant gyzgynjak bir zat bolmaga çemli?” –diýip, öz-özüm bilen gürleşýärdim, oýlanýardym. Derrewjik buýran zatlarymyz stolymyza geldi. Çaý bulgurlary doldurylan gyzgyn suw, ýanynda iki şeker we bir dilim limon. “Bulary garyp içilýärmiş” Adatça gandy garrylar we syrkawlar iýermiş, daýaw hojaýynyň bize haýran galyp seretmesi-de şol sebäpdenmiş. Şol gün içen gandymyz ilki ellerimizi, soňra bokurdagymyzy we içimizi ýylatdy, näme-de bolsa. Iň esasan hem ulagymyz gelýänçä o ýerde oturmamyza bahana boldy. Ondan bäri ýyllar geçdi, käte-käte başga ülkelere gidenimde olaryň dilinde “ownuk şekere” “gant” diýenlerinde o soguk gyş güni ýadyma düşüp, gülküm tutýar... Ýakup ÖMEROGLY. Terjime eden: Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |