20:07 Saçdaky ýumurtga bilen toşap / hekaýa | |
SAÇDAKY ÝUMURTGA BILEN TOŞAP
Hekaýalar
Heý adamam bir öz kakasyndan uzak wagt geziljek aýralyga begenermi diýsene? Men begenipdim. “Aý çaga bolunýar-da” diýeniň bilen geçjek bir dert däldigine ahyr ýeene-de müň gezek anyk göz ýetirdim. Kakamdan aýra gezjegim üçin begenmäge sebäplerim bardy-da, wah... Kakamy obanyň golaýyndaky meýdançadan çagyranlary entegem ýadymda. Habar gelipdir-dä, gulluga gitmelimiş. Belki-de o habar öň gelendir, ýöne bize habar beren däldirler, belki-de şol gün geldi, garaz kakamyň gulluga gitmelidigi-hä çyndy, şonda. Kakam derrew ýola çykdy. Ýöne nijeme ýyl geçse-de Merýem enemden muny çintgemek hiç kelläme gelmeýärdi, näme üçindir, bilmeýärdim. Näme-de bolsa, kakam meýdandan geldi. Öýde onuň üçin taýýarlanan saçagyň başynda oturdy... Gün- güzerandan ýaňa uly gaşlary ýaýylyp duran,orta boýly, Anadolynyň garaýagyzdan- bugdaýreňk tenli bir adamydy. Sesi özdiýenli, ynamlydy. Dogumly sesi bardy. Emma o gün şeýlebir rehimli gürleşýärdi welin... Aýratyn hem maňa şeýledi, ýa şeýle ýalydy... “Hany ogluma bir jalbar geýdiriň, göreýin!”diýeni hem şoldy, Merýem enem gök bizden maňa tiken jalbaryny derrew tapyp geldi-de geýdirdi. Aslynda o wagtlar “jalbar” sözüni kän bilmezlerdi. “Don” diýerdiler, öz-ä... Atlaryň hem “dony” bolardy, erkekleriň-de... Aýallar “don” geýmezdiler. “Don” geýmek bolsa, biz çagalar üçin, “Ulalmak, erkek bolmak” diýen düşünjäni berýärdi. Men tä ki o güne çenli hiç don geýmändim. Üç ýaşymdan geçen bolsam hem, hiç jalbarym ýokdy, meniň. Kiçijik oglanjyklar hem gyzjagalar hem öňlük ýaly “balak” geýerdiler, o wagtlar. Megerem Merýem enem bilen ejem maňa gök bizden bir jalbar tikip, sandykda taýýarlap goýan bolarlar çemeli. Gök biz diýýänleri bolsa, şeýlebir galyň, çişýän matady. Derrewjik getirip geýdirdiler. Meň bir begenäýşimi diýsene, şo pursat?! Kakam bolsa saçagyň bir çetinden, döşlerini çişirip, gözlerini süzüp, birnäçe gezek meni boýdan-başa synlamaga durdy, şonda. Megerem ogluna sereden wagty güýçlenýän bolarly? Onuň seredişlerinden men-de gujurlanýardym,belli. Hem begenýärdim hem-de gujurlanýardym: “Jalbar geýidm habetin, men!” Dogan-garyndaşlarymyz öýüň howlusynda toplanmaga başladylar. Kakam bolsa, özüne taýýarlanan saçakdaky näz-nygmatlara elini hem uzatman diýen ýaly, ýerinden turdy. Saçakda sajyň içinde ýumurtga bilen gapdalynda toşap bardy. Başga zatlar barada-ha gürrüň hem ýok, o zatlara-da elinem degirmändi,kakam. Doýup şeýle etdimi, bilmeýärdim, howlukmaçlyk bilen howla çykdy. Howluda näme bolandygyny bilemok, ýöne men kakam üçin taýýarlanan saçagyň bir ujunda galypdym,saçdaky ýumurtga bilen toşaba bagtly bakyp, iýmegimi dowam etdirýärdim, kakam iýmändi, paýy bize galypdy... Şol wagt Merýem enem gelip, meni alyp gitdi. Daşaryk çykanymyzda kakamyň meniň maňlaýymdan öpmesi meni birhili täsin duýga düşürdi. Merýem enem hem aglaýardy, atam, uly agam, ejem şeýlebir aglaýardy, şeýle bir doga edýärdiler, obanyň öňünde uzap gidýän ýolda tä ki kakam gözden ýitýänçä seredip durduk. Merýem enem, Ysmaýyl dädem. Kiçi jigim Ýusuby gujaklap aglaýardylar. Ejemiň gujagynda bolsa, gundagda ýatan kiçijik gyz jigim Patma bardy. Merýem enem has gynananyň Ysmaýyl dädemdigini aýdardy, soň-soňlar hem. Ol Merýem enemiň gaýynatasydy. Şol günler megerem ol altmyş ýaşyndady. Ýöne ýaşyndan juda garry görünýärdi. Merýem enem diýýänim bolsa, meniň enemdi. Uzyn boýly, ýörände ädimleri çalt-çalt, erkekler bilen hem, aýallar bilen hem ynamly äheňde gürleşerdi. Az gürlärdi, emma aýdan zady japba-jaýdy, bendäň. Bil baglap bolýan aýaldy, oña her kes şeý diýerdi. Belli ki ynsanlara her bir wagtda ynamdar adamlar ýeten däldir, ýogsa gürrüňi edilmez ahbetin, aýratyn o häsiýetiň?! Soň-soňlar garrady, iň garry dädem diýäýmeseň, öýmüzde menden başga erkek göbekli ýokdy. Şonda-da Merýem enem bizi hiç bir zada mätäç etmändi. Merýem enem bolsa, ähli zadymyzy ýerbe- ýer saklardy, hiç zada mätäç etmän bizi ulaltmak üçin ellerinden geleni ederdi, diýip, oba adamalry gürrüň bererdi. Aslynda-da Garaşsyzlyk söweşi ýyllarynda hem, gaty agyr ýyllar bolsa-da Merýem enem bize kynçylygy syzdyrmanmyş. Her kesiň öýünde un ýokdur, azyk-owkat ýokdur, obada. Emma biziň ähli zadymyz bar eken, hiç gutarmaýar ekeni. Diňe Garaşsyzlyk söweşimi diýsene? Çanakalle, Balkanlar, nä bileli nijeme uruş... Erkekler gidip- gidip, gelmeýär ekenler, o zamanlarda... Ozal-a-ha Ysmaýyl dädemiň kakasy gdip gelmändir, soňra-da Ysmaýyl dädem on bäş ýyl gullukda galypdyr. Ol gelip- gelmänkä-de Merýem Enemiň adamsy gulluga gidipdir. Ol hem “Balkan söweşinde wepat boldy”- diýýärdiler. Innem seret, agtygy Mustapa gidip barýar ahbetin. Bu çylşyrymly, agyr ýyllarda diňe aýallar maşgalany saklamagy başarypdyrlar. Häzir pikirlendigimçe, birhili täsin soraglaryň içine düşýärin: “Uruşa gidenleriň özleri beýik gahrymanlarmy ýa- da olaryň yzynda galyp, maşgalalaryny saklamak üçin jan eden aýallarmy?”, bilmedim?! “Näme üçin soňky döwürler oglanjyklary on bäş ýaşynda öýerýärlerkä?” –diýip, hiç içime sygdyryp bilmeýärdim. Elbetde, wagt öz hökmüni ýöredýär. Ýöne “ir öýermek “ diýen düşünje o ýaşdaky öýlenmek bolan bolsa belki-de garşy çykardym, häzir?... Ýöne, şol wagtlar on bäş ýaşly oglanjyklary öýermedik bolsalardy, onda... On bäş ýaşynda öýlenýär we gulluga gidýär, yzynda çagalary galýar. Olar gelmeýär. Biziň hem maşgalamyzda nijeme nesiller şeýle ýagdaýa sezewar boldy. Eger-de ir öýlenmeselerdi... Uruş gutaraly bäri birnäçe aý geçdi, kakamdan bolsa, ilkinji gezek habar aldyk, Ankarada göçme Esger Hassahanasyndamyş. Ýatyrmyşyn we ýagdaýy agyrmyşyn. Näme-de bolsa, “öldi” habary gelmedi, şoňa şükür edip, begenişýänleri ýadymda, ulularyň. Merýem enem maňa “Saňa-da Ankaradan oýunjak alaryn” diýip, göýäki öz göwnüni hoşlaýana meňzeýärdi, şonda, häzir ýatlaýan welin... Hasam begenmäge başladym. Merýem enem derrew towuk soýdy, ýumurtga gaýnatdy, bir gaba-da toşap goýdy-da dolaşdyrdy. Obamyzyň üzümleri hem baý süýjid-ä, şekerdi, şeker... Ejem bilen çelpek ýapdylar, külçe bişirdiler, sogan bilen. “Bulary biz iýeris, ýolda. Mustapa bolsa, ýumurtga bilen toşaby baý gowy görýär-ä...” –diýip, Merýem enemiň aýagy ýere degmeýärdi. ... Bäh, enem Ankara kim bilen gitjekkä? Ýoly yzy hem bilmeýär-ä ol? Ol hiç wagt Ankara gidip görmedi, ahbetin? Ýollaryny bilýän bolsa, käşkä. Näçe günde baryp bolýar, nähili gidilýär? Enem derrew Hidaýet aganyň ýanna ylgady, aýal halyna ýeke özi gitmez-ä? Ýalbaryp-ýakaryp Ankara ýanynda gitmesine ahyry razy edipdir, ony. Ol hem garyndaşymyzdy, hemem obada Ankarany iň gowy bilýän adam diýseň hem boljakdy. Men bolsa, indi bäş ýaşymyň içindedim, näme-de bolsa, kakam gideninden soňky wagtlary has gowy ýadymda saklap bilýärdim, göýäki. Begenip, garaşmaga başladyk. Ejem begenjinden bir ýerde durmaýardy. Şo günler Patma syrkawlady diýmeseň, ähli zat birhili bagtyýarlygy ýada salýardy, bagtlydyk. Patmanyň bolsa, gyzgyny has ýokarlanýardy. Ýadymda ejemiň Patma sirke çalany. “Indi kyrk ýyl uksus iýmese-de bolar” –diýip, gülýärdi. Merýem enemlerde-de bizde-de hemişe ol bardy, güýçlidi ol. Ýadymda öýüň içini tutýardy, ysy. Belki-de o ýiti sirke ysyndan ýaňa şu wagt ejemiň hereketlerni ýadyma salýandyryn belki, häzir. Merýem enem gideli bäri bäş gün dagy geçipdi, oba girenlerini ilki men gördüm, Merýem eneme tarap ylgajagymy hem bilmedim, ejeme gelýändiklerini habar berjegimi hem bilmedim. Birden hem “oýunjak getirjek” diýeni ýadyma düşüp, eneme tarap ylgadym, barybam aýakalryny gujakladym. “Ýaman ýadow hemem, birhili sust görünýärler-le?” Hidaýet aga-ha asla gürlemeýärdi, hiç zat?Merýem enem meň elimden tutdy-da üçümizem öýe tarap gaýdyberdik. Dogumlydym, gelenlerini ilkinji bolup, men görüpdim... Ejem howla girmänkäk gören bolmaly bizi...Ylgap geldi. Emma sessizje, haýalja ýöräp gelýän Merýem enem özüni ýere pylçady. Ejem hem aglamaga başlady. Olaryň aglaýanny eşidip, jigim Ýusup hem ylgap ýanymya geldi. Jigim ikimiz näme bolýanyny bilmesek-de olaryň aglaýanyny görüp, biz hem aglaýardyk. Hidaýet aga bolsa, howlymyzda ulularyň ata münýän daşynyň üstüne çökdi-de kellesini iki eli bilen gysyp geplemän otyrdy. Sähel salymdan öýmüziň howlusy adamdan doldy, garyndaşlarymyzdyr, obanyň adamlary üýşmäge başladylar. Her gelen hem Ýusup ikimizi gujaklap aglaýardylar. Merýem enemden soň-soňlar Ankara nädip gidendiklerini, nirde galandyklaryny sorasam hem hiç aýtmaýardy. Hidaýat aga bolsa, iki günlük ýoly bir ýarym günde geçendiklerini aýdyp bererdi. Merýem enem ata-da erkeden gowy müner eken. Hiç dynç alman hassahana barypdyrlar. Giren batlaryna-da kakamyň bir sagat öň amanadyny tabşyrandygyny aýdypdyrlar. Kakamy şol wagt otagyndan hem çykarman ekenler. Enemi onuň ýanyna alyp barypdyrlar, şo wagta çenli dişini gysyp duran enem ogluny görüp, gujaklap, uly ili bilen aglamaga başlapdyr. Şeýlebir aglapdyr welin, sesinden durar ýaly dälmiş. Lukmanlar bolsa, “bu aýaly bärden çykaryň, bütün hassahanany aýaga galdyrdy” diýipdir we şepagat uýalary ol ikisini daşaryk çykarypdyrlar. Öýlän bolsa, jaýlapdyrlar, kakamy. Olaram oba gaýdyberenmişler. Ysmaýyl dädem hiç aglamaýardy. Ýüzünde ýekeje çyzyk hem gymyldanokdy. Göýäki doňňara daşa öwrülen ýalydy. Gelenler “yzy ýarasyn” diýseler hem, elini öpseler hem doňup oturýardy.Elini öpýänlerini bilýärmidi, bilmeýärmidi ol hem belli däldi.Ýogsa ol ölüm habaryna öwrenişendi ahbetin. Öň kakasy soňra ogly. On bäş ýylyň gullugynda gör nijeme dostlarynyň gurban bolanna şaýat bolandyr, kim biler? Ol şeýlebir garrapdy welin... Hiç zat gürlemän duran daga meňzeýärdi. Kakamyň ýasy näçe güne çekdi, bilmeýärdim, biz ol günler janlymydyk, jansyzmydyk, oýamydyk, ukudamydyk, ony-da bilmeýärdim. Gijelerine aglamakdan takatymyz gaçýardy, galan ýerimizde süýnüp galýardyk. Her oýananymda hökman bir içini çekip aglanýan ses eşidýärdim we ýene-de gaýtadan aglamaga başlaýardym. Bilmedim-dä bagtyýar maşgalanyň bu ýas günlerinde ýene-de bir erbet zat başymyza geldi. Patma megerem seredilmedigi üçinmi, nämemi hemmämiz säher bilen ejemiň gygyryp aglaýan sesine tarsa turduk. Patma ölüpdir. Ol günden soň hiç gymyldamaýan, sarsman oturan Ysmaýyl dädem hiç ýerinde durup bilmän başlady. Özbaşyna birzatlar gürläp, durýardy. Käte öz esger wagty hakda, käte-de çagalygyndan gürrüň berýärdi. Sesi hem pessejikdi, ýanyna baryp diňläýmeseň, kän bir eşidilip hem duranokdy. Megerem indi gussalary hem ýadyna düşmeýärdi. Waheeeý, Merýem enem! Patmany jaýlamsoň birhili boldy, gaýrat geldi. Aglamany goýbolsun edip, maşgalany gaýtadan kuwwatlandyrmaga çalyşýardy. Çüý-çüýi söker diýişleri ýaly, gussany gussa aýrypdy. Ýöne şol günden soň onuň gülenini hiç görmedik diýen ýalydy. Diňe obanyň ýaalllary ýomak atýarkalar biraz ýylgyrardy, unudardy bar zady sähel salym. Hasan dädemiň hem şehit bolandygy baradaky habar gelen hem bolsa, hat ýokdy. Obanyň aýallary kä wagt “Merýem ene Hasan agam Ystambuldamyş, gören barmyş” diýseler, “Çynyňyzmy?” –diýip, sorap, gözleri ýanar eken. Aýallaryň şeýle aýdýandyklaryny bilse-de ýüzüne bagt şuglasy çaýylardy. Bize hem ejedi hem kakady Merýem enem. Oglunyň ýetimelrine seredişi ýaly, gelmedik doganynyň hem çagalaryna seredip, ulaltdy ol hemmämizi. Kakam hakda hiç aýdyp bermezdi. Şol sebäpli kakamyň gulluga giden pursadynyň gymmaty meniň üçin juda gymmatlydy. Maňa jalbar geýdiriň diýşi-de meniň begenşimi gözlerini süzüp synlaýşy-da meniň hiç ýadymdan çykmaýardy. Şu güne çenli ol pursady ýatlasam, özümi güýçli hasap edýärdim. Iň ýadymdan çykmaýan zat bolsa, “Kakam iýmedi diýip, saçakda duran ýumurtga bilen toşaba topulyşym, maňa galdy” diýip, begenişim, häzire çenli hiç ýadymdan çykmaýardy. Merýem enem Ankaradan geleli bäri ne ýumurtga iýdik ne-de bir toşap. Ahyr men ulaldym. Menem olary kakama goýmaga başladym. Şol ýyl hem ondan soňraky ýyllar hem we şu güne çenli bütün saçdaky ýumurtgalary we toşaby kakama goýdum. Ýakup ÖMEROGLY. Türk dilinden terjime eden Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |