18:24 Okyjynyň sessizligi / hekaýa | |
OKYJYNYÑ SESSIZLIGI
Hekaýalar
Serdar gazete hepde bir gezek makala ýazmak teklibini alan gününden bäri özboluşly bir ýakymly tolgunma duýgusyny başdan geçirýärdi. Gazetiň baş redaktory Mansur aga, onuň özüni ýanyna çagyryp: «Biziň gazetimiz üçin hepde-de bir makala ýazarsyňyzmy?» diýip ýüzleneninde-de, oňa özüniň içki tolgunmasyny gaty belli etmän, ondan haýsy temalar boýunça, nähili makalalar isleýändigini sorapdy. – Ýurdumyzda we dünýäde täzeçe pikirler tendensiýasy hakynda, medeni wakalar barada, hat-da möhüm hasaplasaňyz syýasy meseleler babatda hem ýazyp bilersiňiz. Aramyzdaky ikiçäk söhbetdeşlikden aňýaryn, Siziň dürli temalardaky her bir makala özboluşly çemeleşmäňiz bar. Siz özüňiziň dürli temalarda ýazmagy meýilleşdirýän makalalaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaňyz, medeni durmuşymyza-da goşant goşdugyňyz bolar. Bu sözler Serdara aýdylyp bilinjek iň hoşamaý sözlerdi. Ýaş žurnalist: – Siz meni gaty öwýärsiňiz – diýdi we teklibi kabul etdi. Aslynda, baş redaktor işgärlerine «işe şobada kabul etdi» diýdirmezlik üçin Serdara hünäri bilen baglanyşykly dürli soraglary berýärkä, ol aşaklyk bilen öz ýanyndan gorkýardy-da. Çünki, ýaş žurnalist Mansur agaň oňa birden göwniýetmän, işe almak teklibinden ýüz öwürse näme ederdi? – Makalalaryňyz 650 söz töweregi bolsun. Kompýuter programmasy sözleri, nyşanlary (simwollary) hasaplaýar. Şonuň üçin bäş müň nyşandan (simwoldan) geçmeseň gowy bolar. Makalalary gijä galsaň, penşenbe gününe çenli ugrat – diýdi terjribeli žurnalist. Şeýle-de ol, Serdara makalalary gazete iberjek elektron poçtasynyň elektron salgysyny hem bellik etdirdi. – Ýene bir bellemeli möhüm zat, köpräk maglumat tapan mahalaňyz, ýazgy işleri bilen yzygiderli meşgullanyp, kän makala ýazsaňyz, ätiýaçlykda dursun – diýdi Mansur aga. Serdar içki duýgusyny daşyna çykarmasa-da, begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Çünki, ol makalalarynyň hepde-de bir gezek gazete çap ediljekdigini hem-de onuň üçin galam hakyny hem aljakdygyny göz öňüne getirip, özüni gaty bagtly hasaplaýardy. Serdar, begenjinden ýaňa Mansur aganyň: «Şu penşenbe güni ilkinji makalaňa garaşýaryn.» – diýenine-de biraz soň düşündi. Ol gysga bir dymyşlykdan soňra, bu sözüň iş görüşmesiniň gutarandygyny aňladýanýandygyna akyl ýetirdi we ýerinden turup: – Sag boluň. Men makalany gijä galsam, penşenbe gününe çenli ibererin – diýdi. Serdar sözüni gutaranynda, Mansur aganyň hoşlaşmak üçin, elini özüne tarap uzadanyny gördi. Baş redaktor onuň elini gysanynda: – Sizden gowy makalalaryň geljekdigine ynanýaryn. Şowly bolsun! – diýdi. Serdar çala başyny atyp, minnetdarlyk bildirdi-de, Mansur aga bilen «sag boluň» diýip hoşlaşdy. Ýaş žurnalist kabulhanadan çykyp, Mansur agaň kätibi Marala «sag boluň» diýjek bolup bakanynda, ol hem «Şowly bolsun!» – diýipdi. Diýmek, Serdaryň işe kabul edilenini, eýýäm ol-da bilýärdi. Ýaş žurnalist kätip gyza minnetdarlyk bildirip: – Hormatyňyz üçin, köp sag boluň – diýdi. Mansur aganyň özüne iş teklibini edenini, kätip gyzdan başga-da bilýän barmyka? Her niçigem bolsa, häzirlikçe Serdar üçin muny bilmek möhüm däldi. Çünki, geljek hepdäniň duşenbe güni gazet çykanynda muny hemme kişi biljekdi. Ol «Serdar Gökdag» diýip, öz at, familiýasynyň gazet sahypasynda orun aljakdygy barada pikir etdi we muňa örän guwandy. Ýöne, gazetde onuň at, familýasynyň gapdalynda suratyny hem goýarlarmyka? Beýleki žurnalistleriň hem gazet sahypalarynda neşir edilen makalalarynyň aşagyndaky at, familiýalarynyň gapdalynda suratlary bardymy? Bu barada hernäçe pikirlense-de, gazet sahypasynda awtor hökmünde žurnalistiň suratyny göreni hiç hili göz öňüne gelenokdy. Ol özünden makala ýazmak işi gyssagly talap edilse-de, gazet sahypalarynda «Serdar Gökdag Jedid gazetinde», «Serdar Gökdag makalalary bilen Jedid gazetinde» ýaly sözbaşylar bilen özüniň mahabatlandyrylmajakdygyna hem akyl ýetirýärdi. Serdar öz ýanyndan «Gör, ýigidimiz, şan-şöhraty nähili gowy görýär ekeni» diýip, öz-özüni ýazgardy. Bu hili pikirlere çümüp, ýöräp barýan ýaş žurnalist metbugat binasyndan daşaryk çykanyny-da duýman galdy. Köçe köp adamlydy. Ol öz ýanyndan «Biraz pyýada ýöresem gowy bolar» – diýip pikir etdi. Köpçüligiň içinde ýöremek Serdary has-da rahatlandyrdy. Şäheriň merkezindäki seýilgähiň kölegelik ýerinde bir boş otyrgyç gördi. Oturgyjyň orta arasynda iki elini gapdal ýana uzadyp otyrdy. Ol ozal oýuna gelse-de şu pillä çenli kän bir piňine almadyk esasy meselesine ünsi jemledi: Näme hakda makala ýazarkam diýip pikirlendi. Esasy zat, onuň ilkinji makalalary örän täsirli, okyjylaryň ünsüni özüne çekiji bolmalydy. Serdar şu pursada çenli begenjinden ýaňa şatlykly ýagdaýy başdan geçirip, bu baradaky pikirlere känbir ünsem bermändi. Juwan ýaşda uly bir gazete makala ýazjagy üçin Ýaradana şükür edýärdi. Serdar öz ýanyndan: «Daşky gurşaw bilen baglanyşykly makala ýazyp bilerin» diýip pikir etdi. Çünki, iş görüşmesi pursadynda Mansur aga Serdaryň daşky gurşaw bilen baglanyşykly pikir-garaýyşlarynyň göwnünden turandygy, henize çenli «Jedid» gazetinde bu tema hakynda makala ýazan žurnalistiň ýokdugy barada aýdypdy. Hut şonuň üçinem, Serdar öz-özüne:«Dogrudanam, daşky gurşaw hakynda makala ýazaýyn» diýip, için gepletdi. Ýaş žurnalistiň aňynda ýyldyrym çaltlygyndaky tizlik bilen daşky gurşaw baradaky pikirler döräp başlady. Birdenem, edil şu pursatda oýuna gelen pikirleri unudaryn öýdüp howsala düşüp ugrady. Dessine, jübülerinden syýagalam bilen kagyz gözledi. Jübilerinde galam bardy-da kagyz ýokdy. Bir halypa ýaşuly ýazyjynyň ýaşlar bilen söhbetdeşliginde: «Ýazyjy adamyň ýanynda elmydama syýagalamy bilen bellik depderçesi bolmalydyr» diýenini ýadyna salyp, ýylgyrdy. Jübüsinden syýahat petegini (wizit kartyny) çykardy we onuň arkasyna bellik etdi. Serdar aňynda peýda bolan «Daşky gurşaw», «Günbatarda daşky gurşaw», «Daşky gurşaw täze bir ahlakmy?», «Oba hojalyk toplumlarynda daşky gurşaw», «Ýaradylany söýeris Ýaradandan ötri» ýaly pikirlerini gysgaldyp ýazsa-da, syýahat peteginiň (wizit kartynyň) arkasynda soňky sözlerini bellik etmäge ýer galmady. Serdar rahatlandy. Ol ýerinden turdy we öýe gidip ilkinji makalasyny ýazmak kararyna geldi. Makalanyň temasy daşky gurşawdy. Ol özüniň ilkinji makalasynyň sözbaşysyny «Daşky gurşaw Watandyr» diýip atlandyrsa, okyjylar üçin täsir galdyryjy bolar diýip pikir etdi. Serdar ilkinji makalasyny penşenbe gününden öň iberdi. Penşenbe güni bolsa, onuň ätiýaçlyk üçin ýazan ikinji makalasy-da, gazet redaksiýasyna bardy.Ýaş žurnalist duşenbe gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Serdar öz ýanyndan: «Mansur aga, maňa öz suratymy hem gazet redaksiýasyna ugratmagymy haýyş edipdi. Diýmek, gazete makalamyň gapdalyndan suratymy hem çap etjekdirler» - diýip pikir etdi. Serdar duşenbe güni irden öýleriniň golaýyndaky metbugat dükanyndan «Jedid» gazetini satyn aldy we dessine onuň 6-njy sahypasyny açdy. Ine, şu ýerde sahypanyň başynda suratynyň gapdalynda goýy harplar bilen «Serdar Gökdag» diýlip ýazylypdyr. Ol dessine dellekhana baryp, saçyny oňartdy. Ondan soň, öýüne gelip, naharlanyp otyrka-da, gazeti ýamaşgandan eline aldy. Serdar öz ýanyndan gazetiň bildiriş sahypasynda özüniň makala ýazjakdygy barada öňünden habar bermändikleri barada oýlandy we «owarram-la» diýip öz-özüne göwünlik berdi-de, gazeti öýlerinde goýup, daşary çykdy. Serdar işe gidip barýarka, metbugat dükanyndan ýene-de bir «Jedid» gazetini satyn aldy. Ol öz ýanyndan: «Bu gün bütin ýurt meniň makalamy okar» diýip pikir etdi. Birdenem «Bütin ýurt» diýen sözüni ýaňadan birküç ýola gaýtalap, öz-özüniň üstünden güldi. Çünki, ýaş žurnalistiň metbugata neşir edilen makalasyny bütin ýurt okamaga ýeter ýaly, «Jedid» gazetiniň çap sany o diýen kän däldi. Bu sebäpden Serdar: «Her bir «Jedid» gazetini alan, hökmany suratda seniň makalaňy okamaza» diýip, öz-özüne gaharlandy. Hakykatdanam, şol gün diňe birküç sany ýakyn dosty jaň edip, ony «Jedid» gazetine makalasynyň neşir edilmegi bilen gutladylar we bu barada özlerine öňünden aýtmandygy üçin ýaş žurnaliste käýediler. Serdaryň gazet redaksiýasyna ätiýaçlyk üçin ýazyp ugradan makalasy-da «Jedid» gazetiniň ikinji hepdedäki sanyna çykdy. Ýaş žurnalisti ýene birküç sany kişi jaň edip, täze makalasy bilen gutladylar. Serdaryň makalalarynda öňe sürülen täzeçe pikirler, pikirleriň beýan ediliş usuly, edebi gymmaty... Ýaş žurnalistiň makalalary barada hiç kim çynlakaý tankyt etmeýärdi. Serdar gaty bilesigelijilik bilen gyzyklanyp başlady. Hakykatdan-da, makalalar okyjylar köpçüliginiň göwnünden turdumyka? Ýaş žurnalist bu usulda makala ýazmagyny dowam etdirmelimi? Ol makalalaryna mundan başga nähili täzeçe pikir başlangyçlaryny goşup bilerkä? Serdar, makalalarynyň gazete neşir edilip başlananyndan bäri, bir aý wagt geçip, dördünji ýazgysy çap edilen-de bolsa, henize çenli çynlakaý bir tankyt bilen garşylaşmady. Ol, bu barada Mansur agadan soramagy ýüregine düwdi. Çünki, ýaş žurnalist baş redaktor tejribeli žurnalist bolansoň, makalalaryna tankytly garaýyşlary bolan okyjylar hem oňa hat ýazandyrlar öýdüp pikir etdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, Serdar, Mansur aga bilen görüşmegi maksat edinip, «Jedid» gazetiniň kabulhanasyna gitdi. Baş redaktor täze žurnaliste kofe hödürledi. Serdar hödürlenen kofeden bir owurtlan badyna, aňyndan geçýän soraglar bilen baş redaktora ýüzlendi. – Makalalarym gazetiň okyjylarynyň göwnünden turýarmyka? – Hawa, göwnünden turýar – diýdi-de, Mansur aga sesini çykarmady. Serdar, aslynda özüne ýol görkezip biljek birnäçe sany makullaýjy ýa-da tankytlaýjy synlara garaşýardy. Tejribeli žurnalist bolsa sözüni dowam etmän, dymyp otyrdy. Ýaş žurnalist öz ýanyndan: «Mansur aga, özüne gaty ynamly ýagdaýda seniň makalalaryň okyjylaryň göwnünden turdy diýip, nämä esaslanyp aýdyp bilýärkä» diýip pikirlendi. Serdar aňyna gelen bu pikirlere erk edip bilmän, ýene-de baş redaktora sorag berdi: – Nämä esaslanyp, şeýle netijä geldiňiz? Köp ýyllaryň žurnalisti Mansur aga ýakymly bir ýylgyryş bilen: – Makalalaryň okyjylaryň göwnünden turýandyr, seslerini çykarýan däldirler. Makalalaryň okyjylara täsir etmeýän bolsa, olaryň ünsüni özüne çekmeýän bolsa, gazet redaksiýasyna elektron poçtaň, faksyň üsti bilen hat ýollap, telefona jaň edip, nägileliklerini bildirerdiler. Şonuň üçin-de, okyjylaryň sessizligi olaryň gazete çykýan makalalardan örän hoşallyklaryny görkezýär – diýdi. Ýakup ÖMEROGLY. Türk dilinden türkmen diline terjime eden Toýly JÄNÄDOW. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |