18:55 Iki çynar / hekaýa | |
IKI ÇYNAR
Hekaýalar
Gulagyny gabardyp, agaçdan eşidilýän şatyrdylary diňleýärdi. Gollarynyň kömegi bilen, iri göwresini agaçdan uzaklaşdyran wagty, dykgatly bakyşlary bilen özüne seredip duran töweregindäki adamlara: – Ýykylar bu agaç – diýdi. Birnäçe ädim yza baka süýüşdi-de, ilki bilen agajyň şahalaryna, soňra bolsa düýbündäki gara yzlaryna seretdi we öz aýdýan sözüne ynam bilen, başyny ýaýkady-da, ýene-de «bu agaç ýykylar» diýdi. Welaýat Medeniýet müdirliginiň hünärmenidi, bu agajyň ýykyljagyny ol bilmän kim biljekdi, eýsem. Ýanyndaky ýaş hünärmenlere köp asyrlyk agaçlara medeni gymmatlyk hökmünde baha bermek düşünjesiniň taryhy ösüşi barada gürrüň berdi. Ýewropada bu işlere näderejede uly ähmiýet berilýändigini mysallar bilen düşündirip barýarka, ýuwaş-ýuwaşdan goja çynar agajyndan daşlaşyp başlandyklaryny aňdy. Ol özlerinden bir ädim yzda gelýän toplumyň sakçysy Hamdä seretdiler we öz aralaryndaky gürrüňlerine päsgel bermezden, «Sag bol» diýen manysynda başlaryny çala aşak egdiler-de, bu ýerden uzaklaşdylar. Seýilgäh toplumynyň garry sakçysy hünärmeniň we onuň ýanyndaky ýoldaşlarynyň arkasyndan dodaklarynda bir geňsi ýylgyryş bilen seretýärdi. Mundan öňem Daşky gurşaw müdürliginiň hünärmenleri gelipdiler. Muradiye seýilgäh toplumyndaky diametri üç metr bolan çynar agajyna ýyldyrym düşmegi Bursa şäherinde uly täsir döredipdi. Edil çekirtge ýaly Bursanyň kaşaň ýerleriniň golaýyna ýyldyrym düşmegi hem-de bu hadysanyň Osmanly soltanlygynyň maşgala gonamçylygynda bolandygy baradaky gürrüň birnäçe günden bäri dilden düşmeýärdi. Üstüne ýyldyrym düşen goja çynara ýaralanan bedeni bilen uzyn şahalaryny götermek kyn düşýän ýaly görünýärdi. Köp asyrlary başyndan geçiren goja çynaryň ýanyndan geçen ynsanlar, bu agaçdan çykýan şatyrdylary eşidýärdiler. Daşky gurşaw müdirliginden gelen hünärmen hem bu sesleri diňledi-de: – Ýykylar, bu agaç – diýip, örän ynamly aýtdy. Çynaryň ýaşyny hünärmenler, takmynan, 500-600 ýyla çenli ömür dowamlylygy bardyr diýip hasaplaýardylar. Gelen wekiliýetleriň arasynda agajyň gapdal taraplaryndan direg etmeklik gerekdigi baradaky pikiri öňe sürýänleriň, şahalaryny pürdäp, agajyň ýüküni azaltmaklygyň zerurdygyny dile getirenleriň, günbatarda şeýle ýaraly agaçlary bejermeklik üçin niýetlenilen ýörite enjamlaryň bardygyny we bu döwrebap enjamlary tiz wagtda şu çynar agajyny bejermeklik üçin ulanmaklygyň möhümdigini aýdanlaryň her birini Hamdy sakçy aýry-aýry diňläpdi. Onuň goja çynara ýyldyrym düşeninden bäri geçen üç ýylyň içinde ýaraly agaçlaryň bejergisi dogrusynda diňlemedik hünärmeni ýokdy. Welaýat häkimliginden, şäher häkimliginden, hat-da Ankaradan ministrlikden bu ýere gelen işgärleriň ählisi-de bu goja çynara bir çäre görülmese ýykyljakdygyny aýtdylar. Hamdy sakçynyň öýi-de Muradiýe seýilgäh toplumynyň gapdalynda diýen ýalydy. Onuň öýüniň penjiresinden bu seýilgäh toplumy gaty gowy görünýärdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, gaty köp ýyllardan bäri Muradiýe seýilgäh toplumyna başga sakçy bellemediler. Hamdy sakçy ilki bir aýlyk bilen gündüzine sakçylyk ederdi, ondan soň bolsa, öýünden aýaly we çagalary bilen birlikde gijeki gözegçiligine başlaýardy. Olar günlerde bir gün gijäniň ýarynda Muradiýe seýilgäh toplumyndan eşidilen gaty uly şatyrdy ses bilen oýandylar. Bütin maşgala penjirelere ylgady. Goja çynar mundan artyk saklanyp bilmän ýykylypdyr. Aýaly bilen ýüzbe-ýüz gelen Hamdy muňa örän içgin gynanyp: – Gije ýykylany gaty gowy boldy. Gündiz adamlaryň üstüne ýykylan bolsa, gaty uly betbagtçylyga sebäp bolup bilerdi – diýdi. Ertesi gün ilki bilen şäher häkimliginden hünärmenler geldi. Olar hem: – Gije ýykylany gaty gowy bolupdyr – diýdiler. Şäher häkimliginden gelen hünärmenleriň biri bu köne çynaryň ýerine täze nahal oturtmagyň zerurdygyny dile getirdi. Ýanyndaky ýoldaşlary-da muny makulladylar. Şäher häkimliginiň hünärmenleri Muradiýe seýilgäh toplumyndan çykmazyndan ozal Medeniýet müdirliginiň işgärleri-de bu ýere geldi. Goja çynaryň gije ýykylmagyna, olar hem begendiler. Şäher häkimliginiň hünärmenlerinden köne çynaryň ýerine täze nahal oturtmagyň zerurdygyny dile getiren kişi, bu pikirini Medeniýet müdirliginden gelenlere-de aýtdy. Bu pikiri olar hem makulladylar, hat-da aralaryndan biri: – Hakykatdanam, gaty gowy bolar. Goja çynaryň köki Osmanly soltanlygyny, o ýerde täzeden oturdyljak ýaş çynar nahaly bolsa häzirki döwletimizi alamatlandyrar. Nähili ajap bolar – diýdi. Bu aralykda, Daşky gurşaw müdirliginden-de gelenler boldy. Gaznalardan hem bir iş topary sebit ýolbaşçysynyň baştutanlygynda Muradiýe seýilgäh toplumyna geldi. Bu ýere taryha içgin gyzyklanmasy bolan häkim kömekçisi hem gelipdi. Bu aralykda häkimlikden gelen bir iş topary ýerde ýatan goja çynaryň şahalaryny kesip, diňe agajyny galdyrdylar. Aslynda, taryhy nukdaýnazardan, özboluşly bir mazmuna eýe bolar ýaly, köne çynaryň ýerine ýaş nahal oturdylmalydy. Hamdy sakçy bu pikirleri goja çynaryň ýykylanyndan bäri geçen iki ýylyň içinde Muradiýe seýilgäh toplumyny görmäge gelen zyýaratçylardan daşary, kim biler, näçe kişiden diňledi. Goja çynaryň ýeri boş galmaly däldi. Günlerde bir gün Hamdy sakçy Muradiýe seýilgäh toplumyny arassalap bolup, töweregine garanjaklap durka garşydaky dar köçede bir syýahat awtoulagy durdy. Syýahatçylar toparynyň ýanynda ýaş ýolbeletlerden tanyş biri bardy. Syhaýatçylar Muradiýe seýilgäh toplumyna girdiler. – Hamdy aga, Mari hanym Sizden bir zat soramak isleýär – diýip, garry sakçyny öz ýanyna çagyrdy ýaş ýolbelet. Ýaş ýolbelet, bu seýilgäh toplumy barada syýahatçylara gürrüň beriläýjek ähli maglumatlary bilýärdi. Hamdy sakçy özüniň çagyrylmasynyň sebäbine düşünip bilmese-de, olara tarap ýöredi. – Hamdy aga, bu ýerlerde çynar nahaly barmy – diýip sorady ondan Mari hanym. – Bu ýer Bursa – diýdi Hamdy – Çynar nahaly bolmazmy? Merinos bazarynda satýarlar. – Gaty gowy. Bahalary näçedenkä? Ýaş ýolbelet, gürrüňdeşligi kanadaly syýahatçy Mari hanyma terjime edip berýärdi. – Nahallaryň ýaşyna görä bahalary üýtgeýär – diýdi Hamdy. – Iň ýaş nahaly elli dollara, biraz ulurak nahaly ýüz dollara, iň uly nahaly bolsa ýüz elli dollara satyn alyp bolýar. Mari hanym çynar nahallarynyň bahasyny bilenden soňra, ýolbelet terjimeçisiniň kömegi bilen: – Merinos bazary uzakdamy – diýip sorady. – Ýok – diýdi Hamdy. – Taksi bilen gitseň, on minutda baryp bolýar. – Bu jogaby eşiden badyna Mari hanym gapjygyndan iki ýüz dollar çykaryp, Hamdy sakça uzatdy. Ýüz elli dollar nahal üçin, elli dollar bolsa taksiň tölegi. Ol ýolbelet terjimeçisiniň kömegi bilen Hamdy sakça bir çynar nahal satyn alyp getirmegini haýyş etdi. Hamdy on minutda Merinos bazaryna bardy. Iň gowusyndan bir nahal saýlamak hem, onuň on minudyny aldy. On minutda hem seýilgäh toplumyna gaýdyp geldi. Hamdy sakçy aýalyndan pil sorady we on minutda hem köne çynaryň ýerine täze nahal oturtdylar. Mari hanym: – Bu çynar Kanadanyň nyşanydyr (simwolydyr) – diýdi-de, Hamdy sakça ýene-de ýüz dollar berdi. Ýolbelet terjimeçi oňa Mari hanymyň bu puly çynara ideg etmesi üçin, zerur bolan wagty suwarmasy üçin berendigini aýtdy. Aradan bäş ýyl geçdi. Mari hanym, Hamdy sakça her ýyl ýüz dollar ugradyp, bu ýere syýahat eden mahalyndaky ýolbelet terjimeçisiniň kömegi bilen, telefonda çynar agajynyň ýagdaýy hakda maglumat alýardy. Medeniýet müdirliginiň, şäher häkimliginiň, gaznalaryň hünärmenleriniň Muradiýe seýilgäh toplumyna ýollary düşeninde, ýanyndakylara zerur idegler öz wagtynda edilse, bu çynaryň hiç haçan ýykylmajakdygy hakynda dowamly gürrüň berýärdiler. Türk dilinden türkmen diline terjime eden Toýly JÄNÄDOW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |