04:25

Gar kebelekleri / hekaýa

Mistika we fantastika
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 343 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Gyzykly hekaýa bolupdyr.
Hekaýañ adynyñ üýtgeşikligi okyjyny derrew okamaga çagyrýar. Hekaýañ özem ady ýaly üýtgeşik eken.
Ýazyp hem ýetirip duruñ!

0
6 Garadag  
128
Hekaýanyñ ady öte şahyrana boldumyka diýen hederimem bardy. Sag boluñ herhal!

0
2 Bagabat  
43
Hekaýaň ýazylyşy erbet däl. Mazmunyna kybapdaş göwrümi bar. Esasy “hekaýat edilmeginiň” dowamynda birtopar durmuşy detallaram ýerliklije berlipdir. Hekaýada özbaşyna bir intrigajyk bar. Ýöne soňunda awtor tarapyndan awçylaň gümürtik ölüminiň tasa getirilip berilmesi (oý ýerde gaz çykmagy, serhoşlaňam bilmezden demigip ölmegi), okyjy üçin intrigany “döwüpdir” ýaly.
Ýöne bu “düşündirme” baram bolsa, onda çopanyň gören iki jesedi nirde?

Dünýä – äpet komp.
Biziň durmuşymyz onda ustanowka edilen Windows-1000∞∞.
Bizem şol absolýut pogruženiýeli, Neoň Matrisasy pisint oýnuň ýunitlerimi?
Onda ruhumyzam, komp-dilleriniň birinde, mysal üçin: Pitonda ýa Ýawada, her bir algoritmi ýazylan prog bolýa-da, şeýlemi?

Bellikler/teklipler:

1. Hekaýaň sözlemleri ykjam. Kän bir gereginden artyk söz süýndürme ýok diýen ýaly. Emma şonda-da sözlemleri hasam “gepe husytlaşdyryp” boljak eken. Mysal üçin: “Oý ýeri belent, belendi tep-tekiz edip taşlapdyr, göz açar ýaly däl” diýen sözlemi şu görnüşde “jotdalasaň”  näderdikä?
“Oýy belentläp, beýigi tekizläpdir, göz açarlygy ýok”;

2. “Howa-da terliginden ýarylaýyn diýýä”. Çölüň säher sährasynda waharmanyň ternesini ellän ýaly duýgy döredýänje sözlem eken.

3. “Eginlerinden goşa asan goşa gara” diýen sözlemdäki tawtologiýa gowy gelşipdir.

4. Bilemok, bilgeşleýin edilipdirmi ýa-da üns berilmän, ýöne şujagaz ýerinde örän az “meýdanda”, bary-ýogy üç-dört sözlemde “yz” diýen düşünje birbada gereginden artyk kän ulanylýan ýaly: “Öňden barýanyň YZyndan galman YZdan gelýän käte YZyna-da garaýar. Içmek geýensoň gowşup bilenok aňsat. - Bapbym, YZymdan galmaweri – diýip, öňdäki YZyna garaman lak atýar. YZdaky aýagYZlaryna keýp edip barşyna...”. Beýlebir uzyn bolmadyk dört sözlemde 7 sapar şol bir sözköküli, manydaşa ýakyn söz gaýtalansa artykmaç bolanokmy? Ýa muny “dinozawr ekgäň özi öňem ýahşy biledi” bolup, ýörite ededimi?! :-)
Ýene-de: “Içmek geýensoň gowşup bilenok aňsat” diýen sözlem düşnüksizräk. Ony “Içmekli bolansoň ibaly eýgerenok/eýgermeýär” diýen ýalyrak alynsa, niçik bolarka, Sylapberdi?!
Bu “yz” sözi soňam ýene-de täzeden bat alýar-da, az ýerde köp gaýtalanmaga dyzaýar :-): “Towşanjyklaryň YZlary. Ol YZlar awçylaryň soňky gören YZlary, hemem olaryň YZyny gören bolmady”.

(Elbetde, awtor munuň ýaly bir sözi ençeme gezek ýanjamak usulyny diňe özüne mälim maksatdan ugur alyp, eserinde ulanyp biler. Ýöne, beýle köp gaýtalamak, tötänden ýa ünssüzlikden bolanda, tesimiň (abzasyň) çeperçiligini pese gaçyrýar, eseriň dilini garyplaşdyrýar, ony göze dürtülip duran hetjiklemä öwürýär...
...ýaly :-)).


5. “Huddaý bar eger” – şu ýeri “Eger Huddaý, walla kessin” diýen ýalyrak edilse has täsirli bolaýjak ýalymy ýa-da jümle uzalýamy?

6. “ýok saz ýaly, ýüregedüşgiç saz ýaly galgap” diýen iki jümläni birleşdirip: “hiç ýerde (gaýypda-aýatda?) ýok, ýüregedüşgünç saz ýaly galgap” diýen görnüşde ýazsaň näderkä, Sylapberdi?

7. Bu görnüşi adaty hasaplamadyk çopan – “Bu görnüşe aňkaran çopan” diýseň näderkä?

8. “Gar eräp, eräp ýetişmedigi ýylgynyň astynda gatap galypdyr” “eräp” diýen sözi bir ýerde iki gaýtalamazlyk üçin, “Garyň eräp ýetişmedigi ýylgynyň astynda gatap galypdyr” diýseň näder?

9. Ýene-de bir sözüň birnäçe ýanaşyk sözlemde öwran-öwran gaýtalanmagy: “Garyň AKlygyny nämä deňäp bolar? Of corse, kepen, of corse. Ölen adamyň soňky eşigi kepen. Ap-AK bolýar, edil şu AK gar ýaly. Indi şu AK gar-da biziň kepenimiz ýaly diýjek bolýaňmy”.

0
3 Bagabat  
43
Käbir säwlikler (ýa-da maňa şeýle bolup görnenler :-)):

Ir-säher – Ir säher;

öýkenini azarlaýar – öýkenini köseýär;

başlapdyrynda – başlapdyryn-da;

Boljak oglan bokundan belli diýenleri-de – “Boljak oglan bokundan belli” diýenleri-dä;

başyňyza bir bela açaýmasyn – “başyňyz bir bela uçraýmasyn”;

goňşy-golamlar şu çagaňyza göz degäýmesin diýip – goňşy-golamlar: “şu çagaňyza göz degäýmesin” diýip;

Daş-töwerk – Daş-töwerek;

basyrnyp – basyrynyp;

gülümsediler – (gülümsireşdiler) ýyrşaryşdylar;

ümürsow – “ümürsöw” dogry bolaýmasa (belki, ýalňyşýandyryn);

gardan ýerden saýlandylar – “gardan” ýa “ýerden” bolmaly öýdýän?
Dogrus-a “gardan” ýaly;

Aý, indi-hä – Aý, indä-hä;

dalada?!

Çopana meýlis haram diýeni – “Çopana meýlis haram” diýeni;

ýer gyrytlap – ýer gyratlap;

Ýok how – Ýok-how;

derýänyň – derýanyň;

Gara derýa diýýäni – “Gara derýa” diýýäni;

birinki – biriniňki;

ýüz keşbi – ýüz-keşbi;

Baýkanur – Baýkonur ýa-da türkmençe: “Baýgoňur”. (Henekmi ýa çyn – bilemok, ýöne Bäherden etrabynyň Bamy obasynda goňurlaň tiresi, şoňam “baý” urugy bar (...myş :-)). Bäş-alty asyr mundan ozal, “Emir” diýen ismi-nisbaly “Teýmir” diýenem lakamly Leňiň :-) döwürräklerinde, häzirki şo adybelli yrakete ystoýankasynyň mekanam şol “Goňurly baýlaň” urugynyň awlagydyr ýazlagy bolupmyş. Şol sebäpdenem şo mesgeni-mekanlara: “Baýgoňur” ady ism bolup galypmyş :-));

agygrdaýjak – agyrdaýjak;

bolmadan soň – bolmandan soň;

tebigaty goramak komitetiniň ofiseri – “wekili” ýa “gözegçisi” bolmaly. “Ofiser” ýa-da “serkerde” diňe harby ýa-da ýöriteleşdirilen gulluklarda bolýar. Tebigaty goramak komiteti, onuň daşky gurşawyň goralmagy babatda gözegçilik ygtyýarlyklaryna eýe bolan edaradygyna garamazdan, beýle gulluklaryň hataryna girmeýär. Onsoňam häzirki wagtda bu ygtyýarlyklary “Daşky gurşawy goramak ministrligi” amala aşyrýar. Şo sebäpden “Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işgäri (gözegçisi, wekili)” diýilse dogry bolarmyka diýýän.

suwutly – suwytly;

bara – bar-a;

gäwşesede – gäwüşese-de;

gäeşese – gäwüşese;

bolan-gopan – bolan-gopany;

Ertir howa maglumaty gar ýagar diýýär - Ertir howa maglumaty: “gar ýagar” diýýär;

we ol ýerde atanlykda – ol ýerde atdanlykda (“we” artykmaç ýaly).

Galamyň ýiti bolsun, Sylapberdi! Üstünlikler.

0
4 Bagabat  
43
Hä, "aýdaýyn" diýip aýtmandyryn: Wirt-dünýä bolsa-da, ýa neşebent çopanyňmy, öýünde serhoş ýatan "awçyňmy" gözüne görnen hyýalymy ýa hakykymy dünýä bolsa-da, Sylapberdiň bu dünýäsiniň bir zady maňa-ha ýarady. Olam edil biziň "dünýämiz" ýaly hasaplaşyk dünýäsi eken. Garnyň dokka, mätäjäm dälkäň, keýp üçin towşan janaweri "awlasaňam", hyýaly gar kebeleklerini depeleseňem, edeniň öňüňden geçip, ujyzja sypyp gidibermän, temmi taýagyňy hökman dadylyp galynýan, günäňe barabarlykda "jan deregine jan tölenýän" dünýä ekeni.

0
5 Garadag  
128
Şu günler esasan agşamlaryna gar ýagýar biziñ bu etraplara. Agşam pessaýlap ýagyp ugraýar welin, grippden ýañy gutulan janym daşary çykmanyñ zary- penjireden garap hyýal ýüwürdýan, Serdar aga.
Bu hekaýa hakykatdanam garly günleriñ fantaziyasy.
Dilegleriñe tañryýalkasyn, agam!

0
7 Bagabat  
43
"Rus sergezdany" nädýä, Sylapberdi?
Ýa olam, "eýesiniň", MakGregor Ýaltalyk ibn Bimarlyk bilen çempionlyk tituly ugrundaky başa-baş göreşiniň 17-nji raundynda ony nokautlaryna garaşypjyk, penje-penje ýagýan gary penjireden synlap, kofe süzüp otyrmy? :-)
Ind-ä-hä, görlen-eşidilenler kellede tekjeme-tekje ýerbe-ýerleşip, "nyzama" düzülendir-le?!
"Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňi habar ber" diýýär-ä, Türkmen aga!
Sende biz ýaltalara garanyňda unikal mümkinçilik bar - aýtmaga "gören-eşideniň" ýeterlik. Aýtjagyňy diňe görüp ýa eşidip däl-de, içinde ýaşap gördüň. Biz bolsa ekin-tikin bilen mal-gara, onsoňam okan kitap-sitabymyz hakda gür beräýmesek. "Gezdik, ýurt gördük" diýseg-ä ýalançy :-(.

0
8 Garadag  
128
Serdar aga, Abdysamat ekäniñ "Jynlar bezmi" romanynyñ baş gahrymany Abdylla Kadyry ýazyjylaryñ başyna jynlaryñ salýan oýunlary hakda ýazýar. Dinçil häsiýetim boýunça menem jynlara, umuman beýleki tarapa kän agram berip ýaşaýan.
Gepiñ küle ýeri Rus sergezdany biraz eğlenip dur. Nesibeli güni bardyr-da.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]