14:10 Gara ahun | |
GARA AHUN
Taryhy şahslar
Çilmämmet gumunyň demirgazyk-günbatar tarapyny ýassanyp oturan Irikli obasynyň orta gürpündäki öýüň gelim-gidimi ozalam az däldi welin, soňky günlerde onuň işiginde gaýda-gaýmalaşyk has köpelip ugrady. Sebäbi Artyk molla halys egbarlap ýatyrdy. Şeýle günleriň birinde öýe girip-çykýanlar az wagtlyk doňan ýaly boldular. Birdenkä bu ümsümligi: “Eý-waý, dogan, wa-aý, heý-wa-aý” diýip çykan erkek sesi bozdy. Şonda bu agy sesini derrew goýdurdylar, oňa göwünlik berdiler. - Goý, inim, mert bolarlar, Allatagalaň eden işine şükür etmelidir. Şol wagt öýlerinde oturan adamlaryň arasynda bolan gürrüňlerem şol ynsan baradady. Artyk molla pahyr türkmeniň şatlygyna şatlanyp, hasratyny deň paýlaşýan adamdy. Bu jelegaýlardaky gazak gardaşlarymyzam ony öz adamlary hasaplaýardy. Häli-häzirler il-halka zerur gerekdi. Garaz, bendäň sylagy ýetikdi. Ýas bolsa-da, toý-tomaşada-da ony derrew çagyrardylar. “Aý, hawa-da, Allatagal hem gowusy gerek-dä” diýşip, hemmeler agyň çykan ýerine howlukdylar. Şol öýe tarap ikibir-üçbir bolup barýan aýallaryň hem edýän gürrüňleri ýap-ýaňy amanadyny tabşyran Artyk molladyr onuň yzynda galanlar hakyndady. - A gyz, Artyk mollaň yzynda iki ogul, bir gyz galaýdymy? - Hawa, üç çagasy galdy. - Ejeleri Oguljan-a heniz ýaşdyr. Ýöne özi erkek gylyk-häsiýetli zenandyr. Çagalaryny hor-homsy etmejegin-ä bilýärin. - Şol Oguljan gelnejäň Nedirgylyç diýen oguljygy ýaňy üç ýaşan bolsa-da, tüweleme, uly adam ýaly akyllyja. Gepi-sözi ýerinde. Ine, şu zenanyň Nedirgylyç diýip, gürrüňini edýän çagajygy şondan tas otuz ýyl soň “Gara ahun” adyny alan, häzirki wagtda günbatar Türkmenistanda ýa-da başgaça aýtsak, welaýatyň merkezi Nebitdag şäheriniň demirgazyk-günbatar tarapynda uly gonamçylygyň gonambaşy bolup ýatan, dirikä bihal däl hasaplanylan adamdy. Biziň söhbetimiz hem onuň manyly ömri barada bolýar. * * * “Ilim-günüme döneýin. Ýöne özümi hem ele alaýyn”. Bu sözler Oguljan gelnejäň adamsy Artyk mollanyň ýedisi geçenden soň aýdan sözleridi. Ol şeýle diýmek bilen öz-özüne göwünlik beripdi. Çünki hemme ýerde bolşy ýaly, il-gün bu bendäniň-de ýedisini sowup, öz ojaklaryna dolandy. Ozal aryň öýjügi ýaly bolup, märekeden ýaňa zordan girip-çykylýan bu öýüň gugaryp galmagy bu ýerde ýaşaýanlaryň gerdeninden basdy. Çagajyklar muny has beter duýdular. Olar ejeleri Oguljan gelnejäň ýanynda gözlerini tegeleşip, kömekleşýärdiler. Oguljan gelneje şonda ejizligiň diňe kynçylyk getirjegine göz ýetirdi. Uly ogly Amangylyja ýüzlendi: - Hany, Amangylyjym, aýaga galaly. Daşary-içerimizi tertibe salaly. Indi biz öz başymyzy özümiz çaramalydyrys. Öýüň agyr işleri ikimiziň gerdenimize düşer. Seň mundan beýläk uly adam ýaly bolmaly bolarsyň. Işden boşadygyň hem öz bilýän elipbiýleriňi Nedirgylyja öwret. Ol, tüweleme, tiz özleşdir. Nesip bolsa, ony okadaryn. Hany boluň, balalarym, heriňiz bir işe ýapyşyň. Özümizi dürsäliň. Şeýdip, aýlar-günler geçip barýardy. Çagalaryň ejesi azyk-wkat üçin kerwenleriň hataryna goşulyp ugardy. Oguljan gelneje bir Hywadan, birem Etrekden çykardy. Ol kä giden argyşynda satmaga zat tapman, baran ýerinde ýük çekip gazanç ederdi. Şeýdibem, onuň ýaş bedeni ir bekedi. Soň-soňlar bu zenan käteler Buhara tarap gidýänleriň hem hataryna goşulyşyp gördi. Günlerde bir gün mal-garasyna seredip ýörkä, oba gelen myhmanlaryň biri oňa ýakymsyz habary ýetirdi. Dogrusy, bu habara Oguljan gelneje öňräkden garaşýardy. Ýöne ondan nähili gutuljagyny, näme bahana tapjagyny oýunda şol agtarar ýörerdi. Oguljanyň çaklaýşy ýaly hem boldy. Onuň doganlary şol gün öýlän Iriklä geldiler. Doganlarynyň gapysynda çöp ildirilgidigini görüp ýaýdanjyradylar. Onýança goňşular ýygnanyşdylar. Gapyny açyp, olary töre geçirdiler. Gelenler aýat okadylar-da, doganlaryny soradylar. Goňşulary bolsa, ozal dilleşişleri ýaly: “Ýaňy üç-dört gün mundan öň Hywa gitdi” diýişdiler. Ýigitler muňa ynandylar. Şol gün agşam ýegenjikleri bilen doganynyňkyda ýatdylar. Ertesi irden çagajyklar, goňşy-golamlar bilen hoşlaşyp, yzlaryna ýola rowana boldular. Oguljan gelneje bolsa şol gün gijara öýlerine dolandy ýene-de adaty durmuş başlandy. Olar ýeter-ýetmezçilik bilen gaç-da-kow bolup ýörüşlerine doganlary ýene dolandylar. Bu gezek Oguljan gapyl galdy. Emma aljyramady. Doganlaryna çaý-suw berdi. Dynç alar ýaly olara ýassyk oklady-da, özi goňşy-golamlara diýip gitdi. Ep-esli wagtdan hem öýe dolandy. Şonda doganlary oňa: - Oguljan, biz-ä seni alyp gitmäge gelendiris. Bu dädemiziň, ejemiziň tabşyrygy. Ýol şaýyňy tut – diýdiler. Oguljan gelneje bu gürrüňe garaşansoň, çagalarynyň Nedirgylyçdan başgasyny goňşusy, ýüwürjisi Gaýlylaryňka eltipdi. Özüni merdemsi tutup, agalaryna ýüzlendi: - Siz gijä galdyňyz, doganlarym, men-ä şu ýüwürjim Gaýla aýakbagy bolaýandyryn. Onuň aýaly golaýda iki çagasyny ýetim goýup gidipdi. Men indi iki öýi ekläp-saklap ýörün. Şeýle ýagdaýda men turup gidibersem, il-halk näme diýip, näme aýdar?! Beýtsem tohum-tijimize ysnat getirdigim bolar. Siziň maslahatyňyz nähili?! Şonda olaryň ulusy başyny ýaýkap: - Nädogry edipsiň, ýal dogan. Beýle işleri etjek bolanyňda hökman ene-ataňa sala salynýandyr. Indi edipsiň-edipsiň. “Bolan işe çäre ýok” diýipdirler. Bagtyň, maňlaýyň bolsun. Sag otur onda. Garrygalalylara-da baryp, bolan işelri aýdarys-da – diýdi-de, inisine “ýör” diýen yşaraty etdi. Oguljan olary ýola saldy. Soňam hoşlaşyp, öýüne geldi. Emma onuň özüniň doganlartyna aýdan “Men-ä Gaýla aýakbagy bolaýandyryn” diýen sözi arkaýyn oturtmady. Şeýle bolansoň, ol eden hereketini goňşy-golamlardaky garrylary çagyryp aýtdy. Ýaşulular bu bolan wakany diňläp: - Dogry edipsiň, gyzym. Tüýs türkmençilige mahsus zat. Ýogsam bolmasa, Gaýly bir düňle ýaly bolup, gezip ýör. Onuň durmuş bilenem, çagalary bilenem işi ýok. Sen oň bilen goş birikdirip, iki öýe-de özüň eýelik etseň, sogabyna ýetesi näme bar onuň. Ine, şeýdibem Oguljan gelneje ýüwürjisi Gaýly bilen goş birikdirýär. Ol indi öz çagalaryndan daşgary Gaýlynyň öňki aýalyndan galan iki çagany hem eklemeli-saklamaly boldy. Wagtyň geçmegi bilen Oguljanyň Gaýlydan hem iki ogly, bir gyzy bolýar. Olaryň atlaryna Annagylyç, Durdygylyç, Ogulbike dakýarlar. Elbetde, Oguljan gelnejä bu durmuş ýeňil düşmändi. Ol ozal kerweniň hataryna bir ýylda iki-üç gezek goşulyşan bolsa, indi onuň sanyny köpeltmeli boldy. Şonda-da ol durmuşyndan nalamady. Mydama bili guşaklydy. Ol zenany Etrekden Hywa çenli tanamaýan zaz-azdy. Argyşlara gidilende ol ençeme gezek tanymal adamlaryň ýükçüsi bolup ýola düşüpdi. Ýükleri ýüklemeli bolanda-da, düşürmeli bolanda-da ol hiç bir erkekden kem oturmaýardy. Şonuň üçinem toýda-tomaşada dalaş bolanda gelin-gyzlar Oguljan gelnejeden daşrakda bolýardylar. * * * Agasynyň her bir aýdan harpyny gaýtalaýan Nedirgylyç indi käbir zatlary hetjikläp okap bilýärdi. Ol öz okaýşyny ejesine görkezjek bolup, dädesinden galan kitaplaryň birini eline alyp, başardygyndan okap bererdi. Bir gün Oguljan gelneje oglunyň başyny sypap: - Berekella, oglum, berekella, okaber. Nesip bolsa, şu ýyl seni Buhara ýerleşdirerin. Eýýäm habar tutup başladym. Balkanyň gündogar çetindäki bagalardan biri, Uzboýyň boýunda ýerleşen obalardan iki sany hebipli şu ýyl çagalaryny şol ýere eltip gaýtjaklar. Menem seni şolar bilen bile medresä tabşyryn. Harajatyndan, kynçylygyndan hem gaçmaryn. Galan zat özüň bilen, oglum. Okamaga gidersiň gerek? – diýip sorady. - Gitjek, eje, gitjek. Haçan gideri? - Nesipli gün bardyr, oglum. Bir gün atly ýigit gapydan gelip: - Şu Oguljan gelnejeleň öýümi? – diýip sorady. - Hawa, dogry gelipsiň, kim-de bolsaň giriber – diýdiler. Ýigit atdan düşüp, atyny golaýdaky mal ýatagynyň ýanyndaky gazyga daňdy-da, öýe girdi: - Essalawmaleýkim! - Waleýkimessalam, gel bally, töre geç. - Ýok, gelneje, geçip oturjak däl, men size sargydy ýetirmäge geldim. Siz ogullaryňyzyň birini Buhra iberjek bolýaňyzmy, nämemi? Eger Artyk mollaň maşgalasy pikirinden dänmedik bolsa, geljek anna güni Uzboýyň boýundaky hebiplileň oturýan obasyna ýola taýýar bolup gelsin diýip iberdiler. Beýleki ýerlerdenem gitjekler şol oba geljekler. - Taňryýalkasyn, habary ýetireniňe, ballym. Nesip bolsa, bir gün öňünden bararys. Hoş habary eşiden Oguljan gelneje bu barada goňşularyna habar berdi. Erte-birigün gitmelidigini aýtdy. Goňşulary kimsi külçe bişirip getirdi, kimsi keçe berdi. Olaryň arkasynda akja biýzden köýnek-balak tikip getireni-de bardy, namazlyk bereni-de. Mahlasy, gelen sowgatlaryň özi bir düýelik boldy. Gitjek günleri bolsa ony ýola salmaga geleniň sany-sajagy ýokdy. Obanyň garry aýal-erkekleri olaryň göni gapylaryna gelip, Nedirgylyçjyk bilen elleşip: - Sag-aman bar, oglum, Allanyň nazar salan adamsy bolup ýetiş. Enşalla, şeýle-de bolar. Buharada okamak Käbede okamak bilen deňeçerräk hasaplanylýandyr. Allatagala kuwwat bersin, oglum – diýip galsalar, orta ýaşlylar olary aradan çykýançalar ýola saldylar. Amangylyjyň, Nedirgylyjyň deň-duşlary bolsa olary Akguýa eltip gaýtdylar. Bütin akguýylylar hem Nedirgylyja ak ýol arzuw etmäge çykdylar. Ýene-de elleşip hoşlaşmak, sowgat bermek dowam etdi. Amangylyç doganynyň yzyndan: - Hoş, bally! Aman-sag bar. Belki Alla, maksadyňa ýetediň. Indiki didarlaşýançak seni beýik Alla tabşyrýaryn – diýip gygyrdy. Eneli-gul gök eşege artlaşyp, iki düýäni hem ýüki bilen yzlaryna tirkäp, Uly Balkanyň arkajy bilen niredesiň uzboýyň boýundaky hebiplileriň obasy diýip barýardylar. Olary gelen obasynyň adamlary gowy garşyladylar. Mal-gara soýdular. Gitjekler ýol-şaýlaryny bir gün öňünden mäkäm tutdular. Şol gün Buhara gitjek çagajyklaram özara tanyşdylar. Olaryň atlary Şiri, Hakberdi, Gurbantagan hem-de Nedirgylyçdy. Çagalar jedirdeşip ýörüşlerine garaňkynyň gatlyşanyny hem duýman galdylar. Şol gün olaryň hemmesi bir öýde boldular. Ol öý bolsa şol gün edil toý ýeri ýalydy. Obanyň adamlary ýola gitjekler bilen hoşlaşmaga, olara ak ýol arzuw etmäge gelýärdiler. Her gelýäniň elinde-de sowgat bardy. Wagt birçene baranda ýassygy tirsekläp, gök çaý içip ýatanlaryň ýaşuluragy ardynjyrady-da, söze başlady: - Hawa, obadaşlar, ine, ertir biziň körpejelerimiz Buhara okamaga ýola düşjekler. Şu ýaşymda şeýle wakanyň birinji gezek şaýady boldum. Biz-ä muňa halys ýüerkden begenýäs. Ýöne ýol uzakdyr. Muňa diňe münmäge amatly ulaglary, özüni tutan inerleri alyp gitmelidir. Meni ýene bir zat birahatlandyrýar. Oglanlary äkitjekleriň arasynda zenana hem bar. Bu uzak ýol zenana eýgerdermikä?! Näme biziň erkeklerimiz ol gelniň ogluny öz çagalary ýaly tabşyryp bilmezlermi?! Men-ä şeýdiläýse gowy bolarmyka diýýän. Bu gürrüňi eşiden Oguljan gelneje şol öýüň aýalyna şeýle diýdi: - Siz ýaşula aýtsanaň, men Hywaň, Buharaň ýoluny ozal kerwene goşulyp köp gezek gördüm. Kösener diýip gaýgy etmesin. Oglumy öz elim bilen ýerleşdirip gaýdasym gelýär. Oguljan gelnejäň aýdanlaryny ýaşula ýetirdiler. Şondan soň ýaşuly Oguljan gelnejä garap: - Goý, gelnim, seniň isleýşiň ýaly bolsun. Artyk mollaň ojagynyň garşysyna gidip bilmen. Soň adamlar özara gürrň edip, gijäň ýaryna çenli oturdylar. Günüň dogýandygyny habar berýän horazlar gygyrdy. Ýola ugralmazynyň öň ýanynda obaň mollasy doga okady. Uzyn kerwen ýola düşdi. Düýnki ýaşuly bolsa barýanlara sargyt etdi: - Ýigitler, ýolda-yzda talaňçy sataşsa, olar bilen uruşjak bolup ýörmäň. Buhara çagalary alyp barýandygyňyzy aýtsaňyz, asly musulman bolsa el gatmaz. Ýene bir etjek sargydym: ýanyňyzdaky uýaňyzy hor-homsy etmäň. Bir owurt suwuňyz galsa, şoňa içiriň. Indi bolsa sizi beýik Alla tabşyrýaryn. Hoş, sag-aman baryň. Olar Buhara sag-aman bardylar. Synagdanam üstünlikli geçdiler. Olary okatjak ahun bolsa çagalaryň dört-bäş ýyl Buharada bolmalydygyny, tätile (kanikula) goýberilmejekdigini, sebäbi uzak ýola giderden çagadyklaryny aýdyp, ata-eneleriniň özleriniň yzlaryndan gelip durmaklaryny tabşyrdy. Soň-soňlar kätipleriň özleri tätile gelip ugradylar. Ýyllar geçip durdy. Bir gezek Nedirgylyç tätile gelende ony Eneke diýen gyza öýerýärler. Oguljan gelneje geljekki ahun oglunyň maşgalasynyň hem bu ugurdan habarly bolmagyny isläp, Nedirgylyç bilen maslahatlaşyp, Enekäni Kümüşdepä – ýörite aýallaryň okaýan medresesine iberýär. Eneke okuwa yhlasly ýapyşýar. Ol Nedirgylyç bilenem hat alyşýar. Eneke hatlarynyň birinde: “Men pylan derse ýetdim” diýip ýazýar. Şonda Nedirgylyç oňa: “Sen şol dersi ýekelikde tekrar etme, köpçülik bilen tekrar et, ýogsam howpludyr” diýip ýazýar. Emma Eneke Nedirgylyç okuwdan yzyndan ýetiler öýdendir hasaplap, ol dersi ýekelikde tekrar edip ugraýar. Tekrar etdigiçe hem onuň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Şondan soň Eneke bolan işe ökünip, baryny bolşy ýalyNedirgylyja ýazýar. Nedirgylyç bolsa oňa haýal etmän öýe gaýtmagyny maslahat berýär. Gün-hünden haly teňleşýän Eneke öýe gaýdaýr we üç aýdan soň hata bolýar. Ýoluň uzakdygy hem-de howanyň ýaramazdygy sebäpli Nedirgylyç aýalynyň iň soňky didaryny görmäge hem gelip bilmeýär. Muny Enekäniň dogan-garyndaşlary juda gaty görýärler. Şol ýyl tätile gelnende Buharada okaýan ähli türkmen oglanlary ilki Nedirgylyçlara, soňam Enekelere gelip aýat berýärler. Şonda Enekäniň dogan-garyndaşlary Nedirgylyçdan nägilediklerini ýaňzydýarlar. Nedirgylyç bolsa olara: “Men muny ýörite etdim. Haçan-da soňky deminde ýatan adam iň eziz adamsyna garaşyp görebilmän gitse, ol şehit bolýar” diýýär. Şonda Enekäniň dogan-garyndaşlary ondan özleriniň günäsini geçmegi soraýarlar. Günä geçilip, aradaky tow ýazylýar. Ol ýene-de Buharada okuwyny dowam edýär. Nedirgylyç okuwa jany-teni bilen ýapyşany üçinmi ýa-da Enekäniň ýogalany bilen baglanyşyklymy, garaz, tätile gelmesini seýrekledýär. Onuň eýýäm ýaşy 25-den geçipdi. Şonda iriklileriň arasynda “Aý, gör-de dur, Nedirgylyç bir özbek gyzy bilen durmuş gurandyr. Ýogsam beýdip tätile gelmän ýörmez ahyry” diýip myş ýaýraýar. Muňa garaçyny bilen ynanan Oguljan gelneje şol günleriň birinde gahar bilen Buhara ugraýar. Onuň şeýdip kösenip gelşi Nedirgylyja aýan bolýar. bir gün irden turanda talyp ýoldaşlaryna: “Meniň ejem yzymdan gelýär. Özem gaharly gelýär. Ony aldapdyrlar” diýip aýdýar. Şonda ýoldaşlary oňa ynanman: “Sen muny nädip bilýäň? Biz ynanar diýip aýdýaňmy şuny” diýýärler. Onda ol: “Eger meniň düýşüm dogry boljak bolsa, ejem ertir irden peýda bolar” diýýär. Oň aýdyşy ýaly hem bolýar. Muňa talyplar geň galýarlar we şondan soň Nedirgylyja gulak gabardyp ugraýarlar. Ejesini bolsa bütin talyplar bolup köşeşdirýärler. Beýle zadyň bolmajagyny ynandyrýarlar. Oguljan gelneje oglundan hem-de onuň ýoldaşlaryndan razy bolup, birnäçe günden yzyna gaýdýar. Okuwyň okalyp ýörlenine eýýäm 22 ýyl geçipdi. Bir wagtky okuwa diýip gaýdan çagajyklar indi sakgally-sarmykly adamlar bolupdylar.. olar dini kitaplaryň hemmesini diýen ýaly ýatdan aýdýardylar. Onuň daşyndan medresede okalmaýan Wepaýy şahyryň “Rownakyl-yslamyny” Azadynyň, Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan bilýärdiler. Mundan başga-da talyplar özbek, arap dillerine hem suwara bolupdylar. Şol ýyl iriklileriň arasynda ýene: “Nedirgylyç öýlenendir. Oňa ejesini aldap ýören adam diýerler” diýen gürrüň ýaýraýar. Ene gürrüňlere çydaman ýene Buhara ýola düşýär. Bu gezegem ejesiniň gelýäni Nedirgylyja aýan bolýar. ol muny talyplardan başga-da okadýan ahunyna hem aýdýar. Şonda ol oňa: “Şu gezek ejemi meň huzuryma alyp gel. Men oňa seniň kimdigiňi düşündireýin” diýýär. Ejesi obadan gelýärkä, Nedirgylyç dostlary bilen öňünden çykýar. Salam berýär. Oguljan gelneje salamy alandan soň saklanyp bilmän: “Ýüzüň gara bolsun, ýüzi gara Nedirgylyç. Näme ejeň seni öýerip bilmez öýtdüňmi?” diýip zeýrenip ugraýar. Şonda Nedirgylyç ejesini talyplar bilen bilelikde ahunyň ýanyna alyp barýar. Ahun Oguljan gelnejä garap: “Uýam, sen öz ogluňa guwanyp bilersiň. Onda welilik bar. ol seniň kösenip gelýäniňi düýşünde görüp, geçen saparam, şu saparam bize aýtdy. Görşümiz ýaly, bu ýanlyk dogry bolup çykdy. Onuň dostlaram edil şonuň ýaly. Yslama tüýs berlen ýigitler. Onsoň bularyň hiç biri beýle zat etjek oglanlar däl. Şonuň üçin Nedirgylyçdan ýaňa ýasy ýanyň agyrmasyn. Men şu ýyl olary hökman tätile gider ýaly ederin” diýýär. Oguljan gelneje bolan iş üçin ahundan ötünç soraýar. Ol Buharada birnäçe gün bolandan soň obasyna dolanýar. Nobatdaky tätil golaýlap gelýärdi bu ýyl oglanlar hökman oba gaýdaýmalydylar. Şeýle hem edildi. Az ýöräp, köp ýöräp olar Uly Balkana golaýladylar iň ilkinji gelen obalaryna sowlanlarynda Gurbantagan bile gelýän ýoldaşlaryna garap: - Tagsyrlar, ine, bu oba Joýruk diýýärler. Munda meniň iki sany agam ýaşaýar. Geliň, bulara sowlup geçeliň. Agalarymy, doganjyklarymy, gelnejelerimi görmedigime hem üç ýyl dagy geçdi. Ýoldaşlary onuň raýyny ýykmaýarlar. Gurbantagan myhmançylygy özüniň kiçi agasyndan başlaýar. Ol uly agasyna garanda barlydy. Ýöne jomartlygy we adamkärçiligi welin, pah diýerlikli däldi. Şonda-da körpe körpe bolýar. ol ýoldaşlaryny şolaryňka alyp barýar. Olaryň gelýänini ilki gören we buşlan gapysynda gezip ýören Abadan diýen gyz bolýar agasy myhmanlary gadyrly garşylaýar. Derrew söwüş soýýar. Gök çaýdan soň nahar çekilýär. Ahunçylyga golaýlaşan talyplar “Bismilla-da-bismilla” bolşup, palawa ýaňy el urýarlar. Şonda Nedirgylyç ýoldaşlaryna garap: - Tagsyrlar, şu palaw jana siňňitli gidenok. Sebäbi diýseň, şu aşy taýýarlanlaryň käbiri bize seredip, agzyny tamşandyryp dur. Şolary doýurman iýmek bize uslyp däl – diýýär. Şu gürrüňleri eşiden öý eýesi aýal içini çekip, orta barmagyny agzyna ýetirýär: - Hih, toba tagsyr, toba tagsyr. Oňa eýýäm aýan bolaýdy. A gyz, Abadan, ballyň bien bäri gel-de, nahar iý – diýip, gapyda ylgap, ýetişmän ýören gyzjagaza gygyrýar. Mürähede mähetdel gyzjagaz doganyny ýanyna alyp, onuň yzyna düşüp, öýüň kölege tarapyna aýlanýarlar. Tagsyrlar bolsa tagamdan iýmän özara gürrüň edip oturýarlar bir haýukdan soň çagalary yzyna tirkäp gelen aýal gelýär-de, olara: - Iýiberiň, tagamy taýýarlanlaryň hemmesiniň öňüne nahar berildi – diýýär. Bu habary eşiden Nedirgylyç göwünli-göwünsiz hüňürdeýär: - Aý, bolýar-da, olar doýub-a doýanok – diýýär. Nahardan soň öýüň eýesi olary özbaşdak bir gara öýe eltýär. Obanyň bütin erkek göbeklisi bu öýe ýygnanýar. Myhmanlar joýruklylara özbek gardaşlarymyzyň dini berjaý edişleri, Muhammet pygamberimiziň hadyslary hakynda aýdyp berýärler. Şeýlelikde olar Joýrukda bir gün ýatýarlar. Ertesi irden turanlarynda Gurbantagan ýanyndakylara: - Indi uly agamyzyňka baralyň – diýýär. Dostlary bu teklibi hem kabul edýärler. Olara bu öýde hem söüş edýärler. Talyplar myhman öýde otyrkalar Nedirgylyç Gurbantagana garap, ýaýdanyp, çekinjeňlik bilen söze başlaýar: - Gurbantagan, kyn görmeseň, bir teklibim bar. ýaňky, ol agaň gapysyndaky gyrnajygy bize berseler, bizem ýanýoldaşly bolaýsak. - Nedirgylyç, bu teklibe men-ä garşy däl. Hany, ul agamyza bir aýdyp göreli. Ol näme diýýär – diýýär. Öý eýesi bu maslahaty ikelläp goldaýar: - Nedirgylyç ýaly ylymly-bilimli oglana gyz bersek näme armanymyz bar?! Onsoňam, Abadanyň bagty açylsa, biziň bagtymyzyň açyldygy dälmi näme?! Gurbantaganyň uly agasy bu sözleri çyn ýürekden aýdypdy. Sebäbi Abadan olaryň ýakyn garyndaşydy. Bu ýetim gyzy ozal birine adaglap goýupdylar. Ol neresse-de aradan çykypdy. Şeýle bolansoň, gyzyň indiki ykbaly bulary aladalandyrman duranokdy. Onsoňam, bu öýüň eýesi özüniň inisiniň Abadany saklaýşyndan kän bir razy däldi ertesi gün habary Gurbantaganyň ýeke özi kiçi agasyna baryp aýdýar ýok, men ozal telpegi agana, onsoňam ýaşy otuza golaýlana Abadany berip bilmen. Bu jogaba ýüzüne urlan ýaly bolan Gurbantagan lapykeç ýagdaýda talyplaryň ýanyna – uly agasynyňka gaýdyp gelýär. Ýagdaýy agasyna aýdýar. Ol bolsa öz gezeginde gaty görüp, pikirlene-pikirlene inisiniňkä gaýdýar. Gelibem saglyk-amanlyk alşandan soň, söze başlaýar: - Inim, Gurbantaganyň raýyny ýalňyş ýykypsyň. Ol Abadany öz ballysy ýaly görýär. Onuň bagtly bolmagyny isleýär ahyryn. Onsoňam, ol Nedirgylyjam menden-senden gowy tanaýar. Özem hoja. Diýmek, ol göwünlimi, bize razylaşaýmak galýar – diýýär. Inisi öňürti garşy gitjek bolsa-da, soň razy bolýar. olar muny talyplara ýetirýärler. Hoş habary eşiden tagsyrlar gysga wagtlaýyn tätile gelensoňlar, bu haýyr işi çaltlandyrmagy makul bilýärler. Gelinlik üçin getirilmeli mallar anyklanýar, sähet bellenýär. Şondan soň Nedirgylyç, Hakberdi, Şiri dagy ýola düşýärler. Olardan Hakberdi, Şiri dagy ýolda obalarynda hoşlaşyp galsalar, Nedirgylyç niredesiň Irikli diýip gidiberýär. Ol öýlerine barybam bolan wakany aýdyp, ejesini we agasy Amangylyjy Abadany alyp gaýtmaga iberýär. Şeýdibem, Nedirgylyç bilen Abadan bir maşgalany emele getirýärler. Nedirgylyjyň ýene-de Buhara gitmeli möhleti golaýlaýar. Şonda ol ejesine garap: - Eje, men-ä ýene okuwa gitmeli. Birki günden, nesip bolsa, ýola düşerin. Siz bolsa, men gidenimden soň, Abadany gaýtaryň, bir aý-kyrk gündenem alyp gaýdyň. Goý, şondan soň öz öýümizde bolsun – diýýär. Ol ýene-de üç ýyldan okuwy-medresäni gutarýar. Medresäniň ahuny talyplary ýeten derejeleri bilen gutlaýar hem-de olara ak pata berýär. Obalarynda, etraplarynda diniň berjaý edilmegi üçin janlaryny aýamazlyklaryny, gerek bolsa şehitlige çenli baryp ýetmekligi tabşyrýar-da hoşlaşmakçy bolýar. Şonda Nedirgylyç ahunyndan sakyna-sakyna soňky haýyşyny edýär: - Ylym atam, sizden soňky haýyşym bar. Ýadyňyzdamy, ejem ho-ol ikinji gezek gelende maňa gaharlanyp: “Ýüzüň gara bolsun ýüzügara” diýdi diýipdim türkmenlerde ejäniň sögünjem söýünçden kem görülmeýär. Men ejemiň şol sögünjiniň bir bölegini mundan beýläk müdimilik at hökmünde göteresim gelýär. Men şony başaryp bilsem, Hudaýdan müň-de bir razy. Eger rugsat berseňiz, mundan beýläk ildeşlerim meni “Gara ahun” diýip atlandyraýsalar diýjek bolýan – diýýär. - Goý, seniň islegiňe perişdeler omyn diýsinler. Omyn! - Omyn! Sag boluň, ylym atam! - Sag-aman baryň, ogullarym! - Hoş gal, ylym atamyz! - Hoş gal, ylym ojagymyz! - Hoş gal, Buhara! Şondan soň olar niredesiň türkmen topragy, gojaman Uly Balkan, gadymy Uzboý diýip ýola düşýärler. “Gyrmyldan gyr aşar” diýenleri. Olar obalaryna ýetýärler. Nedirgylyjyň eýýäm ogly bolupdr. Onuň adyna Halymberdi dakypdyrlar. Ol ýörjen-ýörjen bolup ýördi. Törde ogluny öňüne alyp oturan Nedirgylyç bilen görüşmäge gelýänler köpelýärdi. Olaryň gapylarynyň agzynda gazanlar atarylgydy. Ol Nedirgylyjyň ahun bolup gelenliginiň sadakasydy. Sadakada goňşy obalardan hem adamlar bardy. Sadaka sowlup, töwir galdyrylýar. Şonda Irikliniň sylagly ýaşulularynyň biri turup, mähellä ýüzlenýär: - Adamlar, Hudaýa şükür, indi biziň öz ahunymyz bar. Mundan beýläk oglanlarymyzy okatmak üçin uzak ýerlere ibermek gerek bolmaz. Nesip bolsa, Gara ahun olary okadyp başlar. Şondan soň Abadan daýza sekiz ganat ak öýi satyn alyp, öýüniň ýanyndan dikýär. Okamaga gelýänler soňabaka bir öýe sygmaýarlar. Abadan daýza şonuň ýaly ikilenji öýi satyn alýar. Şeýdibem, Gara ahun Irikli obasynda iki sany uly gara öýi dolduryp oglan okadypdyr. Emma ol öz ogly Halymberdini bilim almak üçin Buhara iberipdir. Birnäçe ýyldan soň Halymberdä Buhara gatnamaga amatly bolar diýip, Jebeliň golaýyndaky Sekiz werst diýen ýere göçüp gelýär. Ol şol ýerde talyplary okatmak üçin ýörite hüjre saldyrýar. Ony ýerli adamlar Gara ahunyň medresesi diýip atlandyrýarlar. Ol bu ýerde tä ömrüniň ahryna, ýagny 1910-njy ýyla çenli oglan okadýar. Haçan-da ol ýogalanda okadýan talyplary dagap gitmez ýaly, maşgalasy Abadan sopy (ol öz maşgalasyny şeýle atlandyrýar eken) Uzboýyň boýunda ýerleşen bir obadan Seýitnazar ahuny öýi bilen göçürip getirýär. Seýitnazar ahun bolsa bu ýerde 1918-nji ýyla çenli sapak berýär. Abadan daýza Gara ahunyň talyplarynyň dargap gitmezligi üçin elde baryny edipdir ol keramatly ojak diýlip getirilýän ähli sadakalary okaýan oglanlara sarp edipdir. Ýöne soňurrak täze hökümetiň diýdimzor syýasaty sebäpli, medresede oglan okatmak kynalýar, soň bes edilýär. Gara ahun aradan çykanda 69 ýaşynda eken. Onuň dört ogly, iki gyzy bolýar halymberdi, Salyhberdi, Rahymberdi, Kerimberdi, Bibisoltan, Bibipatma. Gara ahun şolardan ikisini, ýagny, Halymberdi bilen Salyhberdini Buhara okatmaga iberipdir. Şolardan Halymberdi inçekesel bolup ýogalýar. Şonda ony jaýlamak üçin Jebeliň günbatar tarapyndaky “Ýeke şehit” diýen öwlüýä alyp gaýdýarlar. (Häzir oňa “Bagalaryň öwlüýäsi” diýýärler). Şonda öwlüýä golaýlap gelýärkäler, howanyň ýüzüni ümürmi, totmy gaplaýar. Gölegçiler bolsa bu başagaýlyk bilen öwlüýäniň deňinden geçip gidýärler. Muny olar haçan-da howa açylanda bilip galýarlar. Şonda Gara ahun “balamyzyň ýatmaly ýeri bu bolup çykd-ow” diýip, merhumy şol ýerde hem jaýladýar. Ol ýer häzirki “Gara ahun” gonamçylygynyň ýerleşen ýeridir. Şondan üç-dört aý soňra hem Gara ahunyň özi aýrylýar. Ol aýrylanda howa yssy eken. Ony hem oglunyň ýatan ýerine alyp gaýtmakçy bolýarlar. Şonda gölegçiler howa yssy bolansoň meýidiň yslanmagyndan çekinýärler. Emma olaryň bu howsala düşmesi ýerliksiz bolup çykýar. Ol tä mazarystanlyga getirilýänçä, gölegçileriň üstünden bölek bulut gaýdýar. Bu gudraty gözleri bilen gören gölegçiler gonamçylygy Gara ahunyň ady bilen atlandyrmaly edýärler. Bolan wakany halka gürrüň berenlerinde ilat köpçüliginde bu ojaga hasam keramatly hökmünde garap ugraýarlar. Bu ýaňy-ýaňylaram şeýledi. 1980-nji ýyla çenli, ýerli hökümetiň ýanamagyna garamazdan, türkmenler toý tutsalar hökman onuň agtygy Saparjan agalara gelip, ak pata alyp giderdiler. (Saparjan aga onuň Rahymberdi diýen oglunyň ogly). * * * Gara ahunyň bihal däldigi barada il arasynda köp gürrüňler bar. şolaryň has ygtybarlysy hasaplanýanlaryny okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildim. Gara ahun hem onuň ýoldaşlary medreseden gelenlerinden soň her hasy öz obasynda oglan okadyp başlaýar. Olaryň arasyndan Hakberdi ahunyň haly ir ýaramazlaşýar. Ýolugan kesel ýan bererli däl eken. Muny aňan Hakberdi aýalyna: - Keýwany, seniň ikinji hudaýyň-a pany bilen hoşlaşmaly bolarmyka öýdýärin. Men amanadymy tabşyranymda: “Allajanlarym, munuň jynazasyna durar ýaly adam ýok diýip aljyrap ýörme. Adam pahyr aljyradygyça beter bolýandyr. Ýöne gelen adama gitme diýäý. Olar golaý-goltumdaky obalara habar bermek, saňa göwünlik bermek üçin gerek bolar. Jynazama durjaklaryň özleri habar bermeseňem gelerler” diýipdir. Emma aýaly munuň gepine ten bermän, hem-de oňa göwünlik bermek isläp: “Aý, ahun-ahun diýseler agzyňa gelenini samrap oturmasana. Sen meni taşlap gidesiň ýok-la” degşipdir. Emma ahun aýdyşy ýaly, sargydyny edenden soň pesläp başlapdyr. Gelen-gidenem bolmandyr. Ine, bir gezek daş çykanda ho-ol depeden on-on bäş garanyň atlaryny säpjedişip, ýetişebilmän gelýänini görüp, göwni giňäpdir-de, adamsynyň ýanyna baryp oturyberipdir. Onýança salam berip, gara ahun talyplary bilen öýe giripdir. Şol mahalam hakberdi ahun jan beripdir. Gara ahun düşekde ýedisine çenli oturanda hakberdi ahunyň ýagdaýynyň agyrdygyny düýşünde görendigini aýdypdyr. * * * Gara ahunyň talyplarynyň arasynda Taýjan garaja diýemn biri bar eken. Onuň dogany Kerim garaja agasynyň kitaplaryny sargyt boýunça Çaloýdan getirýär. Şonda ol öz eşejigini duşaklaýar-da, kowup goýberýär. Birnäçe wagt geçenden soňra ol obasyna gaýtmak üçin eşegini gözläp tapyp bilmeýär. Ahyr paltasy daşa degen Kerim ýagdaýy agasy Taýjana habar berýär. Kerimiň Taýjana alada bilen bir zatlar aýdýanyny gören gara ahun oňa ýüzlenýär: - Taýjan, oglum, Kerimjan näme diýýär? - Gara kaka (Gara ahuny şeýle-de atlandyrýarlar), Kerim-ä oba gitjek bolýaryn, eşegimi gözläp, ýer ýykdym, tapabilmedim diýýär. - Pahaý-da weli, ol eşek Abadan sopynyň egeçileriniň arasynda gezip ýörendir. Kerim oňa garap: - Gara kaka, geçileriň arasyny iki-üç gezek gözledim. Ol ýerde eşek ýok – diýýär. Şonda Taýjan inisine Gara kakanyň aýdanyny hökman edäýmelidigini aýdýar. Muňa düşünen Kerim gidip geçileriň arasyny gözlese, eşek gezip ýören eken. Muňa ol dodagyny dişläp, içini çekenini duýman galýar. * * * Oraza aýy eken. Selälik üçin nahar taýýarlamaga tüwüniň ýokdugyny nähili aýtjagyny bilmän ýören Abadan daýza ahyry ýüregini bire baglap Gara ahuna: - Selällige çorba taýýarlamasak başga zad-a ýok – diýipdir. Şonda Gara ahun oňa: - Abadan sopy, darygybermesene. Selällige çenli häzir wagt bar-a. Ýatarlar, turarlar. Onsoň hüňürdärler – diýipdir. - Näme, üç-dört sagadyň içinde ýatyp-turanyň bilen üýtgejek zat barmy? Onuň bu hüňürdisine Gara ahun jogap bermändir. Ýatylyp-turlupdyr. Oýaly-ukuly Abadan daýza ýene-de: - Hany, Gara ahun, ýatylyp-turuldy, näme üýtgän zat bar. Çorba taýýarlamasak, palaw etmäge tüw-ä ýok – diýipdir. - Abadan sopy, daş çykyp, el-ýüzüňi ýuw, beter darygyberme! Abadan sopy ýene-de hüňürdäp daş çykyp görse, daşarda dört çuwal tüwi dur diýýär. Ony Hywa argyşa giden kerwen ýolda azaşanda Gara ahuny çagyryp, onuň ýoluna sadaka aýdypdyr. Sag-aman ýoluny tapandan soň deňelerinden geçenlerinde oýaryp durman, aýdan sadakasyny goýup gidipdir diýýärler. * * * Bir gezek çelekenli Babanyýaz ahun ýanyna özi ýaly birküç ahuny alyp, Gara ahunyň näderejede sahylygyny barlamak üçin olara myhmançylyga gaýdypdyr. Olar üç günden soň yzlaryna gaýtmakçy bolupdyrlar. Şonda olary Gara ahun ep-esli ýere barýança ýola salýar. Ýolda barýarkalar gara ahun barada pikir öwrüp barýan Annanyýaz ahun “Muňa sahy-sahy diýýärler welin, iliň zadyny ile paýlamakdan başga sahylyk etmeýän eken” diýip pikirlenýär. Onuň bu pikirlenmesi Gara ahuna aýan bolýar. Şonda ol Annanyýaza garap şeýle diýýär: - Annanyýaz ahun, iliň zadyny ile bermegi hem başarmak gerekdir. Gara ahunyň özüne garap duýdansyz beýle diýmesini eşiden Annanyýaz doňňara daş bolup duran ýerinden: - Bä, biýä adamy ryswa etjegaý. Muňa aýan bolaýýan-ow - diýenini duýman galypdyr. Aman ÖDEGURBANOW. “Balkan” gazeti, 22.06.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |