11:20 Garagalpagystanda aslynda nämeler bolýar? | |
GARAGALPAGYSTANDA ASLYNDA NÄMELER BOLÝAR?
Publisistika
Orta Aziýa regionynda bolýan üýtgeşmeler täze dünýä düzgüniniñ gelen sepgidinde iññän dartgynly ýagdaýa öwrüldi. Uzak wagtdan bäri ýazyşymyz ýaly regiondaky durnuksyzlyk ýa-da güýç deñeçerligindäki üýtgeşme diñe sebit ýurtlary däl, eýsem bu ýerde güýç tutluşugyna giren aktýorlar üçin möhüm bolup durýar. Hawa, XX asyryñ başlaryndan bäri "Ýewraziýanyñ ýüregi" ýa-da "Bu ýerlere höküm eden ýer ýüzüne höküm eder" diýen ýaly aýdylyp gelinýän sözler häzirem güýjüni ýitirenok. Häzir bu formulany hasam sowukganly öwrenmek gerek. Köpçülikleýin ýokanç keselleriñ ýaýramagy, uruş we ykdysady problemalar Aziýada-da täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny orta goýýar. Özbegistan geostrategiki ýerleşişi taýdanam, ilaty babatda-da, soñky wagtlar saýlap alýan syýasy ugurlary bilenem öñe çykýar. Owganystan meselesiniñ çözgüdine açylan gapylardan biri bolmagy, aýratynam 2017-nji ýyldan soñ dünýä bilen integrasiýalaşmak üçin äden ädimleri, ukrain konfliktinde ilkinji bolup urşa garşydygyny görkezen ýurtlardan biri bolmagy we elbetde Türk döwleleriniñ guramasyna girip umumytürk dünýäsini janlandyrmagy Türkiýe nukdaýnazaryndanam zerur fotogörnüşi döretdi. Hususanam Özbegistanyñ umumytürk dünýäsindäki bu dinamizmini dowam etdirmegi we sebitiñ täze deñeçerligiñ gözleginde bökdençsiz öñe gidip bilmegi üçin durnuklylygyny goramagy hökmany bolup durýar. Garagalpagystandaky hadysalaram Özbegistandaky durnuklylygy bozup biljek potansial şertleriñ üstünde durýar. Ýogsa-da, birnäçe gün bäri Nukus şäherinden (Garagalpagystan respublikasynyñ merkezi) habar beriş serişdelerine syzan protestler nämäni añladýar? Aslynda bolup geçen wakalara düşünmek üçin garagalpaklaryñ we Garagalpagystanyñ taryhyna gysgaça göz aýlamak gerek. • TÜRK DÜNÝÄSINIÑ BİR PARÇASY Garagalpaklar taryhy prosesiñ dowamynda Orta Aziýa sebitinde ýerleşen, türki dilde gepleýän we umumytürk dünýäsiniñ garaşsyz döwlet statusy bolmadyk ýerlerinden biridir. Garagalpagystan Awtonom Respublikasy häzir Özbegistan respublikasynyñ düzüminde. Günorta-gündogary Özbegistan, günortasy Türkmenistan, günbatary we demirgazygy Gazagystan bilen gurşalan. Gaty uzaga gidilmese-de, Altyn Ordanyñ ýykylmagyndan soñ Syrderýanyñ boýlaryna ýerleşen garagalpaklar belli bir wagta çenli galmyklara garşy göreşip, yzyndanam Hywa hanlygynyñ tabynlygyna geçipdirler. Noggaýlar we peçenegler bilen ýakyn baglanyşyklary bar. Orhon ýazgylary beýleki türki halklar ýaly garagalpaklaryñam taryhy çeşmesidir. Garagalpak ýazuw dili (döwlet status derejesinde bolmasa-da) Garagalpagystanyñ gurulmagy bilen başlanýar. Garagalpak dili türk diller maşgalasynyñ gypjak toparyna degişlidir. Gypjak topary bolsa gypjak-bulgar (Kazan türkçesi we başgyrtça), gypjak-kuman (kumança, karaýymça, kumykça we ş.m.), gypjak-nogaý (nogaýça, garagalpakça we gazakça) görnüşinde dürli-dürlilik görkezýär. Garagalpaklaryñ birinji orta çykan Horezm sebiti häzirem ýaşaýan ýerlerine gabat gelýär. Belli bir wagta çenli rus basybalyjylaryna garşy göreşen garagalpaklaryñ ýerleri 1873-nji ýylda Russiýanyñ düzümine birikdirilýär. Garagalpagystan 1930-njy ýylda Gazagystanyñ düzümindäki awtonom oblast, 1932-nji ýylda gönüden-göni Moskwa garaşly oblast, 1936-njy ýylda bolsa Özbegistanyñ düzümine birikdirilen respublika görnüşinde orta çykýar. Aslyna seredende bu bölünişik we birleşdirmeler şu günki gün ýüze çykan meseläniñ düýp sebäbidir. Çünki Sowet Soýuzynyñ dolandyryş ulgamynda uzak wagtlap bir ýerde ýaşan halklaryñ dil we geografiki taýdan bölünmegi, hatda her dürli bulam-bujarlyga taýýar ýagdaýa getirilmegi-de bar. Häli-häzirlerem çözülmän gelen araçäk meseleleri-de şu dolandyryş düşünjesiniñ miwesidir. • YNJYK SEBIT Dek düýn bolup geçen wakalara degip geçmezden öñ şu kesgitlemäni goşmak gerek: Garagalpaklar uzak wagtlap özbekler, gazaklar we türkmenler bilen köpçülikleýin ýagdaýda garym-gatym bolup agzybirlikde ýaşap geldiler. Ýöne olar özlerine mahsus dilini we ýokarda gysgaça aýdylyp geçilen taryhlaryny awtonom statusda gorap saklama isleglerini saklap gelýärler. SSSR-iñ dargamagynyñ yzysüre garaşsyz döwlet bolmak ideýasy öñe çykanam bolsa, bu islegiñ üstünde çynlakaý durulmandyr we 1993-nji ýylda garagalpak ygtyýarlylary Özbegistan bilen ýene 20 ýyllyk möhlet bilen birleşen ýagdaýda ýaşamagyñ ylalaşygyny baglaşýarlar. Ylalaşygyñ şertlerine görä, 2013-nji ýylda taraplar täzeden bu möhleti uzaldybam bilýärdi ýa-da referendum geçirmek arkaly Garagalpagystanyñ halky Özbegistandan bölünip aýrylyp we ýurduñ ykbalyny özi kesgitläp bilýärdi. Özbegistan üçin bu ýurduñ ýerasty baýlyklary bilen bir hatarda ekerançylyk pudagy-da möhüm orny tutýar. Ýurduñ däne we şaly ätiýaçlygynynyñ belli bir bölegi şu ýerden üpjün edilýär. • HADYSALARYÑ UÇGUNY Ine, hut soñky bolup geçen wakalaram şu gurşawda ele alnyp öwrenilmeli. Az wagt mundan öñ jemgyýetçiligiñ pikirini soramak üçin orta atylan konstitusion üýtgeşmeleriñ teklipnamasyndaky käbir maddalar protestleriñ tutaşdyryjy uçguny boldy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, aýratynam wakalaryñ kiparlamadyk ýagdaýynda daşardan operasiýalaryñ ara girmeginden endişelenildi. Demonstrasiýaçylaryñ bir böleginiñ guramaçylykly hereket etmegi bu endişeleri hasam artdyrdy. Dogrusyny aýdanda, eger bu geografiýany tanaýan bolsañyz, munuñ ýerliksiz endişe däldigini bilersiñiz. SSSR-iñ dargan wagtyndan şu güne çenli Orta Aziýa sebitinde daşardan goldawly operasiýalar hemişe özüniñ bardygyny görkezip geldi. Bulardan käbiri demografik, syýasy we sosial-ykdysady problemalar bilen tebigy pozisiýada duranam bolsa, soñabaka daşardan prowokasiýalar bilen çuñlaşdy. Özbegistan taryhy prosesiñ dowamynda demografik, etnik kökli ýa-da radikallaşma babatda öñem birnäçe bulaşyklyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Aýratynam özbek hökümetiniñ problemanyñ çeşmesini aradan aýyrma tagallasy bilen agzalan daşarky ugrukdyrmalara açyk üýtgeşmeleri ara alyp seljermegi öz wagtynda gozgalan wajyp meseledir. Geliñ, indi bolsa, Konstitusiýadaky üýtgedilmek islenen şol maddalara seredip geçeliñ... Özbegistanyñ Konstitusiýasynyñ 70-nji maddasynda Garagalpagystanyñ "özygtyýarlydygy" ýazylan. "Özygtyýarly Garagalpagystan Respublikasy Özbegistan Respublikasyna degişlidir. Garagalpagystan respublikasynyñ özygtyýarlylygy Özbegistan reapublikasy tarapyndan goralýar" diýilýär. Üýtgedilmek üçin jemgyýetçiligiñ dykgatyna hödürlenen teklipnamada ilkinji nobatda bu ýerdäki "özygtyýarly" sözi geçenokdy. Garagalpagystany düzgünleşdirýän beýleki maddalar bolsa munuñ yzyndaky 71-74-nji maddalardyr. Muña laýyklykda Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyñ öz Konstitusiýasynyñ bardygy, emma munuñ Özbegistanyñ Konstitusiýasyna ters bolmajakdygy görkezilen. Şeýle-de özbek kanunlarynyñ garagalpaklara-da degişlidigi we Garagalpagystanyñ çäkleriniñ garagalpaklaryñ öz razylygy bolmazdan üýtgedilmejekdigi görkezilýär. Protestleriñ çyrasyna ýag guýan iñ esasy zat bolsa 74-nji madda boldy. "Garagalpagystan respublikasy Garagalpagystanyñ köpçülikleýin halk ses berişligine esaslanyp, Özbegistan Respublikasyndan bölünip aýrylma hukugyna eýedir". Soñky teklipnamada bu maddanyñ ýokdugy görüldi. Şeýlelikde, 1-nji iýul güni Nukusda konstitusion üýtgeşmelere garşy protestler bolup geçdi. Merkezi şäherde köpçüligiñ hereketi barha artdy. Üýşen köpçülikden bir bölegi ýerli hökümet edaralaryny ele geçirmäge synanyşdy. Düýn alynan karar bilenem 2-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. • ÖZBEK HÖKÜMETI ODY SÖNDÜRDI Prezident Mirziýoýewiñ wakalaryñ ertesi güni Nukusa gidip, aktiwistler bilen pikir alyşmagy we konstitusion üýtgeşmeleriñ bolmajagyna kepil geçmegi wakalaryñ geriminiñ giñemeginiñ öñüni alana meñzeýär. 2-nji iýulda Özbegistanyñ prezidenti Şewket Mirziýoýew Nukusa geldi we şeýle diýdi: "Biziñ maksadymyz milletine, etniki gelip çykyşyna, diline we dinine garamazdan hemmeleriñ ýurdumyzda azat we howpsuz ýagdaýda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Konstitusion reformalar diñe adamlaryñ ýas ýagty ertirleri üçindir. Emma garagalpak halky oñlamasa, hemme zat öñki-öñküliginde galar". Ýöne mundan soñ bu aýdylanlaryñ hemişelik ýa-da dowam edip biljek ýagdaýa öwrülip-öwrülmejeginiñ üstünde durulmaly. Galyberse-de Garagalpagystnada "aýratyn döwlet" bolmak ideýasy hemişe saklanyp galýan isleg bolandygy sebäpli täze talaplaryñ we bolup biläýjek protestleriñ dürli formalarda ýüze çykyp biljekdigi ýatdan çykarylmaly däldir. Şu tapgyrda wakalaryñ kiparlajakdygyny we doganlyk hukugynyñ ýeñjekdigini umyt edýärin. Şunuñ bilen birlikde Daşkendiñ garşylyklaýyn hereket edende eserdeñ çemeleşmegi negadar möhüm bolýan bolsa, sebit ýurtlarynyñ konstruktiw tutumy şondan has beter möhümdir. Gazagystan düýn beýanat bilen çykyş edip, iki ýurduñ hemişelik dost-doganlyk şertnamasynyñ bardygyny we özbek hökümeginiñ tarapyndadygyny mälim etdi. Şol sanda Türkiýe we Türk döwletleri guramasy bu döwürde doganlyk Özbegistana her dürli goldawy bermeli hem-de daşardan bolup biläýjek hereketlere garşy diplomatik çäreleri, gerek bolsa harby öñüni alyş işlerini geçirmäge taýýar bolmaly. Kürşad ZORLU, professor. "Haber Türk", 04.07.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |