19:36 Garagoýunly türkmenler | |
GARAGOÝUNLY TÜRKMENLER
Taryhy makalalar
Hijri ýyl senesiniñ sekizinji asyrynda türkmen kowumlary musulman döwletleriñ arasynda ägirt uly, kuwwatly güýç bolup orta çykýar. Ol türkmen güýçleriniñ biriniñ ady taryhda garagoýunly türkmenler hem-de beýleki bolsa akgoýunly türkmenler ady bilen meşhurlyk gazandylar. "Akgoýunly" ýa-da "Garagoýunly" diýen adyñ takyk nämeden galandygy barada göni bir zat aýtmak çetin. Käbir alymlar gara ýa-da ak goýun bu iki türkmen kowmunyñ "totemi" bolan diýip aýtsalar, ençeme alymlar ony taýpalaryñ saklaýan goýunlarynyñ reñki bilen düşündirmek isleýärler. Garagoýunly türkmenler barada söz açsak, olar Wan kölüniñ kenarynda ýaşapdyrlar. Hijri hasabynda sekizinji asyrda garagoýunly türkmen Garamuhammet Ýörmenşi diýen türkmen, soltan Ahmet Jelaýyryñ hyzmatynda bolan. Ol diýseñ batyr we düşünjeli adam bolup, bu soltanlykda uly şöhrata ýetýär. (Diýmek, meşhur türkmen emiri Gara Ýusubyñ kakasy Garamuhammet Ýörmenşi (Garaýörmenşi) bolan. Häzirki türkmen teke taýpasynda hem "Garaýörme" diýen tire bar. -Bellik A.Saryýew bilen J.Ataýewiñki.) Onuñ ogly Garaýusup ibn Garamuhammet Ýörmenşi ibn Baýram hem Jelaýyr hökümetinuñ Azerbaýjan ýurdundaky häkimi eken. Taryhy maglumatlara görä, Emir Garaýusup diñe bir Azerbaýjanda däl, eýsem-de Ermenistanda hem hormatlanýan beýik hökümdar türkmen bolan. Şol döwürde ýaşan geçen kawkazly sene ýazuwçysy Grigor Serens Hlatesi türkmen emiri Garaýusup barada: "Ol uzak wagtlyk parahatçylygy we adamkärçilikli şowlulyklary berkarar etdi. Onuñ döwründe howp-hatar bolmady, arzançylyk boldy. Ogurlyk diýen zat düýbünden bolmady" diýip ýazýar. Haçan-da agsak Demir (Teýmirleñ -t.b.) Eýrana hemle eden pursatynda, soltan Ahmet Jelaýyr hem-de türkmen emiri Garaýusup ibn Garamuhammet Ýörmenşi dagy mejbury ýagdaýda Osmanly patyşasy Ýyldyrym Baýezidiñ huzuryna pena sorap barýarlar. Ýöne Ýyldyrym Baýezit hem agsak Demiriñ goşuny bilen bolan garpyşykda şowsuzlyga uçransoñ, soltan Ahmet Jelaýyr we türkmen emiri Garaýusup mejbury ýagdaýda Müsüre gidýärler. Agsak Demir bolsa, olary yzyna bermegi talap edip Müsüriñ mamlýuk soltanu Faraj ibn Borkuga ýüzlenýär. Ýöne agsak Demiriñ 1405-nji ýylyñ fewralynda (807-nji hijri ýyly) Hytaýa ýörişi wagtynda dünýäden gaýtmagy bilen soltan Ahmet Jelaýyr we türkmen emiri Garaýusup aman galýar. Agsak Demir öläýmedik ýagdaýynda, Müsür patyşasynyñ olary agsak Demiriñ huzuryna ugratjakdygy ikuçsyzdy. Soltan Ahmet Jelaýyr we emir Garaýusup gaýry ýurtlarda horluk çekip ýörkäler: "Eger ykbal oýanyp, Haktagala goldasa, türkmen emiri Garaýusup ~ külli Azerbaýjanyñ soltany bolmaly. Günbatar Yraga, Eýranyñ günorta-günbatar welaýatlaryny öz içine alýan ägirt uly zemine bolsa ~ Ahmet Jelaýyr soltanlyk etmeli" diýip, özara ylalaşýarlar. Agsak Demiriñ ölmegi olaryñ hökmürowanlyk edýän ýerlerine gaýdyp gelmegine mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, türkmen emiri Garaýusup ata-babasyndan miras galan mülki bolan ýere dolanýar hem-de 1406-njy ýylda Töwrizi basyp alyp, ondan bir ýyl geçenden soñ bolsa, Gürjüstanyñ patyşasy Georgiý VII-ni ýeñýär. Ahmet Jelaýyr bolsa, Müsürden gelen badyna (1405-nji ýyl) öz hökümdarlyk edýän ýeri Yraga ugrapdyr. Aýtmaklaryna görä, Asman äleminde her kimiñ öz ýyldyzy bar. "Şol ýyldyz haçan-da parlak ýyldyza öwrülse, ýerdäki eýesiniñ eden işi rowaçlanyp başlaýar" diýip, gadymy sene ýazuwçylary ýazýarlar. Ynha, şol zaman emir Garaýusubyñ hem asmandaky bagt ýyldyzy parlap başlaýar. Emir Garaýusubyñ ykbaly entek ol şazada Ebabekiriñ leşgeriniñ garşysyna çykanda oýanýar. Şazada Ebabekir, agsak Demiriñ agtygy, Miranşanyñ hem ogludyr. Şu ýerde Miranşanyñ öz kakasy agsak Demir tarapyndan öz wagtynda günbatar Eýrana hökümdar edip bellenendigini aýtmak gerek. Ol bir gün şikara çykýar hem-de atyndan ýykylyp, onuñ kellesine şikes ýetýär. Netijede, birnäçe gün bihuş ýatan Miran şa özüne gelýär. Ýöne bu bolan şowsuzlyk onuñ ykbalyny çözen ekeni. Ol bendäñ akyly üýtgäp, diwana bolupdyr. "Kimdir biri Fazlalla Reşideddiniñ entek ýaş wagtynda ýewreý dinini kabul edip, özüniñ bu hereketini pynhan saklandygyny töhmet edip, Miranşaha habar berýär. Miran şanyñ hökümi bilen Fazlalla Reşideddiniñ jesedi gabryndan çykarylýar hem-de ýewreýleriñ gabrystanynda depin edilýär" diýip, Döwletşa Samarkandy özüniñ "Tezkeresinde" habar berýär. Onuñ nökerleriniñ birnäçesi ýene-de Kazy Töwrizini hem öldürýärler. Miran şa hatda öz aýalyna-da betgüman bolup başlaýar. Netijede, onuñ aýaly Hanzada hanym Miranşanyñ üstünden şikaýat etmek üçin ýañyja Hindistana bolan ýörişden dolanyp gelen, agsak Demiriñ ýanyna şikaýata barýar. Imperator Demir, günbatar Eýranda bolup geçýän wakalar hem-de Miran şanyñ ýagdaýy barada öz gelniniñ aýdanlaryny diñläp, ol tarapa ýedi ýyllyk ýörişe taýýarlanyp başlaýar. Ýöne gelni şikaýat bilen baransoñ, ilkinji nobatda öz diwana ogly ~ Miran şany wezipesinden aýyrýar. Osmanly soltany Soltan Baýezit bilen bolan çaknyşyk ýeñiş bilen tamamlanandan soñ, agsak Demir göz görkezmek niýeti bilen külli Yragy, Şamy hem-de Anadolyny ýakyp-ýandyryp kül edýär, bigünä bendeleriñ hunlaryndan zemin misli çaýkanyp ýatan derýa öwrülýär. Ondan soñ agsak Demir Samarkanda, yzyna dönýär. Sähne Miran şanyñ ýerine bolsa, onuñ ogly Mürze Omary hökümdar edip belleýär. Miran şanyñ beýleki bir ogly Ebubekir bolsa, Azerbaýjany basyp alýar. Doganynyñ öz garamagyndaky ýurtda edýän hereketinden göwni galan Mürze Omar ol ýeri terk edip, Horasana tarap gaýdýar. Şazada Ebubekir bolsa, ýeñiş bilen gylawlanansoñ, türkmen emiri Garaýusup bilen uruşmak üçin onuñ üstüne ýöriş guraýar. Ebubekir bu ýörişe öz ýany bilen diwana, sähne kakasy Miran şany hem alýar. Netijede, bu söweşde Miran şa öldürilýär we şazada Ebubekir bolsa ölümiñ öýünde öz janyny zordan gutaryp gaçýar. Emma Garaýusup ondan soñ Töwrizi basyp alýar hem-de bütin Azerbaýjana öz hökümini ýöredip başlaýar" diýip, "Ehsan-et-towarih Rumly" kitabynda habar berilýär. Bu waka hijri-kamary hasabynda 810-njy, milady hasabynda bolsa 1406-njy ýyl bolup geçipdir. Şondan üç ýyl geçensoñ, ýagny, milady hasabynda 1410-njy (hijri-kamary hasabynda 813-nji) ýylda entek birmahal Müsürde horluk çekip ýören wagty emir Garaýusup türkmen bilen wadalaşan Ahmet Jelaýyr öz ähdini bozýar. Emir Garaýusup türkmeniñ öz türkmenlerinden bolab Gara Osman akgoýunly bilen uruşmak üçin goşun çeken wagtynda, Ahmet Jelaýyr öz leşgeri bilen Töwriz şäherine kürsäp girýär. Ol zamanlar emir Garaýusup türkmeniñ işi diýseñ şowlaýardy. Ahmet Jelaýyr bolsa, islendik işe baş goşsa, edil ýyldyza ýörän ýaly bolýardy. Emir Garaýusup türkmen Ahmet Jelaýyryñ hereketini eşidip, yzyna, Töwrize dolanýar. Ahmet Jelaýyryñ goşuny çym-pytrak edilýär. Ahmet Jelaýyryñ özi bolsa, Töwriziñ baglarynyñ birinde gizlenýär. Ýöne, ol türkmen söweşijileriniñ deminden sypyp bilmeýär we türkmen şemşiri ony bölek-bölei edýär. Gepiñ gysgasy, 1411-nji ýylda emir Garaýusup türkmen Bagdady basyp alýar. Soñra bolsa ýuwaşlyk bilen Eýranyñ, Ermenistanyñ, Yragyñ territoriýalaryny öz içine alýan Garagoýunlylar döwletini döredýär. Emir Garaýusup türkmeniñ Azerbaýjana we günbatar Yraga hökmürowanlygy 10 ýyllap dowam edýär. Hijri-kamary hasabynda 823-nji ýyl agsak Demiriñ ogly Şahruh Azerbaýjana öz leşgerini çekýär. Ýöne bu wakadan öñ hem emir Garaýusup bilen Şahruhyñ goşuny bir gezek garpyşyp görüpdirler. Şol garpyşykdan soñ, "gizlin dildüwşükligiñ netijesinde, türkmen emiri Garaýusup mälim bolmadyk ýagdaýda ölýär" diýip, "Ehsan et-towarih" kitabynda habar berilýär. Netijede, Şahruh ilki Töwrizi alyp, soñra garagoýumly türkmenleriñ asly mekany saýylýan Wan kölüne tarap leşger sürýär hem-de ol ýerden Horasana dolanýar. Şahruh soñra hijri-kamary ýyl senesinde 832-nji ýylda ikinji, 838-nji ýylda bolsa üçünji gezek Azerbaýjana ýöriş edýär hem-de garagoýunly türkmenleri gyrýar. Ýöne hemişe bolşy ýaly, soñky gezek hem Şahruhyñ "men" diýen serdarlarynyñ hiç biri garagoýunly türkmenleriñ ýaşaýan ýerinde hökümdar bolup galmaga milt edip bilmeýärler. Sebäbi, olar türkmenleriñ şemşiriniñ pidasy bolmakdan gorkýarlar. Hut şonuñ üçin hem Şahruh garagoýunly türkmenleriñ soran ýerlerine ýene-de Garaýusubyñ ogly Jahanşany hökümdar edip bellemäge mejbur bolýar. Emir Garaýusup türkmeniñ ogly ~ Jahan şa, Şahruh ölenden soñ hem ýene-de 22 ýyllap soltanlyk sürýär. Iñ esasy zat bolsa, Şahruh ölenden soñ, Jahan şa ýuwaş-ýuwaşdan agsak Demiriñ höküm süren ýerlerini onuñ nesilleriniñ elinden basyp alýar. Hatda Jahan şanyñ bir döwür günbatarda Wan kölünden, tä Hyrat şäherine çenli bütin ýeri öz golastynda saklan wagtynyñ hem bolandygy barada mukaddes Kuddus (Ierusalim) şäherindäki mukaddes Ýakow diýip atlandyrylýan ermeni monastyrynda saklanýan golýazma şaýatlyk edýär. Gynansak-da, taryhda türkmeniñ handyr soltanlary näçe ýurtda hojaýynçylyk etseler-de, diñe bir beýleki bigäne milletden bolan hökümdarlar bilen däl, eýsem öz türkmen soltanlary bilen garpyşyp gelipdirler. Şeýle ýagdaýyñ, elbetde, kesekiler tarapyndan olaryñ birek-birege gižželenmegi netijesinde bolandygy indi köplere mälim. Türkmen soltanlarynyñ bir baýdagyñ aşagynda jemlenmekleri diñe bir Aziýa materigine däl eýsem-de Ýewropa hem howp döredýärdi. Jahanşa hem gepe gidop hijri-kamary ýyl senesinde 872-nji ýylda Uzyn Hasan akgoýunlynyñ (ol hem türkmen soltany) kuwwatyny syndyrmak üçin onuñ üstüne leşger çekýär. Bu söweşde Jahan şa öldürilýär. Netijede garagoýunly türkmenleriñ soltanlygy synýar. Şu ýerde Jahanşanyñ şygyr ýazandygy barada hem belläp geçsek artykmaçlyk etmez. Ol şygryny "Hakyky" tahallusy bilen ýazypdyr. Şygyr diwanynyñ bir nusgasyny, Hyrat şäherindäki beýik pirleriñ biri, il içinde Möwlana Jamy ady bilen meşhur Nureddin Abdyrahman Jama sowgat ugradypdyr. Garagoýunlylaryñ soltanlygy zamanasynda olar ylma we edebiýata uly üns beripdirler. Bu barada olaryñ döwründen miras galan ýazgylar şaýatlyk edýär. Ýöne türkmenleriñ bu soltanlygynyñ bary-ýogy 60 ýyl töweregi (813-872-nji hijri-kamary ýyllar) dowam etmeginiñ esasy sebäbi türkmen soltanlarynyñ özara agzalalygydyr. Ata SARYÝEW, TDU-nyñ professory. Juma ATAÝEW, gündogarşynas. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||