22:06 Garagumuň jümmüşinde | |
GARAGUMUŇ JÜMMÜŞINDE
Edebi makalalar
Garagum. Bu çöllük barada türkmen Sowet ensiklopediýasynda örän gyzykly maglumatlar getirilýär. Güneşli ülkämiziň territoriýasynyň segsen prosentini eýeläp, 350 müň kilometrden gowrak meýdany tutup ýatan bu çöllük Awstriýa, Portugaliýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Gollandiýa we Daniýa ýaly döwletleriň ählisiniň tutýan ýerinden uludyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Garagumyň ornunda 25 – 30 million ýyl mundan öň Sarmat deňzi ýerleşen bolmaly. Bu çölüň emele gelşi barada alymlar dürli pikir ýöredipdirler. Konşin diýen alym “Garagum deňiz çökündilerinden döräpdir” diýse, Obruçew “Bu çöl diňe Amyderýanyň getiren gyrmançasyndan emele gelipdir” diýen netijä gelipdir. Bu çöl hakda gadymy Gerodotyň, Strabonyň, Ptolomeýiň işlerinde hem gabat gelinýär. Diňe Beýik Oktýabrdan soň Garagumy doly öwrenilmäge girişildi. Gadyrly okyjy! Men size şu ýazgymda meşhur sowet alym-mineralogy hem-de geohimigi akademik Fersman barada gürrüň bermekçi. Ol 1883-nji ýylda doglup, 1945-nji ýylda hem aradan çykdy. Akademik özüniň hünärine bolan söýgüsiniň haçan we näwagt dörändigini ýatlamalarynyň birinde, ine, şeýle beýan edipdi: - Meniň daşlara gyzygyp başlalym bäri elli ýyldan köpräk wagt geçipdir. Ajaýyp Krymyň özümde galdyran ilkinji täsirleri, daşlary ýygnamak bilen baglanyşykly bolan ilkinji çagalyk aladalarym meniň ýadymda. Biz tomsy Simferopolyň ýanynda, töwerek-daşy miweli agaçlaryň syrdym ösen hatarlary bilen gurşalan köne pomeşik öňünde geçirerdik. Biz şadyýan çagalar bolup, şol öýüň golaýyndaky kiçiräk daşlyk dagjagazda uzyn günläp gaýalara dyrmaşardyk, soňra aşak düşüp, haýal akýan derýajygyň ýanyna gelerdik. Biz daşlaryň üstünde köp wagtlap oturardyk. Ine,şeýlelikde, biz bir gezek gaýada dag hrustalynyň damarjygyny tapdyk. Soňra şolar ýaly damarjyklaryň ikinjisini, üçünjisini tapdyk. Kwars damarjyklarynyň gür torjagazy alabeder dag jynsynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir, jaýryklardan bolsa çüýşe ýaly dury, dogry altygyraň ajaýyp piramidajyklary, dag hrustaljyklaryny tapmak bolýardy. Biz özümiziň tapan zatlarymyzy syrly epeýlik bilen öýümize alyp giderdik. Biz daş goparýan ýerlere ýygy-ýygydan baryp, her gezek ol ýerden torbamyzy dürli daşlardan dolduryp gaýdardyk... Hawa, ýyllar geçer. 1901-nji ýylda Aleksandr Fersman Odessanyň gimnaziýasyny altyn medal bilen tamamlap, Noworossiýk uniwersitetine girýär. Ol bu ýerde az wagtlaýyn fizika-matematika fakultetinde okaýar. Fersmanyň kakasyny Moskwa işe çagyrýarlar. Ýaş Aleksandr indi Moskwa uniwersitetiniň studentidi. Ol bu ýerde professor Wladimir Iwanowiç Wernadskiniň ýolbaşçylyk edýän mineralogiýa kafedrasynda tälim alýardy. Ady bütin dünýä belli professoryň leksiýalarydyr gürrüňleri ýaş Aleksandry haýran galdyrypdy. Ol öz mugallymyndan ylma bolan çäksiz söýgüni, zähmete bolan yhlasy öwrenipdi. Aleksandr Ýewgenýewiç Fersman hemişe gözlegdedi. Ol ümmülmez ýurdumyzyň giňişlikleerinde heniz üsti açylmadyk dürli gymmat bahaly daşlaryň kändigine ýüregi bilen ynanýardy. Şonuň üçinem ol bütin Uraly aýlanyp çykypdy. Zabaýkalýanyň giňişliklerine nazar aýlapdy, Prikarpatýäni birin-birin söküpdi, Týan-Şan daglaryna çykyp görüpdi. Gyzylgumuň we Garagumuň çöllüklerinden gorkmandy. Ol “Daş hakda poema”, “Gyzykly mineralogiýa”, “Daş hakda ýatlama” we başga-da onlarça kitaby ýazypdy. Bu kitaplar uly ussadyň çeper kitaby ýaly, dürli ýaşdaky okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolupdy. Döwürdeşleri akademigi “daşy wasp edýän şahyr” diýip ýöne ýere atlandyrmandyrlar. Aleksandr Ýewgenýewiç Fersman Orta Aziýany ýigriminji ýyllaryň başlarynda öwrenip başlaýar. Ol özüniň Garagumy öwrenmek maksady bilen guran ilkinji ekspedisiýasy hakda ine, şeýle ýazypdy: - Ýigrimi bäşinji ýylyň güýzüdi. Ylymlar akademiýasynyň iki ýüz ýyllygy dabara bilen bellenilip geçilipdi. Men hem hiç kime duýdurman, Orta Aziýanyň çöllerine aralaşmaga synanyşdym. Şeýle pikir bilen men öz işdeş ýoldaşym Dmitriý Iwanowiç Şerbakowyň ýanyna gitdim. Ol Altaýyň dagly gerşiniň etegindäki Fergana degişli magdan çykarylýan ýerde işleýärdi. Men öz pikirim barada Dmitriý Iwanowiç bilen maslahatlaşdym. Garagum çölüniň diňe bir ajaýyp himiki aýratynlygynyň hem-de özboluşly tebigatynyň däl-de, eýsem heniz barlanmadyk kükürt baýlyklarynyň hem özümi gyzyklandyrýandygyny hem men oňa aýtdym. Şerbakow ikimiz bu ideýa pugta ýapyşdyk. Magdan işleýän elin adamdan Aşgabada telegramma iberip, iş şertleri barada özümize kerwen almak, ýola belet adamlary tapmak mümkinçilikleriniň ýagdaýyny soraýarys. Ine, Aşgabatdan telegrammamyza jogap aldyk. Türküstanyň jümmüşine aralaşmak mümkinçiligi bize aýdyň boldy. Orta Aziýanyň özümiz üçin syrly bolan ägirt uly çölüne – Garaguma gitmegi karar etdik... Olar Aşgabada gelenlerinden soň, sekiz günläp bu ýerde bolmaly bolýarlar. Garagumuň jümmüşine tarap bolsa Gökdepeden ugraýarlar. Düýeleriň bäşisi, münülýän atlaryň hem dördüsi birkemsiz taýýarlanylypdy. Ekspedisiýanyň kerweni üç rus adamsyndan, dilmaçdan hem-de ýola belet türkmenleriň üçüsinden ybaratdy. Ekspedisiýa çölüň jöwzasyna döz gelýärdi. Meniň şu ýerde ýene-de Fersmana ýüzlenesim gelýär: - Biz ýörişimiziň onunjy gününde çäge ulgamynyň üstünde nämedir bir täze zat gördük. Dürbüde-de çala saýgardýan Üňzüň aňyrsyndaky belentlikde, onuň öňünde bolsa syrly tümmekler bardy, biziň hem ýetjek bolýan ýerimiz hut şoldy. Şeýelikde biz barjak bolýan ýerimize ýakynlaşdyk. Gözýetimde Kyrkjülbanyň depeleri görnüp başlady. Şol günüň ertesi irden, biz Çemmerlä tarap ugradyk. Çäksiz gumlaryň rasynda biziň daşlary göresimiz geldi. Şoňa görä-de hemme tarapyndan baryp, tümmek daşlaryň üstüne dyrmaşyp ugradyk. Mähnet çäge daşlary gök reňdedi, dürli reňkdedi. Göýä gyzgyn çölüň lak reňkine boýalan ýaly bolup görünýän dürli-dürli kremniý daşlary ýapylaryň üstünde münderilişip ýatyrdy. Uçudyň ýokarky erňeginden bolsa, ýumşak hem-de tekiz, durşuna diýen ýaly ajaýyp kükürt magdanlaryndan düzülen depejik görnüp başlady. Biz bu baýlyga begenip, aňyrsyna çykyp bilmedik, bu toslama däl-de, hut kükürtligine, kükürdiň hem bolsa tüýs hakykatdygyna, geljekki Türkmenistan üçin ägirt uly öndüriji güýçdügine has içgin ynanmak bilen, şol kükürt bölejikleriniň her birini uly guwanç bilen elimize alyp görýärdik. Şeýlelikde şol günüň ertesi biz Şyh guýusyna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Hiç kim ýola belet däldi. Hatda Şyh guýusyna çenli näçe gün ýöremeli boljakdygymyzy-da hiç kim bilmeýärdi. Halka diýen guýudan biz özümize kömek üçin ýene-de “suwçy” düýeleriň birini aldyk, obanyň elleri algyr laçynly garrylary tilkidir keýik gözläp, bizi ýola çenli ugratdylar. Agşamara biz depeleriň beýleki bir toparyna ýetdik. Emma bu ýerde suwam, guýam ýok ekeni. Kyn ýoly geçmeli, biziň lejimiz çykaýdy: kerwen aňňatlardan aşyp, oýdan-oýa düşüp ýöremeli boldy... Ine, şeýle agyr ýagdaýda çölüň epgekdir jöwzasyna döz gelip, rus alymlary Fersmandyr Şerbakow Garagumda ýüzlerçe kilometri düýeli, atly geçýärler. Iki günläp Derweze obasynda – gumlularyň arzyly myhmanlary bolýarlar. Olar bu ýerde bolanlarynda Garagumuň egsilmez baýlyklary hakda, wagtyň geçmegi bilen, tehnikanyň bol-elinliginde çölüň tanalmaz derejede özgeriljekdigi barada gürrüň berýärler. Olar gumlulara: “Garagum – zähmetkeş adamyň hiç bir zat edip bilmejek hasylsyz, adamsyz, çöllügi däldir. Munuň özi Türkmenistanyň tebigatynyň baýlygy diýlip heniz bilinmedik ýerdir, ony peýdalanmak boljak, peýdalanmagam gerek” diýip aýdypdylar. Ru alymlary ýigrimi üç günläp çölde bolýarlar. Bu ilkinji ekspedisiýa netijeli bolupdy. Garagumda kükürt gaz käniniň uly ýatagy tapylypdy. Akademik Fersman we onuň ýoldaşy Şerbakow Aşgabada dolanyp gelenlerinden soň, çölde öz gören-eşiden zatlary barada we mundan beýläk amala aşyrylmay işler barada ýaş Türkmenistan Sowet respublikasynyň baştutanynyň ýagty kabinetinde gürrüň edipdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, Garagum çölünde kükürt zawodynyň gurluşygyna başlamaklyk göz öňünde tutulypdy. Bu zawody hem-de onuň berýän önümini ýene-de birnäçe ýyldan synlamak akademik Fersmana we onuň ýolbaşçylaryna miýesser eder. Olar bu uly döwlet ähmiýetli işe gös-göni gatnaşypdylar. Ol bu hakda öz kitabynda şeýle ýazgy galdyrypdyr: - Indiki iş – zawody çöle eltmekde, bu iş örän kyndy. Ozaly bilen agramy 100 put bolan gazanlary, awtoklawlary hem-de ähli apparaturany tomsuň yssysynda daşamagyň kyndygy barada mesele ýüze çykdy. Käbir synaglardan soň, zawodyň agyr enjamlaryny adaty tizlikden, emma ýasy şinli furgonlarda daşamak bolar diýen netijä gelnipdi. Şol furgonlara ýaby goşulýardy. 18-nji maýda üstüne ot-iým ýüklenen düýeleriň 30-syndan, her birine ýaby goşulan furgonlaryň üçüsinden ybarat adaty bolmadyk ilkinji kerwen çölüň jümmüşine tarap hereket edip başlady. Takmynan şol sagadyň özünde diýen ýaly ilatly punktlar bilen ähli aragatnaşyk kesildi. Öz başyny özi çaraýan kerwen her günde täze-täze kynçylyklary ýeňip geçip, 38 günüň içinde 250 kilometr ýol geçdi... Diňe 1928-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda zawody gurnamaklyk işine girişilipdi. Hawa, akademik Fersmanyň we onuň ýoldaşlarynyň ilkinji äden ädimleri kyn bolupdy. Ýöne soňkulary hem ýeňil bolmandy. Sebäbi täze-täze aladalar ýüze çykýardy. Üsti arassa kükürt ýükli kerwenler Aşgabada ýetýänçä, täze planlar hem-de meseleler düzülýärdi. Suw bilen ýangyç ýetermikä? Işçileri üpjün etmegiň nädip hötdesinden gelmeli? Bu iş üçin düýeleriň 20 müňe golaýy gerek bolup duran mahalynda kükürdi gumuň üsti bilen nähili daşap bolarka? Bu meseleleriň hemmesi rus alymlaryny şübhelendirmän durmaýardy. Şonuň üçinem olar 1929-njy ýylyň ýazynda üçünji Garagum ekspedisiýasyny gurmagy hem-de bu gezek ýol geçmegiň täze usullaryny we täze ýollaryny tapmagy synap görmegi karar edipdiler. Meniň gürrüňňdeşim geografiýa ylymlarynyň kandidaty Sähet Baýramow köp ýyllardan bäri jöwzaly Garagum bilen iş salyşýan adam. - Aleksandr Ýewgenýewiç Fersman hakda elbetde, gürrüňi näçe dowam etseň edip oturmaly. Bu uçursyz talantly alym biziň güneşli respublikamyzyň baýlyklaryny ýüze çykarmakda ömrüniň ençeme ýylyny sarp etdi - diýip, ol aýdýar. –Şeýle alymlar ylymda seýrek gabat gelýärler. Ol baryp-ha 1919-njy ýylda, 36 ýaşyndaka Ylymlar akademiýasynyň çlenligine saýlanýar. Ol şol wagtky akademikeriň iň ýaşydy. Akademik mineralogiýa we geohimiýa degişli ylmy işleriň ýedi ýüzden gowragynyň awtory. Ol 1919-njy ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň birnäçesiniň direktory, akademiýanyň wise-prezidenti, onuň prezidiumynyň çleni bolupdy. Fersman sowet alymlarynyň arasynda ilkinji bolup Lenin baýragyna mynasyp bolupdy. 1942-nji ýylda bolsa oňa SSSR-iň Döwlet baýragy berlipdi – diýip, Sähet Baýramow aýdýar. Onuň “Gyzykly mineralogiýa” atly kitaby heniz özi diri wagty nemes, ukraýn, belarus, gruzin we türkmen dillerinde neşir edilipdi. 1964-nji ýylda bolsa “Türkmenistan” neşirýaty Fersmanyň oçerklerini “Garaguma syýahat” ady bilen çap edipdi. Ine-de men bu kitaby türkmen diline geçiren ýaşuly žurnalist Meretdurdy Temmimow bilen gürrüňleşip otyryn. - Haçanda maňa neşirýatda bu kitaby türkmen diline geçirmegi tabşyranlarynda birbada ikirjiňlänimi boýnuma alaýyn. Ozalky birlän-ikilän eden terjimelerim bardy, emma olar çeper eserdi. Ýöne kitaby okap başlanymda weli, meniň ikirjiňlenmelerimden nam-nyşan galmady. Kitaby bir demde okadym. Kitap göýä akademik tarapyndan däl-de, ussat bir ýazyjynyň eli bilen ýazylan ýalydy. Şonuň üçinem men bu işimde başardygymdan türkmen diliniň ähli baýlyklaryndan susup almaga çalyşdym. Kitapda Fersmanyň ekspedisiýasyny Garagumuň jümmüşine tarap alyp baran birnäçe türkmen adamsynyň atlary hem hormat bilen tutulýardy. Men altmyşynjy ýyllaryň başynda “Mydam taýýar” gazetinde işläp ýörkäm, şolaryň biri – Derweze posýolygynda ýaşaýan Annagulynyň gözlegine çykdym. Munuň üçin men ýörite komandirowka bilen ýigriminji ýyllarda Fersmanyň geçen ýoly bilen Derwezä bardym. Emma maňa Annaguly aga bilen duşuşmak miýesser bolmady. Ol uzak obalaryň birine görme-görşe giden ekeni. Men muňa gynanyp oturmadym. Sebäp diýeniňde, Fersmanyň suratlandyran ýerlerini öz gözüm bilen görüp, bu rus alymynyň gujur - gaýratyna haýran galdym – diýip Meretdurdy aga sözüne dyngy berdi. Akademik Fersman türkmen ülkesini ýüreginden söýüpdi. Onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak hakda hemişe ündeýärdi. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän ýene-de bir dokument meniň stolumyň üstünde ýatyr. SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Türkmenistanda gözleg işleri boýunça türkmen komissiýasynyň mejlisiniň protokoly. Bu mejlis 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda bolupdy. Mejlise akademikler Samoýlowiç, Fersman, professorlar Bartold, Filipçenko, Fedçenko, Pawlowskiý, Makuşenko, Ýakubowskiý, Raýewskiý, Ştikow, Şerbakow, Peýros, Koşin hem-de TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew gatnaşypdyr. Akademik Samoýlowiçiň başlyklyk etmeginde geçen bu mejlisde Türkmenistany düýpli öwrenmek meselesine bagyşlanypdy. Şonda Fersman türkmen ülkesini ykdysady we fiziki-geografiki jähtden öwrenmekde yzygiderli plany düzmekligiň zerurdygyny nygtaýar. Bu gün onuň hatyrasy belent saklanýar. SSSR YA-nyň mineralogiýa muzeýi, Moskwanyň we Leningradyň iň uly köçeleriniň biri Fersmanyň adyny göterýär. Kola ýarym adasyndaky Hibin daglaryndan tapylan täze minerala akademigiň hatyrasyna Fersmanit, Orta Ural daglaryndan tapylan minerala bolsa Fersmit diýip at dakyldy. Bu gün Fersmanyň ekspedisiýasyny Garagumuň jümmüşine aralaşdyrmaga hemaýat beren ýolbelet türkmenler Begençdir Aşyryň, Baýramdyr Geldiniň, Annagulynyň agtyklary göwsünden Lenin atly bol suwly kanal geçýän Garagumda egsilmez gujur-gaýrat bilen zähmet çekýärler. 1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |