GARAŞYLMADYK MYHMAN
Magtymguly Bagdadyň kakadyp barýan tüp yssysyny görüpdi, indi Horezminiň aldajy aýazly gyşy oňa özüni görkezýärdi. Pyragy gyşyň başynda bazara aýlanyp bir garyş tüýli hywa possunyny, galyň gönden tikilen ädik satyn alypdy. Uly çillede agyr gar ýagyp, Hywada-da seýrek bolýan şatlama aňzak başlady. Şarňyldap duran jaýyň bolaýmasa, hüjürede dagy ýaşar ýaly bolmady. Adatdan daşary sowuk zerarly Şirgazy medresesiniň talyplaryna, sopularyna, müridlerine iki hepde öýli-öýüne gitmäge yjaza berildi.
Bedirkentli Agzam sopy Pyragynyň aňyna-maňyna bakman, myhmançylyga äkidermen boldy. Magtymguly oňa iki şert goýdy: birinjiden, oňa «Görogly» dessanyny diňletmelidi, ikinjiden, hiç kime onuň şahyr Magtymgulydygyny aýtmaly däldi. Sebäbi ady-owazasy yklyma dolan Pyragy haýsy ile barsa, ony apalap, arzylap hezzet-hormat edýärdiler, nirä barsa, ýagşyzada ýaly garşylap, aňk bolup synlaýardylar, garasaý, ol mydama il gözünde. Emma Magtymguly entek-entek ili diňlemelidi. Asylam ol Kynyş dädesiniň aýdyşy ýaly, gepläninden iki gulagynyň eşdenini ammaryna atanyny müň paý gowy görýärdi. Diňlemäni oňarsaň, aýdyjy bagşylarda, ilde-günde delje, datlyja, ýüregi otluja gep-gürrüň kän...
Olar bir güni geçirip Bedirkent obasyna bardylar. Agzam sopy şahandaz garyndaşy — Begjan baýa alym danyşment myhmanynyň bardygyny, onuň «Görogly» dessanyny diňlemek isleýänini aýdyp, bagşyly oturyşma gurmagy haýyş etdi. Begjan baý uly baý bolmaga çemeli, ötlem-ötlem pagsa jaýy bar eken. Agzam sopy oturyşma-da myhmany — Magtymgulyny Magtym sopy diýip tanyşdyrdy. Olar iýip-içdiler. Bagşylar başga jaýda özlerini seýisleýärdi. Peýwere gürrüňçilik başlap-başlamanka öýe ikindiniň kölegesi ýaly uzyn boýly garaýagyz pyýada girdi. Erinlek, burunlak peläketiň ýüzi şüdügär bajak ýaly tüňňi-de-saňňydy. Hamy kerkiň, kerkgerdanyň hamyndan-da galyňdy. Türkmen aga «ýigidiň gowusy büdür-südür, tüňňi-saňňy ýigitdir, ondan garantga gorkmasa, mal-gara ürkmese bolanydyr» diýýändir, emma bu zaňňardan garantga-da gorkjakdy. Gödeňsiz kişi ýa keýplidi, ýa beýnisi doga ters goýlandy. Ol oturanlara salam berip, bagşylara ýazylan galyň körpeçelere geçip, hamana dünýäniň eýesi ýaly, aýbogdaşyny gurup, abşaryp jaýly oturdy. Bedirkentliler oňa Garamat han diýerdiler, onuň aslynyň niredendigini, nirede otlap, nirede suwlaýanyny bilýän ýokdy, ýöne baran ýerine garamat bolýardy. Ol Begjan baýyň goňşusy atarman-çaparman Duşem beg bilen dogan okaşypdyr. Duşem beg bir söweşde wepat bolupdyr, şondan bäri Garamat han her ýylda üç-dört ýola Duşem begiň garry ata-enesiniňkä myhman gelýärdi, sowgat-serpaý baryny getirip, garrylaryň göwnüni awlaýardy. Bedirkentli begler onuň ody owsarlap, suwy jylawlap, ýuwdarha atlanyp, aždarhany gamçy edip ýörenini bilmeseler-de, güman edýärdiler. Garamat hany galtamandyr öýdýänem kändi. Kimdir biri degişmä salyp:
— How, Garamat han, töre geçip bagşylaryň ornunda abşaryp oturyberdiň-le. Türkmen aga törüne tagtym diýýändir. Töre mynasyp kişi geçse ýagşy — diýdi.
Türkmen aga «Myhman ataňdan uly» diýýändir. Men myhman.
— Türkmen aga «Myhman ataňdan uly, ýöne öý eýesiniň guly» diýýändir!... Heý, tohum-tijiňde tagtda oturan barmydyr?
— Pa-ha-haý, beg ýigit, perişdeler ençe ýyl bäri akgaňlara o dünýäde uçmahyň töründe tawus tagtyny taýýarlap ýör! Ynanmasaň, git-de göräý!.. — diýip, Garamat han öz sözüne hoş bolup güldi.
— Begler, häzir bir haýkyrsam Süleýman pygamber ýel çekdiren tagtyny döwleri-söwleri bilen getirip alnymda goýýar! Häzir bir haýkyrsam Burkut baba asman tagtyny, köşki-saraýyny getirip alnymda goýýar!
— Garamat han, özüň-ä badyhowa beg ekeniň!
—Atasy — apy-tupan, enesi — tüweleý beg, heý, badyhowa bolmazmy?
Oturanlar gülüşdiler.
— Begler, men size goşgy okap berjek.
Olar Garamat han degişýändir öýtdüler:
Näme okap berjek?
— Goşgy okap berjek.
Begjan baý degsindi:
— Näm-äý, ýene kelläňe gürzi gondurdylarmy?
Başga biri sugşurdy:
— Garamat han, men saňa näçe ýola aýtdym, sermest bolup Ysmamyt atanyň duşundan geçme diýip.
— Begler, men size goşgy okap berjek!
Bezime ýygnanan begler ýene ala pakyrdy bolup gülüşdiler. Daşyndan seredeňde adamdan wagşy mahluga has golaý Garamat han gylyjyndan gan damdyryp, gözlerinden ataş çabradyp, baran ýerini ýakyp-ýandyryp ýörse, hiç kim geň-taň görjek däldi, emma ýigitlerem, Pyragam onuň goşgy okap berjek diýmesini geň görüp, oýun-henek edýändir öýtdi, emma Garamat hanyň özi tebigatyň henegidi, daşy mahlukdan bina bolan hana tebigat ezizden mähriban kalp bilen duýgudar ýürek beripdir. Kimdir biri oňa öz äheňinde:
— Garamat han, goşgy-gazalyňy goý, biz-ä ýörite «Görogly» diňlemäge geldik — diýdi.
— How, ýigitler, siz Isa pygamberiň, Dawut pygamberiň, Süleýman pygamberiň, Magtymguly Pyragynyň dogaýy diwanyny okadyňyzmy?
— Öz adyny eşiden Magtymguly tisgindi. Bezme üýşen ýigitler Garamat hanyň aýdyp duran geplerine geň galyp, mölerişdiler.
— Ýa siz takaldan gaýry zady okap görmediňizmi? Men size Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okap berjek diýýän.
— Beh, başa düşen musallat bolduň-aý!
— Maňa ýöne ýerden Garamat han diýýänmidirler! — diýip, ol hoş hal güldi.
— Ol ýylgyrdy, emma büdür-südürden çapyk ýüzde ýylgyryş örän ýasama göründi.
— Men size içi ýülükden doly, maýaly-maňyzly şygyr okap berjek!
Magtymguly wasly ýigitleriň oturyşmada — bezimde çyny goýup, çyna berimsiz oýun-henek edýändigi, degşip, bälçireşip gürleşýändigini eşidipdi.
— Garamat han, sermestligiňi etme! Kim meýlisde goşgy okaýar?..
— Akmaklar, size entek hakyky goşgy eşidip görmedik aga diýerler! Agzam sopy, tagapyl kyl, häzir keramatly goşgulardan aýdyp başlasam, myhman sopyň bilen maňa söwüş edip, serpaý ýaparsyňyz! Men hezreti Magtymgulydan goşgy okajak!
Ikinji ýola adyny eşidip tisginen Magtymguly Agzam sopa seretdi: Agzam sopy saman astyndan suw goýberip, Garamat han bilen dilleşip, oňa Magtymguludan goşgy oka diýip tabşyrandyr, ýörite gurnandyr öýtdi. Sopy görgüli eginlerini gysyp, özünde günä ýokdugyny syzdyryp, alaçsyz hem naýynjar keşbe girdi. Ýigitleriň biri azymly seslendi:
— Tüked-äýt, Garamat han!
Tagaşyksyz han tisginip gitdi. Ol gözlerini höwlendirip, dodaklaryny müňňüldedip kän oturdy. Bokurdagyndaky topaz ýaly kekirdek kä aşak gidýärdi, kä ýokaryk. Ýaňky ýigit ýene:
— Garamat han, aýdyber, ýogsam sözleriň gözüňden gaçýar — diýdi.
Gyssanma, Mady beg, entek aýtjak sözlerime gysym-penje awy gataýyn!.. Ýöne meniň gaharymy getirmäweriň!
Garamat han Magtymgulynyň hoşuna geldi. Ol sözüň gadyryny bilýän borly, aýtjak sözlerini aňynda aýlap-aýlap aýdýardy. Özem bedroýdugyna garamazdan, mähribandy. Magtymguly:
— Begler, Garamat hanyň ajygyny tutduraýmaň, gumlular ahyrzaman gelse gelsin, emma ki Garamat hanyň gahary gelmesin diýýämişler! — diýip, ýylgyrdy, soňam çyny bilen:
— Garamat han, Magtymgulyňy ortadan aýyr, biz Hywadan ýörite dessan diňlemäge geldik!
Garamat han Magtymgulynyň degişmesine ýaňsy diýip düşündi, onuň gursagyndaky gahar-gazaby gara döw ýaly silkinip oýandy:
How, myhman sopy, aýdyp oturan gepiňi gulagyň eşidýämi?! Heý, Magtymgulynam ortadan aýryp bormy! Ortadan saçagy aýryň, iýer-içeri aýryň, bagşy-sazandaňyzy aýryň, meni aýryň, emma Magtymgulynyň golaýyndan baryjy bolaýmaň! Ol, how, ýöne-möne şahyr däl!
Magtymguly ýene nägile gözlerini Agzam sopa dikdi, sopy neýlesin, ýene horja kibtini gysdy. Pyragy:
— Garamat han, rowaýat bilýän bolsaň, rowaýat kyl, ýogsa-da gir warsakylaryň bir gyrasyndan. Allanäme oturyşmada entäp ýören ykmanda diwananyň goşgusyny okamak bormy?! — diýdi. Gahry gelen Garamat han boz-ýaz bolup, ozalam ody çabrasy gelip duran garaklaryny gerdi. Magtymgulam gatyrak gidenini bildi. Garamat hanyň gany depesine urdy
— Sen... sen... myhman sopy! Maňa dil ýetir, ata-babama dil ýetir, emma gaýdyp Magtymgula diliňi uzadyjy bolaýma! Men bir akyly gelip gitme zaňňardyryn!
— Onda sen Magtymgulyny oka. Menem gurşan aýagymy ýazaýyn — diýip, Pyragy daş çykdy
Şol mahal özlerini seýislän bagşylaram geldi. Garamat han:
— Begjan beg, ataň Nurmet baý öýdemidir? — Begjan baý baş atdy
Päheý, men garry baý bilen salamlaşyp geleýin! O arbap zaňňar salamsyz-soragsyz mülküme giripsiňiz diýip, hemmämizi Porsy galadan çykaragaýmasyn! — diýip, Nurmet baý bilen salamlaşmaga gitdi.
Magtymguly ilerde ak gara basyrylyp doňup galan bagzarlyga ýöneldi, aýazdan ýaňa daragtlar şatylap, ýöräniňde ýer zarňyldaýardy. Agaçlaryň ýalaňaç şahalary, pür-pudaklary gyrawlap — per çykaryp uçjak-uçjak bolup otyrdy. Bulutsyz howa durudy, aýazdan ýaňa asmanyň Aýy-da, barkly ýyldyzlary-da galpyldaýardy, agzyňdan çykýan dem dünýäni ýylatjak bolup ala-burugsy bolýardy. Pyragy yzyndan gelýän güsürdini eşidip saklandy. Guşagyna sapançasyny gysdyran Garamat han baslygyp ýatan garda apaň-apaň basyp, onuň alkymyna geldi.
Sen...sen sopy! Keramatly Magtymgula dil ýetiräýdiňmi?! — diýdi. Garamat hanyň bolşuna Magtymguly hoş boldy:
Goýlaý, her öňýeten diwanadan keramatly bormy?
— Ine, saňa diwana...
Ýokary galan gol galgap ýetişmänkä:
— Dur aýt, bolşuň nähili? — diýen ses garaňkylygy böwsüp goýberdi. Ol Nurmet baýyň goýazy owazydy. Ol bagana içmegini ýelbegeý atyp, bärik ýetip gelýärdi. Oňa deňiç bir alas-gopaslygyň bolanyny aňan Agzam sopy hem tasap ýetip geldi. Gelşine-de gygyrdy:
— Eý, telbe, eliňi galdyryp, ýumruk salgamaga het ediji dagy bolaýma. Ol seni ursa, Hudaý uran ýaly eder. Alnyňda duran Magtymguly Pyragynyň özi ahyry!
— Aý, goý-a!
— Garamat hanyň öwelen agzy esli wagt ýumulmady. Gepine düwnüp zordan gepledi.
— Şu duran keramaty Älem aýlanýan Magtymgulymy?!
Agzam sopy ony has alkymlady:
Hawa, şol Magtymguly şu.
«Ölerem Alla diýmerem» eden Garamat han:
— Magtymgulam bolsaň, Magtymgula dil ýetirme — diýdi.
Onuň gepine eýýäm daşaryk bosup çykanlar ala-pakyrda berdiler. Içerden bolsa bagşylaryň bir gulakdan düzýän dutar-gyjagynyň sesi gelýärdi.
Nobatguly REJEBOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Taryhy proza