21:16 Garga bilen Tilki / basnýa | |
GARGA BILEN TILKI
Goşgular
Ýaranjañlyk gabahat hem zyýanly Diýseler-de bary biderek bolýar. Ýaranjañ özüne ynanar ýaly, Ýürekden hemişe penalyk alýar. Bir Garga bir ýerden bir bölek peýnir Ýetensoñ begenip uçupdyr-da ir, Çykypdyr bir beýik agaç üstüne, Iýmäge taýýarlyk görüp dessine. Agzynda peýniri - hyýala batan. Şol wagt bir Tilki hem gelip ýeten. Tilki bir ys alyp, sakga durupdyr, Garganyñ agzynda peýnir görüpdir. Melul bolan mekir Tilki Biraz pikir edip ilki, Ýapyrlypjyk agaç düýbüne baran. Oñ peýnire gözi gidip Hem-de ýalym-ýulum edip, Gargadan gözüni aýyrman duran Hem ýakymly sözler toplan, Garga bakyp şeýle geplän: "Ne gözeldir boýnuñ seniñ; Ýesir eder oýnuñ sesiñ. Enaýyja gözleriñ bar, Mylaýymja sözleriñ bar. Edil ertekide aýdylşy ýaly, Periñ näzik, burnuñ peri mysaly. Saýrasana, owazyñdan ganaýyn, Dür dökülen dilleriñe döneýin. Guşlaryñ içinde şasy bolarsyñ, Jak-jak edip, gül içinde gülersiñ". Bilgiriñ öwgüden aýlanyp seri, Şatlanyp, hüžžerip holtumy, peri, Tilkiniñ öwgüli sözüne gidip, Garga aldygyna gygyrdy welin, Peýnir gaçdy - ony tiz lak-luk edip, Mekirje peýnirjen gönendi elin. Iwan KRYLOW. Terjime eden: Durdy HALDURDY. | |
|
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Gardaşym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |