22:23 Tilki bilen üzüm | |
TILKI BILEN ÜZÜM
Goşgular
![]() Baga girdi aw agtarýan aç Tilki: Sallanşyp görünýär salkym üzümler. Tilkiniň gözlişi, ymsynyşy gülki: Ýakut deý şireli düzüm üzümler. Ýaman ýeri, asylşyp dur asmanda: Ýetip biljek däl ol towsup zyňanda. Gözi onuň görse-de, Dişi ýetmeýär eýse-de. Bir sagatlap nähak ýere urundy. Ondan soňra ýöräp, diýdi naýynjar: "Päheý, ozal oňat bolup göründi, Göm-gök olar, heniz oňly bişmändir, Iýseň, derrew dişleriňi gamaşdyr." Iwan KRYLOW. Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |